"Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 24-nji "A" jaýy
Telefon belgileri: (+99312) 92-18-57, 92-18-57, 92-18-41
Faks: 92-18-54

Makalalar

Bagtyýarlygyň gurşawynda

2024-nji ýylda ähli ulgamlarda uly öňegidişliklere eýe bolundy. Ähli ugurlar bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, hil taýdan has-da kämilleşdirmek, täze belentliklere çykarmak boýunça birnäçe işler durmuşa geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanylmagym tutuş maşgalamyzyň şatlygyna şatlyk goşdy. Aslynda, biri-birinden tapawutly, üstünlikli ýyllaryň dowamynda ynsan saglygyny goramak ýaly mukaddes kärde zähmet çekip, döwletimizde sagdyn jemgyýeti gurmakda özümiň goşandymyň bardygyna diýseň buýsanýaryn. Zähmet çeken ýyllarymda adam saglygyny berkitmek maksady bilen yzygiderli welosipedli ýörişleri hem-de wagyz-nesihat çärelerini geçirdik. Bu ugurda bize hut lukman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz görelde mekdebi bolýar. Mundan beýläk-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, ynsan saglygyny goramak ugrunda jan aýaman zähmet çekeris.

Ylym dünýäsiniň giňişliginde

2024-nji ýylda maňa talyplygymyň ikinji ýylynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işleriň bäsleşiginde ýeňiji bolmak bagty miýesser etdi. Men bu ýyly ylymlar dünýäsindäki ilkinji üstünligimi gazanan ýylym hökmünde hemişelik ýatlaryn. Ylmy gözleglerimi tebigy gazdan täze önümleri almaga bagyşlap, bäsleşigiň netijesi boýunça ikinji orna mynasyp boldum. Umuman, tamamlanyp barýan ýylyň biziň ýokary okuw mekdebimiz üçin düşümli ýyllaryň biri bolandygyny aýratyn nygtamak isleýärin. Mugallymlarymyzdyr talyplarymyz köpsanly bäsleşiklerde ýeňiji boldular. Daşary ýurtlara guralan saparlar bilelikdäki tejribäniň täze ädimlerine öwrüldi. Geljekde-de bilimimizi artdyryp, täze üstünlikler bilen 2025-nji ýylyň şanyna şan goşarys.

Üstünliklere beslenen ýyl

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar bilen dabaralandyrylan şu ýylymyz täze döwrümiziň taryhy zer harplary bilen ýazylýan ýyllarynyň biri boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň zehin jöwherinden syzylyp çykan ajaýyp şygryndan alnan bu şygaryň mazmun baýlygy ýurdumyzyň hem halkymyzyň, şeýle hem dünýä jemgyýetçiliginiň durmuşynda giň beýanyny tapdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň taryhy ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyz dünýä giňişliginde öz ornuny has-da pugtalandyrdy. Onuň anyk mysallaryny doly derejede açyp görkezýän wakalar şu ýylymyzy boýdan-başa gurşap aldy. Ýurdumyzyň daşary döwletler bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda hyzmatdaşlygynyň netijeleri barha berkeýär. Onuň şeýledigini tutuş dünýäniň döwletimiz tarapyndan dürli ugurlar boýunça öňe sürülýän başlangyçlary we teklipleri doly goldaýandyklary-da açyp görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly taryhy Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi dünýä ýüzüne parahatçylygyň nuruny çaýýan döwletimize belent ynamyň ajaýyp mysaly boldy. Milletler Bileleşigi tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy es

Ýakymy ýürekleri ýyladýar

Aý-günüň aýlanyp, ýyl kerweniniň gelip-gidip durmasyna gutarma ýok. Ine, ýene-de bir Täze ýyl rysgal-döwlete, şatlyk-şagalaňa, hoş habarlara, toýly günlere beslenip, gapymyzy kakyp dur. Umman ýaly çuň pähim-parasatdan, goşgy-gazal, aýdym-saz ýaly hoşnutlykdan dolup gelen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz bilen hoşlaşyk pursadymyz barha golaýlaşýar. Şeýle toýly günleriň bosagasynda şanly ösüş-özgerişliklerden, täze üstünliklerden we bagtly pursatlardan ýüklenip gelen Täze ýylymyzy garşylamak juda ýakymly. Ol ýakym ýürekleri ýyladýar.

2024-nji ýyl meniň durmuşymda

Sultan NYÝAZOW,Akdepe etrabynyň O.Ärsaryýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi: — Ata-babalarymyzyň topraga yhlas edip, halal zähmet çekeniň il içinde abraý-mertebä eýe boljakdygy hakyndaky aýdanlary rast gürrüň eken. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin döredilip berilýän ägirt uly mümkinçiliklerden peýdalanyp, bäş gektar kärende ýerimden ýigrimi tonna golaý bugdaý hasylyny ýygnap, meýilnamany artygy bilen berjaý etdim. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly bereketli türkmen topragy üçin rysgally gelşi ýaly, meniň üçin hem aýratyn düşümli ýyllaryň biri boldy. «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmagym durmuşymdaky iň ýakymly wakalaryň biri boldy.

Haýyr-sahawatyň nusgasy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen berkarar Diýarymyzda ýaşlaryň Watana wepaly, innowasiýa tehnologiýalardan baş çykarýan, beýik ösüşlerimize mynasyp goşant goşmaga ukyply şahsyýetler bolup ýetişmekleri babatda ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan diňe bir Türkmenistanda däl-de, onuň çäklerinden daşarda hem uly abraýa eýe bolan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy körpe nesil baradaky aladanyň döwlet syýasaty derejesine çykarylandygynyň aýdyň mysalydyr. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleri hil taýdan täze derejä çykardy hem-de gerimini giňeltdi. Maksatnamada bellenilen çäreleriň çäklerinde, şol sanda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalaryň ösüşini üpjün etmek, olara inklýuziw bilim we terbiýe bermegiň has netijeli çemeleşmelerini peýdalanmak göz öňünde tutulandyr. Inklýu

«Magtymguly diýip adym tutsalar...»

Pyragyň arzuwlan ajap eýýamy Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda «Pyragyň arzuwlan zamany bolan, Garaşsyz, Bitarap ýurdum ajaýyp» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Ýaşlar — Watanyň kuwwaty

Jümle-jahan habarlary

Täze ýyl rekordy

Baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

Berkarar döwletimize şatlyk-şowhun paýlap gelen Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralar welaýatymyzyň bagtyýar çagalary üçin hem ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Welaýat häkimliginiň guramagynda «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde döwletli çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellediler.

Gündizleri — görkana, gijeleri — nurana

Gözel paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda Ýer ýüzünde beýik ösüşleriň, ajaýyp binagärligiň, parahatçylygyň we abadançylygyň mekany hökmünde uly meşhurlyga eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşleri ýurdumyzyň sebitlerinde açylan häzirki zaman şäherçeleriň, obalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, önümçilik we durmuş maksatly binalaryň ajaýyp keşbinde has-da aýdyň duýulýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Halkymyzyň beýik söýgüsine hem buýsanjyna beslenen, eziz hem mukaddeslik saýylan gymmatlyklar hemişe göwnüňi telwaslandyrýar, ylhamyňy joşdurýar. Paýtagtymyzyň tutuş çägini gurşap alan ýadygärlikler, suw çüwdürimleri, dynç alyş meýdançalary gözel şäherimiziň binagärlik aýratynlyklaryny has-da baýlaşdyrmak bilen birlikde, türkmen döwletiniň kuwwatyny hem dabaralandyrýar. Ajaýyp binalaryň töwereginiň dürli güller, täsin baglar, seýilgähler bilen bezelişi bolsa ýaşaýşa bolan höwesimizi artdyryp, ruhyňy belende galdyrýar. Ak şäherimiziň ajaýyplygy, tämizligi, arassalygy, gök baglara, ter güllere beslenip durşy göwünleri galkyndyrýar, joşgunly zähmet çekmäge, yhlasly okamaga höweslendirip, her birimize lezzet eçilýär. Paýtagtymyzyň adyny göterýän «Aş

01 duýdurýar!

Düzgünleri berjaý edeliň! Täze ýyl her bir adama şadyýanlyk, bagtyýarlyk eçilýän maşgala baýramy. Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek bolsa jan saglygyňyzyň we baýramçylyk ruhubelentliginiň kepilidir. Welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölümi Täze ýyl mynasybetli edara-kärhanalarda, bilim-terbiýeçilik edaralarynda baýramçylyk arçasy gurnalanda, dabaraly baýramçylyk çäreleri geçirilende ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmelidigini ýatladýar.

Rysgally ýyl

Halkymyzyň müçe hasaby boýunça bosagada duran 2025-nji ýyl ýylan ýylydyr. Halk hakydasynda: «Ýylan ýylyny ýaman görseň, ýylky alnyňdadyr» diýen bir aýtgy bar. Ata-babalarymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak babatdaky ýaşaýyş-durmuş terzi, ençeme ýyllyk tejribesi, synçylygy bilen baglanyşykly dörän bu aýtgyda ýylan, ýylky ýyllarynyň gyş paslynyň biraz aýazly boljakdygyna ýaňzydylýar. Emma «Gyşy gyş bolmadygyň, ýazy ýaz bolmaz» diýen pähimi hem ýatdan çykarmak bolmaz. Ýylan ýyly rysgal-bereketli ýyllaryň biri bolar. Dünýä halklarynyň aglabasynyň halk döredijiligine dahylly eserlerde ýylan genji-hazynanyň goragçysy hökmünde teswirlenýär. Köneden galan yryma görä, ata-babalarymyz öýe ýylanyň girmegini hem gowulyga ýorup, oňa kast etmän, çeträk bir ýere goýberip gaýdypdyrlar. Eger öýe giren ak ýylan bolsa oňa süýt hödür edilip, özi çykyp gidýänçä el degirmändirler. Öýe giren ýylan geljek rysgal-döwletiň alamaty saýylypdyr.

Döwletli desgalaryň ýalkymy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gözel paýtagtymyzda bina edilýän desgalary, şaýollary, ýaşaýyş toplumlaryny, seýilgähleri, şeýle hem beýleki medeni-durmuş maksatly binalary synlanyňda, bitirilýän beýik işlere bolan buýsanjyň goşalanýar. Yzygiderli gurulýan binalaryň sany gün-günden artyp, şäheriň gözelligine görk goşýar. Bu günki gün ak şäherimiz Aşgabat öňküden-de gözel keşbe girdi. Ine, hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramçylygy ýetip gelýär, toý lybasyny geýen paýtagtymyzyň şaýollarynyň, seýilgähleriniň, dynç alyş merkezleriniň täsin bezegleri göwnüňi galkyndyrýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ata Watanymyzda agzybir, zähmetsöýer halkymyz ähli baýramçylyklary ruhubelentlikde toýlaýar. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel ýerlerinde ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki gözleri gamaşdyrýan, dürli öwüşginli yşyklandyryjylar bilen bezelen Täze ýyl arçasy her bir ynsanyň kalbynda ýakymly duýgulary oýarýar. Dürli öwüşginli çyralar, täsin oýnawaçlar bilen bezelen arçalar çagalaryň şatlygyny goşalandyrýar. Täsin bezelen, owadan arçalar geçip barýan ýyla hoşallyk, geljek ýyla bolsa b

Siziň baýramçylyk saçagyňyza!

Tokly tamdyrlamasy Gerekli önümler:

Hyrydarly harytlar

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda haryt bolçulygyny üpjün etmek baradaky tagallalary uly rowaçlyklara beslenýär. Täze ýylyň öňüsyrasynda bazara gelýän alyjylara bereket-bolçulygy alamatlandyrýan ýokary hilli önümlerdir harytlar hödürlenilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki ak bazarlaryň we dükanlaryň haryt bolçulygynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şu günler mähriban halkymyz Täze — 2025-nji ýyly uly zähmet sowgatlary bilen garşylamaga uludan taýýarlyk görýär. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda berekede beslenýän ak bazarlara we dükanlara baranyňda daýhanlarymyzyň bereketli türkmen topragynda ýetişdiren, ekologik taýdan arassa gök-bakja önümleriniň, olaryň gaýtadan işlenen görnüşleriniň, et, balyk, süýt we çörek önümleriniň, şeýle-de senagat harytlarynyň dürli görnüşleriniň elýeterli bolmagy aýratyn guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Ak bazarlara baranyňda eşidilýän, «Gökderäniň almasy», «Bagyr obasynyň narpyzy, reýhan oty», «Gökdepäniň gök önümleri», «Nohuryň pomidory», «Baharlynyň garpyzy», «Garrygalanyň nary, hozy, injiri ýa-da böwürsleni», «Gäwersiň üzümi ýa-da garpyzy», «Tejeniň waharmany», «Lebabyň gülabysy», «Köýtendagyň arnaby», «Daşoguz

Giň dünýäniň geň habarlary

Ýylyň reňki Täze ýylyň öň ýanynda Halkara «Pantone» institutynyň hünärmenleriniň gelen netijesine görä, «Mocha Mousse», ýagny «Mokka kofesiniň goýaltmasy» diýip atlandyrylan reňk öwüşgini ýylyň esasy reňki hökmünde yglan edildi. Goňur reňkiň adaty bolmadyk täsin öwüşgini inçe duýguçyllygyň we aňrybaş kaşaňlygyň sazlaşygyny özünde şöhlelendirýär. Institutyň kesgitleýän reňkine bütin ýylyň dowamynda dünýäniň nysak äleminde aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň bilen bir hatarda, institut tarapyndan ýylyň reňkine berilýän at hem bütin ýylyň ruhy halatyny, ylhamyny alamatlandyrýar.

Netijeler seljerildi

Golaýda podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň medeniýet öýünde 2024-nji okuw ýylynda terbiýeçilik ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemlemek hem-de 2025-nji okuw ýylynda esasy çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda harby tertip-düzgünini berk berjaý etmek, şahsy düzüm bilen geçirilýän gumanitar taýýarlyk dersinden okuw sapaklarynyň hilini ýokarlandyrmak, terbiýeçilik agşamlaryny, medeni-dynç alyş çärelerini gyzykly geçirmek, harby gullukçylaryň arasynda jebisligi, dost-doganlygy, agzybirligi has-da pugtalandyrmak maksady bilen, okuw-usulyýet ýygny guraldy. Bu ýygynda 2024-nji okuw ýylynyň dowamynda geçirilen işlere işjeň gatnaşan terbiýeçi serkerdeler, maýorlar Azat Hydyrow, Azat Berdiýew, kapitanlar Aman Jumaýew, Bektemir Öwezow dagy harby bölümiň serkerdesiniň adyndan Hormat hatlaryna we ýörite sowgatlara mynasyp boldular. Begmyrat WELSAHATOW, maýor.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21. 03-20. 04) Geljek hepdede hamallar iş meselesinde özleriniň ugurtapyjy ukyplaryny ussatlyk bilen ulanarlar. Işleýän ugurlaryňyzda köpsanly mümkinçilikler dörär. Ýöne işiň ähli meselelerini ýekelikde çözmäge synanyşmak biraz köp wagtyňyzy alyp biler. Şonuň üçin gerek ýerinde işdeş ýoldaşlaryňyz bilen hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutuň.

Ätiýaçlandyryş kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Şonuň netijesinde halk hojalygynda düýpli özgertmeler bolup geçýär, tutuş ýurt ösüşlere beslenýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryndaky beýik ösüşler halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanýandygyny hem-de durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny şertlendirýär. Berkarar Diýarymyzda gazanylýan ösüşlere, özgertmelere Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hem öz mynasyp goşandyny goşýar. Ätiýaçlandyryşyň hereket edýän düzgünleri we kadalary döwrüň talabyna laýyk gelmegi üçin elmydama kämilleşdirilýär we ätiýaçlandyryşyň täze görnüşleri işlenip taýýarlanýar. Ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň nyrh möçberleriniň elýeterli bolmagy üçin ähli zerur işler geçirilýär. Halkymyzyň durmuşynda göz öňüne tutulmadyk, tötänleýin, duýdansyz ýüze çykyp biljek töwekgelçilikleriň öňüni almakda, özüniň wezipesi boýunça ýüze çykýan ýitgileriniň (zelelleriň) öwezini dolmakda ätiýaçlandyryşyň hyzmaty uludyr. Şular esasynda, döwlet ätiýaçlandyryş guramalary ýuridik şahslara işgärleriniň saglyklaryny goramak maksady bilen, «Ýuridik şahslaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş» hyzmat