"Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 108-nji jaýy
Telefon belgileri: 44-56-34

Makalalar

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar

1-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Wakanyň bolan ýerinde milli Liderimizi Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary garşyladylar.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy. ***

Watan goragçylary hakynda alada

1-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 27-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylar üçin ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýän we ýokary ýakymlylyk ölçeglerine kybap gelýän harby lybaslaryň täze nusgalaryny taýýarlamak barada tabşyryklary berdi.

Demokratik özgertmeleriň täze tapgyry

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň demokratik başlangyçlary esasynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň karary bilen makullanyldy we Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzda parlamentarizmiň we demokratik özgertmeleriň ösüşinde täze tapgyryň başlanandygyny alamatlandyrmak bilen, Watanymyzyň şöhratly taryhyna möhüm sahypany ýazýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsümine badalga berilmegi hem ýurdumyzda demokratiýanyň dabaralanmasyna gönükdirilen çäreleriň täze tapgyrydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararyna laýyklykda, bu saýlawlary 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde, ýagny 28-nji martda geçirmek bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek maksady bilen, geçen ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi hem-de onuň dowamynda senenamalaýyn çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Parahatçylyk tugunyň astynda

­­ Parahatçylyk — ösüşe, abadançylyga, rowaçlyga, agzybirlige, bagta barýan ýolda elimizde pasyrdaýan nurana tugdur. Ol tuguň astynda menziller hatarsyz, ýollar kötelsiz, müşgiller asan bolýar. Häzirki bagtyýar döwürde halkymyz hut şol tugy depesinde pasyrdadyp, dünýä ýüzüne raýdaşlygy, ynanyşmagy ündäp, belent sepgitleri nazarlap barýar. Munuň şeýledigi Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen ýola goýýan dost-doganlyga, ysnyşykly hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklarynda, iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynda, gyşarnyksyz eýerýän «Ösüş arkaly parahatçylyk» atly ýörelgesinde, ylaýta-da, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynda has-da aýdyň görünýär.

Guwandyryjy netijeler

­­ Ýakynda podpolkownik Röwşen Aýazowyň serkerdelik edýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlarynyň müdirliginde geçen ýyl boýunça ýerine ýetirilen işleriň we geçirilen çäreleriň jemleri jemlenildi. Hasabatlarda müdirligiň tabynlygyndaky harby bölümleriň geçen ýylyň dowamynda harby bölümleri taýýarlamagyň meýilnamasy esasynda ýerine ýetiren işlerine, şeýle hem harby gullukçylary watansöýüjilik, lebzihalallyk, harby borja we harby kasama wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça geçiren çärelerine mynasyp baha berildi. Geçen okuw ýylynyň jemi boýunça geçirilen seljermäniň netijesinde has tapawutlanan podpolkownik Bazargeldi Annaniýazowyň serkerdelik edýän harby bölümi 1-nji, podpolkownik Şyhmyrat Öräýewiň serkerdelik edýän harby bölümi 2-nji, maýor Öwlüýäguly Hojaberdiýewiň serkerdelik edýän harby bölümi 3-nji orny eýelemegi başardy. Batalýonlaryň arasynda bolsa podpolkownik Şatlyk Kerimowyň serkerdelik edýän batalýony 1-nji, maýor Ýusup Ataýewiň serkerdelik edýän batalýony 2-nji, podpolkownik Rustam Nurjanowyň serkerdelik edýän batalýony 3-nji orny eýeledi. Ýeňijilere hem-de ýylyň dowamynda söweşjeň we gumanitar taýýarlygynyň guralmagynda has tapawutlanan harby gullukçylara müdirligiň serkerdesiniň adyndan Hormat hatlary we gymmatbahaly s

Möhüm möwsüme ýokary derejede taýýarlyk görülýär

1-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi.

Ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlygy yzygiderli artdyrylmalydyr

2-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada gürrüň ediljekdigini aýdyp, durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşe eýe bolandygyny belledi.

Nebitgaz toplumyny ösdürmek ugrunda

2-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada gürrüň ediljekdigini aýdyp, durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşe eýe bolandygyny belledi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty

1-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

2-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada gürrüň ediljekdigini aýdyp, durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşe eýe bolandygyny belledi.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk 2-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň ýurdumyzda we sebitde işleýän agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylaryň käbiri wideoaragatnaşyk hyzmatyndan peýdalandylar.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy. ***

Obasenagat toplumynda işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üpjün edilmelidir

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 1-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi.

Şanly ýylda ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek esasy wezipedir

29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi.

Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gymmat bahaly metallaryň we gymmat bahaly daşlaryň dolanyşygy bilen baglanyşykly işleriň guralyşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetiniň ady üýtgedilip, ol Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasy diýlip atlandyryldy hem-de onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy. Resminama bilen Türkmenistanyň Merkezi bankyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi.

Möhüm meseleler üns merkezinde

29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine girizilen meseleler boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat bilen çykyş etdiler. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklary berdi.

Parahatçylyk nury bütin dünýä ýaýyldy

Mälim bolşy ýaly, 29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabara geçirildi. Onda Türkmenistanyň bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy döretmek ugrunda amala aşyrýan işleriniň aýratyn uly ähmiýete eýedigi nygtaldy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna resmi taýdan badalga berildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän türkmen diplomatiýasynyň parahatçylyk döredijilik kuwwatyna berilýän ýokary bahadyr. Türkmenistanyň daşary syýasatynda parahatçylyga we ynanyşmaga aýratyn möhüm orun degişlidir. Bu düşünjeler özara bähbitli hyzmatdaşlygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin iňňän zerur bolup durýan möhüm şertlerdir. Munuň hut şeýledigini türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli guralan dabarada çykyş edenler anyk delilleriň üsti bilen subut etdiler. Oňa daşary ýurtly diplomatlar, ýurdumyzda işleýän abraýly halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri