Türkmenistan-GDA: hyzmatdaşlygyň oňyn ugurlary
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy babatda ýurdumyzda uly işler geçirilýär. Halkara hyzmatdaşlygynda halkara we sebit guramalary bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şol guramalaryň biri hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygydyr. Bu guramanyň sammitlerine hormatly Prezidentimiz yzygiderli gatnaşyp, oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolup durýan Türkmenistan GDA agza döwletler bilen hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda, her bir tarapyň milli bähbitlerini, umumy maksatlary nazara almak bilen alyp barýar. Ýurdumyzyň bu garaýyşlary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, dürli ulgamlarda bilelikdäki iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.