"Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 24-nji "A" jaýy
Telefon belgileri: (+99312) 92-18-57, 92-18-57, 92-18-41
Faks: 92-18-54

Makalalar

Ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «ýaşyl ykdysadyýete» geçmek boýunça çuňňur ylmy binýada esaslanýan işler amala aşyrylýar. Aýratyn hem milli ykdysadyýetimiziň senagat, oba hojalyk pudaklaryndaky işler barha giň gerime eýe bolýar. Häzirki döwürde oba hojalyk pudagy ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň möhüm ulgamlarynyň biri bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň ýagdaýy köp derejede ekologiýa durnuklylygynyň ösüşine baglydyr. Bular bilen baglylykda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny ugur edinýän döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişinde daşky gurşawy goramagyň, ony dolandyrmagyň hem-de ekoulgam hyzmatlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalaryň we hojalygy dolandyrmagyň düşewüntli usullarynyň ornaşdyrylmagyna, içerki we daşarky bazarda uly islegden peýdalanýan önümleriň möçberleriniň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýaşaýşymyzyň tämiz çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak boýunça öňe sürýän ähli başlangyçlarynda we tekliplerinde adamzadyň ýaşaýşyny daş-töweregimizden aýry göz öňüne getirip bolmajakdygy baradaky esasy pikir örboýuna galýar. Ýaşyl öwüsýän daragtlar howanyň tämizligini, kislorod bilen baýlaşyp durmagyny, gysgaça aýdanyňda, ýaşaýşyň çeşmesini üpjün edýär. Adamzat — tebigatyň bir bölegi. Bu hakykat döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň özenini düzýär. Ine, şeýle syýasat bilen Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligine, jümle-jahana öz garaýyşlaryny bildirýär. Milli Liderimiz ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydygyna mydama üns çekip gelýär.

Şu gün — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni

EKOLOGIÝA SYÝASATY — MÖHÜM UGUR Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan toplumlaýyn, geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir.

5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni

Ekologiýa syýasaty — durnukly ösüşe binýat Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak babatdaky asylly işler barha rowaçlanýar. Ýurdumyzda bu ugurda edilýän tagallalar ekologiýa syýasatynyň özenini düzýär.

Eziz Diýarymyzyň gözel tebigaty

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň tebigatyny goramakda, has-da gözelleşdirmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2008-nji ýylda milli senenamamyza girizilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni ýurdumyzda aýratyn bellenilýän seneleriň biridir. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak meselelerine degişli halkara forumlar, maslahatlar, tejribe okuw sapaklary yzygiderli geçirilýär. Jemgyýetiň we ylmy-tehniki ösüşiň möhüm meseleleriniň biri bolan ýokary ekologik medeniýeti kemala getirmek üçin okuw mekdeplerinde, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaş nesle daşky gurşaw barada üznüksiz nazary we amaly bilimdir terbiýe berilýär.

Bagtyýarlygyň berk binýady

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyjy boýunça dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda bellenilýär. Bu baýramçylyk 1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 27-nji mejlisinde döredildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu baýram Türkmenistanda 2008-nji ýyldan bäri bellenilip gelinýär. Geçen ýyllaryň içinde Türkmenistan ekosyýasaty dünýä nusgalyk derejede ýöredip, bu ugurda möhüm halkara başlangyçlarydyr teklipleri bilen çykyş edip gelýär. Döwletimiziň ekologiýa syýasatynda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary köpeltmek we olary ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin netijeli peýdalanmak esasy maksat bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýöredilýän ekologiýa syýasatynyň ähmiýetli tarapy bolsa onuň özeninde jemgyýet bilen daşky gurşawyň arasyndaky sazlaşygyň bolmagydyr. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine uly üns berilýär. Ekologiýa abadançylygynyň ilatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin zerur bolan şertleriň biridigi ykrar edilen ýagdaýdyr. Ýurtbaştutanymyzyň aýdyşy ýaly, türkmen halkynyň bütin taryhy onuň mähriban topragy, gözel tebigaty, uç-gyraksyz Garagum çöli, bereketli dag-düzleri, gojaman Hazar deňzi we onuň ajaýyp kenary bile

Ýaşaýşyň sazlaşygy

Daş-töweregimizi gurşap alan tebigat biziň ählumumy öýümizdir. Ýaşaýşyň çeşmesi hasaplanylýan tebigat bilen ysnyşykly we sazlaşykly durmuşy alyp barmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyz. Hut şonuň üçinem daşky gurşawy arassa saklamak, ony goramak, tebigy baýlyklary aýawly we rejeli peýdalanmak meselesi halkymyzyň durmuş ýörelgesine çuňňur ornaşypdyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bagtyýarlyk zamanamyzda tutuş adamzat bähbitli bu meseleler inçeden seljerilip, oňyn çözgütlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň bu ugurdaky tagallalary we dünýä jemgyýetçiligindäki syýasy işjeňligi dogrusynda ýakynda Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde geçirilen çärede täsirli gürrüňler edildi. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat we Saýat etrap komitetleriniň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu çärä jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, etrabyň edara-kärhanalarynyň işgärleri we ýaşlar gatnaşdylar. «Ekologiýa abadançylygy ― ömrümiziň rahatlygy» ady bilen geçirilen çäräniň dowamynda ene ýere aýawly çemeleşmek, tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak ýaly möhüm meseleler dogrusynda pikir alşyldy. Türkmenistanyň Tebigat

Tebigat — bahasyz baýlyk

Ýakynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölümi we «Köýtendag» döwlet tebigy goraghanasy tarapyndan bu goraghananyň çäklerinde okuw maslahaty geçirildi. Tejribe alyşmak maksady bilen geçirilen çärä jemgyýetiň işgärleri we goraghananyň wekilleri gatnaşdylar. Şu ýyl bu goraghananyň döredilenine 35 ýyl dolýar. Ýurdumyzyň iň beýik gerşini goýnunda saklap oturan we iňňän baý ösümlik, haýwanat dünýäsi bolan Köýtendagyň tebigy baýlyklaryny goramak maksady bilen döredilen goraghanada 2000-nji ýyldan bäri ýöriteleşdirilen muzeý işläp gelýär. Okuw maslahaty öz işine, ine, şol muzeýden başlady.

Daşky gurşawy goramak we milli kanunçylyk

Zeminde howanyň üýtgemegi, ösümlikleriň we haýwanlaryň biodürlüliginiň azalmagy, daşky gurşawyň hapalanmagy, ozon gatlagynyň ýukalmagy bilen bagly global meseleleriň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamak, dünýäniň ähli döwletleri bilen daşky gurşawy goramakda hyzmatdaşlygy ýola goýmak möhüm wezipeleriň biridir. Bu meseleler boýunça dünýä möçberinde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýarym asyra golaý mundan ozal, has takygy, 1972-nji ýylda Stokgolm şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça geçirilen konferensiýasynda 5-nji iýuny Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Şondan bäri Zeminiň 100-den gowrak döwletinde her ýylyň 5-nji iýuny Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip bellenip geçilýär. Biziň ýurdumyzda hem Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp ylmy-amaly maslahatlar we medeni çäreler geçirilýär.

Ussat bagbanlaryň bäsleşigi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Diýarymyzyň çar ýany bagy-bossanlyga öwrülýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleri höweslendirmek maksady bilen, Garagum etrap häkimligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Garagum etrap birleşmesi bilelikde dürli hünär bäsleşiklerini, wagyz-nesihat duşuşyklaryny yzygiderli geçirýär. Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň we Garagum etrap häkimliginiň bilelikde guramaklarynda etrabyň bagban kärendeçileriniň gatnaşmaklarynda «Ussat bagban» ady bilen bäsleşik geçirildi. Ýylyň-ýylyna geçirilýän bagbanlaryň bäsleşigine etrabyň daýhan birleşikleri bilen şertnama baglaşyp, azyndan 2 gektar ýerde saýaly hem miweli baglary ösdürip ýetişdiren kärendeçiler gatnaşdylar.

Ýaşaýşyň we gözelligiň gözbaşy

Öňňin Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde guramagynda «Tebigat — ýaşaýşyň we gözelligiň gözbaşydyr» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen dabaraly maslahata Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň, «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamyndaky alyp barýan giň gerimli işleri hem-de tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak we olary geljekki nesillere has gözel görnüşde ýetirmek barada giňişleýin gürrüň berdiler. Dabaraly maslahatyň ahyrynda tebigaty goramak ulgamynyň işjeň agzalaryna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Tämiz tebigat — sagdyn durmuş

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ekologiýanyň arassalygy bilen baglanyşykly Diýarymyzyň çar künjeginde alnyp barylýan işler göwünlere ganat berýär. Hormatly Prezidentimiziň uzaklary nazarlaýan syýasatynyň netijesinde gojaman Hazaryň kenarynda emele gelen köpugurly şypahana zolagy täze taryhy eýýamyň nyşanyna öwrüldi. Ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň we ýörelgeleriniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we bu ugurdaky degişli kanunçylyk namalarynda kesgitlenendigi tebigatyň arassa saklanylmagyna, onuň goraglylygynyň ähmiýetine ýurt möçberinde berilýän ünsüň näderejededigini açyk görkezýär. Munuň şeýledigine biz Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 25-nji maýynda BMG-niň gazylyp alynýan senagat boýunça ýokary derejeli ählumumy forumynda eden taryhy çykyşyny diňlänimizde hem göz ýetirdik. Milletiň Lideriniň şol taryhy çykyşynda jemi içerki önümiň birligine görä, energiýa sarp edilişiniň udel agramynyň peselmegi netijesinde ugleturşy gazyň zyňyndylarynyň möçberini 2025-nji ýylda 122 göterime çenli, 2030-njy ýylda bolsa 118,1 göterime çenli azaltmagyň göz öňünde tutulýandygy barada aýdanlary tebigatyň daşky gurşawyň goraglylygy bilen baglanyşykly işleriň hemişe döwletiň üns merkezinde boljakdygynyň sub

Ekologiýa diplomatiýasy dabaralanýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň BMG-niň gazylyp alynýan senagat boýunça ýokary derejeli ählumumy forumyna sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşmagy we halkara ähmiýetli teklipleri öňe sürmegi ýurdumyzyň bütin dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge örän jogapkärli çemeleşýändigine we toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dünýäde iri serişde öndüriji ýurtlaryň biri bolan we bu ugurda öz jogapkärçiligine doly düşünýän Türkmenistan önümçilik maksatlary bilen daşky gurşawy goramak boýunça wezipeleriň arasynda deňeçerligi saklamak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýar. Uglewodorod serişdeleri özleşdirilende, täze kärhanalar gurlanda, daşky gurşawy goramak, tokaý zolaklaryny döretmek we ösdürmek, çölleşmek meýline garşy çäreleri geçirmek hökmany zerur şertleriň hatarynda durýar. Şeýle hereketler BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň ýurdumyzda ýokary derejede ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.

Ekologiýa abadançylygy — möhüm ugry

Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda tebigaty goramak, ony bagy-bossanlyga öwürmek hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak boýunça uly işler geçirilýär, degişli kanunçylyk kämilleşdirilýär. Türkmen tebigatynyň ajaýyp künjekleri döwlet goraghana çäklerinde ygtybarly goralýar. Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ulgamda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygynda işjeň orny eýelemek hem-de BMG-niň binýat goýujy tebigaty goraýyş boýunça ylalaşyklaryny tassyklamak bilen, möhüm ekologiýa meseleleriniň oňyn çözgüdine, öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine jogapkärli çemeleşýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda suw we energiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmak, çölleşmäge we topragyň zaýalanmagyna garşy göreş babatynda toplumlaýyn işler geçirilýär. Munuň özi öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, obasenagat toplumynyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek esasynda suw we oba hojalyk pudagyny okgunly ösdürmek bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýedir.

Ekologiýa howpsuzlygy babatda wajyp başlangyçlar

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň ýokary derejeli forumynda çykyş etdi 25-nji maýda milli Liderimiz «Gazyp alýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir» mowzugy bilen geçirilen ýokary derejeli ählumumy «tegelek stoluň» başyndaky maslahata gatnaşdy. Onlaýn görnüşdäki maslahaty Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş geçirdi.

Ekologiýa syýasatynyň nusgalyk keşbi

Ekoabadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklarymyza aýawly garamak Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Bu syýasat Garaşsyzlygymyzyň geçen 30 ýylynda has kämilleşdi. Döwletimiziň ekologiýa babatynda tutýan tutumlary dünýä derejesinde ykrar edilýär. Munuň özi ýurdumyzda nusgalyk ekologiýa syýasatynyň emele gelendigini görkezýär. Bu syýasat ýaşaýşymyzyň öz gözbaşyny tebigatdan alýandygy baradaky hakykat bilen sazlaşykly ýöredilýär. Ekologiýa ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlarynyň konsepsiýasynda esasy üç ugruň biridir. Mälim bolşy ýaly, Durnukly ösüş maksatlarynyň konsepsiýasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlaryny birleşdirýär. Olaryň biri-biri bilen sazlaşykly ösdürilmegi il-ýurda gowulyklary getirýär. Dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýan, bäsdeşlige ukyply, ýurdumyzyň raýatlarynyň maddy hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyny üpjün edýän döwrebap ykdysadyýetiň döredilmegi bilen durmuş we ekologiýa ugurlaryndaky görkezijiler yzygiderli ýokarlanýar. Şol bir wagtyň özünde durmuş we ekologiýa ugurlarynyň ösüşleriniň ähmiýeti biri-birinden kem däldir.

Milli liderimiziň ekologiýa syýasaty ählumumy abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir

Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny, gözelliklerini goramak, olary geljekki nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň ýöredýän il-ýurt bähbitli ynsanperwer syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we rejeli peýdalanmak, biologiki köpdürlüligi saklamak we daşky gurşawy goramak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça iri halkara we sebitara guramalary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklary ýola goýdy. Türkmenistan BMG-niň daşky gurşawy goramak baradaky örän möhüm konwensiýalaryny, maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etdi. Bu gaznanyň esasy wezipeleri Aral meselesini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmek, Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen, suwdan tygşytly peýdalanmaga we bilelikde ulanmaga, ony hapalamakdan goramaga gönükdirilendir.

Ýurdumyza, onuň tebigatyna ählihalk söýgüsiniň nyşany

22-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şanly senä — Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ählihalk ýowary geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow irden paýtagtymyzyň günortasynda Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren Arçabil we Çandybil şaýollarynyň aralygyndaky bagy-bossanlyk döredilen ýere geldi. Bu ajaýyp, döwrebap şaýollar Köpetdagyň eteginden uzalyp, Aşgabadyň kemala gelýän işewürlik merkezi bilen ajaýyp sazlaşýar.

Tebigat gözelligi — abadan ýaşaýşyň çeşmesi

Türkmen topragy ýylyň islendik paslynda gaýtalanmajak, özboluşly gözellikleri bilen haýran galdyrýar. Olary synlamagyň öz lezzeti bar. Tebigatymyzyň her paslyna mahsus aýratynlyklaryny, gözelliklerini synlan adamyň durmuşa bolan söýgüsi, buýsanjy has-da möwç urýar. Onsoň daşymyzy gurşap alan tebigy gözelligi aýawly saklamak, bu gözelligi öňküden hem baýlaşdyryp, geljekki nesillere ýetirmek babatda her birimiziň öňümizde durýan raýatlyk borç-wezipeler dogrusynda biygtyýar oýlanýarsyň. Aslynda, halkymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan tebigata nusgalyk derejede aýawly çemeleşipdir. Onuň bilen ysnyşykly, sazlaşykly ýaşamagyň kämil ýollaryny bize miras goýupdyr. Daşky gurşawy arassa saklamakda, tebigy baýlyklarymyzy aýawly, rejeli peýdalanmakda pederlerimizden miras galan durmuş ýörelgeleri muňa subutnamadyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda abadan durmuşymyzyň, milli däp-dessurlarymyzyň berk binýadyna öwrülen bu kämil ýörelgeler mazmun taýdan öňküden hem baýlaşyp, täze öwüşginlere eýe bolýar. Munuň özi umumy öýümiz bolan tebigatymyzy gorap saklamakda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirýän meseleleriň ygtybarly çözgütlerini tapmaga gönükdirilen çäreleriň netijeli bolmagynda möhüm ähmiý

Tebigata söýgi ýaş nesillerimiz üçin möhüm terbiýedir

22-nji maýda paýtagtymyzda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda şanly senä — Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ählihalk ýowary geçirildi Irden hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň günortasynda Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren Arçabil we Çandybil şaýollarynyň aralygyndaky bagy-bossanlyk döredilen ýere bardy. Bu ajaýyp, döwrebap şaýollar Köpetdagyň eteginden uzalyp, Aşgabadyň kemala gelýän işewürlik merkezi bilen ajaýyp sazlaşýar.