"Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 108-nji jaýy
Telefon belgileri: 44-56-34

Makalalar

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Ýaz paslynyň gelmegi bilen, paslyň talaplaryna laýyklykda geýniň! * * *

Lukman Hekimiň pentleri

Eşigiňi we bedeniňi arassa tut! * * *

Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

Il saglygy — ýurt baýlygy

Saglygyň gadryny bilgil … Pasyl çalşygynda keselleriň öňüni almak üçin maslahatlar

Durmuşymyzyň baş ýörelgesi

«Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz ilatyň saglygyny ähli zatdan ilerde goýup, beýik işleri amala aşyrýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmäge, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge we ornaşdyrmaga, adamyň saglygyny pugtalandyrmaga, ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatynyň hilini kämilleşdirmäge gönükdirilen işler döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Ajaýyp zamanada ösýän we özgerýän ýurdumyzyň islendik welaýatyny, şäherini, etrabyny, obasyny alanyňda, hormatly Prezidentimiziň halkynyň bagtyýar şu güni, eşretli ertiri üçin amala aşyrýan beýik işleriniň netijesini görmek bolýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgeleriniň rowaçlanýandygynyň subutnamasydyr. Häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen hassahanalaryň, şypahanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen saglygy goraýyş ulgamynyň düýpli özgertmelere eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Saglygymyz — baş baýlygymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döredilýän şertlerdir mümkinçilikler hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin döwletimizde ähli şertler döredilýär. Şolaryň hatarynda ähli amatlyklary bolan sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi bellenilmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda il saglygy baradaky aladanyň öňdäki orunda durýandygyny buýsanç bilen aýdyp bileris. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, halkymyzyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmekde giň gerimli işler alnyp barylýar.

Kadalary berk berjaý ediň!

♦Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. ♦Öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly.

Saglyk ― bahasyz baýlyk

Ýakynda Saýat etrabyndaky Syýadagsakar geňeşliginde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti bilen beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Durmuşyň saglyk serpaýy» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesillerimizi milli ýol ýörelgelerimize esaslanyp terbiýelemek, olaryň sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak maksady bilen, geçirilen duşuşyga geňeşligiň işgärleri, oba ýaşaýjylary we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdy. Duşuşykda ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek barada hem-de ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň arasynda şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň wajyp meseledigi bellenildi. Bu ýere ýygnananlar halkymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Lukmanlar bäsleşdiler

Her güni şatlyk-şowhuna, taryhy wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlap, hassahanamyzyň lukman zenanlarynyň we şepagat uýalarynyň arasynda «Sport bedeniňi berkidýär» ady bilen woleýbol we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa hassahanamyzyň lukmanlarydyr şepagat uýalary işjeň gatnaşdylar. Sportuň ynsan saglygyna iňňän peýdalydygyny hem-de ony hemra edinip, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermelidigini wagyz edýän bu bäsleşikde iki topar düzülip, olar «Galkynyş» we «Bagtyýarlyk» diýlip atlandyryldy. Toparlaryň wekilleri sporty näderejede söýýändiklerini özleriniň ukyp-başarnyklarynyň üsti bilen görkezdiler.

Allergiýa we onuň öňüni almak

Türkmen tebigatyna bahar paslynyň gelmegi bilen howa maýlap, janly-jandarlaryň, ösümlikleriň ýaşaýyş işjeňligi başlanýar. Bu ýagdaýlar ynsan saglygyna hem täsir edýär. Şolaryň biri hem allergiýadyr. Allergiýa bedeniň immun ulgamynyň, adatça, zyýansyz hasaplanylýan zatlara bolan ýiti garşylygydyr. Allergiýanyň alamatlary bedeniň dürli böleklerinde ýüze çykyp bilýär. Onuň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çekýär. Allergiýa käbir haýwanlaryň tüýleri, dürli önümler, tozanlar, dermanlyk serişdeler, himiki serişdeler, mör-möjekler hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döräp bilýär. Onuň ýüze çykmagyna getirýän bölejikleri allergenler diýlip atlandyrylýar.

Tämizlik — sagdynlyk (Lukmanyň maslahaty)

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda keselleriň öňüni almak üçin giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Geçirilýän şol çäreler suwlaryň arassalygyna gözegçilik etmek, akabalaryň daş-töweregini tämiz saklamak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek we saglyk hakynda wagyz-nesihat etmekligi öz içine alýar. Bilşimiz ýaly, arassaçylyk saglygyň girewidir. Her bir adam şahsy arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmelidir. Fiziki we ruhy taýdan sagdyn bolmak üçin arassaçylyk örän zerurdyr.

Kadaly iýmitlenmek möhümdir

Saglygyň sakasy kadaly iýmitlenmekdir. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki we ruhy sazlaşygyny üpjün edýär. Iýmitiň düzüminde ýaşaýyş üçin derwaýys maddalaryň zerur mukdarda bolmagy hökmandyr. Munuň özi bedendäki maddalaryň deňagramlylygynyň saklanmagyna ýardam edýär. Azyk önümleri bedeniň kadaly işjeňligini üpjün edýär. Sagdyn beden üçin wagtly-wagtynda dogry iýmitlenmek esasy şertleriň biridir. Günde 4-5 gezek, az-azdan iýmek ýeterlikdir. Esasan hem, süýt önümlerini, gök önümleri we miweleri, balyk, peýnir, kösükli önümleri we ýumurtga iýmek maslahat berilýär. Iýmit sanawyna gök önümlerden we kösükli önümlerden başga-da, guş etinden taýýarlanylan çorbany goşmaly. Taýýarlanylan nahar juda gyzgyn bolmaly däldir, sebäbi beden ony sowatmak üçin energiýa sarp etmeli bolýar. Iýmitiň kabul ederlik derejesi ortaça bolmalydyr. Möwsümleýin kesellerden goranmagyň ýollarynyň biri bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak bilen berk baglanyşyklydyr. Eýsem, bedeniňi berkitmek üçin nähili iýmitlenmeli? Bedeni berkitmek üçin diňe wagtly-wagtynda ukyňy almak, iýmitlenmek we hereket etmek bilen çäklenmän, goşmaça iýmitleri iýip-içmek maslahat berilýär. Howanyň üýtgeýän şu günlerinde dogry iýmitlenmek aýratyn ähmiýetli bolup dur

Saglyk — baş baýlyk

«7/24. tm» № 10 (197), 04.03.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ata Wa­ta­ny­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň aý­ra­tyn ala­da bi­len gur­şa­lyp alyn­ma­gy, ola­ryň hem­me­ta­rap­la­ýyn we saz­la­şyk­ly ös­me­gi üçin ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Sag­ly­gy­ny baş baý­ly­gy­na de­ňe­ýän hal­ky­myz bu gün­ki gün­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň ta­gal­la­la­ry bi­len bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ýar.

Allergiýanyň öňüni almak

Ýerli ýa-da umumy allergik täsirler deriniň gijemegine getirip bilýär. Birinji ýagdaýda deriniň allergen (allergiýa döredýän önüm) bilen galtaşýan ýeri gijeýär. Adatça, onuň daşky görnüşi üýtgäp, gyzarmagy, sypyrylmagy, tozgalanmagy, suwjarmagy, örgün örmegi mümkin. Ýerli allergiýanyň käbir görnüşinde deriniň gijeýän we örgün ören ýeri allergeniň suduryny gaýtalap bilýär. Meselem, demre allergiýasy bolan adamda garyn töwereginde örgün ören ýeri kemeriň demir tokasynyň galdyran yzyna meňzeýär. Aglaba ýagdaýda gijemeden başga-da, köp sanly alamatlar ýüze çykýar: burun dykylýar, göz ýaşarýar, gyzarýar, deriniň dürli ýerine örgün örýär, dem almak kynlaşýar. Syrkaw asgyrýar, üsgürýär. Ýokary duýgurlykly jogap täsirini döredýän allergeniň öz wagtynda ýüze çykarylyp, galtaşykdan aýrylmagy allergiýanyň bejergisinde uly ähmiýete eýedir. Bu kesel gaýra goýulman bejerilmedik halatynda wagtyň geçmegi bilen bronhial astmanyň, polinozyň, allergik rinitiň, iteşeniň (krapiwnisa), dermatitiň, kwinke çişiniň, derman we iýmit allergiýasynyň döremegi mümkin. Bedeniň 20-ä golaý allergene jogap täsirini ýüze çykarýan deri synagy ýönekeý usulda geçirilýär. Has takygy, ösümlik tozgajyklaryndan taýýarlanan ergin bedeniň sypjyrylan ýerine ýapyl

Halk lukmançylygynyň aýrylmaz bölegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän özgertmeler, ilatyň saglygyny goramaga berilýän uly üns giň gerimliligi bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen birlikde, ulgamy ösdürmegiň, saglygy goraýyş edaralaryny kämilleşdirmegiň, bar bolan tebigy serişdeleri amatly peýdalanmagyň netijesinde keselleriň öňüni alyş, anyklaýyş we bejeriş usullarynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Gadymyýetiň görnükli şahsyýeti Gippokrat: «Lukmançylyk, tebigatyň bejerijilik täsirine öýkünmek sungatydyr» diýip belläp geçýär. Lukmançylyk ylmynyň taryhynda görnükli orun eýelän Gündogaryň meşhur alymy Abu Aly ibn Sina hem şu pikiri wagyz edipdir. Onuň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly eseri diňe bir Gündogaryň däl, eýsem, Ýewropa sebitleriniň tebipleriniň hem ýankitabyna öwrülýär. Ibn Sina kitabynda 800-e golaý dermanlyk serişdeler we olary saklamagyň usullary hakynda ýazýar. Dermanlyk ösümlikleri öwrenmegiň taryhyna degişli maglumatlarda, esasan, gadymyýetde meşhur tebip hem-de alym bolan Abu Aly ibn Sinanyň, Abu Reýhan Birunynyň, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň, Muha

Awa­za — sag­dyn­ly­gyň me­ka­ny

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de eziz Di­ýa­ry­myz­da ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýe­rip, be­den­ter­bi­ýe­dir sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy üçin äh­li şert-müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan yn­san­per­wer sy­ýa­sat­da hal­ky­my­zyň sag­ly­gy döw­le­ti­mi­ziň hem-de jem­gy­ýe­ti­mi­ziň iň gym­mat­ly baý­ly­gy hök­mün­de kes­git­le­nen­dir. Çün­ki jem­gy­ýet sag­dyn bo­lan­da, döw­let hem gül­läp ös­ýär. Hä­zir­ki wagt­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň, spor­tuň, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň äh­li ul­gam­lar­da giň ge­ri­me eýe bol­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ýa­kym­ly­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Ne­bit­gaz se­na­ga­ty top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri­niň kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň ge­ňe­şi hem-de «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň ko­mi­te­ti ta­ra­pyn­dan ýa­kyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len okuw-mas­la­ha­tyň bar­şyn­da hem mu­ňa aý­dyň göz ýe­ti­ril­di.

Bedew münen sag bolar

Gadymy grek akyldary Gippokrat: «At münüň, eziz watandaşlar, at ýaly sagdyn bolarsyňyz!» diýipdir. Şundan görnüşi ýaly, atly gezelenç etmegiň saglyga oňyn täsir edýändigi adamlara ir döwürlerden mälimdir. «At münmek arkaly bejeriş, bejeriji atly ýöriş» diýen manylary aňladýan ippoterapiýanyň keselden soň saglygy dikeltmekde hem-de köp keselleri bejermekde örän netijelidigi ykrar edilen hakykatdyr. Gippokrat at münmäge, çapmaga bedeniňi kadalaşdyrýan, immuniteti pugtalandyrýan, ýaşaýyş güýjüni beýgeldýän maşklaryň biri hökmünde baha beripdir. At münmegiň, ilkinji nobatda, oňurga gyşarmalarynda, hereket sazlaşygynyň bozulmalarynda üstünlikli ulanylýandygyny bellemelidiris. At münmek ýürek-damar, aşgazan-içege näsazlyklary, daýanç-hereket ulgamynyň keselleri we şikesleri, polimielit, prostatit, osteohondroz, skolioz, newroz ýaly sökellikleriň öňüni almakda örän peýdalydyr. Şeýle-de, ol horlanmaga, göwräni dik tutmaga, syratly bolmaga, özüňi arkaýyn duýmaga, işjeň, ünsli bolmaga, gaharjaňlykdan saplanmaga ýardam berýär.

Gyzyl şugundyryň peýdasy

Gün nuruny bolluk bilen eçilensoň, sahawatly topragymyzda bitýän gök we bakja önümleriniň hatarynda şugundyryň adamyň saglygy üçin peýdasy köpdür. Şugundyryň düzüminde köp mukdarda demir, şeýle hem deňagramly derejede kalsiý we natriý bar. Onuň düzüminde B topara degişli ýokumlar-da köpdür. Ýokumlaryň hut şol topary dyrnaklaryň, saçyň berk we deriniň sagdyn bolmagyna, nerw ulgamynyň dogry işlemegine täsir edýär.

Hozuň haýry kän

Hoz ynsan saglygy üçin iň peýdaly tebigy önümleriň biridir. Adatça, hoz agajynyň bir düýbi ýylda, ortaça, 8 —10 kilograma çenli hasyl berip, hasyllylygy ýylsaýyn artýar. Hoz agajy 20 — 40 ýaş aralygynda hasyl berijiligiň iň ýokary güýjüne eýe bolýar we bir asyrdan gowrak wagt ýaşap bilýär. Hozuň ýapraklarynda, gabygynda we dänelerinde saklanýan ýuglon tebigy boýagdyr. Ondan gaýnadylyp alynýan serişde saçlara we matalara sarymtyl-gyzyl we goňur reňk bermekde köp ýyllardan bäri ulanylýar. Hoz ýeralmadan ýedi esse ýokumlydyr. Her gün azyndan bir sany hozy iýmek ateroskleroz keseliniň döremek ähtimallygyny ep-esli azaldýar. Mundan başga-da hoz antioksidantlara, garramagy haýalladýan C we E ýokumlaryna, ýady gowulandyrýan we ünslüligi ýokarlandyrýan ýag kislotasyna baýdyr. Düzümindäki demir, sink, ýod we magniý ýaly peýdaly elementler hozuň peýdaly häsiýetlerini has hem artdyrýar we degna dartgynlylygyny gowşadýar. Bal bilen garylan hozy iýmek güýçli bolmadyk kellagyrydan saplanmaga kömek edýär. Deriniň ýaş, gözel görünmegi üçin hoz iýmek peýdalydyr. Şeýle-de onuň ýagy kosmetika önümçiliginde giňden ulanylýar.

Saglyk — başymyzyň täji

Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy ähli zatdan ileri tutulyp, her bir raýatyň saglyk goraglylygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda eziz Diýarymyzda giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparynyň çäginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp, ol ýerde iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda goldawa mätäç çagalara berilýän lukmançylyk kömekleri, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýan işleriň netijeleri, çagalaryň saglygyny dikeltmek ugrunda döredilen mümkinçilikler dogrusynda hasabatlar diňlenildi. Lukman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde goldawa mätäç çagalaryň ençemesi saglyklaryny dikeltdiler. Munuň özi kömege mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmekde döwlet derejesinde alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ynsan üçin onuň jan saglygy gymmatly baýlykdyr. Beden saglygyny gorap saklamak adamyň özüne bagly. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, sowukdan goranmaly, köp keseliň başy sowuklamadan başlanýar. Howanyň her pasla görä özboluşlylygynyň bozulan halatynda, adam bedeninde dürli nä