Hormatly Prezidentimiziň «ÄNEW — MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET» atly kitabyndan:
Adamzadyň ajaýyp geljegini bilelikde gurmak üçin täze-täze pikir-taglymatlary öňe sürmek — biziň döwletimize, Gahryman Arkadagymyza mahsus ýörelge. Ol ata-baba asylly ýolumyzyň döwrebap dowamaty. Çünki ýaşaýyş hemişe täze başlangyçlaryň, täzeçe pikirleriň muşdagy. Dünýäniň iň uly genji-hazynalarynyň biri — pikir. Täze pikirler, täzeçe pikirlenmeler täze gözýetimleri açýar, täze mümkinçilikleri döredýär. Bu babatda döwletimizde uzak geljegi nazarlaýan beýik başlangyçlardyr pikir-garaýyşlara has uly ähmiýet berilýär. Şonuň üçinem bu toprakda bolýan her bir waka dünýäniň ykbalyna täsirini ýetirip bilýär. Hut şonuň üçinem, Eziz Diýarymyz dünýäniň üns merkezinde — dünýäniň merkezinde! Pikirler, düşünjeler, garaýyşlar, taryhy we ylmy maglumatlar biri-biriniň üstüni ýetirip, biziň bereketli we derejeli döwletde, bagtyýar we beýik döwürde, topragy mukaddes Watanda ýaşaýandygymyzy ýene bir ýola tassyklaýar. Ýaşaýşyň bir täsin hakykaty bar: Gowy zatlaryň gürrüňini etmek hemmelerde gowy täsirleri galdyrýar. Gözel pikirler gözel düşünjeleri oýarýar. Ajaýyp söhbetleri köp diňledigiňçe, diňe ajaýyplyklar bilen gurşalýarsyň. Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň.