Garaşsyzlyk — bagtymyzyň açary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her güni şanly senelere, taryhy wakalara, uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Ynha, şu günler agzybir türkmen halky zähmet üstünlikleri bilen ýene bir şanly senäni — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny baýram etmäge uludan taýýarlyk görýär. Ýurdumyzyň özygtyýarlylygy halkymyzyň bagtyýarlygynyň, röwşen ertirlere bolan beýik ynamynyň beýanydyr. Çünki Garaşsyzlyk — halkymyzyň erkinliginiň, parahatçylygynyň mukamydyr, ykbalynyň göterilmesidir, şan-şöhratynyň dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk ýyllarynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde beslän arzuw-umytlary täze ruhda, täze öwüşginde hasyl boldy. Şu günler welaýatymyzda bu şanly sene mynasybetli geçirilýän maslahatlardyr baýramçylyk çäreleri giň gerime eýe bolýar. Maslahatlarda edilýän çykyşlarda nygtalyşy ýaly, eziz Diýarymyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde asyrlara barabar özgertmeler, ägirt uly taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysyny bezeýän bu maksatnamalaýyn özgerişlikler, ilkinji nobatda, halkymyzyň nurana şu güni, bagtyýar geljegi hakynda edilýän aladalardan ugur alýar. Bu bolsa ýurdumyzda adamyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydygyny ýene bir