"Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 24-nji "A" jaýy
Telefon belgileri: (+99312) 92-18-57, 92-18-57, 92-18-41
Faks: 92-18-54

Makalalar

Mahmal köwüş (Hekaýa)

«Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde ýaş ýigit dosty bilen kafeleriň birinde günortanlyk naharyny edinip otyrdy. Birdenem telefonyna jaň geldi. — Bir minut, dostum — diýip, sypaýyçylyk etdi-de, saçak başyndan turup, eýwanyň ýanyna bardy. Eýwanyň diregine tirsegini goýup, gürleşmäge başlady. Bu onuň başlygydy. Ol ýaş ýigide nähilidir bir tabşyryklary berýärdi. Ikisi nobatdaky işi düşünişensoňlar, telefon öçürildi. Birdenem ýigidiň aşaky gatda köwüş dükanyna girip barýan tanşyna gözi düşdi. Ol dostuna ýene sypaýyçylyk bildirdi-de, aşaky gata tarap ýumlukdy. Uzagrakdan gyzyň bir köwşi synlap durandygyny gördi. Ýöne, näme üçindir, Melike bu köwşi satyn alman, dükandan çykyp gitdi. Ýigit birden özüniň tanalmagyndan heder edip, aňyrlygyna ädimledi. Gyz däliziň beýleki gapdaly bilen ýöräp gitdi. Ol töweregine ünsem berenokdy. Başagaýlykda bir topar adamlaryň arasyna siňip, ýigit onuň deňinden geçdi-de, hälki köwüş dükanyna girdi. Satyjy müşderi bilen mylakatly salamlaşansoň, näme hyzmat edip biljekdigini sorady.

«Magtymguly, halk ýadyndan aýrylma...»

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow: — Magtymguly Pyragy ajaýyp eserleri döreden, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen pelsepesini, kalbynyň owazyny, isleg-arzuwlaryny dünýä ýaýan beýik söz ussadydyr.

Dunaýyň boýunda ýaňlanan owazlar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 7-11-nji awgusty aralygynda Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi 7-nji awgustda Budapeşt şäheriniň Miras öýünde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Bu şanly waka mynasybetli guralan konsertde iki dostlukly halkyň tanymal sungat ussatlary joşgunly aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler. Dabarada halk döredijiliginiň naýbaşy nusgalaryna uly orun berildi. Türkmen we wenger halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny wasp edýän ajaýyp aýdymlardyr sazlar dabara gatnaşanlaryň göwünlerini galkyndyrdy.

Şygryýet

Eneler bilen Derdiňe dermandyr aýdan sözleri,Bu durmuş barlydyr eneler bilen.Bagtdan ýaňa güler durar gözleri,Bu dünýä nurludyr eneler bilen.

Atalyk mekdebiniň yzlary

Ata we ogul gatnaşygy türkmen edebiýatynyň dürli görnüşlerinde bar. Magtymguly atamyzyň döredijiliginde bu gatnaşyga aýratyn orun berilýär. Muňa onuň «Atamyň», «Oglum-Azadym», «Azadym kany?» ýaly goşgulary doly şaýatlyk edýär. Edebiýat meýdanynda Magtymgulynyň ilkinji halypasy hökmünde tanalan atasy Döwletmämmet Azady ogly bilen halka nusga bolup biljek gatnaşygy gurup bilen alymdyr. Şonuň üçinem Magtymgulynyň döredijiligindäki ata-ogul gatnaşygyna bagyşlanan eserlerde diňe bir Magtymgulynyň Azada bolan hormat-sylagyny däl-de, Azadynyň öz ogluna bolan hormatyny-da duýup bolýar. Azady:

Deňiz ýakasyndaky söhbetler (Şahyrana oýlanma)

Meşhur rus ýazyjysy Nikolaý Nekrasowyň tomus bilen hoşlaşyşy üýtgeşik. Ol: «Awgustam ahyrlap barýar. Almalaryň «şahadan bökdi oýnaýan», süýnýän ýyldyzlaryň asmanda şagalaň guraýan, okuwçylaryň aladasyz günleriniň tamamlanýan aýy». Hakykatdanam, awgust tomsuň beýleki aýlaryndan has üýtgeşik. Yssy o diýen özüni goýbermese-de, adamlaryň sähel öwsen şemaldanam salkynlyk gözleýändir. «Öňkä görä biraz salkynlaýdymy?» diýşip, bir-biregiň göwnüni aldamaýanymyz ýokdur, şu günler. Ýöne awgustda güýzüň edil gelmese-de, golaýlaýandygynyň-a alamatlaryny görmek bolýar. Suratkeş bolan bolsam, awgust aýy bilen baglanyşykly bir eser döretmeli diýseler, meniň çeken suratymda hökman deňiz bolardy. Sebäbi her ýyl tomsuň ahyrky aýynda deňiz bilen syrlaşmaga gitmek meniň üçin indi düzgüne öwrülip gidipdir. Deňiz bilen tomsuň ýol şaýyny tutup ýören günlerinde, güýzüňem çekine-çekine bosaganyň aňyrsyndan yşyklap ýören günlerinde söhbet etmegiň lezzetem meniň üçin diýseň üýtgeşik.

Äpet leňňeç (Erteki)

Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanlarda uzak kölleriň birinde äpet bir leňňeç ýaşaýar eken. Ony hemmeler güýçli, batyr jandar hökmünde tanapdyrlar. Günleriň birinde onuň ýanyna gojalan bir suwýylany gelipdir.

Halypa

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti. Ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebiniň howlusyndan gireniňden seni üýtgeşik, täsin duýgy gaplap alýar. Sebäbi bu bilim ojagynyň her ädimi ylymda, dil biliminde, edebiýatda... öçmejek yz galdyran ussatlar bilen baglanyşykly ýatlamalardan doly. Elbetde, ol ägirtleriň aglabasy bilen didarlaşmak, işleşmek bize miýesser etmedi. Ol ýyllara biz «görenleriň gürrüňleri» arkaly «syýahat etdik». Öňde-de bir akyldaryň aýdyşy ýaly: «Çapyp barýan keýigiň saýasynda saýalan ýaly» diýdirip, zymdyrylyp barýan wagt bolsa uly-uly ussatlary görenleri görenleriň özlerini-de ýatlama öwrüp gidip otyr. Ýakymly gürrüňleri, hemişe goldaw bermäge taýýar, mähriban häsiýeti bilen hakydalarda hemişelik galan halypalarymyzyň biri-de zähmet ýolunyň uly bölegini şu uniwersitetde geçiren mugallym Merdan Badaýewdi. Talyplyk dünýäsine gadam basmazymdan öňem uniwersitetde zähmet çekendigim sebäpli, Merdan mugallymyň öwüt-ündewe ýugrulan, gymmatly maslahatlaryny diňlemek miýesser edipdi. Daşyndan göreniňde «häsiýeti gaty agyr bolsa gerek» diýlen pikiri ilkinji gürrüňdeşlikde ýom-ýok edýän Merdan mugallym barada gürrüň çyksa, ilkinji nobatda, onuň beren goldawlary, maslahatlary sebäpli bir döwürler ýeňlip geçilen kynçylyklar ýatlanylar. Ol tö

Juwanlygyň, erkinligiň, yşkyň şahyry

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy bu gün paýtagtymyzyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Dünýä edebiýatynyň, sungatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleriniň oturdylmagy seýilgähiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Olaryň arasynda wenger halkynyň milli şahyry Şandor Petefiniň hem heýkeli bar. Şandor Petefiniň hakyky ady we familiýasy Aleksandr Petrowiç bolup, ol 1823-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Kişkýorýoş şäherinde dünýä inýär. Ýaňy bir ýaşyny dolduranda geljekki şahyryň maşgalasy Kişkunfeledhazu şäherine göçüp gidýär. Kakasy mümkinçiliginiň boldugyndan ogluna ýeterlik bilim bermäge çalşypdyr, ýöne käbir ýagdaýlar sebäpli Şandor liseýdäki okuwyny taşlamaly bolýar. 1939-njy ýylda güzerany halys kynlaşan Şandor Şopronyň etegindäki harby birikmä işe girýär, emma saglyk ýagdaýy sebäpli iki ýyldan soň goşun gullugyny tamamlamaly bolýar. Şondan soň ol gezende artist, terbiýeçi bolup gazanç edip ugraýar. Terjimeçilik, hatdatlyk oňa goşmaça gazanç getirip ugraýar. Ýeterlik derejede pul toplan Şandor ahyrsoňy okuwyny dowam etdirmäge mümkinçilik alýar. Şol ýyllar ol soňlugy bilen iň ýakyn dostuna öwrülen Mor Ýokai bilen tanyşýar.

Körpelere okap beriň!

Oba baramda Men şäherdenGeldim oba.SeredýärinAkar ýaba.

“Magtymguly – söz ummanynyň ägirdi” atly bäsleşige

Soltanym, alkyş al, ýagmyr ýagdyryp!Bizem munda geçeris goş ýazdyryp,Kalbymyň öýünde — ot deý ýandyrypbarýan bir alawly yşka sataşdym.

Magtymgula eltýän ýollar

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 200-nji sanynda). Ýagmyryň dury damjalaryny gursagynda saklap, ony düre öwürýän sadaplar umman çuňlugynda karar taparmyş. Diňe çuňluga aralaşyp bilýän we ýüzmäge ezber guwwaslar gaýtalanmaýan gözellige eýe bolan dürleri suwuň ýüzüne çykaryp bilýärler. Pähim-paýhas ummanlary hem hut şolar misli. Ylym bahrynyň möwçli suwlaryna ýanbermez ýüzüjiler söz sadaplarynyň many merjenlerini halka hödürlänlerinde, öň görmedik düşünje gözellikleriňe haýran galyp, «Älhepus!» diýýärsiň. Hikmetiň hakykaty şeýle: dür deý dury paýhasa älem aşyk, jahan hyrydar. Ol jümleler durmuşyň harasadyna ömrüň parasady bolup ýaýylýar.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti Türkmen halkynyň dana ogly Magtymguly Pyragy ata-babalarymyzyň uzak taryhly baý medeniýetini, ahlagyny, pelsepesini we şahyrana dünýäsini şygyrlar çemenine öwrüp, çeper sözden müdimi ýalkym saçýan ruhy binany miras galdyrdy. Ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklarynyň şahyrana dünýäsi örän giň we çuň bolup, dünýä, ahlak, din hem-de hyýalyýet baýlyklarynyň esasynda arş bilen kürsüň aralygynda hereket edipdir. Milli çeper gymmatlyklaryň ösüşi ruhy bitewülige, özara täsirlenmä bagly bolupdyr, şunuň esasynda eýýamlaryň ruhy dünýäsi emele gelipdir.

«Magtymguly Pyragy — umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşige

Älem içre sarpaly şahyr Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bagtyýar hem-de agzybir halkymyzyň durmuşynyň ajaýyp döwrüdir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, bu günki gün türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň akyldar şahyra bagyşlap ýazan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda:

Magtymguly Pyragy

Zor bolar Ýagşylykda ile özün tanadan Alkyş alyp, derejesi zor bolar;Ýaman bolup, ýagşylygy unudan Öz yzzatyn gidir, itden hor bolar.

Söz manysy

Bakyrgan Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda «Bakyrganda bakyr bar, baryp görseň, takyr bar» diýen atalar sözi getirilýär. «Bakyrgan — şäher ady, bakyr-1) mis, 2) kiçijik köl» diýlip çykgytda berilýär. Mundan «Bakyrganda köl bar, baryp görseň, çöl bar» diýen ýaly many gelip çykýar. Bu bolsa şol wagtky Bakyrganyň geografik ýerleşişi barada maglumat berýär. Ýagny Bakyrganda köl bar, ýöne suw ýok. Bakyrgan sözüniň «bagyran, gygyran» ýaly many berýändigini aňlamak bolýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

...Şu ýerde «Myhmanyň öňünde aş goý, iki elini boş goý!» diýen aýtgynyň esasynda ýatan tymsala mysal hökmünde ýüzleneýin. Bir adam öýüne arzyly dostuny myhmançylyga çagyrypdyr. Bular ondan-mundan gürrüň edip, çaýlaşyp esli oturypdyrlar. Saçaga tagam çekilipdir. Olar nahar iýip başlapdyrlaram welin, bir ýerlerden kebelek uçup gelipdir. Onuň myhmany biynjalyk ederinden howatyrlanan öý eýesi:

Ene söýgüsi

(Oýlanma) «Ene...». Bu söz her gezek aýdylanda mähremligi, şirinligi bilen ýakymly, mylaýym owaz bolup eşidilýär. Bu sözde baharyň hoştaplygy, güýzüň agraslygy bar. Bu sözde kalbyňy gobsundyrýan gudrat, özüne maýyl edýän, imrindirýän şirin duýgy bar. «Ene» sözüniň manysyny kän zatlar bilen baglanyşdyrmak mümkin. Bu sözüň mazmuny dünýä ýaly giň, ömür ýaly ýakymly, ynam ýaly mukaddes, mähir ýaly kireňsiz. Ene mähribanlygy hem hiç gowzamaýan çeşme ýaly, kalplarymyzyň mähre teşneligini gandyrýar. Halk hakydasyna ornan rowaýatlaryň birinde ene mähri, perzendiň borçlary hakynda şeýle gürrüň bar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» kitabyndan

...Kakam manyly ömür sürdi. Halky, mähriban topragy üçin ýaşady. Diňe bir öz maşgalasyndaky adamlara däl, tutuş il-ulsumyza watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, adamkärçiligiň belent nusgasyny görkezdi. Kakam ikimiziň hünär babatda saýlan ugrumyz başga bolsa-da, adamlara gatnaşygymyzda, köplenç, pikirimiziň deň gelendigine begenýärin. Kakam her bir adamyň baş wezipesiniň, ömrüniň manysynyň adamlar üçin haýyr işleri etmekdedigi barada aýdardy. Maşgalamyzda özara pikir alşanymyzda, adamyň tebigy taýdan kadaly kemala gelen ukybynyň haýyr işleri etmekde ýüze çykýandygyny kakam mysallar getirip düşündirerdi. Bular ýaly söhbetler adamyň ýaşyny saýlamaýar, näçe ýaşyňda hem bolsaň, ýürekden maslahat berýän, bärden gaýdýan ýeriňi düzedip, ýardam edip bilýän, seniň bilen mydama gowy söhbetdeş bolup bilýän adam gerek. Kakalar hem öz ogullary üçin şeýle adamlardyr. Ogullara hemişe mert bolmak, durmuşda başyňy çaramak, çylşyrymly ýagdaýlardan tiz netije çykaryp bilmek öwredilýär. Kaka mähri perzentleriniň hemmesine-de gerekdir, ýöne ol ogullar üçin has gerek. Kakasynyň geplemän arkasyna kakmagy ýa-da aýlawly gep urup, henek etmegi ogluň göwnüni göterýär, onda ýaşaýşa mizemez ynam döredýär. Kaka ogul üçin durmuşa, dünýä akyl ýetirmegiň mekdebidir. Perzen

Paýhas çeşmesinden

■ Akyl güýç berer, güýç hem ýürek. ■ Ata alkyşy — altyn.