"Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 24-nji "A" jaýy
Telefon belgileri: (+99312) 92-18-57, 92-18-57, 92-18-41
Faks: 92-18-54

Makalalar

Gyzykly küşt bäsleşigi

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi şatlykly, şowhunly günler bilen dowam edýär. Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýaş nesilleriň wagtlaryny şadyýan hem-de peýdaly geçirmekleri üçin täsirli çäreler yzygiderli guralýar. Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Bagtyýar çagalyk» ady bilen sportuň küşt görnüşi boýunça geçiren bäsleşigimizem gyzykly boldy. Çagalaryň höwes bilen gatnaşmaklarynda geçen ýaryşda tapawutlananlara  ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Üstünlik hemraňyz bolsun!

22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde «Hemmeler üçin açyk oýunlar» şygary bilen geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabarada Türk­me­nis­ta­nyň Bedenterbiýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­, Mag­tym­gu­ly adyndaky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy­ çykyş edip, milli ýygyndy toparymyzyň türgenlerine şowly çykyş edip, Watanymyzyň ýaşyl Tuguny belentde parladyp, ýeňiş bilen dolanyp gelmekleri arzuw etdiler. Olim­piýa oýunlaryn­da agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ra emin­lik et­jek Türk­me­nis­ta­nyň Agyr at­le­ti­ka federasiýasy­nyň baş kä­ti­bi Ça­ry Mäm­me­dow hem-de ýur­du­my­zyň mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag

Türkmen türgenleri Parižde gyzgyn garşylanyldy

Düýn Parižiň Şarl de Goll adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan sport wekiliýetini garşylamak dabarasy boldy. Bu ýere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň diplomatlary, Pariž Olimpiadasynyň guramaçylyk komitetiniň wekilleri, meýletinçiler we beýleki adamlar ýygnandylar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny göterip gelen meýletinçileriň uzyn hatarynyň öňünden geçen olimpiýaçy türgenlerimiziň dabaraly garşylanylmagy tolgundyryjy duýgulary döretdi. Wekiliýet agzalaryna duz-çörek hödürlenilip, öňde boljak iri sport baýramçylygynda üstünlikler arzuw edildi.

Ösüşleriň mekany

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekany hökmünde Ýer ýüzünde uly meşhurlyga, şan-şöhrata eýedir. Ýurdumyzda saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde gazanylýan üstünlikler berkarar Watanymyzyň dünýädäki ornuny yzygiderli berkidip, jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň barha rowaçlanmagyna itergi bolýar. Bu zatlar raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň sazlaşykly ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri saglyk merkezleri, sport toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Ak mermerli paýtagtymyzda hereket edýän Olimpiýa şäherçesiniň, Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar. Munuň özi halkymyzyň sagdynlygy we bagtyýarlygy ugrundaky taýsyz tagallalaryň güwäsi bolup durýar.

Türgenlerimize belent ynam

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Sport ulgamy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde dünýä derejesinde ösdürilýär. Gözel paýtagtymyz ak mermerli Aşgabadyň görküne görk goşýan, sebitde deňi-taýy bolmadyk, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Olimpiýa şäherçesi guruldy. Ýurdumyzda türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlarynda mynasyp çykyş edip, Döwlet tugumyzy belentde parlatmagy üçin ähli şertler döredildi». Ösüş-özgertmelere beslenen taryhy döwrümizde bu ugurda edilýän tagallalar berkarar Watanymyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekany hökmündäki şan-şöhratyny has-da belende göterýär. Üstümizdäki ýylyň maýynda paýtagtymyzda geçen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäherini Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdiň kabul edilmegi hem ýönelige däl. Çünki ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun alan Aşgabat dünýä derejeli sport desgalarynyň, iri sport toplumlarynyň jemlenen şäheridir. Munuň özi sebitiň sport merkezi hökmünde ykrar edilen Aşgabadyň giň sport mümkinçiliklerine eýedigini görkezýär.

Türgenlerimize ynamymyz uludyr

Halkymyzda döwletli işleriň başy başlananda, uzak ýola sapara gidilende birek-birege iň ýagşy arzuwlary aýtmak däbi gadymdan gelýän ýörelgeleriň biridir. Ynha, 22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy hem şeýle ýörelgeleriň döwrebap dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Her dört ýyldan bir gezek guralýan bu giň gerimli sport ýaryşlary Ýer ýüzüniň ähli künjeginden sport dünýäsiniň iň gowy wekillerini bir ýere jemleýär.

Halkara derejeli sport ýaryşlary — täze üstünliklere badalga

22-nji iýulda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryny XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenýär. Bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegine, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilmegine, şeýle-de sport boýunça halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine döwletimizde uly ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 22-nji iýulynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryny şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Aşgabatda «Olimpiada — 2024-e» gatnaşýan türgenleri ugratmak dabarasy geçirildi

22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda 26-njy iýul – 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Her dört ýyldan bir gezek guralýan bu giň gerimli sport ýaryşlary Ýer ýüzüniň ähli künjeginden sport dünýäsiniň iň gowy wekillerini bir ýere jemleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň halkara sport abraýyny belende götermek, Parižde geçiriljek Olimpiadada türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmekleri üçin hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Kararlara gol çekdi. Olara laýyklykda, milli ýygyndy toparymyzy XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça maksatnama işlenip taýýarlanyldy hem-de guramaçylyk komiteti döredildi.

«Bagtyýar nesildäki» sport ýaryşlary

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň tomusky dynç alyş möwsüminiň guramaçylykly dowam edýän günlerinde welaýatymyzyň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dürli sport ýaryşlary geçirilýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat we şäher komitetleriniň guramagynda «Sagdyn nesil – kuwwatly Watan» ady bilen geçirilen sport ýaryşlary ýokary ruhubelentlige beslendi. Merkeziň sport meýdançasynda sportuň kiçi futbol, basketbol, woleýbol görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlarda bagtyýar nesiller toparlara bölünip, özara ýaryşdylar. Ýaryşlaryň dowamynda merkezde dynç alýan çagalar özleriniň sporta bolan höwesini açyp görkezdiler. «Şatlyk» hem-de  «Şowhun» toparlarynyň arasynda geçirilen ýaryşlarda jemi utuk sany boýunça «Şowhun» topary ýeňiş gazandy. Merkeziň oýun zalynda geçirilen sport çärelerine bagtyýar çagalar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Sport ýaryşlaryna we çärelerine işjeň gatnaşan çagalara TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Welaýatymyzyň açyk çempionaty

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni ösdürmek, wagyz etmek boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň türgenleri döwlet we halkara derejede geçirilýän dürli sport ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Golaýda Köneürgenç etrabynyň 2-nji sport mekdebinde sportuň uşu görnüşi boýunça welaýatymyzyň açyk çempionatynyň geçirilmegi-de türgenleriň sport ussatlyklaryny artdyrmaklaryna uly mümkinçilik berip, sportuň bu görnüşini wagyz etmekde, ösdürmekde uly ähmiýete eýe boldy. Bu ýaryşa ýurdumyzyň ähli künjeginden 2007-2014-nji ýylda doglan ýaş ýetginjekler gatnaşdylar. Örän çekeleşikli geçen ýaryşda ýaş türgenler öz ussatlyklaryny görkezdiler. Ýeňijilere etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň  adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Aşgabatda “Olimpiada — 2024-e” gatnaşýan türgenleri ugratmak dabarasy geçirildi

22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Her dört ýyldan bir gezek guralýan bu giň gerimli sport ýaryşlary Ýer ýüzüniň ähli künjeginden sport dünýäsiniň iň gowy wekillerini bir ýere jemleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň halkara sport abraýyny belende götermek, Parižde geçiriljek Olimpiadada türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmekleri üçin hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Kararlara gol çekdi. Olara laýyklykda, milli ýygyndy toparymyzy XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça maksatnama işlenip taýýarlanyldy hem-de guramaçylyk komiteti döredildi.

Aşgabatda “Olimpiada — 2024-e” gatnaşýan türgenleri ugratmak dabarasy geçirildi

Aşgabat, 22-nji iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Her dört ýyldan bir gezek guralýan bu giň gerimli sport ýaryşlary Ýer ýüzüniň ähli künjeginden sport dünýäsiniň iň gowy wekillerini bir ýere jemleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň halkara sport abraýyny belende götermek, Parižde geçiriljek Olimpiadada türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmekleri üçin hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Kararlara gol çekdi. Olara laýyklykda, milli ýygyndy toparymyzy XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça maksatnama işlenip taýýarlanyldy hem-de guramaçylyk komiteti döredildi.

Aşgabatda “Olimpiada — 2024-e” gatnaşýan türgenleri ugratmak dabarasy geçirildi

Aşgabat, 22-nji iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Her dört ýyldan bir gezek guralýan bu giň gerimli sport ýaryşlary Ýer ýüzüniň ähli künjeginden sport dünýäsiniň iň gowy wekillerini bir ýere jemleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň halkara sport abraýyny belende götermek, Parižde geçiriljek Olimpiadada türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmekleri üçin hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Kararlara gol çekdi. Olara laýyklykda, milli ýygyndy toparymyzy XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça maksatnama işlenip taýýarlanyldy hem-de guramaçylyk komiteti döredildi.

Sport ýurdundan sport baýramyna!

Islendik döwürde geçirilen Olimpiadalaryň çempionlary-da hemişe häzirki zaman işligi ulanylyp ýatlanýar. 100 ýyl mundan ozal geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň çempiony hakynda gürrüň edilende hem, onuň ady geçen zaman işliginde agzalmaýar. Olaryň atlarynyň öňüne «ozalky» sözi goşulman, «Olimpiýa çempiony» diýlip aýdylýar.«Mydama häzirki zamanda ýaşamak» diýmek hemişelik mertebä eýe bolmak dälmi näme?! Elbetde, şeýle. Hut şonuň üçin hem Olimpiadalar hemişe adamzadyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Olimpiýa oýunlary bolsa 1896-njy ýyldan bäri her dört ýyldan bir gezek geçirilip gelinýär. Ýer şarynyň sport baýramyny taryhda 3-nji gezek özünde geçirmek häzirki zamanyň Olimpiadalaryny gaýtadan dikelden Pýer de Kuberteniň Watany Fransiýanyň paýtagtynyň paýyna düşdi. Fransiýanyň Olimpiýa oýunlaryny ilkinji gezek 1924-nji ýylda kabul edendigini hasaba alsaň, onda bu gezekki oýunlar şol wakanyň bir asyrlyk şanly senesi bilen dabaralanar. Aprel aýynda Gresiýada Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň ýakylmagy bilen, şol alawy «Belem» gämisinde Marsel şäherine alyp gaýtdylar. Ortaýer deňziniň üsti bilen Marsele gelen «Belemiň» häzirki zamanyň 1-nji tomusky Olimpiýa oýunlary bilen ýaşytdaşdygy üçin fransuzlar şol gämini alawy Fransiýa getirmek üçin

Nebitgazçy türgenleriň üstünligi

2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň TNGIZT-niň Medeni-sport toplumynyň erkin göreş boýunça türgenleri, Türkmenistanyň erkin göreş boýunça ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Afis Weliýewiň taýýarlamagynda, iýul aýynyň 5 — 7-si aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde birnäçe döwletiň gatnaşmagynda «Kaýrat Buhanow» ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen erkin göreş boýunça ýaryşa gatnaşdylar. Bu halkara ýaryşda «Türkmennebit» döwlet konserniniň TNGIZT-niň Medeni-sport toplumynyň erkin göreşçileri ýokary derejede çykyş etdiler, ýagny türgenler Döwletgeldi Talypow 65 kilogram, Namil Guseýnow 92 kilogram agramda kümüş medallary, Wasiliý Okunew bolsa 92 kilogram agramda bürünç medaly gazanyp, ata Watanymyz Türkmenistan döwletimiziň ýaşyl baýdagyny al-asmanda parlatdylar. Mundan başga-da, «Türkmennebit» döwlet konserniniň TNGIZT-niň Medeni-sport toplumynyň kiçi futbol boýunça topary iýun aýynyň 20 — 25-i aralygynda Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesinde futzal boýunça geçirilen ýaryşda tälimçi Aşyrmämmet Ödekowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli çykyş edip, futzal boýunça Balkan welaýatynyň çempiony diýen ada eýe boldy.

Türgenleri Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi

Düýn paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde ýurdumyzyň ýygyndy toparyny Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi. Oňa jemgyýetçilik birleşikleriniň, Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň ýolbaşçylary, talyplar gatnaşdy. XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlary 26-njy iýuldan — 11-nji awgust aralygynda geçiriler. Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň türgenleri sportuň dzýudo, agyr atletika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek görnüşleri boýunça öz ussatlygyny görkezerler. Hormatly Prezidentimiziň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna iberen Gutlagy hemmelerde uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Gutlagda döwlet Baştutanymyz milli sportuň ösen ulgamynyň kemala gelýän döwründe döwletimiziň sport abraýyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz. Siziň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belentde parlatjakdygyňyza berk ynanýaryn di

Türgenlerimize üstünlik arzuw edýäris

Hormatly Prezidentimiziň 19-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjakdygy barada aýdylmagy bizde buýsançly duýgularyny döretdi. Türkmen türgenleriniň soňky ýyllarda halkara ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, Watanymyzyň sport abraýyny gazanýan üstünlikleri bilen belende götermegi halkymyzda gyzgyn seslenme döredýär. Bu zatlaryň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen sportuny ösdürmek bilen bagly başyny başlan başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilip, oňyn miwesini berýändigi baradaky hakykat dabaralanýar.

Ak arzuwlar bilen arzyly oýunlara

Dörtýyllygyň iň möhüm sport baýramçylygy hasaplanýan Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp, ýurdunyň abraýyny goramak her bir türgeniň arzuwydyr. Düýn — 22-nji iýulda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy hem bu hakykaty äşgär etdi. Dabara hormatly Prezidentimiziň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Gutlagda milli sportuň ösen ulgamynyň kemala gelýän döwründe döwletimiziň sport abraýyny ýokarlandyrmagyň, ilkinji nobatda, olimpiýaçylaryň paýyna düşýändigi bellenilýär. Şeýle hem türkmen olimpiýaçylarynyň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belentde parlatjakdygyna berk ynam bildirilýär.

Milli ýygyndymyzyň türgenleri

Serdar RAHYMOW

XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türkmen ýygyndysyny ugratmak dabarasy geçirildi

Şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Bu Olimpiýa oýunlaryna türkmen türgenlerimiziň gatnaşýandygy diýseň buýsandyryjydyr. Şu gün — 22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türkmen türgenlerini bu halkara ýaryşyna ugradyş dabarasy geçirildi. Dabarada hormatly Prezidentimiziň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna iberen Gutlagy okaldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gutlagynda: «Milli sportuň ösen ulgamynyň kemala gelýän döwründe döwletimiziň sport abraýyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz. Siziň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belentde parlatjakdygyňyza berk ynanýaryn» diýip bellenilýär.