Hoş habaryň şatlygy
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şu ajaýyp günlerinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanandygy bilen baglanyşykly habar ulus-ilimiziň şatlyk we buýsanç duýgusyny goşalandyrdy. Bu hoş habar ata Watanymyzyň Ýer ýüzünde parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde goşýan saldamly goşandynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky dabaralanmasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer we adyl syýasaty netijesinde bu gün eziz Watanymyzyň abraý-mertebesi bütin dünýäde barha belentliklere galýar. Ýer ýüzünde ilkinji bolup hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan, dünýä döwletleri tarapyndan bu hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen Türkmenistan Watanymyzyň arşa göterilýän şan-şöhratyna çäksiz buýsanýarys. Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň başlygynyň orunbasarlygyna, şeýle hem bu guramanyň abraýly edaralarynyň düzümine yzygiderli saýlanmagy her birimiziň watançylyk ruhumyzy belende göterip, döredijilikli we netijeli işlemäge hyjuwymyzy artdyrýar. Watanymyzyň abraý-mertebesini arşa göteren