Hususyýetçilik ösüş ýolunda
Milli Liderimiz ýurdumyzyň ösüşlerine, halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen parasatly syýasaty amala aşyrmak bilen, ynsanperwer başlangyçlary öňe sürýär. Şunuň bilen birlikde, halkyň çuňňur ruhy we döredijilik güýji netijeli işlere gönükdirilýär. Netijede, düýpli durmuş-ykdysady özgertmelerde, demokratiýany ýaýbaňlandyrmakda, kanunçylygy berkitmekde, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmekde, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, döwletiň, jemgyýetiň we adamlaryň jebisligini gazanmakda uly üstünlikler gazanylýar. Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden ösdürmek döwlet tarapyndan goldanylýar. Bu bolsa maliýe-ykdysady ulgamyň durnukly ösdürilmegi boýunça işleriň ýokary depginler bilen dowam etdirilmegini, ykdysady ulgamyň kanunçylyk namalarynyň yzygiderli seljerilmegini we kämilleşdirilmegini şertlendirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen binýatlaýyn kadalara laýyklykda, döwletimiziň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar; döwlet adamyň we jemgyýetiň bähbitlerine ykdysady işi düzgünleşdirmegi amala aşyrýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär. Şeýle hem döwlet eýeçiligiň