"Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 24-nji "A" jaýy
Telefon belgileri: (+99312) 92-18-57, 92-18-57, 92-18-41
Faks: 92-18-54

Makalalar

Ylym-bilim — üstünlikleriň binýady

Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2021-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň sany, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklandy. Ýurdumyzda bu ugurda bitirilýän işler bilen bagly Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň aspirantura bölüminiň müdiri Gülälek ANNANEPESOWANYŇ sowallarymyza beren jogaplaryny okyjylarymyza ýetirýäris. — Gülälek Orazmyradowna, şu ýyl aspirantura hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige näçe adam kabul ediler?

Kitaba söýgi — bilime söýgi

Ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň esasy ugurlarynyň biri-de okuw kitaplarynyň üpjünçiligi bilen baglydyr. Kitaplary taýýarlamaga ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem işjeň gatnaşýarlar. Türkmen, rus dillerinde okadylýan mekdepleriň dürli synp okuwçylaryna niýetlenen kitaplaryň hili we mazmuny barha kämilleşýär. Olaryň okuwçylar üçin ulanmaga amatly, agramyndan başlap, bezegine çenli talabalaýyk bolmagyna aýratyn üns berilýär. Ýaşlarda döwrebap okuw kitaplaryna söýgi döretmek hem-de olary aýawly ulanmagy öwretmek bilim-terbiýeçilik işgärleriniň, ene-atalaryň borjudyr. Şu meselä ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz golaýda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda bilim edaralaryny okuw kitaplary we gollanmalary bilen ýeterlik derejede üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini nygtap, okuwçylara kitaby aýawly saklamagy elmydama ündemelidigini tabşyrdy.

Sanly bilim — ösüşlere badalga

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistanyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesillere baglydyr» diýip bellemegi bilim ulgamyna döwleti hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde garap, ýaşlaryň bilim-terbiýesi barada uly alada edýändigini görkezýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligi gowulanýar. Olaryň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, üstümizdäki okuw ýylynda hem birinji synpa baran okuwçylara mähriban Arkadagymyzyň sowgady bolan, ýurdumyzda öndürilen «Bilimli» atly şahsy kompýuterleri sowgat berildi. Bu bolsa ýaş nesliň kompýuterden oňat baş çykarmagyna itergi berer.

Bezeg — kalba ylham

Welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Balkanabat şäherindäki 44-nji «Çeşmejik» çagalar bakja-bagynda «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda bezeg işleriniň alnyp barlyşy» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Çagalar baglarynda uly we kiçi toparlaryň otaglarynda bezeg işleriniň guralyşyny kämilleşdirmek hem-de mazmunly oýun burçlaryny talabalaýyk ýola goýmak, körpe nesle bilim-terbiýe bermekde öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilen çärä mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleri hem-de usulçylary gatnaşdylar.

Ýaş nesil — Watanyň geljegi

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamy ýurduň, jemgyýetiň ösüşini kesgitleýän möhüm ugurlaryň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ulgamy halkara ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň geljekde hem gülläp ösmegini bilimli, giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarýan nesli kemala getirmek bilen baglanyşdyrýan döwlet Baştutanymyz ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, sanly ulgamy ösdürmek, diňe bir ýokary okuw mekdeplerinde däl-de, umumybilim berýän orta mekdeplerde hem öwredilýän daşary ýurt dilleriniň gerimini giňeltmek boýunça uly işleri amala aşyrýar. Elbetde, bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler döwletimiziň geljekki ösüşini üpjün etmeklige, ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynyň binýadyny pugtalandyrjak kämil hünärli ýaş nesilleri taýýarlamaklyga gönükdirilendir. Diýarymyzyň çar künjeginde bilim-terbiýeçilik maksatly täze binalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi, olaryň dünýä ülňülerine gabat gelmegi, interaktiw-multimediýa enjamlary bilen üpjün edilmegi bolsa, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha berkidilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Beýik işlere buýsanjyň beýany

Welaýat Baş bilim müdirligi bilen çagalar bagymyzyň bilelikde guramaklarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly bilen» atly maslahat geçirildi. Bilim işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda guralan maslahatda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede garşylamak, bilim ulgamynda göreldeli zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Ata Watanymyzyň at-abraýynyň, mertebesiniň geljekde has-da belende galmagynyň ýaş nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmeklerine baglydygy, jemgyýetde mynasyp orun tapyp bilýän kämil şahsyýetleri kemala getirmekde bolsa halkymyzyň milli ýörelgelerinden ugur alynmagynyň zerurdygy, bu babatda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ähmiýetiniň örän uludygy çykyşlarda buýsanç bilen nygtaldy.

Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Islendik özgertmelerimiziň gözbaşy bilimden gaýdýar. Diňe aňly-düşünjeli, häzirki zaman bilimlerinden habarly, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilýän ýaşlar beýik döwleti gurmaga ukyplydyrlar. Şu wezipäni durmuşa geçirmekligi baş maksat edip goýan eziz Diýarymyzyň bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýär. Maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleri dünýäniň bu ugurdaky gazananlaryny içgin öwrenmek hem-de özleşdirmek nukdaýnazaryndan amala aşyrylýar. Ylym asyrynda esasy üns innowasion tehnologiýalara, sanly ulgamlara gönükdirilýär. Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça zerur bolan kanunçylyk binýadyndan başlap, maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Şunlukda, bu ugra sanly ulgamy ornaşdyrmak, bilimiň derejesini ýokarlandyrmak, hünär taýdan kämilleşdiriş meselelerini işjeňleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn işler alnyp barylýar.

Kämil nesiller — Watanymyzyň geljegi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik özgerişlere beslenýän ata Watanymyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň ylymly-bilimli, öz käriniň ussady bolan kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribelerine laýyklykda ýurdumyzda bilim beriş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Munuň özi tehnikanyň ýokary tizlik bilen ösýän zamanasynda ýaşlara döwrüň talabyna görä bilim bermekligiň zerur şerti bolup durýar. 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem bu ugurdaky möhüm ädimleriň biri boldy.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutyna okuwa çagyrýarys!

1. 2021-2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty okamaga isleg bildiren orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik erkek raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edýändigini habar berýär. 2. Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa çagyrýarys!

1. 2021-2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okamaga isleg bildiren, Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 12 ýyllyk okuw maksatnamasy boýunça 8-nji synpy tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny dolduran, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edýändigini habar berýär. 2. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 12 ýyllyk okuw maksatnamasynyň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça test ýumuşlaryny ýerine ýetirmek hem-de türkmen dili dersi boýunça diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.

Röwşen geljegiň binýady

Hormatly Prezidentimiz: «Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäginde bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär. Bilime jemgyýetimiziň öňe gitmeginiň, döwletimiziň mundan beýläk-de ösmeginiň binýady hökmünde garalýar» diýip belleýär hem-de ýurdumyzyň ylym, bilim binýadynyň barha pugtalanmagyna gönükdirilen giň göwrümli işleri alyp barýar. «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalaryň kabul edilmegi hem şonuň bilen şertlenendir. Ýaşlaryň bilim almaga bolan hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän bu kanunçylyk-hukuk namalarynyň üstünlikli hereket etmegi bilen, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly, ökde hünärli we zähmetsöýer ýaşlar kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiz 12-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda ylym, bilim we terbiýeçilik ulgamlarynyň ösüşinde täze tapgyryň başlanandygyny aýratyn belläp geçdi. Ýeri gelende, bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmegiň çäginde Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly kabul edilen Konsepsiýalaryň ähmiýetiniň uludygyny bellemek gerek.

Asylly käriň ussatlary

Gökdepe etrabyndaky 19-njy çagalar bagynda «Ýylyň terbiýeçisi — 2021» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna etrapdaky çagalar baglaryndan terbiýeçiler gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegi, berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýär, eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň döwrebap binalaryny gurdurýar. Bu zatlar çagalar baglarynda zähmet çekýän terbiýeçilere ýaş nesle döwrüň talabyna laýyklykda, ýokary watansöýüjilik ruhunda bilim-terbiýe bermäge, iş tejribelerini has-da kämilleşdirmäge, bilimiň we terbiýäniň täze usullaryny durmuşa ornaşdyrmaga, şeýle-de işlerine döredijilikli çemeleşmäge ruhubelentlik berýär. Bu bolsa, körpelere berilýän bilim-terbiýäniň netijeli bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Hemişe täzeçillige ymtylýan, asylly kärine döredijilikli çemeleşýän şeýle terbiýeçileriň az däldigine nobatdaky bäsleşigiň dowamynda uly buýsanç bilen göz ýetirmek mümkin boldy.

Interaktiw usulyň ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen milli bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek, ähli bilim ojaklarynda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak, olary döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün etmek üçin amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler häzirki wagtda oňyn netijeleri berýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, okatmagyň usullary yzygiderli kämilleşdirilýär. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde ulanylýan döwrebap usullaryň biri-de, sapaklarda interaktiw tagtalaryň we kompýuterleriň ulanylmagydyr. Iňlis dili sapaklaryny interaktiw tagtadan peýdalanmak we topar görnüşinde geçirilýän oýunlary ulanmak arkaly gurnamak sapagyň gyzykly geçmegine, okuwçylaryň sapaga gatnaşygyny ýokarlandyrmaga, olaryň berilýän maglumatlary doly özleşdirmegine, dil öwrenmäge bolan höweslerini has hem artdyrmaga uly ýardam berýär. Meselem, “Adjectives”, ýagny “Sypatlar” diýen temany geçenimizde sapagyň dowamynda Power point programmasynda taýýarlanan slaýdlardan, oýunlardan, audio we wideo serişdelerinden peýdalanmak sapagyň täsirli geçmegine we netijesiniň ýokary bolmagyna oňyn täsir edýär. Öz sapaklarymda slaýdlaryň kömegi bilen okuwçylara s

Okuwçylara sözleýiş medeniýetini öwretmek

Asyrlardan asyrlara geçip gelen ene dilimiz iň bir gadymy dilleriň biri bolup durýar. Türkmen dilimiziň gymmatlyklaryny öwrenmek we geljek nesillere öwretmek, türkmen dili sapaklarynda bu barada okuwçylara düşündirmek esasy maksadymyzdyr. Munuň üçin sapaklarda okuw kitaplaryndan peýdalanmak, sapagy many-mazmunly geçirmek möhümdir. Şunda her bir synpda göz öňünde tutulan temalar yzygider geçirilýär. Okuwçylara sözleýiş medeniýetini öwretmek hem stilistika bilen baglanyşdyrylýar. Dilimiziň stilistik aýratynlyklary okuwçylara giňişleýin düşündirilmelidir we dürli stillerde tekstleri düzmek öwredilmelidir. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde türkmen dilimizi ösdürmek we geljek nesillere mynasyp geçirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Onuň üçin geljek nesillerimize, ýaşlara taryhy kitaplara söýgi döretmegimiz gerek. Çünki taryhy kitaplarymyzda dilimiziň nusgalyk baýlyklary, gadymy sözleri öz beýanyny tapypdyr. Şonuň üçin hem kitap okamak endigini ösdürmek möhüm bolup durýar. Ýaş nesillerimiziň kitaba bolan gyzyklanmasy gadymy sözlerimize düşünmeklerine oňat ýardam eder.

Innowasion tehnologiýalar durmuşa ornaşdyrylýar

Ýurdumyzda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, dünýä derejesinde hünärleri ele almagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» ýörelgelerini berjaý etmekde milli bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde sanly bilimiň häzirki zaman tehniki serişdelerini, maglumat gorlaryny peýdalanmak, bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek, ýokary hilli bilim gorlarynyň we hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek hem-de bilim bermegiň dowamynda sanly bilim serişdelerini, şol sanda elektron okuw kitaplaryny we gollanmalary ulanmak ýaly möhüm wezipeler goýuldy. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda döredilen “Bilim portalynda” professor-mugallymlaryň geçýän sapaklarynyň wideoşekilli ýazgylary, okadýan dersleriniň umumy, amaly we tejribe okuw sapaklary, şeýle-de dersler boýunça test ýumuşlary, peýdalanylýan edebiýatlar ýerleşdirildi. Bu bolsa, bir tarapdan, talyplara geçilýän sapaklary ýeňil özleşdirmäge ýardam berse, ikinji tarapdan, maglumat-telekommunikasiýa tehnologiýalary ösdürmegiň esasynda bilimiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär. Şunuň bilen baglylykda, talyplaryň alan nazary bilimlerini tejribede amal e

Kompýuter sowatlylygy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­do­wyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ösü­şi­ne, hal­ky­my­zyň aň-bi­lim de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na uly üns be­ril­ýär. Ta­lyp ýaş­la­ry­my­zyň bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, wa­tan­sö­ýü­ji, mak­sa­daok­gun­ly we zäh­met­sö­ýer bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri hem-de hä­zir­ki za­man in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan go­wy baş çy­kar­mak­la­ry üçin uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da döw­rüň ta­la­by ýo­ka­ry bi­lim­li ök­de hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak­dan yba­rat. Şah­sy­ýe­tiň giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bo­lup ös­me­gin­de yl­my iş­ler­den baş çy­kar­ma­gy mö­hüm­dir. Komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy şah­sy­ýe­tiň dü­şün­je­si­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny şert­len­dir­ýär. Bu so­wat­ly­lyk şah­sy­ýet­de ba­şar­jaň­ly­gy, iş­jeň­li­gi, tu­tan­ýer­li­li­gi we giň dün­ýä­ga­raý­şy ke­ma­la ge­tir­ýär. Komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy­nyň esa­sy mak­sa­dy şah­sy­ýet­de bi­li­mi kä­mil­leş­dir­mek­den, bi­lim­le­riň esas­la­ry­ny öw­ren­mek­den we öw­ret­mek­den

Terbiýeçiler ussatlyklaryny görkezdiler

Balkanabat şäherindäki 29-njy çagalar bagynda körpelere edep-terbiýe bermekde terbiýeçileriň hünär ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň şäher tapgyry geçirildi. Oňa gatnaşanlar okuw gollanmalary esasynda taýýarlan görkezme esbaplaryny, usuly-amaly işlerini hödürlediler. Körpeleri mekdebe taýýarlamakda, berk bedenli, sagdyn ruhly, edep-terbiýeli nesilleri kemala getirmekde, olary ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza wepaly adamlar edip ýetişdirmekde okuw-tejribeçilik işleriniň guralyşyny çykyşlaryň üsti bilen beýan etdiler. Netijede, Balkanabat şäherindäki 13-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Ogulnabat Meredowa baş baýraga eýe boldy. 38-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Gülüstan Çaýtyýewa birinji, 14-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Arzygül Seýitgulyýewa ikinji, 43-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Gurbanbibi Tekebaýewa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Zehinli ýaşlar — Watanymyzyň daýanjy

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde welaýat Baş bilim müdirliginiň, TMÝG-niň welaýat, şäher geňeşleriniň bilelikde guramaklarynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan taýýarlanan soraglar boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Oňa şäherdäki mekdepleriň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarmagyny gazanmak, olarda Watana, milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza bolan söýgini ösdürmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde Balkanabat şäherindäki 13-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Gülruh Durdygulyýewa birinji orna mynasyp boldy. 2-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Gurbanbagt Nuryýewa hem-de 22-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ogultagan Tekäýewa ikinji, 3-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Mähri Mämmettaganowa, 20-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Züleýha Hajyýewa, Balkanabat şäherindäki çagalyk öýüniň 11-nji synp okuwçysy Aýlar Jumanazarowa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Üstünlik hemraňyz bolsun!

Hormatly Arkadagymyzyň ýaş nesiller üçin edýän atalyk aladalary netijesinde jemgyýetimizde has ösen, ýokary düşünjeli, ylymly-bilimli ýaşlar ösüp kemala gelýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigi hem hut şol maksatdan ugur alýar. Ýakynda bolsa bu bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň maýor Muhammetmyrat Baýryýewiň müdirlik edýän Soltan Sanjar adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary hem gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler. Bäsleşikde harby okuwçylardan Ýazmyrat Ataýew, Ylham Nursähedow, Yhlas Akmeredow, Mekan Gulmyradow, Agahan Agamyradow, Böri Döwletow, Meýlis Hollyýew, Rahat Abylow, Rahat Gurbangeldiýew dagy baýrakly orunlara mynasyp boldular hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň 1-nji, 2-nji, 3-nji derejeli diplomlary bilen sylaglandylar. Şonuň ýaly hem bäsleşige gatnaşan harby okuwçylardan Abdylla Nurgylyjow, Bähbitgeldi Gurtlyýew, Umyt Orazow, Şatlyk Abdyýew, Arzuw Aşgabadow, Hydyr Nursähedow, Öwezberdi Hojamberdiýew dagy welaýat Baş bilim müdirliginiň Minnetdarlyk hatlaryna mynasyp boldular. Bu bäsleşige harby okuwçylary taýýarlamakda harby mekdebiň okuw bölüminiň başlygy, maýor Annaberdi Ilýasow, mugallymlar Eýýup Allanazarow, O

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Maksat — zehinlini ýüze çykarmak Gülläp ösýän Türkmenistan döwletimizde okuwçy ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem okuwçylaryň ukyp--başarnygyny ýüze çykarmak maksady bilen dürli bäsleşikler geçirilýär.