"Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 108-nji jaýy
Telefon belgileri: 44-56-34

Makalalar

Belent sepgitleriň ýyly bolar

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly üstünliklere beslenen ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuny uly dabara bilen belledik. Halkara derejesinde maslahatlar geçirildi. Şeýle ruhubelentlik bilen Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda halkymyz 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna gadam basdy. Bularyň özi biziň halkymyzyň bagtyýarlygynyň, Watanymyzyň rowaçlygynyň nyşany. Elbetde, 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly hem Diýarymyz üçin uly ösüşleriň ýyly bolar. Çünki, hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda ýokary derejedäki arzuwlar bilen ýüzlendi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny bellejek ýylymyzda-da şeýle üstünlikleriň boljakdygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistan döwletimiziň ösüşlerinde, esasy iki sany sütün bolan mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz esasy orun tutýar.

Döwletiň daş ýarsyn!

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ady bilen bagly oýlanmalar Şu ýazgylary men hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp eserindäki şeýle setirler bilen başlamagy müwessa bildim: «Beýik geografiki açyşlar döwrüniň syýahatçylaryna ägirt uly bolup görnen hem bolsa, älem giňişligi özleşdirilýän häzirki zamanda, iş ýüzünde Ýer togalagy o diýen uly bolmadyk saýýara bolup çykdy. Dürli kontinentlerde ýerleşýän ýurtlar birek-birege has ýakynlaşdylar. Şeýle bolansoň, bizden müňlerçe kilometr uzakda bolup geçýän çökgünlikler bize-de azda-kände öz täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem meniň çykyşlarymda we kitaplarymda häli-şindi duş gelýän «hoşniýetli goňşuçylyk» diýen jümläni ulanamda, men diňe bir Türkmenistan bilen serhetdeş ýurtlary göz öňünde tutmak bilen çäklenmän, eýsem, Orta Aziýadan uzakda ýerleşýän döwletleri hem göz öňünde tutýaryn. Adamzadyň medeni ösüşiniň häzirki döwri älem giňişligini özleşdirip, maglumat we beýleki IT-tehnologiýalaryň ýokary depginli ösmegine getiren nobatdaky ylmy-tehniki rewolýusiýasynyň täsiri bilen biziň hemmämizi birek-birege baglanyşykly edip goýdy. Özi hem, bu ýagdaýda geň görer ýaly zat

Goňşa barýan ýol

2. DÜNÝÄ ÝAÝYLÝAN NUR Eýsem, deňli-derejeli ýaşaýyş üçin nämeler gerek?!

Geljegi nazarlaýan gatnaşyklar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasaty halkara parahatçylygy üpjün etmegiň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine ýardam etmäge gönükdirilendir. Bu günki gün ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, energetika we kommunikasiýa ulgamlary boýunça durmuşa geçirýän taslamalaryna hem dünýä bileleşigi aýratyn gyzyklanma bildirýär. Milli Liderimiziň bu ugurlarda ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň biragyzdan goldanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli Kararnamalary bilen berkidilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde ýurdumyz hem-de tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýe bolan taryhy wakalara şaýat bolduk. 14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda iri düzümleýin desgalaryň birbada üçüsi — Akina — Andhoý demir ýoly, Kerki — Şibirgan elektrik geçirijisi hem-de Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy açylyp, ulanylmaga berildi. 15-nji ýanwarda bolsa d

Taryhy başlangyçlaryň rowaçlygy

14-nji ýanwarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagynda Akina — Andhoý menzilleriniň aralygyndaky, uzynlygy 30 kilometrlik demir ýoluň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kW, uzynlygy 153 kilometr bolan elektrik geçirijiniň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň açylyp, ulanmaga berilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sene ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak taryhy wakalar boldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýynda bolup geçen bu taryhy wakalar halkymyzda uly seslenme döretdi. Şu mynasybetli, ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa toplumynyň guramagynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň mejlisler jaýynda, gurluşyk we senagat toplumynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde, nebitgaz, oba hojalyk hem-de maliýe we ykdysadyýet toplumlarynyň guramagynda olaryň degişli mejlisler jaýlarynda maslahatlar geçirildi.

Yklymlara uzaýar dostluk ýollary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Bütin dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy we durnukly ösüşi gazanmakda halkara bileleşiginiň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýan, öňdengörüji we maksada gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýan döwlet hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraýyny belende galdyrýarys. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir ýylymyzy mynasyp şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz hem uly üstünlikleri, ösüşleri bilen geldi. Ýylyň aýratynlygyny alamatlandyrjak bu başlangyç göwünlere ganat, täze üstünliklere badalga bolup, halkymyzyň ruhuny ýokary göterdi, köňüllerde buýsanç döretdi. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine ygrarly halkymyzyň asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen işler, uzak geljegi nazarlaýan belent maksatlar ýyla badalga boldy. Dünýäde Türkmenistanyň at-abraýy has-da belende göterildi.

Hormatly Prezidentimiz minnetdarlyk hatyny iberdi

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Maýkl Iranä mähirli salamyny we minnetdarlyk hatyny ýollady. Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde türkmenistanly türgen Ýulduz Jumabaýewanyň itekläp götermekde altyn medalyň we silterläp götermekde kümüş medalyň eýesi bolandygy baradaky hoş habary ýazan Maýkl Iraniniň hatyny uly kanagatlanma we şatlyk duýgusy bilen kabul edendigini belledi.

Türkmenistan sebitiň üstaşyr-ulag, energetika we kommunikasiýa kuwwatynyň artýan merkezidir

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli amala aşyrýan parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň biri hökmünde ýurdumyzyň abraýynyň artmagyna ýardam edýär. Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ýörelgesi sebitiň ýurtlary bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Owganystan bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa durnukly sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm syýasy-ykdysady wezipeleri bilen birlikde, iki goňşy halkyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän berk dostluk we doganlyk gatnaşyklary bilen hem şertlenendir.

Türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň täze sahypasy

iri taslamalaryň gurluşygynda dünýä ýaýylýar Ozal habar berlişi ýaly, 16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) elektrik geçiriji ulgamynyň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň açylyp, ulanylmaga berilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň taryhynda täze sahypany açan bu iri infrastruktura desgalarynyň sebit we dünýä derejesindäki ähmiýetini halkara media giňişliginde giňden şöhlelendirmek maksady bilen guralan bu çäre milli we Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekillerini, şeýle hem onlaýn usulda dünýäniň 15 ýurdundan žurnalistleriň 30-dan gowragyny bir ýere jemledi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

KERAMZIDIŇ ÖNÜMÇILIGI ARTÝAR AHAL. Welaýatyň Ak bugdaý etrabyndaky Ýaşlyk keramzit zawody geçen ýyly ýokary görkezijiler bilen jemlän kärhanalaryň biridir. Ýurdumyz üçin zerur bolan we dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk serişdelerini öndürmekde netijeli işleri alyp barýan bu kärhanada geçen ýylda 10 million 19 müň 504 manatlyk keramzit öndürilip, bu babatdaky ösüş depgini 110 göterime barabar boldy.

Ýyllar gelýär bir-birinden zyýada

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýyl ýatdagalyjy wakalary bilen üstünlikli tamamlandy. Garşy alnan 2021-nji ýylda bolsa, geçip barýan günleriň hatary bizi şanly senä — berkarar Watanymyzyň ösüş-özgerişlerini, halkymyzyň jebisligini hem-de agzybirligini alamatlandyrýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barha golaýlaşdyrýar. Eziz Diýarymyzda geçen ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy giňden bellenildi. Türkmen döwletiniň berkararlygynyň synmaz sütünleri, goşa ganaty bolan Garaşsyzlygyň hem Bitaraplygyň şanly seneleri sazlaşykly utgaşyp, toýlary goşa-goşadan gelýän ýyllary bagta besleýär. 2020-nji ýyl berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hökmünde Türkmenistanyň täze taryhyna girdi. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy döwletli Diýarymyzyň at-abraýyny artdyrýar, agzybir hem asuda halkymyzyň kalbynyň päkizeligini aňladýar.

Watanymyzyň röwşen geljegi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mähriban ýurdumyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýar. Watan ezizligi, Watan mertebesi hemme zatdan ýokarda durýar. Eziz Diýarymyzyň waspy dillerde dessan bolup ýaňlanýar. Öz ojagynda bagt, şatlyk duýýan ynsan dünýäde iň bagtly adamdyr. Hawa, şahyr aýtmyşlaýyn, türkmeniň başyny bir supra jemläp, eziz Arkadagymyzyň ajap eýýamy geldi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Munuň özi, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen, parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan hoşniýetli daşary syýasatynyň ýene bir üstünligidir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz dünýä bileleşiginiň häzirki zamanyň wajyp meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen tagallalaryna işjeň goldaw berýär.

Täzelikler

Diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä bazarlarynda barha ösýän islegleri kanagatlandyrmaga gönükdirilen ýokary hilli önümleri öndürýän kärhanalaryň birisi Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabrigidir. Bu ýerde dürli ölçegdäki nah ýüplükleriň bäş görnüşi öndürilýär. Fabrigiň işçileri ýokary hilli senagat önümlerini öndürmekde geçen ýyllarda baý iş tejribesini topladylar. Yhlasly we tutanýerli zähmetiň netijesi bolan önümlere Russiýa, Türkiýe, Polşa ýaly ýurtlar we dünýä meşhur firmalaryň onlarçasy aýratyn uly isleg bildirýärler. Ykdysatçy Bäşim Orazow geçen ýylda öndürilen önümleriň 16 million manatlyga golaýynyň daşary ýurtlara eksport edilendigini aýdýar. Ýakymly täsirleri galdyran ýylda fabrik boýunça meýilleşdirilen 36 million 426 müň manatlygyň ýerine 41 million 958 müň manatlyk nah ýüplük öndürildi. Kärhananyň işçileri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny hem üstünliklere beslemek üçin ruhubelent zähmet çekýärler. * * *Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň guramagynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

Täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasy

15-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu waka Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy. 14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de OYR-niň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) elektrik geçiriji ulgamyň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Ynanyşmak ýoly bilen

Dünýä giňişliginde mynasyp orny eýeläp, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan Watanymyzyň parahatçylyk dörediji syýasaty uly üstünliklere beslenýär. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen dabaralandyrylmagy saýlap alan milli ösüş ýolumyzyň döredijilikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň görkezijisine öwrüldi. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda mähriban Watanymyz dünýä giňişliginde halkara jemgyýetçiligi tarapyndan oňyn Bitaraplygyň, parahatçylygyň, abadançylygyň, jemgyýetde özara ynanyşmagyň we agzybirligiň dabaralanýan mekany hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň halkara kararnamalar derejesinde öz beýanyny tapmagy adamzat ösüşiniň möhüm şerti bolan parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da giňden dabaralanmagyna goşýan mynasyp goşandydygyny şöhlelendirýär. Parahatçylyk we durnukly ösüş, halkara ynanyşmak ýagdaýynda döwletiň öz ykdysady ösüşini üpjün etmek mümkinçiliginiň ýokary bolýandygyny bu günki gün Türkmenistanyň tejribesi bütin dünýä äşgär edýär. Halkara hyzmatdaş

Parahatçylygy döretmegiň türkmen nusgasy

Garaşsyz Türkmenistanyň at-abraýy dünýä ýaň salýar. Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň nusgasy halkymyzyň özboluşlylygyna, onuň gadymdan gelýän parasatly däplerine laýyk gelýär. Eziz Watanymyz Aziýanyň we Ýewropanyň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, bütin dünýä dostluk goluny uzadýan döwlet parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmakda, halkara hyzmatdaşlygyň täze, netijeli gurallaryny kemala getirmekde gymmatly tejribäni toplady. Geçilen ýola ser salanyňda, Garaşsyzlygyň ýurdumyz üçin içeri we daşary syýasatda, ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynda, beýleki döwletler bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmakda örän oňaýly mümkinçilikleri döredendigine göz ýetirmek bolýar.

Dillerde dessandyr Watanyň waspy

Bütin halkymyzyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň, her bir maşgalanyň abadançylygy, bagtyýarlygy barada ählitaraplaýyn edilýän aladalar, gurlup ulanylmaga berilýän durmuş maksatly binalar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, döwletimizde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň ajaýyp miweleridir. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döreýän täze obalar, şäherçeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, döredijilikli zähmet çekmegini, asuda ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň beýanydyr. Şol syýasatyň esasy many-mazmuny «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda jemlenýär.

Türkmenistanyň kanuny

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda 1-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adyny döretmeli.

Halkara ähmiýetli desgalar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly şanly wakalara, toý-dabaralara beslenýär. Ýap-ýaňy tamamlanan Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly hem şeýle wakalara baý boldy. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň belleniljek ýyly bolan 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bolup geçen wakalar Garaşsyz Watanymyzyň taryhy senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasynda 30 kilometrlik demirýoly ulanylmaga berildi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamy, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamy dabaraly ýagdaýda işe girizildi.

Taryhy wakalara beslener

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda halkymyz belent ösüşlere we üstünliklere beslenen “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen 2020-nji ýyly şanly Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýy bilen dabaralandyryp, uly ynam hem ruhubelentlik bilen täze taryhy wakalara baý boljak “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň uludan belleniljek ýylyna gadam basdy. Bitarap döwletimiziň jemgyýetçilik we döwlet-syýasy gurluşyny kämilleşdirmek, bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde her bir raýatyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýany mundan beýläk hem ýaýbaňlandyrmak, döwlet häkimiýet edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek üçin maksadalaýyk işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, milli Parlamentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň palatalary bolsa Halk Maslahaty we Mejlis diýlip atlandyryldy. Bu bolsa jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň bähbitlerini goramak üçin netijeli gural bolup hyzmat eder.