"Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 108-nji jaýy
Telefon belgileri: 44-56-34

Makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 27-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary

2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

27-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 27-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 27-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary

2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda

Ynsan saglygy — döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry

Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak, olary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrmak we ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. 25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna baryp, bu ýerde ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy bilen ýakyndan tanyşmagy munuň şeýledigine güwä geçýär.

Anyk wezipeler, oňyn çözgütler

Häzirki wagtda oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolup, obasenagat toplumynda we sebitlerde möwsümleýin işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muňa 23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirmegi aýdyň şaýatlyk edýär. Iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň häkimleri sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynyň özenini hem ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky maglumatlar düzdi.

Baş alada — eşretli durmuş, bagtyýar geljek

Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeler amala aşyrylyp, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Ahal we Mary welaýatlarynda döwrebap gidrotehniki desgalaryň dabaraly ýagdaýda açylmagy munuň aýdyň güwäsi boldy.

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi

25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary boldy. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, gurama agza ýurtlar bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyz ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly gatnaşyklary ilerletmekde başlangyçly orny eýeläp, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Möhüm meselelere garaldy

23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ahalda

Il saglygy — bagtyýarlyk

25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler. Milli Liderimiz bu ýerde gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň uzak möhletleýinlik, berklik şertlerini özünde jemlemelidigini aýtdy. Soňra lukman Arkadagymyzyň garamagyna täze toplumyň binalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, enjamlaşdyrylyş aýratynlyklarynyň görnüşleri baradaky şekil taslamalary görkezildi. Olar barada saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow we sebitde iň iri Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesow hasabat berdi.

Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren edebi-filosofik mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygarynyň many-mazmuny halkymyzyň watançylyk ruhuny belende götermäge, ýurdumyzyň şöhratyny, halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, ýaşlary päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemäge goşant goşmaga, watandaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmaga gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyrag

Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren edebi-filosofik mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygarynyň many-mazmuny halkymyzyň watançylyk ruhuny belende götermäge, ýurdumyzyň şöhratyny, halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, ýaşlary päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemäge goşant goşmaga, watandaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmaga gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň Magtymgul

Dostlaryň dekabr duşuşygy

Dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň şeýledigini GDA döwletleri bilen taryhyň dowamynda emele gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyz hem aýdyň görkezýär. 1991-nji ýylyň 8-nji dekabrynda döredilen bu iri sebit guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyklaryň oňa agza ýurtlaryň ählisiniň bähbitlerinden ugur alýandygy dostluk köprüleriniň barha mäkämleşmegine ýardam edýär. GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Türkmenistan oňa gatnaşyjy ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň tarapynda çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň GDA ýurtlarynyň Liderleriniň Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen resmi däl sammitine gatnaşmagy-da dostlukly gadamlaryň dowamly häsiýete eýediginiň beýanyna öwrüldi. Geçen ýyllaryň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary halkara derejesinde birek-birek bilen ylalaşykly, özara goldaw bermek arkaly ýola goýlan hereketlere ygrarlydyklaryny subut edip gelýärler. Muňa BMG-niň çäklerindäki ses berlişiklerde GDA ýurtlarynyň özara goldaw bermek tejribesi hem guwandyryjy mysaldyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişel

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 12-nji de­kabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Serdar Berdimuhamedow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň «Woz­rož­de­ni­ýe» tas­la­ma-gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy Igor Bu­ka­to­ny ka­bul et­di.

Arkalaşyp aşylýan ýyllar nurludyr

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Russiýanyň möhüm ykdysady, ylmy we medeni merkezi bolan Sankt-Peterburg şäherindäki «Igora» gyşky sport oýunlary toplumynyň Buzly köşgüne bardy. Ol ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Soňra Olimpiýa zalynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi. Onuň dowamynda şu ýyl Arkalaşygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn görkezijileri kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Arkalaşygyň ýurtlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklary nygtaldy. Şu gezekki duşuşyk hem GDA ýurtlarynyň netijeli hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmag

Bilelikdäki ösüşlere täze badalga

Obany ýa-da şäheri wasp edip görensiňiz. Ýyldyzly gijäni ýa-da säheri wasp edip görensiňiz. Güýzi ýa-da bahary wasp edip görensiňiz. Ýöne bularyň hiç biri Watany wasp etmek ýaly datly, lezzetli däldir. Her kim bir zatdan ylham alýar. Biziň ylham çeşmämiz — Watana bolan yşkymyz. Dünýäniň dört künjünde, ýedi yklymynda eziz ýurdumyzyň adyna aýdylýan, şanyna ýaňlanýan hoşamaý jümleler jümle-jahanyň jemalyny özünde jemleýän gudrat deýin täsirli. Ýaňy-ýakynda bir döwletli nesibe bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Malaýziýa döwletine ilkinji resmi saparynyň düzüminde bolmak bagty miýesser etdi. Bizden ýüzlerçe menzil uzaklykda ýerleşen, ekwatory erňekläp oturan Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäheri Gündogaryň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biri. Şäheriň adynyň «Läbik çaý» ýa-da «Batgalyk kenar» ýaly manylarynyň bardygyna garamazdan, bu wagt bu şäher özüniň syýahatçylyk, işewürlik we ykdysady mümkinçilikleri bilen dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Aslynda, her birimiziň aňymyzda bir ýer ýa-da bir söz barada nähilidir bir ornap galan düşünje bar. Her gezek şol söz agzalanda ilki bilen şony ýatladýan we aňladýan düşünjelerimiz ör-boýuna galýar. Malaýziýa diýlende gür tokaýlyklara basyrnyp oturan, aj

Durmuşymyzyň abadançylygy

«Döwlet adam üçindir!» diýen beýik ýörelgäni esaslandyryp, ýurdumyzyň eşretli durmuşyny üpjün edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary bilen döwrümizi kämilleşdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde Diýarymyzyň her bir güni ajaýyp wakalara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dekabr aýynyň başynda Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň çäklerinde guralan sammitine gatnaşdy. Bu sammit suwdan durnukly peýdalanmagy gazanmak, suw üpjünçiligini gowulandyrmak we howanyň üýtgemeginiň suw serişdelerine ýetirýän oňaýsyz täsirlerini azaltmak babatda dünýäniň dürli sebitlerinden gatnaşýan döwlet, hususy we jemgyýetçilik düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edindi. Ol suw dolanyşygynyň durnuklylygy, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, suw, azyk we energiýa hyzmatdaşlygy, tehnologiýa we innowasiýa, halkara hyzmatdaşlyk we maliýe meseleleri ýaly bäş ugry öz içine aldy.

Saglyk — baş baýlyk

Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak, kämil derejede enjamlaşdyrmak we ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak milli saglygy goraýyş syýasatynyň möhüm wezipeleridir. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda her bir raýatyň saglygynyň berkidilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Lukman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň lukmançylyk merkezlerine häzirki zamanyň sanly tehnologiýalary we dünýäniň ösen tejribesi işjeň ornaşdyrylýar. 25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Hormatly Arkadagymyz bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumynyň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň uzak möhletleýinlik, berklik şertlerini özünde jemlemelidigini aýtdy.