Türkmenistan — Malaýziýa: ygtybarly hyzmatdaşlygyň röwşen sahypasy
Milli Liderimiziň halkymyzyň eşretli ertirlerini nazarlaýan oňyn başlangyçlary, bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasaty bu günki gün hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz tagallalarynyň netijesinde halkara abraýy barha artýan eziz Diýarymyz dünýäde dost-doganlyk mekany, ylalaşdyryjy merkez hem-de ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Dostlukly ýurtlar bilen pugtalandyrylýan diplomatik gatnaşyklaryň taryhyna nazar aýlanyňda hem bu hakykata aýdyň göz ýetirýärsiň. Eziz Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýoluna düşen döwründen bäri Malaýziýa bilen ygtybarly hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dostlukly ýurda 18-nji dekabrda başlanan resmi sapary hoşniýetli gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Malaýziýa bu sebitde ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň 2011-nji ýylyň dekabr aýynda dostlukly ýurda am