GERÇEKLER BÄSLEŞDILER
Arkadagly Serdarymyzyň «Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzir- ki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň taryhy myza, milli gymmatlyklarymyza, edim gylymlarymyza buýsanýan, Watanymyzyň abraý mertebesini ýokarlan dyrýan, beýik maksatly, belent adamkärçilikli — watançy nesiller hökmünde kemala gelmegini gazanmak, ola- ryň döredijilik gözleglerini ýokarlandyrmak, ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmak, zehinlerini açyp görkezmek maksady bilen çäreler yzygiderli geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň biride ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda ýylyň ýylyna guramaçylykly geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagty- ýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşigidir. Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilýän bu bäsleşik Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem uly dabara beslenip geçirildi. Bäsleşikde talyp ýigitler 3 şert boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, olar özleriniň saýlan hünäriniň jemgyý