Arkadag şäheri Quality Choice Prize 2024 baýragyna mynasyp boldy
Türkmenistanyň ilkinji “akylly” we durnukly ösýän Arkadag şäherine duşenbe güni Wenada Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň (ESQR) “Hil taýdan saýlama baýragy 2024” (Quality Choice Prize 2024) atly abraýly sylagy gowşuryldy. Çäräniň guraýjysy bolup çykyş eden Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýeti her ýyl şähergurluşyk, saglygy goraýyş we energiýa tygşytlylyk ýaly ugurlarda hil dolandyryşda ýetilen üstünlikleri höweslendirýär. Bu barada Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy habar berýär. Arkadag şäheri ekologiýa taýdan arassa tejribeler bilen utgaşýan ýokary şähergurluşyk ülňüleriniň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin sylaglanyldy. Bu baýrak durnukly şähergurluşyk nusgasy hökmünde şäheriň ýeten sepgitlerini nygtaýar.