Soltan jelaleddiniň Hindistandaky hökümdarlygy
Kitaplara sünnälenen taryhy wakalar, hakydalara ornan hatyralar, setirlere siňen ýatlamalar milletiň ykbal ýoly bilen bagly bolsa, üstünden ýüzlerçe ýyllaryň geçýändigine garamazdan, hemişe dek düýn bolan ýaly göz öňünde janlanýar. Taryh asmanyny bezeýän türkmen şahsyýetleri nesilleriň aňynda watansöýüjiligiň, merdanalygyň, hiç zatdan heder etmezligiň, kynçylyklary aýgytly ädimler bilen ýeňip geçmegiň göreldesi bolup ýaşaýar. Taryhy eserleriň nagşyna öwrülen, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserlerinde mertlik hakda söz açylýan ýerlerde ady buýsanç bilen tutulýan gahryman serkerde soltanlarymyzyň biri hem Jelaleddin soltandyr. Dürli döwürlerde ençeme dillerde dünýä taryhçylary tarapyndan Horezmşalar-Anuşteginler döwletiniň taryhy, onuň hökümdarlarynyň ömür beýany, döwletiň syýasy-ykdysady, ylym-bilim we medeni durmuşy öwrenilse-de, ählitaraplaýyn we çuňlaşdyrylyp az öwrenilen ugurdyr. Horezmşalar-Anuşteginler döwleti yslam äleminiň ylmy merkezleriniň biri bolupdyr. Bu döwlet Beýik Seljuklar döwleti synyp, onuň mirasdüşeri hökmünde syýasy arena çykandan soňra Mawerannahry, Horasany, Kermany, Sistany, Gaznany we Yragyň käbir ýerlerini özüne birikdirip, XII-XIII asyrlarda diňe sebitde däl, eýsem, Gündogarda iň uly döwletl