Milli ykdysadyýetimiziň daýanjy
Türkmenistan energiýa serişdelerine baý döwletleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan energetika syýasatynyň netijesinde ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine we onuň halkara energoulgamyna goşulyşmagyna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 6-njy ýanwarynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynda kabul edilen Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň bilelikdäki beýannamasynda «Lu Ban ussahanasy» taslamasyny amala aşyrmagy ilerletmek barada beýan edilýär. Şonuň bilen birlikde, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçysynyň Hytaý nebit uniwersitetiniň Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin şu ýylyň 16-20-nji oktýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin we Sian şäherlerinde gulluk iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz we bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy, sanly bilim ulgamynyň ösdürilýändigi we beýleki üstünlikler dogrusynda gürrüň edildi. Pekin şäheriniň Hytaýyň nebit uniwersitetiniň okuw binalary, döwrebap tejribehanalary, ylmy-okuw işleriniň aln