"Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 24-nji "A" jaýy
Telefon belgileri: (+99312) 92-18-57, 92-18-57, 92-18-41
Faks: 92-18-54

Makalalar

Energiýany tygşytlamak syýasatynyň milli kanunçylyk esasy döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň energiýa üpjünçilik ulgamy yzygiderli ösüşlere beslenýär. Türkmenistan dünýäniň energetika serişdelerine baý döwletleriniň biri bolmak bilen, döwrüň şertlerine we talaplaryna kybap gelýän energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny döretmek meselelerine aýratyn üns berýär. Içerki sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen ygtybarly hem-de bökdençsiz üpjün etmek, energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagy ygtybarly we kämil kanunçylygyň bolmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary, şol sanda energiýa üpjünçiligi çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk namalary öz gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji maddasynda energiýanyň çeşmeleri bolup durýan ýeriň, ýerasty baýlyklaryň, suwlaryň, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklaryň Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýandygy, döwlet tarapyndan goralýandygy we rejeli peýdalanylmaga degişlidigi berkidilen. Häzirki wagtda «Uglewodorod serişdeleri hakynda», «Elektrik energetikasy hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda

Alkyş getirýän aladalar

«Döwlet adam üçindir!» Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutanlygyna girişen ilkinji günlerinde öňe süren bu dünýä nusgalyk ýörelgesi geçen ýyllarda özüniň anyk beýanyny tapdy. Ilatyň jana-jan bähbitlerine, adamlaryň abadan ýaşamagyna gönükdirilen işler giň gerimli we uly möçberlidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz peder ýoluna ynamly eýermek bilen, bu nurana ýörelgäni täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda il-ýurt bähbitli işler barha rowaçlanýar. Munuň şeýledigine ilatly ýerleri gazlaşdyrmak, gaz ulgamynyň sazlaşykly hereket etmegini gazanmak boýunça Lebap welaýatynda alnyp barylýan işler hem bütin aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.

Nebitgaz senagaty — milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy

Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, pudagyň düzümleriniň tehnologik taýdan düýpli döwrebaplaşdyrylmagy ýangyç-energetika pudagynda gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýurdumyzyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde nobatdaky netijeli ädimdir. Milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, geljegi nazara almak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň täze ulgamyny döretmek şol strategiýanyň esasy ugurlarydyr. Türkmenistanda gaz pudagynda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, olar sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, ilatyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga möhüm goşant bolup durýar.

ÝTÖB Türkmenistana 334 million ýewro töweregi maýa goýdy

Ýewropa täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistana goýan maýasynyň umumy möçberi bu güne çenli 334 million ýewro ýetdi. Bu serişdeler ýurtda 87 sany dürli taslamany maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Bu barada Türkmenistanyň Habarlar Portalynda habar berilýär. Maglumatlara görä, ÝTÖB-iň Türkmenistandaky häzirki karz portfeli, takmynan, 25 million ýewro möçberinde bahalandyrylýar. Bankyň maýa goýum strategiýasy ýurduň çäginde azyndan 18 taslamanyň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 21 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Ukrainadan, Gyrgyz Respublikasyndan, Owganystandan we Türkiýeden gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen dizel ýangyjyny, az kükürtli ýakyş mazudyny, suwuklandyrylan gazy hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen natriý hloridini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 38 million 723 müň 700 amerikan dollaryna deň boldy.

Şu ýylyň birinji ýarymynda 4,81 milliard amerikan dollarlyk tebigy gaz Hytaýa eksport edildi

Şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan Hytaýa turbageçirijiler arkaly tebigy gazy eksport etmekde birinji orny eýeledi. Bu barada HHR-iň Baş gümrük müdirligi habar berýär. Hasabat döwründe Türkmenistan umumy bahasy 4,81 million amerikan dollaryna deň bolan «mawy ýangyjy» Hytaýa eksport etdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Hytaýy turbageçirijiler arkaly tebigy gaz bilen üpjün edijileriň arasynda liderligi özünde saklap galdy. Bu ugurda ikinji orun 3,97 milliard amerikan dollarlyk tebigy gazy turbageçirijiler arkaly Hytaýa iberen Russiýa Federasiýasyna degişli. Şeýle-de ilkinji üçlükde Mýanmanyň (679 million amerikan dollarlyk eksport) hem ady bar. Mundan başga-da, Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi hem şu ýylyň birinji ýarymynda ýurduň Türkmenistandan we Russiýa Federasiýasyndan amala aşyran tebigy gaz importynyň 4 esseden gowrak artyp, jemi 800 million amerikan dollaryndan geçendigini habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy: Garaşsyzlyk ýyllarynyň gadamlary

Birža söwdalarynda baglaşylýan geleşikler, söwdalarda satylan harytlaryň görnüşi, bahasy, möçberi we alyjylar boýunça maglumatlar ýerli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýär. Degişli maglumatlar we görkezijiler Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi saýtynda hem çap edilýär. Hepdelik söwdalaryň jemi boýunça habarlar halk köpçüligine yzygiderli ýetirilip durulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň zähmetsöýer işgärleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň agzybir işgärleri hem ýokary zähmet üstünlikleri bilen milli ykdysadyýetimiziň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: FINLÝANDIÝA RESPUBLIKASY

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Finlýandiýada tehniki dolanyşygyň gerimi göz öňünde tutulyp, bu ugurda iki görnüşdäki esasy taslama uly orun berilýär. Birinjisi, ýaşaýyş sikliniň pikiri bilen baglanyşykly sirkulýar ykdysadyýet boýunça görkezme zawody, ikinjisi, arktika senagatynyň ekoulgamy we Kemi-Tornio sirkulýar ykdysadyýetiniň innowasion platformasy.

10 ýylda 3,9 göterimlik ösüş

ýa-da Pakistanyň ykdysadyýetine gysgaça syn Pakistan ösýän ykdysadyýetli ýurt bolup, Halkara Pul Gaznasynyň deslapky hasabatyna görä, satyn alyş güýji boýunça dünýäniň 24-nji, nominal jemi içerki önümi babatda 46-njy döwleti hasaplanýar. 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurduň nominal jemi içerki önümi 338,24 milliard amerikan dollaryna, ilatyň jan başyna düşýän JIÖ bolsa, 1,658 amerikan dollaryna deň boldy. Şeýle hem soňky 10 ýylda ýurduň jemi içerki önüminde ortaça 3,9 göterimlik ösüş hasaba alyndy. Aziýanyň ösüş bankynyň çaklamalaryna görä, 2024-nji ýylda Pakistanyň nominal jemi içerki önüminiň 1,9 göterim, 2025-nji ýylda bolsa, 2,8 göterim ýokarlanmagyna garaşylýar. Ýeri gelende aýtsak, Pakistanda ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, hökümet tarapyndan 2015 — 2020-nji maliýe ýyllary üçin Pakistan hyzmatdaşlyk strategiýasy durmuşa geçirildi. Maliýe strategiýasy esasy iki maksada: ýurtda garyplygy azaltmaga we umumy gülläp ösüşe gönükdirildi. Bu 5 ýyllyk maliýe meýilnamasynyň netijesinde ýurduň iň kyn ugurlarynda uly öňegidişlik gazanyldy.

«LVMH» kompaniýasynyň arassa peýdasy 14 göterim azaldy

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda «LVMH» kompaniýasynyň girdejisi 1 göterim, arassa peýdasy bolsa 14 göterim azaldy. Hasabat döwründe kompaniýanyň arassa peýdasy 7,27 milliard ýewro barabar boldy. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 8,48 milliard ýewro deň bolupdy. Kompaniýanyň 2024-nji ýylyň deslapky ikinji çärýegindäki girdejisi bolsa 560 million ýewro azalyp, 41,68 milliard ýewro boldy. Ýylyň  birinji ýarymynda «LVMH» kompaniýasynyň esasy harytlary bolan moda lybaslarynyň we deriden taýýarlanylan önümleriň söwdasy 2 göterim azalyp, 20,7 milliard ýewro deň bolupdyr.

Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 8,5 göterim artdy

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 8,5 göterim artdy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi. Hasabat döwründe ýurduň daşary söwda dolanyşygy 31 milliard 828 million amerikan dollaryna deň bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2,5 milliard amerikan dollaryna golaý köpdür.

Eýranyň eksporty 8 göterim ýokarlandy

Eýran senenamasy boýunça şu ýylyň 4 aýynda ýurduň eksporty (nebit önümlerinden daşgary) 17,5 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 8 göterim köpdür. «Tehran Times» neşiriniň habar bermegine görä, hasabat döwründe ýurduň daşary söwda dolanyşygy nebit önümlerini hasaba almanyňda, 36 milliard amerikan dollaryna barabar bolupdyr. Ýeri gelende bellesek, eýran senenamasy boýunça geçen ýylda ýurduň daşary söwda dolanyşygy 153 milliard amerikan dollaryna deň bolupdy. Şonuň 35,87 milliard amerikan dollary Eýranyň eksport eden çig nebitiniň paýyna düşýär.

13,5 MILLIARD amerikan dollarlyk eksport etdi

Türkiýe 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 13,5 milliard amerikan dollarlyk maşyngurluşyk harytlaryny eksport etdi. «Trendiň» habar bermegine görä, hasabat döwründe Türkiýeden Germaniýa, Italiýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa hem-de Ispaniýa eksport edilýän maşyngurluşyk önümleriniň möçberi azalypdyr. Emma munuň deregine Demirgazyk Amerika, Latyn Amerikasy hem-de Aziýa ýurtlaryna eksport görnetin artypdyr.

Gazagystan «Demirgazyk-Günorta» geçelgesinde üstaşyr ýükler üçin 50% arzanladyş yglan etdi

Astanada Gazagystan Respublikasy bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky Hökümetara hyzmatdaşlyk geňeşiniň egindeş başlyklarynyň — Serik Žumangarin we Alekseý Owerçugyň duşuşygy geçirildi. Bu barada 26-njy iýulda Gazagystan Respublikasynyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi. Şol habarda duşuşygyň rus tarapynyň başlangyjy bilen geçirilendigi aýdylýar. Metbugat beýanynda bellenip geçilşi ýaly, Serik Žumangarin «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini giňeltmäge gyzyklanmasyny we Russiýa Federasiýasynyň wekilleriniň 19-20-nji iýulda Aktauda geçirilen birinji «Demirgazyk — Günorta» ulag söwda we eksport forumyna işjeň gatnaşandygyny belledi.

Innowasion ösüş — geljegiň ygtybarly binýady

Milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna innowasion tehnologiýalar we öňdebaryjy tejribeler işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi durnukly ösüşiň depginini ýokarlandyrmak bilen birlikde, önümleriň we hyzmatlaryň ýokary derejesini, halkara ölçeglere kybap gelmegini üpjün edýär. Ministrler Kabinetiniň 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz bu işleriň alnyp barylmagyny möhüm strategik ugurlaryň hatarynda belläp, öňde wajyp wezipeleriň durandygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz diňe diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilen, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýetiň uzak geljek üçin durnukly boljakdygyny nygtaýar. Halkara tejribeden görnüşi ýaly, dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagy bäsdeşlige ukyplylyk, iň täze tehniki çözgütleriň önümçilige ornaşdyrylyşy we ylmy köp talap edýän önümçiligiň ösüş depgini, şeýle hem innowasion hadysalaryň netijeliligi bilen kesgitlenýär. Özüniň asyl many-mazmuny boýunça innowasiýalar hyrydarly harytlary we ýokary isleg bildirilýän hyzmatlary has köp öndürmäge gönükdirilen düýpgöter täze çemeleşmedir. Innowasiýa hökmünde ozal deňi-taýy bolmadyk ýa-da hil taýdan has tapawutly tehnologiýalar, ylmy açyşlar ykrar edilýär. Türkmen döwleti bu gün innowasion ösüş ýoly bilen ynamly barýar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny, az kükürtli ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy, senagatda ulanmak üçin nahar duzuny (“Türkmenhimiýa” döwlet konserni) satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Ukrainanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan žakkard tüýjümek önümler ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 723 müň dollaryndan gowrak boldy.

Halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen tagallalar

Halk bähbidine gönükdirilen ösüş ýoluny esaslandyran Milli Liderimiziň ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň her güni buýsandyryjy wakalara beslenýär. Şolaryň biri hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýurdumyzda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak bilen bagly gol çeken Permanydyr. Döwlet Baştutanymyzyň giňişleýin mejlisde nygtaýşy ýaly, döwletimiziň syýasaty bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir. Dogrudan-da, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha ýokarlanyp, ynsanperwer syýasat giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan uly göwrümli özgerişlikleri we milli ykdysadyýetimiziň ösüşleri biziň şu günümize buýsanjymyzy beýgeldip, geljegimiziň rowaçlygyna ynamymyzy şonça-da berkidýär. Hökümet mejlisiniň barşynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça şu ýylyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi "Sarahs" ýörite ykdysady zolagyna baryp gördi

Golaýda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani we onuň ýanyndaky wekiliýet Sarahs ýörite ykdysady zolagy bolan “Paýane” serhetýaka ýük ulag terminaly we gümrükhanasy, şeýle hem Türkmenistan bilen bilelikdäki serhetde ýerleşýän “Dostluk” bendi bilen ýerinde tanyşlygy amala aşyrdy. Bu barada Eýranyň diplomatik wekilhanasynda habar berdiler. Bu meýdan tanyşlygynda Sarahs serhet geçelgesindäki gatnawyň ýagdaýyny öwrenmek bilen bir hatarda, gatnawlary aňsatlaşdyrmagyň we bolup biläýjek kynçylyklary aradan aýyrmagyň ýollary barada pikir alyşmak maksady bilen sebitiň müdirleriniň we jogapkär ýolbaşçylarynyň, şonuň ýaly hem ulag kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi.

Elektroenergetika: rowaç ýaşaýşyň eşreti

Häzirki zaman dünýäsinde adamlaryň eşretli durmuşda ýaşamaklary üçin zerur bolan şertleriň arasynda elektrik energiýasyna hem möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda elektroenergetika pudagyny düýpli özgertmek, ilatyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanda bary-ýogy iki sany elektrik stansiýasy, iki sany hem ýylylyk elektrik merkezi bardy. Ýurdumyzyň ykdysady taýdan batly depginlerde ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gowulanmagy elektrik energiýasyna bolan zerurlygy has-da artdyrdy. Şunlukda, 2013-nji ýylda “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” kabul edilip, oňa laýyklykda, Diýarymyzyň her welaýatynda elektrik stansiýalaryny gurmak göz öňünde tutuldy. Netijede, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda elektrik stansiýalary gurlup, olaryň jemi sany 11-e ýetirildi. Sebitlerimizde iki, hatda üç sany elektrik stansiýasy işläp başlap, olarda öndürilýän elektrik energiýasy içerki sarp edijileri ýeterlik möçberde üpjün etmäge, artykmaç bölegini bolsa daşary ýurtlara ibermäge mümkinçilik döretdi. Elektrik stansiýalarynda öndürilýän elektrik energiýasyny asma elektrik geçirij

Gazak bugdaýy Türkmenistanyň çägi arkaly Owganystana we Pakistana eksport ediler

Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Jumangarin Türkmenistanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri bilen bilelikde Beýneu galla terminalyna aýlanyp gördi. Saparyň dowamynda bu galla terminalynyň mümkinçilikleri bilen tanşyldy hem-de onuň taýýarlaýan bugdaýyny Türkmenistanyň çägi arkaly üçünji ýurtlara eksport etmek barada pikir alyşmalar boldy. Bu barada «Tengrinews» habar berýär. Galla terminaly bilen tanyşlykdan soňra owgan wekiliýeti Gazagystanyň Azyk korporasiýasynyň hem-de Beýneu galla terminalynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi. Gepleşiklerde taraplar terminal arkaly Owganystana galla üpjünçiliginiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.