"Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 108-nji jaýy
Telefon belgileri: 44-56-34

Makalalar

Talhatan baba

Şöhratly taryhymyzyň Beýik Seljuklar döwrüni şadöwletiň iň uly şäheri bolan Merwiň pajarlap ösen medeniýetinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Ol tutuş sebitiň ykdysady we medeni merkezine, musulman dünýäsiniň paýtagtyna öwrülýär. Beýik Seljuklar şadöwletiniň düýbüniň tutulyp, hökümdarlaryň hormatyna ilkinji hutba — alkyş namazynyň ýaňlanan şäheri bolan Merw seljuklar döwründe tutuş dünýäniň belli alymlarynyň, danyşment-ulamalarynyň ajaýyp eserlerini döreden ojagyna öwrülýär. Soltan Sanjaryň hökümdarlyk eden zamanasynda Merwde döreden ylmy we edebi eserleri bilen meşhur bolan belli ulamalaryň biri Abu Bekr Muhammet Talhatanydyr. Golýazma çeşmelerinde alymyň Beýik Seljuklar şadöwletiniň soňky hökümdary Sanjara şalyk patasyny beren pir, soltanyň halypasy hem-de ylmy we döredijilik dünýäsiniň ussady bolandygy barada maglumatlara duş gelinýär. Alym Arkadagymyz Muhammet Talhatanyň ylmy we edebi mirasyna ünsi çekmek bilen, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň II kitabynda ygtybarly hem düýpli ylmy maglumatlary beýan edýär. Onda şeýle diýilýär: «Barkdizden demirgazyga — Merw tarapa rowana bolan kerwenler Ýolöten etrabynyň çäginde ýerleşýän uly obalaryň biri bolan Talhatana barypdyr. Bu oba birnäçe asyrlaryň do

Soňky hat

1941 — 1945-nji ýyllaryň urşuna meýletin giden Gurban Annaýewiň 1944-nji ýylyň 22-nji awgustynda front meýdanyndan öýüne ýazan hatyny 80 ýyla golaý wagt saklanlaryndan soňra, ony hossarlary öz obalaryndaky Halaç etrabynyň 3-nji orta mekdebindäki muzeýe gowşurdylar. Bu haty elime alyp synlamak we onuň mazmuny bilen tanyşmak meniň üçin hem örän tolgundyryjy boldy. Üstüne gözýaş damyp, käbir ýerleri öçüp başlan bu üçburçluk bukjadaky hatyň bary-ýogy alty-ýedi sözlemden ybarat bolmagy, onuň örän gyssagly ýazylandygyndan habar berýär. Hat şeýle sözler bilen başlanýar: «Menden salam bolsun, janymdan eziz bolan 1-nji atama, 2-nji eneme, 3-nji Tagandurda, 4-nji Hudaýnazara, 5-nji Ogulhana, 6-njy Allanazara, 7-nji Öwlýakula, kelnekeme we meni soran adamlara...». Bu çaklaňja hatda 24 ýaşly gerçek ata Watanyny küýseýändigini, duşmany doly boýun egdirip, öýüne ýeňiş bilen dolanyp barmak isleýändigini ýazypdyr. Hatyň ýanynda goýlan ýene bir haty bolsa Gurban Annaýewiň gulluk edýän harby bölüminiň komandiri ugradypdyr. Onda şeýle sözler bar: «Siziň ogluňyz Gurban Annaýew edermenlik görkezip, gahrymanlarça wepat boldy...».

Gahrymanlara şöhrat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen halkymyzyň milli medeniýetine, mirasyna uly üns berilýär. Gadymy medeniýetimiziň maddy hem-de ruhy mirasyna, ata-babalarymyzyň Watan üçin görkezen edermenliklerine uly hormat goýlup, olaryň sarpasy belentde tutulýar. Mundan 77 ýyl ozal, 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňişde biziň watandaşlarymyzyň orny hem uludyr. Türkmenistanlylaryň ýüz müňlerçesi bu ýowuz söweşe gatnaşdylar. Türkmen ýigitleri Mete hanyň, Togrul begiň, Alp Arslanyň, Mälikşanyň, Soltan Sanjaryň, Jelaleddiniň, Baýram hanyň şöhratly harby däp-dessurlaryny dowam etdiripdirler. Türkmenistanly gerçeklere Gahryman diýen belent at dakyldy, olar orden-medallar bilen sylaglandylar.

Merdana Watançy bolmak — mertebe

Diňe goranyş häsiýetine esaslanýan harby doktrinaly Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ykbalyny halkyň ykbalyna mäkäm baglamaga taýýar ýaş harby gullukçylaryň täze nesli kemala gelýär. Ömrüni Watanyna bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän harby mekdebimizde harby okuwçylar watançylyk ruhunda terbiýelenýärler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» we «Döwlet guşy» romanlaryny okap, Berdimuhamet Annaýewiň durmuş ýoluna uly gyzyklanma bildirýärler. Mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýew barada täsirli, özüneçekiji gürrüňler, onuň watansöýüjiligi, nusgalyk durmuş we zähmet ýoly baradaky täsirli söhbetler Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda aýratyn orun eýeleýär. «Älem içre at gezer» romanyny okanyňda, bütin ömrüni halkyna, Watanyna bagyş eden ynsanlaryň hiç haçan ölmeýändigine, aramyzda baky ýaşaýandygyna Anna mugallymyň, Berdimuhamet Annaýewiň mysalynda göz ýetirýärsiň. Özüňi Anna mugallymyň, Berdimuhamet Annaýewiň okuwçysy ýaly duýýarsyň, mugallymçylygyň hormatly kärdigine göz ýetirýärsiň. Berdimuhamet Annaýewiň manyly ömri her bir okyjynyň kalbynda ýakymly duýgulary oýarýar.

Edermenligiň nusgasy

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda köpsanly adam pidalary boldy. Ýeňiş güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Beýik Watançylyk urşunda mertlik, edermenlik görkezen gahrymanlarymyzyň hatyrasy belentde tutulýar. Gerçek ýigitlerimiziň görkezen gahrymançylygy, tylda gije-gündiz arman-ýadaman zähmet çeken ildeşlerimiziň merdanalygy şöhratly taryhymyzyň gatlarynda ebedilik saklanýar. Ata Watan üçin nesilleriň hatyrasyna edilen her bir gahrymançylykly hereket taryhda ömürlere nusgalyk ýol-ýörelgedir. Ata Watany söýmegiň we goramagyň hatyrasyna gahrymançylygyň müdimi nusgalaryny döreden merdana ata-babalarymyz 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňişde edermenligiň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, türkmen halkynyň at-abraýyny belende galdyryp, şan-şöhratyny dünýä ýaýdylar.

Taryhy ýadygärlikleriň ähmiýeti

Milli medeniýetimizi we taryhy ýerlerimizi ylmy esasda düýpli öwrenmek, olary halkara syýahatçylyk ulgamyna girizmek üçin 2022 — 2028-nji ýyllar üçin tassyklanylan Döwlet maksatnamasy aýratyn bellärliklidir. Bu maksatnamanyň çäklerinde gojaman Amyderýanyň ýakasynda ýerleşen birnäçe taryhy ýadygärliklere hem aýratyn ähmiýet berilýär. Olardan Amul galasyny, Daýahatyn kerwensaraýyny, Dargan galany, şeýle hem Jeýhun derýasynyň ajaýyp kenar ýakasyndaky gözellikleri we Gojaman Köýtendagyň täsinliklerini görkezmek bolar. Amul gala arheologiki ýadygärligi Türkmenabat şäheriniň çäginde ýerleşýär. Amul galasy tebigy taýdan bol suwly, geografiki taýdan örän amatly ýerde, Amyderýanyň orta akymynda ýerleşmegi bilen ilat üçin ýaşamaga ýokary derejeli şertler döräpdir. Amul galasynda baryp, Parfiýa döwletiniň döwründe-de halkara hyzmatdaşlygy we söwda alyş-çalşygynyň alnyp barlandygyna şaýatlyk edýän köp sanly taryhy maglumatlara duş gelmek bolýar.

Taryhy ýadygärlikleriň ojagy

Eziz Watanymyz şöhratly geçmişimiziň gönüden-göni şaýatlary bolup durýan arheologiýa ýadygärliklerine juda baýdyr. Şol ýadygärlikler köp ýyllardan bäri diňe bir türkmen arheologlarynyň däl, eýsem, dünýäniň meşhur taryhçylarynyň, syýahatçylarynyň hem ünsüni çekip gelipdir. Türkmenistanyň bereketli topragy adamzat medeniýetiniň, siwilizasiýasynyň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzda gadymy arheologiýa we arhitektura ýadygärliklerini gorap saklamak we geljek nesillere ýetirmek üçin birnäçe taryhy-medeni goraghanalar döredildi. Şol taryhy-medeni goraghanalaryň biri hem 1991-nji ýylda döredilen «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasydyr. «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň işgärleri tarapyndan Balkan welaýatynyň çägindäki taryhy-arheologiýa, arhitektura ýadygärlikleriň 240-dan gowragy hasaba alnyp, olary goramak bilen birlikde, gazuw-agtaryş işleri geçirilen ýerlerde rejeleýiş işleri hem alnyp barylýar. Bu, ilkinji nobatda, bişen kerpiçden bina edilen ymaratlara degişlidir. Goraghananyň çäklerindäki ýadygärlikleri goramak, öwrenmek bilen, rejeleýiş çäreleriň durmuşa geçirilendigine garamazdan, heniz edilmeli işleriň iň esasylary öňde. Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda ýerleşýän Dehistan düzlüginde ýadygärlikleriň ençemes

Merw — ösen senetçiligiň mekany

Adamzat jemgyýetiniň ösen ykdysady we hojalyk gatnaşyklarynyň kemala gelmegi, köp babatda, şäherleriň ýüze çykmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýokary derejede guralan önümçilik gatnaşyklary bolan şäherler döwletleriň kemala gelmeginde-de, olaryň halkara gatnaşyklarynyň deňli-derejeli agzasy hökmünde orta çykmagynda-da möhüm ähmiýete eýedir. Şäher diýleninde diňe bir adamlaryň köpçülikleýin ýaşaýan ýa-da nepis senetçilik önümleriniň öndürilýän, harytlaryň alnyp-satylýan ýeri hökmünde düşünmeli däl. Şäher döwleti emele getirýän halky dürli syýasy, medeni we hojalyk gatnaşyklary arkaly bir ýere jemleýän möhüm merkez hem bolup durýar. Şonuň üçin hem şäher diýleninde, ilki bilen, döwletiň oýlanyşykly ýola goýlan syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklarynyň merkezi göz öňüňde janlanýar.

Ýerasty gaz saklawhanalary desgalaryny gurmagyň derwaýyslygy

Soňky ýyllarda Türkmenistanda tebigy gazyň çykarylyşyny kadalaşdyrmak we sarp edijileriň «mawy ýangyç» bilen üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyny ýokarlandyrmak üçin ýerasty gaz saklawhana desgalaryny gurmak meselesine işjeň çemeleşmegiň zerurdygy nygtalýar. Häzirki zaman şertlerinde islendik önüm kabul edilen belli bir düzgün-kadalara laýyk saklanylmagyny talap edýär. Bu meselede gaz hem kadadan çykma däldir. Dünýä tejribesinde gazyň ýerasty saklanyş senagatynyň bir asyrdan gowrak taryhy bar. Ýerasty gaz saklawhanalary (ÝGS) köp derejede sarp edijileri gaz bilen ygtybarly üpjün etmeklige ýardam edýär. Olar gazyň sarp edilişiniň birsydyrgyn däldiginiň (möwsümleýin, hepdelik, gije-gündizlik) öwezini dolmak, şeýle hem gaz geçirijide bökdençlik bolan ýagdaýynda we strategik gaz ätiýaçlygyny emele getirmek maksady bilen gurulýar hem-de ulanylýar.

Dehistanyň binagärlik medeniýeti

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň taryhyny we medeni mirasyny ylmy taýdan öwrenmek hem-de ony bütin dünýä ýaýmak wezipesini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Häzirki wagtda kabul edilen bu Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerimizi ylmy taýdan öwrenmek, olary gorap saklap, geljekki nesillere ýetirmek üçin ençeme işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda şöhratly taryhymyzyň subutnamasy bolan taryhy-medeni ýadygärliklerimizi, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işler ýaş nesliň taryhy-medeni mirasymyza bolan sarpasyny has-da artdyrýar.

Ödeýdepe — gadymy ýadygärlik

Ödeýdepe welaýatymyzdaky iň gadymy ýadygärlikleriň biridir. Ol Türkmenabatdan 30 kilometr demirgazyk-günbatarda Dänew etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär. Ýadygärlik tegelek görnüşde bolup, onuň diametri 350 metre, daş-töwereginiň diwarlarynyň uzynlygy bolsa 600-700 metre ýetýär. Demirgazyk-günbatar tarapda merkezi erkiniň tutýan meýdany 1 gektara golaýdyr. Demir eýýamynyň irki döwrüne degişli medeni gatlagyň Ödeýdepede hem bardygy alymlar tarapyndan anyklanyldy. Bu gatlakdan tapylan küýze bölekleri Margianadaky ýadygärligiň iň gadymy gatlagyndaky tapylan küýze böleklerine meňzeşdir.

Gadymy gala

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen bagtly geljege barýan ýurdumyzyň her bir künjeginde biziň buýsançly taryhymyzdan söz açýan birnäçe ýadygärliklere, galalara, muzeýlere, kerwensaraýlara duş gelmek bolýar. Şeýle galalaryň biri hem Yzmykşir galasydyr. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň çäginde gadym döwürlerden bäri ýaşaýşyň bolandygyna şaýatlyk edýän deliller, tapyndylar gaty köp duş gelýär. Olaryň iň esasylary köne galalar, irki döwürlerden galan ýadygärlikler, mukaddes hasap edilýän ýerlerdir. Yzmykşir galasy «Ýagtylyk» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär. Bu şäheriň taryhy Gündogaryň beýik söz ussady Mahmyt Zamahşarynyň ömri bilim utgaşýar. Mahmyt Zamahşary ýaşlyk ýyllaryndan ylma uly höwes bildirýär. Ilkinji sowady öz kakasyndan alan alym, soňra Köneürgençde, Buharada ylmyny artdyrýar. Ylymda has-da çuňluklara ýetmek üçin Yspyhanda, Bagdatda, Mekgede, Merwde, Nişapurda, Şamda, Hijazda ylmyň, medeniýetiň ösen ýerlerinde okaýar. Beýik alym soňky nesiller üçin örän uly ylmy baýlygy miras galdyrypdyr. Onuň sözlük düzülişe, geografiýa, edebiýata, goşgy düzüliş kadalaryna, dini ylymlara degişli altmyşdan gowrak ylmy işi mälimdir.

Gadymy Marguş we Merw

Gadymy Marguş we Merw görlüp-eşidilmedik täsinlikleriň syrlaryny özünde saklap duran ýadygärliklerdir. Gadymy Marguş Baýramaly şäheriniň demirgazyk tarapynda Garagumuň ýarym çöllük zolagynda ýerleşýän örän gadymy ýadygärlikdir. Otparazlaryň mukaddes “Awesta” kitabynda bu ýurda “Mouru”, pars ýazgylarynda “Marguş”, orta asyr taryhy çeşmelerinde “Margiana”, “Şahyjahan” ýagny, “Şäherleriň şasy” diýlen bolsa, türkmen alymlary ony “Merw” diýip atlandyrýarlar. Häzirki wagtda Mary Türkmenistandaky bäş welaýatyň biridir.

Täsin ýadygärlikleriň ojagy

Türkmen topragy adamzat medeniýetiniň, siwilizasiýasynyň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanylýar. Ata Watanymyz şöhratly geçmişimiziň gönüden-göni şaýatlary bolup durýan arheologik ýadygärliklere juda baýdyr. Şol ýadygärlikler köp ýyllardan bäri diňe bir türkmen arheologlarynyň däl, eýsem, dünýäniň meşhur taryhçylarynyň, syýahatçylarynyň hem ünsüni çekip gelipdir. Türkmenistanda gadymy arheologik we arhitektura ýadygärliklerini gorap saklamak hem-de geljek nesillere ýetirmek üçin döwlet taryhy-medeni goraghanalar döredildi.  Welaýatymyzdaky «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasy tarapyndan welaýatymyzyň çägindäki taryhy-arheologik, arhitektura ýadygärlikleriniň 240-dan gowragy hasaba alnandyr. Goraghananyň işgärleri ýadygärlikleri goramak bilen birlikde, gazuw-agtaryş işleri geçirilen ýerlerde rejeleýiş işlerini hem alyp barýarlar. Bu, ilkinji nobatda, bişen kerpiçden bina edilen ymaratlara degişlidir. Etrek etrabynda ýerleşýän Dehistan düzlüginde ýadygärlikleriň ençemesi bardyr. Bu ýerde gadymy döwürlerden başlap, orta asyrlara çenli medeniýetleriň gülläp ösendigini taryhy maglumatlar tassyklaýar.

Halkymyzyň şöhratly taryhy

Bu mukaddes toprak, ondaky binalar türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolup, ol mertligiň, synmaz erkiň, ruhy we medeni taýdan ösüş gazanýan halkymyzyň Watanyna bolan söýgüsiniň we jebisliginiň nyşanydyr. Olar häzirki döwürde umumadamzat taryhynyň bir bölegi hökmünde ähmiýetlidir we gymmatlydyr. Ýurdumyzyň muzeýlerinde maddy we medeni mirasymyzy toplamak, olary ylmy esasda öwrenmek, milli mirasymyzy halkymyza, şeýle hem dünýä ýüzüne ýaýmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkymyzyň arasynda saklanyp galan taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary ýüze çykarmak, öwrenmek, durkuny saklamak, rejelemek işleri biziň muzeýimizde hem yzygiderli amala aşyrylýar. Halkymyzyň milli mirasyny, medeniýetini, sungatyny öwrenmek we olara degişli maglumatlary we muzeý üçin gerekli bolan gymmatlyklary toplamak maksady bilen, welaýatymyzyň etrapdyr obalaryna guralýan ylmy iş saparlarynyň netijesinde toplanan gymmatlyklary düzgünnama laýyklykda hasaba almak muzeýimizde günübirin alnyp barylýar. Muzeý hünärmenleri tarapyndan milli gymmatlyklarymyzy halkymyza, dünýä halklaryna ýetirmekde, bu ýere gelýänleriň sanynyň köpelmegi we halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna söýgi-sarpa oýarmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Gündogaryň zenan şahyrlarynyň döredijiligi

Zenanlar — Zeminiň zynaty. Olara ähli döwürlerde-de hormat goýupdyrlar, olaryň sarpasyny belent tutupdyrlar. Kompozitorlar olar hakynda aýdym döredipdirler, şahyrlar goşgy setirlerinde olaryň tarypyny ýetiripdirler, ýazyjylar olar hakynda täsirli eserler döredipdirler. Olar barada ençeme ylmy işler hem ýazylypdyr. Olaryň biri hem Mahmud Mirzadanyň (1799-1858) «Nugl-e majlis» (‘Göçme mejlis») atly kitabydyr. Ol ensiklopedik kitaba Orta Aziýanyň, Eýranyň, Hindistanyň zenan şahyrlarynyň döredijiligi girizilipdir. Onda XVI asyrdan başlap, XIX asyrda hem ýaşap geçen birnäçe şahyrlaryň döredijiligi hakynda söhbet edilýär. Taryhda şol döwür «Bazgaşt adabi» diýlip atlandyrylýar. «Bazgaşt» pars sözüniň terjimesi «yza dolanmak» ýaly manyny berýär. Bu eserde Hindistanda Mogol imperiýasynyň zenan şahyry Nurjahan Bigumynyň (1577-1645) ady hem getirilýär. Soňra eýranly zenan şahyrlardan Mutamid Daulanyň, Sahabi Ispahaniniň, Malika Şuaranyň atlary tutulýar. Olaryň arasynda Nişat atly zenan şahyryň Yspyhanda «Zenan şahyrlar guramasy» atly sufizm mekdebini döredenligi barada maglumat berilýär. Ol zenanlaryň hanakasynda (sopularyň öýi) Rabiýa al Adowiýanyň, Walladanyň, Şahrizadanyň, Leýliniň, Belkisiň döredijiligi bilen ýakyndan tanşandygy barada maglumatlar getirilýär. Ýokarda a

«Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda ylmy-amaly maslahat geçirildi

«7/24.tm», №17 (100), 25.04.2022 Taryh — aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giňişlik. Onuň her bir düzüm bölegini öwrenip, aňyrsyna çykyp bolmaýar. Näçe öwrendigiňçe, onuň syrlary kem-kemden açylyp gidip otyr. Bäş müňýyllyk geçmişden gözbaş alyp gaýdýan halkymyzyň baý taryhyny alamatlandyrýan nyşanlaryň biri hem «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumydyr. Bu ýadygärlikler toplumynyň açylan we açylmadyk syrlary hakynda näçe gürrüň etseň hem azdyr.

Köneürgenjiň taryhy binalary

Alymlaryň bellemegine görä, Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşen Köneürgenjiň ösen şäher medeniýeti miladynyň VI asyryndan başlap has-da ösüp ugraýar. Taryhyň belli bir döwürlerinde, aýratyn hem orta asyrlarda bu ýeriň şäher gurluşygy pajarlap ösüpdir. Şol wagtlar Mamuniler nesilşalygynyň (995 — 1017-nji ýyllar), Horezmşalar-Anuşteginler nesilşalygynyň (1097 — 1231-nji ýyllar), ýerli emir Gutlug Temiriň dolandyran döwri (1321 — 1335-nji ýyllar), ýagny XIV asyryň birinji ýarymy hasaplanýar. Soňraky wagtlarda — XIV—XVI asyrlar aralygynda hem nagyş bezegsiz, dürli görnüşli gümmezli kümmetleriň birnäçesi bina edilipdir.

Kitap hakynda

Gadymy kitaphanalar Iň gadymy kitaphanalaryň Merwde, Köneürgençde bolandygy hakynda taryhy maglumatlar bar. Golýazma çeşmeleriniň habar bermegine görä, Gadymy Merwdäki kitaphanalar, olaryň kitaplarynyň baýlygy aýratyn ünsüňi çekýär. Şonuň üçin hem bu kitaphanalar öz döwründe deňsiz-taýsyz diýip bellenilýär. Kitaplaryň köp bolandygy üçin asyrlaryň dowamynda bu mekanda ylym gülläp ösüpdir, ençeme alymlar ýetişipdir. Bu künjekde ýaşan alymlar ylmyň dürli ugurlaryna öz goşantlaryny goşupdyrlar.

Binagärlik medeniýetiniň taryhyndan

Türkmen binagärliginiň taryhy kökleri müňýyllyklaryň gatyna siňip gidýär. Köpetdagyň eteklerindäki oturymly ekerançylaryň binagärçiliginiň dörän wagtyny gadymy gündogar görnüşli ilkinji medeniýetleriň eýýamyna degişli edýärler. Miladydan öňki VII — VI müňýyllyklaryň sepgidinde bir otagly jaýlaryň peýda bolmagy öndüriji hojalyga geçilmegi bilen bagly bolupdyr. Şonuň ýaly jaýlar suw basmaýan belentliklerde gurlupdyr. Ýaşaýyş ýerleriniň meýilnamasy şol belent ýerleriň mümkinçiliklerine görä salnypdyr. Soň-soňlar dag etekleriniň çeşmejikleriniň akymynyň boýunda demirgazykdan günortalygyna emeli jaý gurluşyk ýörelgesi dowam edipdir. Jeýtun medeniýeti diýlip atlandyrylýan döwürde Günorta Türkmenistanyň ýaşaýyş ýerleriniň ilkinji görnüşleriniň we jaý gurluş däpleriniň kemala gelmegi müň ýarym ýyla golaý dowam edip, miladydan öňki V müňýyllygyň ortalarynda köp otagly jaýlara ornuny beripdir. Ýaşalgalaryň meýilnamalarynda köçeler we ötelgeler mese-mälim bildirýär. Bu ýaşaýyş üçin gurlan binagärçilik medeniýeti Jeýtun medeniýetiniň dowamy bolup Gadymy Nusaýyň ilkinji döwürlerine çenli aralaşypdyr. Parfiýa nesil şalygy döwründe Günorta Türkmenistanyň çäklerinde binagärligiň taryhy, tutuşlygyna alanyňda, birmeňzeş däldir. Parfiýa dö