"Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 108-nji jaýy
Telefon belgileri: 44-56-34

Makalalar

Bag-bossanly Watanymyz — buýsanjymyz, bagtymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler özüniň oňyn netijesini berýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, howanyň üýtgemeginiň, senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna ýaramaz täsirini peseltmegiň, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini azaltmagyň üstünde işlemek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli agaçlary hem-de üzüm nahallaryny ekmek, bar bolanlaryna ideg etmek asylly däbe öwrüldi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 5-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Şeýle-de şol gün Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Bu ählihalk çäreleri halkymyzyň ene toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza ygrarlydygyny, tebigaty goramagyň we dünýäde durnukly ösüşiň bähbidine alnyp barylýan asylly işlere, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine garşy göreşmegiň umumadamza

Baglar — Zeminiň bezegi

Türkmen topragynda bag nahallaryny oturtmak işi we ony ösüp gelýän ýaş nesillerimize miras galdyrmak ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgämizdir. Aslynda bag nahallary güýz we ýaz aýlary ekilýär. Her ýylyň güýz we ýaz aýlarynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak işleriniň üstünlikli alnyp barylmagy biz talyp ýaşlary has-da buýsandyrýar. Biz talyp ýaşlar hem agzybirlikde ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak işine höwes bilen gatnaşýarys. Bu diýseň gyzykly, sogaply iş. Ekilen bag nahallary ösüp, boý alyp, türkmen topragyny gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwrüp, has-da gözelleşdirer.

Bagy-bossanlyk – bagtyýarlygyň hem sagdynlygyň nyşany

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her ýylyň güýz hem-de ýaz pasyllarynda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi eziz Diýarymyzyň tebigatynyň gözelligini artdyrmak bilen birlikde, onuň ekologik abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyny hem üpjün edýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek boýunça giň gerimli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi obalarymyzyň, şäherçelerimiziň, şäherlerimiziň, umuman, tutuş daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagynda, ilatyň saglygyny berkitmekde we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagynda diýseň ähmiýetlidir. Tebigatyň gözel hem arassa, sagdyn durmuş ýörelgesiniň rowaçlanýan ýeri bolsa bagtyýarlygyň mekanydyr. «Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deý gorap gelipdir. Halkymyzyň bu asylly ýörelgesini «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylda has-da ösdürmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça bellän meýilnamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Arkadagly Serdarymyzyň bu dürdäne sözleriniň döwrümiziň ajaýyp hakykatydygyna geçen şenbe güni ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berilmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik.

Gül-gülüstan, bagy-bossan Diýarym!

Uzakdan seredeniňde seleňläp görünýän, saýasy jana şypa berýän, şahalarynda guşlar gonup saýraýan, ýüz dürli miweleri bilen ynsan saglygyna melhem bolýan ýaşyl baglar Zeminiň bezegidir, ýaşaýşyň ýaraşygydyr. Bag ekmek ýaşaýan topragyňy, oba-şäheriňi, ýurduňy gözellige beslemekdir. Halkymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan tebigata asyrlar boýy nusgalyk derejede aýawly çemeleşipdir. Onuň bilen ysnyşykly ýaşamagyň kämil ýollaryny bize miras goýupdyr. Pederlerimizden galan şol asylly ýörelgeler tebigata, ene topraga bolan egsilmez söýginiň nyşanydyr.

Asylly ýörelge

Röwşen zamanamyzda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Eziz Watanymyzyň ähli künjeklerini, şol sanda paýtagtymyz Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy aýawly saklamak ýaly möhüm wezipeler hem şeýle buýsandyryjy işleriň hataryndan mynasyp orun eýeleýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Üstünlikli durmuşa geçirilýän Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, täze tokaý zolaklaryny döretmäge, şeýle hem gözel tebigatymyzyň köpdürlüligini gorap saklamaga, tebigy baýlyklarymyzyň rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen taslamalar amala aşyrylýar. Şol günki ählihalk bag ekmek dabarasyna hem dürli ýaşdaky ildeşlerimiz işjeň gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deýin gorap gelipdir. Halkymyzyň bu asylly ýörelgesini has-da ösdürmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça bellän meýilnamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar» diýip belleýär. Bütin ýurdumyz boýunça alnyp barylýan şeýle

Bagbanlara maslahat

Dekabr aýynda toprakda yzgar toplamak maksady bilen baglara gyş suwy tutulýar. Miweli baglaryň zyýankeşlerine we kesellerine garşy derman sepilýär. Agaçlary kesip, timarlamak işleri dowam etdirilýär. Bu iş agaçlaryň ýapraklary düşüp başlandan, tä ýazda pyntyklaýan döwrüne çenli, ýagny, gyşda olaryň uka gidýän wagtynda geçirilýär. Howanyň sowuklygy 5-7 derejeden aşak düşen ýagdaýynda agaçlary kesmek işi togtadylýar. Agaçlar kesilip, timarlanylanda, şahany çykyntgy goýup kesmeli däl. Sebäbi galdyrylan çykyntgy soňra gurap, agajyň esasy şahasynyň içinde gury, boş ýeriň emele gelmegine getirip, onuň ýaşaýyş güýjüni peseldýär. Agaçlaryň şahasy egrelýän ugruna kesilse, dogry kesim hasaplanylýar. Kesiljek şaha ýokary tarapyndan esasy şaha golaýrak, aşaky tarapyndan bolsa az-kem daşrak edip kesilýär. Miweli baglaryň nahallaryny howanyň aýazsyz wagty oturtmaly.

Şu günüň, geljegiň abadançylygynyň hatyrasyna

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler özüniň oňyn netijesini berýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, howanyň üýtgemeginiň, senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna ýaramaz täsirini peseltmegiň, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini azaltmagyň üstünde işlemek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli agaçlary hem-de üzüm nahallaryny ekmek, bar bolanlaryna ideg etmek asylly däbe öwrüldi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 5-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Şeýle-de şol gün Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Bu ählihalk çäreleri halkymyzyň ene toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza ygrarlydygyny, tebigaty goramagyň we dünýäde durnukly ösüşiň bähbidine alnyp barylýan asylly işlere, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine garşy göreşmegiň umumadamzat işin

Suwly ýer — gülzar

Ýurdumyzda ekerançylyk üçin ulanylýan ähli meýdan 5 million gektara golaý bolsa, ony özleşdirmäge suw hem ýeterlik mukdarda bar. Eziz Diýarymyzda her ýylda ortaça 25 milliard kubmetr suw ulanylýar. Onuň 22 milliard kubmetre golaýy suwarymly ýerler üçin harçlanylýar we 2 million gektara golaý ýer özleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda suwaryş ulgamlarynyň durkunyň täzelenmegi, peýdaly täsir koeffisiýentiniň ýokarlandyrylmagy, ýerleriň düýpli tekizleniş işleriniň göwnejaý geçirilmegi, täze suw howdanlarynyň gurulmagy we olarda ýygnanylan suwuň göwrüminiň artdyrylmagy, duzlulygy pes bolan zeýkeş suwlarynyň peýdalanylmagy suwuň ýitgisiniň has azalyp, ähli mes toprakly ýerlerimizi ulanmaga mümkinçilik döredýär.

Geljek hakdaky alada ählimiz üçin umumydyr

Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berdi 5-nji noýabrda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Şu gezekki köpçülikleýin çäre adaty bir çäre bolman, eýsem, ýurdumyzyň ekologiýa ugurly başlangyçlarynyň ähli halkymyz tarapyndan goldanylýandygynyň, tebigaty goramagyň we dünýäde durnukly ösüşiň bähbidine alnyp barylýan asylly işlere goşulýan anyk goşant hökmünde Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli, yzygiderli işleriň nyşany boldy.

Tebigata söýgi — uly zähmet mekdebi

Eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylýan köpçülikleýin bag ekmek dabarasy howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine mynasyp goşantdyr. Şäherleriň we obalaryň töwereklerinde tokaý zolaklarynyň döredilmegi bu ýerlerde amatly howa gurşawynyň emele gelmegine ýardam berýär. Şoňa görä-de, 5-nji noýabrda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi Watanymyzyň bagy-bossanlyga bürelmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Güýzki bag ekmek dabarasy

Sogaply işe goşant Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 5-nji noýabrynda, ýurdumyz boýunça hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. 31-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda hem bu meselä aýratyn üns berildi.

Bakylygyň buýsanjy we binýady bag

Dünýäde ýaşaýşa badalga berýän, bakylyga buýsanç bolup ör-boýuna galýan, gözelligi bilen kalbyňy dokundyrýan gudrat bag süňňünde jemlenendir. Ony ata-babalarymyzyň beýik ýüpek ýolunyň ugrundaky döreden gözelligi we bolçulygy baradaky taryhy maglumatlar hem aýdyň subut edýär. Halkymyz tebigat bilen dostlugyny nesillerden nesillere geçiripdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pederlerimiziň bu ajaýyp dessury döwrebap derejede ösdürilýär. Munuň şeýledigini «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň noýabr aýynyň ilkinji şenbesinde  ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köpetdagyň etegindäki Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berilmegi hem tassyklaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berdi

Aşgabat, 5-nji noýabr (TDH). Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Şu gezekki köpçülikleýin çäre adaty bir çäre bolman, eýsem, ýurdumyzyň ekologiýa ugurly başlangyçlarynyň ähli halkymyz tarapyndan goldanylýandygynyň, tebigaty goramagyň we dünýäde durnukly ösüşiň bähbidine alnyp barylýan asylly işlere goşulýan anyk goşant hökmünde Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli, yzygiderli işleriň nyşany boldy.

Türkmen topragyny bagy-bossanlyga büremek we abadanlaşdyrmak halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky aladanyň nyşanydyr

Ahal welaýaty, 5-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy, şeýle-de bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumuzu bagy-bossanlyga büremegiň güýzki möwsüminiň başlanmagyny alamatlandyrýan çärä täze merkeziň ýolbaşçylary, gurluşykçylar, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary ruhubelentligi, şadyýanlygy hem-de Diýarymyzyň we halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu çäräniň dabarasyny has-da artdyrdy.

Eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­na go­şant

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mu­nuň mak­sa­dy ila­tyň ýa­şaý­şy üçin aras­sa we amat­ly daş­ky gur­şa­wy dö­ret­mek­den yba­rat bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy­ny we eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň hu­kuk esas­la­ry ber­ki­dil­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da hem-de ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ryn­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly be­ýan edil­ýän ka­da­lar­dan hem gör­mek bol­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­myz­dan do­wam edip gel­ýän ýö­rel­ge­le­re la­ýyk­lyk­da, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si we te­bi­ga­ty­my­zy baý­laş­dyr­mak il­deş­le­ri­mi­ziň asyl­ly mak­sa­dy­na öw­rül­di. Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek me­se­le­si hä­zir­ki dö­wür­de tu­tuş adam­za­dyň der­wa­ýys me­se­le­si­ne öw­rül­di. Ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin bag ek­mek da­ba­ra­la­ry­nyň ge

Güýzki bag ekmek möwsümi

«7/24. tm», № 45 (128), 07.11.2022 Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek boýunça dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar

Baglar ýaraşygy, bezegi ýurduň

Şu gün ählihalk bag ekişliginiň güýzki möwsümine badalga berildi

Bag ekmek – parz iş

Şu gün ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekiliş dabarasy bolup geçdi. Topraga jany-teni bilen hyzmat eden ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda daýhançylykdyr ekerançylyk bilen meşgullanyp, gür saýaly bag-bakjalary ýetişdiripdirler. Pür-pudak ýaýradyp ösen daragtlar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Ata-babalarymyzyň ýola goýan bu işleri häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary bilen bag ekmek babatda alnyp barylýan işlere badalga berýär. Bu gün  sahawatly topragymyza ekilen bag nahallary ýurdumyzyň  tebigatyny ozalkylardan has hem baýlaşdyrar.Tebigat gözellikleri bize ata-babalarymyzdan galan miras, ony başky durkunda geljekki nesillerimize ýetirmek biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Türkmeniň güneşe baý topragy dünýä ýüzünde iň berk, sagdyn, uzak ömür pür-pudak ýaýradyp ösýän daragtlary ýetişdirmäge ukyplydyr. Şahyryň aýdyşy ýaly,  kim-de-kim bir agaç ekse ýadygär, dünýä kitabynda onuň ady bar.

Daşky gurşawy goramagyň möhüm şerti

Häzirki wagtda her ýylda köpçülikleýin bag ekmek boýunça ählihalk dabaralary geçirilip, ol daşky gurşawy goramaga gönükdirilen netijeli möhüm çäreleriň birine öwrüldi. Bu asylly ýörelgä eýerip, her ýylky bag ekmek möwsüminde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde saýaly, pürli we miweli agaçlaryň we üzümiň millionlarça düýbi ekilýär. Olaryň ähmiýeti diňe bir owadanlykda bolman, eýsem, olar arassa daşky gurşawy emele getirmekde hem uly orna eýedir.

Bu gün türkmen düzi güle bürenýär

Şu gün — 5-nji noýabrda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň nobatdakysy bolan güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berler. Bilşimiz ýaly, Arkadagly Serdarymyz adamlaryň oňaýly ýaşamagynyň we dynç almagynyň, sagdyn hem-de ruhubelent bolmagynyň möhüm şerti hökmünde bu asylly işe aýratyn üns berýär.