Saglygyň sakasy
Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer çözgütleri esasynda sagdyn ýaşaýyş-durmuş şertini jemgyýete ornaşdyrmakda, türkmen halkynyň ruhy baýlygyny dünýä çykarmakda, dürli ýaşdaky raýatlaryň saglygyny berkitmekde ýurtda netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistan Watanymyzda halkara ülňülerine laýyklykda yzygiderli gurulýan ençeme bedenterbiýe we saglyk binalary, zamanabap sport we saglyk toplumlary ildeşlerimiziň yzygiderli türgenleşýän ýerlerine öwrüldi. Paýtagtymyzda «Olimpiýa» şäherçesiniň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen, bu owadan künjekde ýurt we halkara derejesindäki ýaryşlaryň ençemesi geçirilýär. Futbol, woleýbol, basketbol, hokkeý, welosiped ýaly sportuň meşhur ugurlary bilen ýaş nesillerimiz yzygiderli meşgullanýarlar, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilmegi netijesinde olar köpsanly baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäde halkara derejesinde geçirilýän çempionatlaryň, sport ýaryşlarynyň ýurdy hökmünde şöhratlanýar. Merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw-umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda sagdyn durmuşda, sagdyn jemgyýetçilikde amala aşdy. Türkmen halky bu gün bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluny hormatly Prezidentimiziň sagdyn jemgyýetçil