Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary
20-nji martda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty öz işine başlady. Foruma halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň şu ugur boýunça ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Özbegistanyň, Hytaýyň, Horwatiýanyň, Bolgariýanyň, Eýranyň we Günorta Koreýanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanda bu ugurda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň syýahatçylygyň çäkleriniň giňeldilmeginiň, onuň ekologiýa, tebigy, sport we atçylyk ýaly täze görnüşleriniň giňeldilmeginiň hem-de dynç alyş üçin amatly şertleriň döredilmeginiň milli syýahatçylyk ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we onuň ählumumy ulgama goşulmagyna gönükdirilendigini bellemeli. Myhmanhananyň eýwanynda ýurdumyzyň amaly