"Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 24-nji "A" jaýy
Telefon belgileri: (+99312) 92-18-57, 92-18-57, 92-18-41
Faks: 92-18-54

Makalalar

Infarktyň öňüni alyp bolýandyr

Bedene suw ýetmezçilik edende...

Suw adam, şol sanda çaga bedeniniň ýaşaýşyny üpjün edýän möhüm serişdeleriň biridir. Suwsuz ýaşaýyş mümkin däldir. Çaga bedeni suw we suw çalşygy babatda, ulularyňkydan birnäçe aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Olar, esasan-da, şular: çaga bedeniniň köp bölegi suwdan ybarat, şeýle-de çaga, näçe ýaş bolsa, şonça-da bedeniniň köp bölegi suwdan durýar. Çaga bedeninde suw molekulalary uzak saklanmaýar, ýagny olar ortaça 4-5 gün saklanýar, şol bir wagtyň özünde uly adamlaryň bedeninde suw molekulasy 10-15 gün saklanýar. Bu aýratynlyklar çaga bedeninde suw çalşygynyň has çalt geçýändigini alamatlandyrýar, netijede bolsa, bu babatda islendik bozulmalaryň, ýagny bedende suwuň ýetmezçiliginiň ýa-da onuň artykmaçlygynyň agyr ýagdaýa getirýändigini görkezýär.

Kislorod bilen baýlaşdyryjy bejergi

Adam bedenini kislorod bilen üpjün etmegiň iň ýokary netijeli usuly — giperbariki oksigenasiýa (GBO), ýönekeýleşdirilip aýdylanda oksigenobaroterapiýa XIX asyryň ortasynda käbir ýurtlaryň lukmançylygynda ulanylyp başlanylýar we XX asyra çenli köp döwletleriň lukmanlarynyň iş tejribesine girizilýär. Bu usul biziň ýurdumyzda hem üstünlikli ulanylýar. Biziň merkezimizde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýasynyň önümi bolan, iň döwrebap tilsimatlar boýunça ýasalan barokamera syrkawlara hyzmat edýär. Giň meýdanly bu barokamera şol bir wagtda näsaglaryň altysyna rahat oturyp, bejergi almaga, bejerişiň geçirilýän wagtynda kino, konserte tomaşa etmäge, saz diňlemäge mümkinçilik berýän oňaýly kürsüler hem-de telewizor bilen üpjün edilendir.

Semizlik

Semizlik — bu bedende ýag dokumasynyň artykmaç toplanmagy bolup, özbaşdak ýa-da dürli keselleriň esasynda ýüze çykýan keseldir. Semizlik süýjüli diabet, howply çişiň käbir görnüşleri, önelge ulgamynyň işiniň bozulmagy ýaly agyr keseller bilen bile geçip, ýürek-damar keselleriniň döremeginde esasy sebäpleriň biri bolup durýar. Semiz adamlarda süýjüli diabet, iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleri, howply täze döremeler ýygy duş gelýär. Şeýlelikde, semizlik, ýagny artyk agramlylyk näsaglaryň gündelik ýaşaýşynyň hiliniň erbetleşmegine, ömrüniň dowamlylygynyň gysgalmagyna getirýär.

Her damjasy şypaly suw

Ýeriň çuňlugyndan çykýan gyzgyn ýa-da ýyly mineral suwlaryň bejeriji häsiýetleri irki döwürlerden bäri mälimdir. Köplenç, bu tebigy guýularyň suwlary ynsan saglygy üçin peýdaly dürli minerallara baý bolýar. Ýerden çykýan suwlaryň gyzgynlygynyň dürli derejede bolmagynyň sebäpleriniň biri-de olaryň çuňluklardan syzylyp gaýdýanlygydyr. Dünýäde şeýle suwlaryň gyzgynlygynyň 97 derejä ýetýänleri hem bar.

Näme üçin öňüni alyş sanjymy edilýär?

Güýz paslynda möwsümleýin wiruslaryň döredýän kesellerinden has köp duş gelýäni ýiti respirator wirusly ýokançlar we dümewdir. Bu kesellere garşy göreş immuniteti pugtalandyrmak, näsaglar bilen durmuş galtaşyklaryny çäklendirmek, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, ýaşaýyş üçin derwaýys maddalara baý önümler bilen iýmitlenmek, hereket işjeňligini saklamak, umuman, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşamak, öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek boýunça çäreleri öz içine alýar. Keselleriň öňüni alyş sanjymlary immunitetiň ýokançlara durnuklylygyny, kesel dörände bolsa oňa garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Halk köpçüliginiň arasynda: «Immuniteti berk bolan adamlar kesellemeýärler» diýen pikir ýörgünli. Başda-da bellenilişi ýaly, immunitetiň berk bolmagy bedeniň kesellerden goraglylygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ýöne munuň özi berk immunitetli adamlara wiruslaryň ýokuşmaýandygyny aňlatmaýar. Kesel dörediji mikroorganizmler howa-damja ýoly, şeýle-de näsag hem-de onuň ulanan zatlary bilen durmuş galtaşyklary arkaly islendik adamyň bedenine aralaşyp, kesel döredip bilýärler.

Il saglygy – ýurt baýlygy

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyny giňden bellemek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Her ýylda bolşy ýaly, şu ýyl hem bu şanly sene mynasybetli birnäçe iri çäreler geçirildi. Paýtagtymyzda gurlup, ulanylmaga berlen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary şol çäreleriň esasylarynyň biri boldy. Bu dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Gymmatly gollanma

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramaga, lukmançylygy ösdürmäge hemmetaraplaýyn üns berlip, bu ugurda amala aşyrylýan işler toplumlaýyn häsiýete eýe bolýar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň halkymyza gowuşmagy-da munuň aýdyň subutnamasyna öwrülen şanly waka boldy. Milli Liderimiziň türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler hem-de milli fitoterapiýa baradaky ylmy-ensiklopedik işi ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan hünärmenler, şol sanda bu ugurdan bilim alýan talyplar üçin hem gymmatly gollanmadyr. Sahawatly türkmen topragynyň dermanlyk häsiýetleri özünde jemleýän, dürli keselleri bejermekde peýdalanylýan ösümliklere baýdygy asyrlarboýy mälimdir. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň üsti bilen ýurdumyzyň dermanlyk tebigy gorunyň bejerijilik häsiýetlerini, halk lukmançylygynda we ylmy taýdan peýdalanylyşyny, dermanlyk ösümlikler arkaly näsaglary bejermegiň aýratynlyklaryny açyp görkezýär. Dermanlyk otlaryň ýüzlerçe görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň, miweleriniň häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş okyjylary türkmen halkynyň lukmançylyk ylmyna uly goşant goşma

Sagdyn iýmitlenmegi ündedik

Ata Watanymyzyň her bir raýatynyň jan saglygy ähli zatdan ileri tutulýar. Olaryň sagdyn iýmitlenmekleri, medeniýetli dynç almaklary bolsa iň zerur zatlaryň biridir. Munuň şeýledigini biz Türkmenabat şäherindäki edara-kärhanalaryň zähmet toparlarynyň arasynda bolanymyzda we hassahanamyza ýüz tutýan ildeşlerimiz bilen söhbetdeş bolanymyzda birin-birin düşündirýäris. Ýakynda hassahanamyzda bejergi alýan ildeşlerimiziň arasynda «Sagdyn iýmitlenmek ömrüňize ömür goşar» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdik. Hassahananyň bu ugurdan tejribesi ýetik lukmanlary bejergi alýan raýatlara sagdyn iýmitlenmek, beden saglygyny goramak dogrusynda degerli maslahatlaryny berdiler.

Sanjymlar ― saglygyň girewi

Soňky ýyllarda ýurdumyzda sanjym etmekde ägirt uly öňegidişlikler gazanyldy. Bu bolsa immunizasiýanyň derejesini ýokarlandyryp, ynsan saglygyny goramakda möhüm ädimdir. Etrabymyzdaky orta mekdeplerde bilim alýan 9 ýaşly oglan-gyzlara adamyň papilloma wirusyna garşy ýörite meýilnama laýyklykda sanjymlary üstünlikli amala aşyrdyk. Bu sanjym arasy 6 aýdan iki sapar mugt görnüşinde geçirilýär. Ýeri gelende, 2016-njy ýylda bu sanjymyň ýörite meýilnama girizilendigini belläp geçmek möhümdir. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyndan maslahat berlişi ýaly, bu sanjym bedeniň papilloma ýokanjyna garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Ol rekombinant tehnologiýasy esasynda taýýarlanylýar we adam üçin zyýansyzdyr.

Möwsümleýin kesellerden ägä bolalyň!

Möwsümleýin ýiti respirator keseller ýokanç bolup, adamda gyzgynyň ýokary galmagy, kellagyry, beden-bogun agyrylary, ysgynsyzlyk, üsgülewik, burun dykylma, bokurdagyň gysylmagy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Töweregiňdäkilere ýokuşdyrmazlyk üçin keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykandan, lukmana ýüz tutmaly. Keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin näsag aýry otagda bolmaly. Näsag tiz-tizden gyzgyn çaý we derman otlaryndan taýýarlanan içgileri içmeli.

Saglygy goramagyň hukuk binýady

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly eserinde döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň takyk ugruny kesgitlemek bilen: «Milletiň saglygy özünde jemgyýet we döwlet üçin esasy serişdäni hem-de hakyky gymmatlygy jemleýär» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýola goýlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda adam saglygy hakynda edilýän alada ýurdumyzda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, parasatly başlangyjy bilen eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmekde düýpli işler amala aşyrylýar.

Milli fitoterapiýanyň ylmy beýany

Häzirki döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky durmuşa ornaşdyrylýan ähli özgertmeler halkymyzyň saglygyny gorap saklamak bilen berk baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň on altynjy jildi hem saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine uly sowgat boldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edilen bu ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde geçirilip, bu düýpli ylmy işiň XVI jildiniň neşir edilmeginiň diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin däl-de, eýsem, giň okyjylar köpçüligi üçin hem ajaýyp sowgatdygy bellenildi. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler, dünýäniň birnäçe dillerine terjime edilen bu ylmy işiň lukmanlaryň güneşli Diýarymyzyň dermanlyk ösümliklerini peýdalanyp, näsaglary bejermek, keselleriň öňüni almak, şeýle-de asyrdan-asyra geçip gelýän ata-babalarymyzyň baý lukmançylyk mirasy bilen gyzyklanmasyny dowam etdirmäge giň mümkinçilik berýändigini bellediler.

Halkara merkezler halkyň hyzmatynda

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde öňde goýlan wezipeler, ýagny ilatyň saglygyny goramak ugrunda iş alyp barýan saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde belent sepgitlere ýetildi. Şeýlelikde, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň esasy wezipeleri, ilkinji nobatda, adamlaryň saglygyny berkitmekden we keselleriň öňüni almakdan, saglygy goraýyş ulgamyny döwletiň we jemgyýetiň ösüşine laýyklykda ösdürmekden ybarat bolup durýar. Şonuň üçin ilata hödürlenýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, ilatyň saglygyny goramak we keselleriň öňüni almak işlerini has-da öňe ilerletmek, hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejelerini kämilleşdirmek, ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny berkitmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan barlaglary geçirmek wajyp bolup durýar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzyň merkezinde gurlup ulanylmaga berlen 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi ylmyň

Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşli menzilleri

Taryhy wakalara, şanly senelere baý bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da dünýäniň ösen döwletleri, iri halkara guramalary bilen alyp barýan gatnaşyklarymyzyň yzygiderli pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi hem milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeler strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, onuň düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, innowasion tehnologiýalaryň, iň gowy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagyna, lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegine, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ugurdaş öňdebaryjy merkezler bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanda ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna amatly şertleri döretmäge gönükdirilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek bilen bir hatarda, anyklaýyş we öz wagtynda dogry bejeriş işine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Diýarymyzyň

Saglyk sahawaty

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyny goýan, hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirýän döwlet syýasatynda halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy bilen bagly mesele ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Saglygy goraýyş ulgamynda halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän, elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Milli saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan, ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürilýän önümler bu günki gün dünýä bazarlarynda hem uly orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenabat şäherinde buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän döwrebap kärhananyň gurlup, işe girizilmegi hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň işiniň barha kämilleşdirilýändigini görkezýär. Şonuň bilen birlikde keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň milli saglygy goraýyş ulgamyna giňden ornaşdyrylýandygyny subut edýär.

Durmuş gymmatlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar Diýarymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzda ösen, döwrebap milli saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi. Maksatnamada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, saglygy goraýyş-anyklaýyş, bejeriş-dikeldiş we şypahana-dynç alyş düzümleri döredilip, olaryň dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän döwrebap binalary gurlup ulanmaga berildi. Golaýda, ýagny ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda iň täze tehnologiýalar ornaşdyrylan, döwrebap 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açyldy. Bu, elbetde, ähli halkymyz üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Pederlerimiz hem «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Bar zadyň sakasy saglyk» ýaly pähimleri döred

Döwrebap binalaryň ýalkymy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow:— Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny innowasion ösüş ýoluna gönükdirmek, dünýä ylmynyň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmak Türkmenistanyň bu ugurda durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. 9-njy oktýabrda paýtagtymyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary boldy. Bu dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Hem ýokumly hem şypaly

Hünärmenler ynsan saglygyna ýetirýän oňyn täsiri babatda şüläniň dürli görnüşini aýratyn orunda goýýarlar. Sebäbi şüleler adama gurp bermek bilen birlikde onuň bedenini zäherli maddalardan arassalamakda hem haýyrlydyr. Şeýle peýdaly iýmitleriň biri-de süle ýarmasyndan taýýarlanylýan şüledir. Süle ýarmasy A, E we C ýokumlaryna baý bolup, iýmit siňdirişi, ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyrýar, nemli bardalary goraýar. Eremeýän kletçatkalar içegeleriň goraglylygyny güýçlendirip, zäherli maddalary çykarmaga ýardam berýär.

Gymmaty egsilmejek hazyna

Milli fitoterapiýanyň ylmy esaslary Halk tebipçiliginde möhüm ähmiýete eýe bolan dermanlyk ösümlikleriň durmuşymyzda ýygy-ýygydan ulanylýandygyny bellemelidiris. Türkmen halkynyň Milli Lideri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň nobatdaky jildiniň neşir edilmegi ähli ildeşlerimizde çäksiz hoşallyk duýgusyny döretdi. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň köp jiltli ylmy eserinde türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, halk lukmançylygynda ony giňden ulanmagyň mümkinçilikleri dogrusynda giňişleýin beýan edilýär.