"Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 24-nji "A" jaýy
Telefon belgileri: (+99312) 92-18-57, 92-18-57, 92-18-41
Faks: 92-18-54

Makalalar

Saglygymyz — baş baýlygymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda halkymyzyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, amala aşyrylýan saglygy goraýyş babatdaky işleriň hatarynda keselleriň öňüni alyş, ýokanç keselleri düýbünden ýok etmek boýunça geçirilýän möhüm çäreler giň gerimde ýaýbaňlanýar. Şol tutumly işleriň hatarynda biziň ýurdumyz 2007-nji ýyldan bäri Bütindünýä immunizasiýa hepdeligine işjeň gatnaşýar. Bu bolsa ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň oňyn özgertmeleriniň biridir. Türkmenistanda ýokanç kesellere garşy immuno-öňüni alyş işleriniň guralyşy boýunça düzgünleri we kadalary Bütindünýä immunizasiýa syýasatynyň esasynda işlenilip düzüldi. Şol düzgünler boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş immunizasiýasynyň giňişleýin maksatnamasynyň talaplary we Türkmenistanda hereket edýän immuno-öňüni alyş ulgamynyň hem-de ýokanç keselleriň ýagdaýy, ulanylýan waksinalaryň netijeliligini we howpsuzlygyny gazanmak göz öňünde tutulýar. Tutuş dünýäde bellenilip geçilýän Immunizasiýa hepdeligi ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň ahyrynda ýokary derejede guralýar. Şeýle köpçülikleýin immun

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Işjeň hereketde bolup, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň! Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kadaly we sagdyn iýmitleniň. Witaminlere baý bolan önümleri kabul ediň, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý ediň, pasla görä geýniň!

Guwandyryjy hem buýsandyryjy hakykat

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly döwlet syýasatynda ynsan saglygy hakyndaky alada esasy orunda durýar. Munuň subutnamasyny saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan ägirt uly işleriň mysalynda hem-de bu ugurda gazanylýan üstünliklerde görmek bolýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bolsa şeýle üstünlikleriň berk binýadydyr. Bu maksatnamadan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, adamlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, halkymyzyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmek boýunça dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Şeýle ajaýyp döwürde saglygyňy goramakda sagdyn durmuş ýörelgelerini gündelik endige öwürmekligiň, arassaçylyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmekligiň, dogry iýmitlenmekligiň, zyýanly endiklerden daşda bolmaklygyň, sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmaklygyň ähmiýeti örän uludyr. Esasan hem, ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, arassaçylyk düzgünlerini berk  berjaý etmeli. Synaň sag, ruhuň belent bolmagy üçin, ýokarda hem belleýşimiz ýaly, sagdyn durmuş kadalaryny, sporty gündelik endige öwürmek zerurdyr. Aýratynam, ýaş nesilleri sporta we bedenterbiýä has irki ýaşlaryndan çekmek zerurdyr.

Bagtly durmuşyň sakasy

Halkyň saglygy abadan we bagtyýar durmuşyň berk binýadyny üpjün edýär. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz bu babatda öňde durýan wezipeleri döwrüň talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirmegi döwlet syýasatynyň baş maksady hökmünde öňe sürýär. Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygy barada uly aladalar edilýär. Il saglygyny goramakdaky döwletli tutumlar ýurdumyzda lukmançylyk hyzmatlarynyň ugurlaryny we hil derejesini halkara ülňülere laýyk getirmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek ýaly ugurlary öz içine alýar. Ajaýyp döwrümizde döwlet derejesinde edilýän giň gerimli aladalar ýurdumyzyň saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny okgunly ösüşe eýe etdi. Berkarar Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bina edilen, hil taýdan halkara ülňülere laýyk gelýän saglygy goraýyş edaralary, şypahanalar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, dürli sport desgalary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri şol ösüşiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda bu ýerler sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň arzyly ýerlerine öwrüldi.

Saglyk — beglik

Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp baryň, zyýanly endiklerden daşda duruň we bu babatda ösüp gelýän ýaş nesillere we ýetginjeklere görelde boluň, günüň dowamynda kompýuterlerden, smartfonlardan we planşetlerden belli bir wagtlyk peýdalanyň. Işjeň hereketde bolup, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň.

Nogsanlyklardan ägä bolmaly

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, keseliň öňüni almakda we wagtynda bejermekde uly işler durmuşa geçirilýär. Tebigatyň ýabany jandarlarynyň dişlemegi sebäpli döreýän guduzlama keseli durmuşyň nogsanlyklarynyň biri hasaplanýar. Guduzlama keseline lukmançylykda «suwdan gorkma keseli» hem diýilýär. Guduzlama ýa-da «suwdan gorkma keseli» aýratyn howply ýokanç keseldir. Ol adama, esasan-da, guduzlan itleriň we beýleki haýwanlaryň agyzlaryndaky sülekeýlerindäki kesel dörediji wiruslar arkaly geçýär. Guduzlama keseliniň başlanmagynyň esasy alamatlaryny we şol itleriň bolşunyň aýratynlyklaryny bilmek zerurdyr. Itlerde bu kesel bilen kesellemegiň gizlin döwri ýa-da inkubasion diýilýän döwri 10-15 günden 2-3 aýa we mundan-da köp aýa çekýän aralykda üýtgäp durýar, keseliň dowamlylygy bolsa adatça 3-6 güne çekýär.

Kurkumanyň peýdasy

Kurkuma — zerdeçal (Curcuma) bir ülüşliler klasynyň imbirler maşgalasyna degişli otjumak ösümlikdir. Ylymda kurkuma urugynyň 90-dan gowrak görnüşi bellidir. Häzirki döwürde olaryň kurkuma (Curcuma longa), ysly kurkuma (Curcuma aromatica), sedoariýa kurkumasy (Curcuma zedoaria) we tegelek kurkuma (Curcuma leucorrhizae) ýaly görnüşleri ýygy-ýygydan ulanylýar. Onuň boýy 90 – 100 santimetre golaý bolup, ýapraklary ýönekeý, iri we uzalan görnüşde bolýar we galyň, etlek baldakly, gülleri iki jynslydyr. Ösümligiň watany Hindistan we Gimalaý daglary hasaplanýar. Kurkuma hindi halkyna has irki döwürlerden bäri bellidir. Onuň ununy dürli tagamlar taýýarlananda ys beriji hökmünde ulanýarlar. Şeýle hem ony çaýlara we dürli sowadyjy içgilere goşýarlar. Ol süýji-kökeleri, peýniri reňklemekde giňden peýdalanylýar. Ösümligiň 7 – 10 aý bolan köklerini ýygnaýarlar we arassalap ýuwýarlar. Gün şöhlesi göni düşmeýän saýaly ýerde ösümligiň köküni 1 hepde guradýarlar. Soňra kökleri üweýärler we sary reňkli kurkuma ununy alýarlar. Tegelek kurkumadan bolsa krahmal alynýar.

Maslahat geçirildi

Welaýat «Ene mähri» merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Kararyna laýyklykda zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygyň düzgünlerini talabalaýyk berjaý etmek boýunça okuw maslahaty geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Zähmeti goramak — sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» diýen şygar esasynda geçirilen bu maslahatyň maksady işgärleriň zähmetini we olaryň saglygyna bolan hukugyny goramakdan ybarat bolup durýar. Maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň wekilleri gatnaşdylar. Myhmanlar çäräniň dowamynda zähmeti goramagy kadalaşdyrýan kanunçylyk namalary, gözükdirmeler bilen işgärleri giňişleýin tanyşdyrdylar. Şonuň ýaly-da zähmeti goramagyň kadalarynyň we düzgünleriniň, tehniki howpsuzlygyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak meseleleriniň üstünde hem durup geçdiler.

Sagdyn ýörelge — sagdyn durmuş

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu gün Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Il saglygy — ýurt baýlygy» atly çärede bu barada giňişleýin söhbet edildi. Çärä çagyrylan saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, mekdebiň mugallymlary ilaty ýaşaýşyň gözbaşy bolan arassa agyz suwy, ýokary hilli we howpsuz iýmit önümleri bilen üpjün etmek, ýokanç keselleriň öňüni almak, binalarda arassaçylyk taýdan we keselleriň ýaýramagyna garşy gözegçiligi alyp barmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, kabul edilýän oňyn çözgütler barada gürrüň berdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünliklere, bu ulgamda ornaşdyrylýan täze iş usullaryna, şeýle hem ynsan saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmek meselesiniň sagdyn durmuş ýörelgelerini üstünlikli ornaşdyrmak bilen bir hatarda alnyp barylýandygyna üns çekildi. Garaşsyz Diýarymyzda häzirkizaman sport enjamlary bilen doly üpjün edilen, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil, şähdaçyk, ruhubelent nesilleriň kemala gelmegine oňyn täsirini

Saglyk — baş baýlyk

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilýär. Bu gün milli senenamamyzda dostlugyň, parahatçylygyň, sportuň, sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde aýratyn orun tutýar. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça giň gerimli hem-de aýdyň maksatly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sagdyn jemgyýet — bagtyýar durmuş

Kaka etrap hassahanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa saglygy goraýyş işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Duşuşykda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, lukmançylyk ylymlaryny ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek babatda edilýän tagallalar barada gürrüň edildi. Ondaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, berkarar Watanymyzda gurlup, ulanylmaga berilýän täze hassahanalarda, şypahanalarda, saglyk öýlerinde we saglyk merkezlerinde ornaşdyrylýan döwrebap tehnologiýalar, lukmançylyk enjamlary näsaglara ýokary derejedäki saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri berýär. Bu zatlar ilatyň saglygyny goramak, berkitmek, keselleriň öňüni almak, bejermek babatdaky işleriň rowaçlanmagyna şert döredýär. Duşuşykda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň peýdasy dogrusynda aýdylanlar hem täsirli boldy.

Saglyk — baş baýlyk

Asuda we abadan durmuş ildeşlerimiziň her birinde kämil ýaşaýşa bolan düşünjäni berkidýär. Durmuşyň asudalygy hem-de abadanlygy ýaşaýşyň baş çeşmesidir. Durmuşyň asudalygyndan, rahatlygyndan şükürli halkymyz ýaşaýşyň esasy özenini bu gymmatlyklarda görýär. Saglyk bolsa bagtyýar ildeşlerimiziň durmuşy bilen baglydyr. Biziň saglyk diýlen düşünjäni bagtyýar durmuşymyz bilen baglamagymyz ýöne ýere däldir. Saglykly hem bagtly ýaşaýşymyzyň gözbaşynda halkyň abadanlygy, asudalygy bardyr. Bu bagtyýarlygy irden sag-aman ören raýatlarymyzyň işe, okuwa, mekdebe we çagalar bagyna batly we bagtly gadamlary bilen baryşlarynda görüp bilýäris. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ynsan saglygy hakyndaky başlangyçlary esasynda saglyk binalarynyň gurulmagy häzirki döwürde hem dowam etdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkyň saglygy we ýaşlaryň gujur-gaýratly bolmaklary üçin diýseň uly tagallalary edýär. Munuň şeýledigine saglyk we sport desgalarynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýe­tin­de sag­dyn­lyk ýö­rel­ge­si

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Gün­do­ga­ryň be­ýik şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gin­de, pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan dür­dä­ne goş­gu­la­ryn­da wa­tan­sö­ýü­ji­lik, dost-do­gan­lyk, mert­lik, ag­zy­bir­lik, gaý­duw­syz­lyk, päk söý­gi, ah­lak-ter­bi­ýe, öwüt-ün­dew, leb­zi­ha­lal­lyk, yn­san­per­wer­lik ýa­ly ide­ýa­lar öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Onuň şa­hy­ra­na dün­ýä­si müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len türk­men pel­se­pe­si­ne, kal­by­nyň owa­zy­na öw­rül­di. Akyl­dar şa­hy­ryň paý­has­ly se­tir­le­ri ýaş nes­le eg­sil­mez ynam, ru­hy güýç-kuw­wat ber­ýär. Şa­hy­ryň goş­gu­la­ry hä­zir­ki gün­le­ri­miz­de hem döw­re­bap, joş­gun­ly, ruh­lan­dy­ry­jy bo­lup ýaň­lan­ýar. Mag­tym­gu­ly­nyň akyl-paý­has­yn­dan dö­rän dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si­niň bol­sa bir bö­le­gi­ni sag­dyn­lyk, sa­gat­lyk, be­den tä­miz­li­gi ba­ra­da­ky şy­gyr­la­ry tut­ýar.

Sag­lyk hak­da söz aç­saň...

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Bir ada­myň sag­ly­gy ha­kyn­da ala­da et­mek bir maş­ga­la­nyň sag­ly­gy ha­kyn­da ala­da et­mekdir. Bir maş­ga­la­nyň sag­ly­gy ha­kyn­da ala­da et­mek bir oba ýa şä­her ila­ty­nyň sag­ly­gy ha­kyn­da ala­da et­mekdir. Bir oba ýa şä­her ila­ty­nyň sag­ly­gy ha­kyn­da ala­da et­mek bol­sa, tu­tuş hal­kyň, jem­gy­ýe­tiň sag­ly­gy ha­kyn­da ala­da et­mek­dir. Eger-de tu­tuş bir halk sag­dyn bol­sa, el­bet­de, mun­dan dün­ýä ýü­zü­niň gö­rel­de al­ja­gy ikuç­suz. Hä­zir­ki wagt­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Lideri Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len ýo­la goý­lan, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan bir­kem­siz dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň» çäk­le­rin­de hal­ky­my­zyň ara­syn­da ila­tyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem bu aý­dan­la­ry­my­za buý­sanç­ly my­sal­dyr.

Suwda ýüzmegiň ynsan saglygyna täsiri

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Suw­da ýüz­mek diý­len­de, sportuň görnüşi göz öňüne gelse-de, suw­da ýüz­mek — bu gö­wün aç­mak we güý­men­je ýaly dü­şün­jeleri-de öz içine alýar. Suw­da ýüz­mek, il­ki bi­len, he­re­ket­li oýun­dyr. Tür­gen özi bil­mez­den, ýüzüşiň do­wa­myn­da kän ener­gi­ýa­ sarp ed­ýär. Kim ag­ra­my­ny aý­ra­sy gel­se, myş­sa we ýü­rek-da­mar ul­ga­my­ny kadalaşdyrmak is­le­se, şeýle ýagdaýlarda luk­man­lar suw­da ýüz­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, adam suw­da ýüz­mek ar­ka­ly sag­ly­gy bi­len bag­ly bir­to­par ýü­ze çyk­jak ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­ýar.

Sagdynlyk — bagtyýarlyk (Buýsançly köňülleriň kelamy)

Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki degişli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Degişli düzümler döwrebaplaşdyrylyp, halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk, sport maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär.

Sag başym — soltan başym

Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, saglygy goraýşy, derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ildeşlerimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, saglygyny dikeltmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, saglygymyzy berkitmek biziň özümize baglydyr. Ýöremek

Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet

Sagdyn jemgyýeti sagdyn nesiller gurýarlar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Köp sanly döwrebap saglygy goraýyş edaralarynda, şypahana-dynç alyş merkezlerinde raýatlaryň saglygyny goramak hem-de berkitmek babatda taýsyz tagallalar edilýär. Jemgyýetde, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda sporty wagyz etmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Lukman Arkadagymyz sagdyn enelerden sagdyn perzentleriň dünýä inýändigini aýratyn nygtaýar. Şu babatda ýurdumyzda «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa hereket edýär. Oňa laýyklykda, Diýarymyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrunda alnyp barylýan işler guwandyryjy netijelere beslenýär. Sagdyn nesiller kemala gelýär, maşgalalaryň abadançylygy has-da berkidilýär. Maşgala bolsa jemgyýetiň bir ülşüdir. Sagdyn maşgalalar bilelikde hemmetaraplaýyn kämil jemgyýeti düzýärler. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda raýatlaryň eşretli ýaşaýşy, her

«Saglygyň gadryny bilgil...»

- Witamin С — askorbin turşusyna baý önümlerini kabul ediň! - Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanyň!

Saglygym — baş baýlygym

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda adam we onuň saglygy döwletiň iň gymmatly baýlygy hasaplanylýar. Ajaýyp zamanamyzda milli saglygy goraýyş ulgamynda uly ösüşler gazanyldy.Bu ugurda kabul edilen maksatnamalara laýyklykda keselleriň öňüni almakda, halkyň saglygyny goramakda, ynsan ömrüni uzaltmak babatda ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Gün-günden bedew batly ösüşlere eýe bolýan ata Watanymyzda ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün etmäge niýetlenen binalardyr desgalaryň üstüniň ýetirilip durulmagy halkymyzyň saglygyny berkitmekde zerur şertleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Saglygyň berk goraglylygyny üpjün etmek her bir ynsanyň saglygynyň we sagdynlygynyň girewidir. Şahsy arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek, dynç almak bilen işi sazlaşykly utgaşdyrmak, dogry iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, sport bilen meşgullanmak kesellerden goranyp, saglygymyzy berkitmegiň iň ygtybarly ýoludyr. Arassa howada gezim etmek, suwda ýüzmek, welosiped sürmek ýaly çäreler hem bedenimizi berkitmekde we saglygymyzy goramakda uly ähmiýete eýedir.