"Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 24-nji "A" jaýy
Telefon belgileri: (+99312) 92-18-57, 92-18-57, 92-18-41
Faks: 92-18-54

Makalalar

Iň köp medally türgenler

Tomusky Olimpiýa oýunlarynda Pariž 2024-e çenli iň köp altyn medal gazanan ýurt ABŞ bolup, amerikaly türgenler 28 Olimpiada gatnaşyp, 1065 altyn medal gazandylar. Amerikanlaryň 835 kümüş, 738 bürünç, jemi 2638 medaly bar. Bu ugurda ozalky SSSR-iň türgenleri 2-nji ýerde bolup, Soýuzyň adyndan wekilçilik eden türgenler 9 Olimpiadada 395 altyn medala eýelik etdiler. Olar 319 kümüş, 296 bürünç, jemi 1010 medal gazandylar. Şu wagta çenli geçirilen ähli Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan 5 ýurduň biri bolan Beýik Britaniýanyň türgenleri (beýlekileri Gresiýa, Şweýsariýa, Awstraliýa, Fransiýa) 285 altyn bilen 3-nji orunda barýarlar. Olaryň 319 kümüş, 314 bürünç, jemi 918 medaly bar. Geçirilen 29 Olimpiadada amerikaly türgenler 18 gezek medal sanawynda 1-nji orny eýelediler. Ozalky Soýuzyň türgenleri 6 gezek medal sanawynda birinji orny eýeläp, bu görkeziji boýunça 2-nji ýerde barýarlar. Irki ýyllarda Fransiýadyr Beýik Britaniýa hem-de Germaniýa 1 gezek medal sanawyny çür depede tamamlapdylar. Hytaýyň, şol sanda Birleşen toparyň topary hem 1 sapar tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medal sanawynda ýeňijibolmagy başardy. Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda iň köp medal gazanan türgen amerikaly ýüzüji Maýkl Felps bolup, ol 28 gezek ýeňiş münberine çykýar. Olimpiýa oýunlaryna 5 gezek gatnaşa

Medal sanawynyň başyny amerikaly türgenler çekýä

Tomusky Olimpiýa oýunlarynda Pariž 2024-e çenli iň köp altyn medal gazanan ýurt ABŞ bolup, amerikaly türgenler 28 Olimpiada gatnaşyp, 1065 altyn medal gazandylar. Amerikanlaryň 835 kümüş, 738 bürünç, jemi 2638 medaly bar. Bu ugurda ozalky SSSR-iň türgenleri 2-nji ýerde bolup, Soýuzyň adyndan wekilçilik eden türgenler 9 Olimpiadada 395 altyn medala eýelik etdiler. Olar 319 kümüş, 296 bürünç, jemi 1010 medal gazandylar. Şu wagta çenli geçirilen ähli Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan 5 ýurduň biri bolan Beýik Britaniýanyň türgenleri (beýlekileri Gresiýa, Şweýsariýa, Awstraliýa, Fransiýa) 285 altyn bilen 3-nji orunda barýarlar. Olaryň 319 kümüş, 314 bürünç, jemi 918 medaly bar. Geçirilen 29 Olimpiadada amerikaly türgenler 18 gezek medal sanawynda 1-nji orny eýelediler. Ozalky Soýuzyň türgenleri 6 gezek medal sanawynda birinji orny eýeläp, bu görkeziji boýunça 2-nji ýerde barýarlar. Irki ýyllarda Fransiýadyr Beýik Britaniýa hem-de Germaniýa 1 gezek medal sanawyny çür depede tamamlapdylar. Hytaýyň, şol sanda Birleşen toparyň topary hem 1 sapar tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medal sanawynda ýeňijibolmagy başardy.

Tailanddan altyn medal!

16 — 24-nji iýul aralygynda Tailand Patyşalygynyň Siraça şäherinde sportuň erkin we grek-rim göreşi görnüşleri boýunça 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýa çempionaty geçirildi. Bu ýaryşa Türkmenistanyň ýygyndy topary hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi. Aziýa yklymynyň 20 ýaşa çenli iň ezber türgenlerini bir ýere jemlän ýaryşa 16 döwletden 119 türgen gatnaşdy. Dürli agram derejesinde geçirilen gyzgalaňly tutluşyklar Aziýanyň dürli ýurtlaryndan gelen türgenleriň ýaryşa ýokary derejede taýýarlyk görendiklerini ýüze çykardy.

Olimpiýa alawy, bäsdeşlerimiziň ykrarnamasy

Pariž Olimpiadasynyň açylyş dabarasynyň bosagasynda duran mahalyň görýän we eşidýän zatlaryň hemmesini bir sapaga düzäýmek aňsat däl. Çünki bize planetanyň iň iri sport baýramçylygy garaşýar. Onuň synagyndan geçmäge gelen 10 müňden gowrak türgeniň arasynda Türkmenistanyň ýygyndysy hem mynasyp orun aldy. ***

Olimp belentliklerine tarap

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz. Siziň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belentde parlatjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Sport: parahatçylygy, dostlugy ösdürmegiň täze mümkinçilikleri

Halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdynlygy döwletimiziň rowaçlygynyň we okgunly ösüşiniň girewidir. Hut şundan ugur alnyp, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek milli taglymata, adamlary birleşdirýän hem-de Watanymyzyň okgunly ösüşine ýardam berýän kuwwatly,  jebisleşdiriji güýje öwrüldi. Demokratik we hukuk döwletimizde ýurdumyzyň parahatçylygyny, halkymyzyň asuda, bolelin durmuşyny, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek ugrunda ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 56-njy maddasyna laýyklykda, döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek babatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy ýörelgelerinden ugur alnyp, «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi we döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Pa­riž Olim­pia­da­sy: türk­men tür­gen­le­ri­ne ynam uly!

Türk­men ral­li­çi­le­ri tej­ri­be­si­ni art­dyr­ýar­lar

14-nji ge­zek ge­çi­ri­len «Ýü­pek ýo­ly» hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ry­şy Mon­go­li­ýa­nyň Ulan-Ba­tor şä­he­rin­de ta­mam­lan­dy. 13 döw­let­den 100-e go­laý to­pa­ryň gat­naş­ma­gyn­da 11 gün­läp do­wam eden ýa­ryş­da oňa gat­na­şy­jy­lar 5 müň 243 ki­lo­metr­lik men­zi­li kül­ter­le­di­ler. Onuň Al­taý dag­la­ry­nyň we Go­bi çö­lü­niň çar­kan­dak­ly ýol­la­ryn­dan hem ge­çen­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­mak ge­rek.

Sport.

Boksçylarymyzyň üstünligi Golaýda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde sportuň boks görnüşi boýunça 2008-2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Çempionata ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden türgenler gatnaşdylar. Örän çekeleşikli geçen ýaryşda mekdebimiziň boksçylarynyň ýeňşi bizi, diýseň, guwandyrdy. Has takygy, bu ýaryşda mekdebimiziň türgenlerinden Abdyresul Arslanow ýaryşyň çempiony bolmagy başardy hem-de ol şu ýylyň 27-nji awgustyndan 10-njy sentýabry aralygynda Saud Arabystan döwletinde geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýle hem Daşoguz şäherinde döwlet derejesinde geçirilen çempionatda sport mekdebimiziň boksçy türgeni Perhataly Yhlasow 3-nji orna mynasyp boldy.

Beýik ynama, mukaddes borja wepalylyk

Türk­men tür­gen­le­ri “Olim­pi­ýa oba­syn­da”

XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­ýan tür­gen­le­riň ýa­şa­ma­gy üçin Pa­ri­žiň de­mir­ga­zy­gyn­da «Olim­pi­ýa oba­sy» dö­re­dil­di. Iri sport baý­ram­çy­ly­gy­nyň geç­ýän gün­le­rin­de bu ýer­de 14 müň­den gow­rak adam, şol san­da 9 mü­ňe go­laý tür­gen ýa­şar. Ozal ha­bar ber­şi­miz ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň sport we­ki­li­ýe­ti 23-nji iýul­da Fran­si­ýa­nyň paý­tag­tyn­da da­ba­ra­ly gar­şy­la­nyp, «Olim­pi­ýa oba­syn­da» ýer­leş­di­ril­di. Bi­na­nyň 10-njy ga­tyn­da türk­men baý­da­gy­na we «Te­am Turk­me­nis­tan» di­ýen ýaz­ga gö­züň dü­şen­de, ata Wa­ta­ny­my­za buý­san­jyň has-da art­ýar. Tür­gen­le­ri­miz soň­lu­gy bi­len döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­na öw­rül­jek öz­bo­luş­ly sport oba­syn­da ýa­şa­mak üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni aýd­ýar­lar. To­mus­ky Olim­pia­da ta­mam­la­nan­dan soň ge­çi­ril­jek Pa­ra­lim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­jak 9 müň tö­we­re­gi tür­gen hem şol ýer­de ýa­şar.

Türkmen türgenleri tomusky Olimpiýa oýunlarynda

22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda jemgyýetçilik birleşikleriniň, Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň ýolbaşçylarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, talyplaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi. Ýokary guramaçylykly dabara çuň many-mazmuna, şatlyk-şowhuna beslendi. Pariž Olimpiadasyna Türkmenistandan 19 adamdan ybarat sport wekiliýeti, şol sanda türgenler sportuň dzýudo, agyr atletika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek görnüşleri boýunça gatnaşarlar.

Musa JALAÝEW, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzasy:

— Pariž Olimpiadasynda ata Watanymyzyň adyndan çykyş edip, türkmen sportunyň belent at-abraýyny dünýä ýaýmak baş maksadymyzdyr. Bize ýokary derejede ynam bildirip, hemmetaraplaýyn goldaw berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Nesip bolsa, döwletimiziň, mähriban halkymyzyň bildirýän ynamyny ödäp, ata Watanymyza ýeňiş bilen dolanyp gelmek üçin güýç-gaýratymyzy gaýgyrmarys. Walentina MEREDOWA,Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzasy:

Ýoldaşlyk duşuşygyndaky ýeňiş

«Arkadag» futbol topary häzirki wagtda Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyna taýýarlyk görmek üçin Rumyniýada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Topar ýakynda geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda Rumyniýanyň üçünji ligasynyň wekili «AKS Kids Tampa Braşow» klubuny 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu ýoldaşlyk duşuşygynda «Arkadag» toparynyň düzüminde Resul Hojaýew, Didar Durdyýew hem-de Nazar Towakelow dagy tapawutlandy.

Kubok ugrundaky bäsleşik başlaýar

Ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň edara binasynda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň nobatdakysynyň bijeleri çekildi. Bu gezekki bäsleşige Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 9-sy («Arkadag», «Altyn Asyr», «Ahal», «Aşgabat», «Şagadam», «Nebitçi», «Merw», «Energetik», «Köpetdag») gatnaşar. Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň geçiş tertibine laýyklykda, futbol çempionatymyzyň geçen möwsüminde soňky iki orny eýelän «Merw» bilen «Şagadam» toparlary deslapky tapgyrda güýç synanyşarlar. Bu toparlaryň arasynda geçiriljek oýunlaryň netijesinde ýeňiş gazanan topar bijä laýyklykda, çärýek finalda «Altyn Asyr» topary bilen duşuşar. Deslapky tapgyryň duşuşyklary 11-nji hem-de 14-nji awgustda geçiriler. Şeýlelikde, geçirilen bijä laýyklykda, beýleki çärýek final jübütlerini «Arkadag» — «Energetik», «Nebitçi» — «Aşgabat» hem-de «Ahal» — «Köpetdag» toparlary düzdüler. Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýek finalynyň birinji duşuşyklary 24-25-nji awgustda, jogap oýunlary bolsa 2-3-nji sentýabrda geçiriler.

Aşgabatdan Pariže: täze medallar üçin ak ýol!

Bu gün Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna, Aşgabadyň bolsa sport şäherine öwrülendigi aýdyň hakykat. Ynha, şol ajaýyp şäherden dünýäniň çar künjünde geçirilýän sport ýaryşlaryna gatnaşmak üçin ýola düşýän türgenlerimiziň hem yzyna medalsyz dolanyp gelýäni seýrek. Bu gün bütin dünýäde Aşgabat şäheri medallary gowşurýan we kabul edýän sport şäherleriniň biri hökmünde meşhur. Ynha, 22-nji iýulda paýtagtymyzda geçirilen dabarada hem muňa ýene bir ýola şaýat bolduk. Şol gün XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan ýurdumyzyň wekilçilikli topary merjen paýtagtymyzdan Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherine ugradyldy. Elbetde, olar dünýäniň iň uly sport baýramçylygyna gatnaşyp, ýurdumyzyň sport abraýyny gorarlar. Dostlukly ýurda ugran Türkmenistanyň sport wekiliýeti Parižiň Şarl de Goll adyndaky Halkara howa menzilinde gyzgyn garşylanyldy. Türgenlerimiz bu ýerde 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda sportuň dürli ugurlary boýunça bäsleşerler.

Berk ynam bilen beýik ýeňişlere

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän ynamyna we eziz Diýarymyzda sporty ösdürmek ugrundaky hossarlyk aladalaryna ussat türgenlerimiz beýik ýeňişleri bilen jogap berýärler. Ykbalyny sporta baglan ýaşlarymyz bu gün Aziýa we dünýä ýaryşlarynda ýeňiş gazanyp, türkmen sportunyň taryhynda öçmejek yz galdyrýarlar. Şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalarynyň bu ýaryşa uly dabara bilen ugradylmagy türgenlerimiziň ruhubelentligini, yhlasyny has-da artdyrdy. Ýygyndymyzyň düzüminde dzýudo sportunyň ilkinji ädimlerini welaýatymyzdan başlan türgenleriň ikisiniň çykyş etmegi bolsa biziň üçin aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. Hojambaz etrabyndan 20 ýaşly dzýudoçy Serdar Rahymow we Köýtendag etrabyndan 19 ýaşly zehinli türgenimiz Madina Pardaýewa häzirki wagtda paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak bilen, türkmen sportunyň şanynyň has-da beýgelmegine saldamly goşant goşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesinden we hormatly Prezidentimiziň beýik ynamyndan ruhlanýan ýaş türgenlerimiziň Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etjekdiklerine uly ynam bildirýäris.

Türkmen türgenleri Pariž olimpiadasynda

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin parahatçylygyň we abadançylygyň ilçisi bolan sportuň hem sport diplomatiýasynyň aýratyn orny bardyr. Umumadamzat bähbitli durnukly ösüşiň maksatnamalaryny goldamak bilen, biziň ýurdumyz Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara we sebit guramalary bilen giň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu günki günde türkmen türgenleri Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny has-da şöhratlandyrarlar. Pariž şäheri bir asyr arakesmeden soň, tomusky Olimpiýa oýunlaryny kabul eder. Häzirki wagtda Ýer ýüzüniň sport janköýerlerini özüne çekýän, dört ýyldan bir gezek geçirilýän tomusky Olimpiadasy bosagada dur. Bu sport baýramçylygy dünýä halklarynyň arasynda dostlugy, parahatçylygy we jebisligi pugtalandyrar. Şeýle hem dünýäniň iň bir naýbaşy oýunlaryna türkmen türgenleriniň gatnaşmagynyň özi hem tolgundyryjy. Elbetde, bularyň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy

Sport. Sport. Sport.

Üstünlik — geljegiň gözbaşy Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň netijeleri sport syýasatynyň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli bu syýasatyň maksady bolsa, halkymyzyň saglygyny goramakdan we berkitmekden ybaratdyr.

Sport ýaryşlary geçirildi

Welaýat raýat goranyş we halas ediş müdirligi hem-de welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi bilen bilelikde Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde sport ýaryşlaryny guradyk. Oňa «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen ýaryşlarda çagalar öz başarnyklaryny görkezdiler. Sportuň şaşka, küşt, stoluň üstünde oýnalýan tennis, biliňde halka aýlamak ýaly görnüşleri boýunça guralan ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden çagalar höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanyldylar. Şeýle-de çäräniň dowamynda degişli hünärmenler hereketli oýunlarda ýüze çykyp biläýjek şikesleriň öňüni almak boýunça gürrüňdeşlik geçdiler. Şeýle-de ýaşlar ýurdumyzda dynç almaklary hem-de saglygyny berkitmekleri ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler.