"Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri" žurnaly

Esaslandyryjysy: "Türkmennebit" Döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri: 40-35-64, 40-38-40

Makalalar

Saz bilen ýaşaýan halypa

Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, halypalar özleriniň durmuşy, döredijiligi bilen sungaty nesilden-nesle ýetirmekde aýratyn hormata mynasypdyr. Şeýle halypalaryň biri-de Türkmenistanyň halk artisti Amanöwez Saparowdyr. Halypany öňden tanaýan hem bolsam, ol hakda bilmeýän zatlarymyzyň entek gaty kän ekendigini şu makalany ýazmak üçin tanşan maglumatlarymyz ýene bir gezek görkezdi. Pespäl, kiçigöwünli, belent adamkärçilikli ynsan hökmünde onuň milli aýdym-saz sungatymyz, sütün halypalar hakda berýän gürrüňlerini diňlemek hemişe-de ýakymly täsir galdyrýar. Ýöne bu gezek welin, düýbünden başgaça boldy. Halypa göýä, özüm hakda, goý, işlerim gürrüň bersin diýýän ýaly, haýsy maglumatlardan peýdalanyp boljakdygynyň salgysyny berdi.

Bir pursatlyk sowal-jogap

Döwrümiziň bagtyýar nesilleriniň pikirlerini, garaýyşlaryny bilmek maksady bilen, çagalaryň birnäçesine aşakdaky iki sowal bilen ýüz tutduk: 1. Hut şu pursat surat çekmeli bolsaň, nämäniň suratyny çekersiň? 2. Edil häzir bir aýdyma hiňlenmeli bolsaň, ol haýsy aýdym bolar?

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Çagany ýaşlykdan hünäre ugrukdyrmak halkymyzyň nesil terbiýesinde gadymdan gelýän ýörelgesi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bu ýörelgämiz rowaçlyklara beslenýär. Balkan welaýatynyň Serdar şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň zehinli çagalarynyň taýýarlan el işlerini synlanyňda, olaryň sungata bolan söýgüsi kalplara buýsanç duýgusyny bagyşlaýar. Çagalaryň döreden amaly-haşam hem-de nakgaş eserlerinde halkymyzyň geçmiş taryhy, häzirki bagtyýar zamanamyzyň waspy inçelik bilen beýan edilýär. Eserler milli nagyşlaryň täze öwüşgini bilen sazlaşykly reňklerde bezelýär. Žurnalymyzyň bu gezekki sanynda olaryň redaksiýamyza ýollan eserleriniň käbirlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Arkadagly döwrüň joşgunly waspy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şygary astynda welaýatymyzda medeni çäreler, döredijilik duşuşyklary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, aýdym-sazly dabaralardyr maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde geçirilen aýdym-sazly dabara bolsa, şol çäreleriň üstüni ýetirdi. Ahal welaýat we Gökdepe etrap häkimlikleri, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary, welaýat Medeniýet müdirligi tarapyndan bilelikde guralan dabara dürli kärdäki we hünärdäki ildeşlerimiz gatnaşdy. Oňa gatnaşyjylar üçin medeni ojagyň giň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döredildi.

El bukja

Gelin-gyzlarymyzyň mähir-yhlasy siňen el işleriniň biri hem el bukjalarydyr. El bukjalar dürli mata bölejiklerinden tikilip, owadan görnüşi emele getirýär. Gurama usulyndaky el işlerini ýerine ýetirmek, aýratyn hem, Lebap welaýatynda has-da ýörgünlidir. Bukjany taýýarlamak üçin matanyň üç tarapy eplenip biri-birine tikilmeli, galan bir tarapy bolsa açyk ýagdaýda bolmaly. Bukjalar görnüşi boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Olardan aýna-darak bukjalaryny, el iş salynýan bukjalaryny, sep bukjalaryny görkezmek bolar. Bu bukjalar hem mata bölekleriniň reňkleri, nagyşlary, ululygy we kiçiligi bilen tapawutlanýarlar.

Gözelligiň nusgasydyr Aşgabat!

Döwletli, döwranly zamanamyzda ýurdumyzyň paýtagtyny görmäge göz gerek. Bu günki Aşgabat gözelligi bilen görenleri haýrana goýýar. Başlary asmana sary uzaýan belent binalarynyň barha artmagy bilen ajap keşbe eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy netijesinde dünýäde iň owadan şäherleriň birine öwrülen paýtagtymyzyň at-owazy dünýä dolýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabaralar bilen bellenilip geçiler. Gahryman Arkadagymyz bu babatda her gezekki çykyşlarynda bellemek bilen, baýramçylyklaryň ýokary derejede geçirilmegini, olara gabatlanylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän binadyr desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli tabşyrylmalydygyny nygtaýar. Häzirki wagtda gözel paýtagtymyzda öňümizdäki şanly seneler mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan binadyr desgalaryň ençemesi bar. Şolaryň gurluşygynda hormatly Prezidentimiziň talabyna laýyklykda işler depginli alnyp barylýar.

Ussatlyk ýoly

Golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň welaýat şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda muzeýiň sergiler zalynda tanymal nakgaş Rahmangeldi Akmämmedowyň dürli ýyllarda döreden sungat eserlerinden ybarat «Halypalyk ýoly — ussatlyk ýoly» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Rahmangeldi Akmämmedow — türkmen nakgaşçylyk sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşan ussat suratkeş. Muny sergidäki eserler hem subut edýär. Olar ynsany türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligine syýahata alyp gidýär. — Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Rahmangeldi Akmämmedowyň eserlerinde türkmeniň myhmansöýerlik däpleri, tebigatymyzyň gözel keşbi sazlaşykly suratlandyrylýar. Obada önüp-ösensoň, oba durmuşy bilen bagly eserler hem halypa nakgaşyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Beýleki nakgaşlarda bolşy ýaly, Rahmangeldi aganyň döredijiligi hem köptaraply. Onuň döredijiliginde ýaşaýyş-durmuşymyzdaky pursatlara bagyşlap döredilen peýzaž, portret eserleri näçe diýseň bar. Men Rahmangeldi aga «Halypa» diýip ýüzlenýärin. Sebäbi ol maňa sungatyň inçe syrlaryny öwretdi. Onuň eserleri ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir — diýip, Türkmenistanyň sunga

Anbar ysly atyrlar

Nämüçindir, parfýum diýlende, köpler Fransiýany göz öňüne getirýärler. Emma parfýumyň taryhyny yzarlasaň, ol Fransiýada döremändir. Parfýum latyn sözünden gelip çykyp, «per» hem «fuma», ýagny «tüsse» diýen manyny berýär. Sebäbi ilkinji parfýumy ýakyp, tüsse etmegiň üsti bilen döredipdirler. Antiki döwürde onuň ilki dörän ýeri Müsür hasaplanylýar. Şol döwürde parfýumler bedeniňi yslandyrmak, nerwleriňi rahatlandyrmak, şeýle-de ýaşaýyş otaglaryna gowy ys bermek üçin ulanylypdyr. Kleopatra hoşboý ysly ýaglary göze ilmeýän, emma özüne maýyl ediji gural hökmünde ulanypdyr. Antik döwründe parfýum, başga-da arap we Gündogar ýurtlarynda, Gresiýada, Italiýada hem ulanylypdyr. Fransiýa parfýum biraz soňrak aralaşypdyr. Orta asyrlarda, Renessans döwründe parfýum taýýarlamak işi gülläp ösüpdir. Şol wagtlar Fransiýada deriden geýim tikilýär eken. Şol deriniň ysyny aýyrmak üçin hem parfýum ulanylypdyr. Soňlugy bilen deri modadan galýar, mata geýimler moda girýär we tikinçiler hem parfýum satmak bilen meşgullanyp başlaýarlar. Şeýdip, parfýum ulanmak aristokratlaryň arasynda moda bolup, ony taýýarlamak işi aýratyn hünäre öwrülýär. Fransiýanyň Grasse şäheri parfýumyň paýtagty hökmünde belli bolýar.

Peýdaly maslahatlar

Köpçülikde naharlanmagyň hem öz düzgünleri bardyr. Çünki nahar başynda adamyň gözellige bolan garaýşyny bilmek bolýar. Şonuň üçin köpçülikde medeniýetli naharlanmak möhüm endikleriň biridir. Geliň, köpçülik üçin niýetlenen saçak başynda naharlanmagyň düzgünleri bilen tanyş bolalyň! Naharlanmak üçin pyçagy sag eliňizde, çarşagy bolsa çep eliňizde saklamaly. Çarşagy çep eliňizde saklaýan wagtyňyzda onuň uçly tarapy aşak bolmaly, sapy bolsa, aýaňyza daýanmaly. Eger-de siz pyçak ulanylmaýan nahary iýseňiz, onda çarşagy sag eliňizde, uç tarapyny aşak bakdyryp saklasaňyz hem bolar. Pyçak saklamak üçin süýem barmagyňyz pyçagyň sapynda hem üstünde durmaly we şol bir wagtda iýmiti kesmek üçin pyçagyň üstünden basmaly. Onuň sapynyň uç tarapy bolsa sag eliňiziň aýasyna daýanmaly. Çemçäni sag eliňizde, başam we süýem barmagyňyzyň arasynda saklamalydyr.

Arkadagly dünýä — aýdymly dünýä

Halkyň ruhy dünýäsini galkyndyrmakda hormatly Prezidentimiziň şygyr sungatynyň ylham berijilik güýji, gadyr-gymmaty çäksiz. Gözbaşyny durnagöz akabalardan alyp gaýdýan şahyranalyk, liriki duýgy-düşünjeler ruhy beýiklik bilen utgaşýar. Milli aýratynlyklary we durmuş hakykatyny ýokary çeperçilik bilen beýan edýän şygyrlar halkymyza ruhy lezzet berýär. Alym Arkadagymyzyň eserlerinde, şahyrana dünýäsinde, esasan, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi edebi mekdep hyzmatyny ýerine ýetirýär. Akyldar şahyryň döredijilik akabasyndan gaýdýan edebi ýörelge, çeper täsirlenme gahryman Arkadagymyzyň goşgularynda giň şöhlelenmesini tapýar. Şygryýetdäki duýgy, ritm, ölçeg, başaşa kapiýa, doly kapiýa ýaly şahyrana tärler ösdürilip, alym Arkadagymyzyň goşgularyna milli öwüşgin çaýýar.

Türkmen sungaty — ömrümiň örki

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Russiýa Federasiýasynyň Sungatyň taryhy institutynyň professory, sazşynas Nailýa Nigmatowna Glazunowanyň (Abubakirowa) ady dünýäniň sazşynaslarynyň arasynda giňden bellidir. Ol dürli ýyllarda türkmen halk aýdym-saz sungatyny, halk döredijiliginiň dürli görnüşlerini toplamak hem-de ylmy taýdan öwrenmek bilen meşgullanyp, bu ugurda ençeme kitaplary, ylmy makalalary ýazdy. 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen «Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri» atly halkara ylmy maslahata hem-de festiwala gatnaşyp, aýdym-saz sungatymyzyň geçmiş-taryhy we şu günki ösüşleri barada çykyş etdi. Biz gazetimiziň şu sanynda Nailýa Glazunowanyň makalasyny okyjylara ýetirýäris.

«Nar agajyndan» «Balsaýada» çenli

Ýakynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyranda ýurdumyzda giňden tanalýan sungat ussatlary A.Garýagdyýewiň, S.Orazberdiýewiň, P.Amandurdyýewiň we beýleki bagşy-sazandalaryň, estradaçylaryň baş şäherimizi wasp edýän aýdymlary aýdandyklaryny we ol eserleriň halkymyzyň söýgüsine mynasyp bolandygyny belledi. Biz hem Türkmenistanyň halk artisti Suhanberdi Orazberdiýewiň sungat ýoly dogrusyndaky gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. — Suhan aga, ak şäherimiz Aşgabady wasp edýän aýdymlaryňyz göwünleri joşduryjy heňi bilen tapawutlanýar. Olary diňläniň baş şäherimize bolan söýgüsi öňküden-de artýar.Bular barada olary ýerine ýetirýäniň özünden eşitmek hasam täsirli.

Gül röwüşli keçeler

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bagtyýar zamanamyzda halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinde döreden milli gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgalarynyň biri bolan keçe senetçiligine aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki älemgoşar öwüşginli ýüňler bilen güllenilýän keçeler halkymyzyň gözüniň guwanjy, milli baýlygydyr. Keçe basmak köp zähmeti talap edýän inçe senet bolup, onuň özboluşly bezeliş usullary bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemal tapan «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Türkmen halkynyň medeni mirasynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň arasynda keçäniň tutýan orny has uludyr. Ylmy tassyklamalara görä, halkymyzyň senetçilik dünýäsinde keçe basmak sungaty örän irki döwürlerde ýüze çykypdyr hem-de gündelik durmuşda giňden ulanylypdyr» diýlip, jaýdar bellenilýär. Keçe basmak senedi Türkmenistanyň Demirgazyk etraplarynda giňden meşhurdyr. Sada iş usullaryny özünde jemleýän keçäniň durmuşymyzdaky ähmiýeti örän uludyr. Ol sähra şertlerinde ýaşaýan maldarlaryň ak öýüniň örtügi, düşegi hem at ýapynjasy hökmünde ulanylýar. Keçe goýnuň ýaz hem güýz ýüňlerinden taýýarlanýar. Oňa niýetlenilen ýüňi boýamak üçin meýdan ösümlikleriniň köklerinden, çöpboýadan, naryň we gök hozuň gabygyndan, üzärlikden dürli öwüşginli reňkleri

Milli sazymyz — kalp owazymyz

Ýakynda Ýazmyrat Rejepowyň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Türkmen halk sazlary» atly okuw gollanmasy çapdan çykdy. Okuw gollanmasynda türkmen milli sazynyň ussatlary Mylly Täçmyradowyň, Pürli Saryýewiň, Çary Täçmämmedowyň, Jepbar Hansähedowyň çalan saz nusgalary nota ýazgysyna geçirilipdir. Geçen asyrda rus saz öwrenijileri W.Uspenskiý we W.Belýaýew tarapyndan birnäçe türkmen sazlary nota geçirilip, «Türkmen sazy» atly kitap çap edilýär. Onda nota geçirilen «Haraýym Döndi», «Gandu-şekerli», «Nowgül», «Ýar gara gözli», «Balsaýat» ýaly eserler şondan soňky döwürde ýazylan sazlaryň arasynda duş gelmeýär. Türkmeniň şol halk sazlarynyň bu okuw gollanmasyndaky nusgalarynyň rus sazşynaslarynyň işinden soň ilkinji gezek nota geçirilişidir.

Mozaika — birleşen gözellik

Mozaika diýlip birmeňzeş ýa-da dürli reňkli, aňyrsy görünmeýän aýnadan, smaltadan (çüýşe) ýa-da daşdan emele getirilip, monumental (uly göwrümli) sungatyň bir görnüşi bolan şekillere ýa-da nagyşlara aýdylýar. Mozaika sungaty binagärlikde gadymyýetden bäri ulanylyp gelnipdir. Asyrlaryň dowamynda dürli halklar onuň ösmegine, özgermegine, ýerine ýetiriliş aýratynlyklaryna öz goşandyny goşupdyrlar. Şeýlelikde, wagtyň geçmegi bilen bu ajaýyp sungatyň birnäçe görnüşleri emele gelipdir. Ine, olaryň käbirleri: Aleksandr mozaikasy. Bu miladydan öňki ikinji asyrda döredilip, Aleksandr Makedonskiý bilen baglanyşykly ellinler döwrüniň mozaikasynyň şertli atlandyrylyşydyr. Bu sungat eseri häzirki wagtda Neapol şäherinde saklanylyp, ak, sary, gyzyl we goňur reňklerde ýerine ýetirilipdir.

Zehinliler saýlandy

Golaýda Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň 3-4-nji synp okuwçylarynyň arasynda surat çekmek bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda geçirilen bäsleşige Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň garamagyndaky çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerinden saýlama tapgyrda ýeňiji bolan mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Jemleýji tapgyrda jemi 20 okuwçy kesgitlenen wagt aralygynda reňk bilen natýurmort çekmek boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň şertine görä, merkezde ýerleşdirilen natýurmorty ähli aýratynlyklary bilen talabalaýyk şekillendirmek üçin okuwçylara 3 sagat wagt berildi. Şeýlelikde, ýaşajyk suratkeşler öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Täze sahna oýnunyň söhbedi

Çagalar üçin ajaýyp sowgat Çaga we ertekiler dünýäsiniň arasynda bir umumylyk bar. Çaganyň dünýägaraýşy başgaça, ol töweregini gurşap alan ähli zada geň galýar. Olardan üýtgeşiklik, täsinlik gözleýär. Çagalar dünýäni kabul edip, ony öz hyýalbentligi bilen baýlaşdyrýarlar. Çagalygyň ertekä çalym edýändigi hem şol sebäpli bolsa gerek. Biz hem çagalyk döwrümizi ýatlap, ertekiler dünýäsine dolanmak maksady bilen, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatryna tarap ugradyk. Teatryň agzybir döredijilik işgärleriniň täze möwsüm üçin «Garry möjek hakynda» atly spektaklyny taýýarlaýandygy hakyndaky hoş habary okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik. Sözümiziň hörpünden goýuljak sahna eseriniň çagalara niýetlenendigini aňan bolsaňyz gerek. Spektakl hakynda doly maglumat almak üçin teatryň edebiýat bölüminiň hünärmeni Öremyrat Öwezowa ýüz tutanymyzda, ol bize şeýle gürrüň berdi:

Gadymy medeniýetiň Diýary

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli durmuş-ykdysady strategiýasynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýändigi aýratyn buýsandyryjydyr. Türkmenistan işjeň «Açyk gapylar» syýasatyny amala aşyrmak bilen, hemişelik oňyn Bitaraplyk ýörelgesine laýyklykda hyzmatdaşlygy dowam etdirip, BMG bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk Milletler Bileleşiginiň esasy agentlikleri we ýöriteleşdirilen edaralary bilen barha berkeýän hyzmatdaşlygyň esasynda hil taýdan täze derejä çykdy. Ýurdumyz bilim ulgamyna dünýäniň täze gazananlaryny ornaşdyrmak bilen, ynsanperwer ulgamda BMG bilen özara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Türkmenistanda işleýän iri abraýly guramalar: ÝUNISEF, ÝUNFPA, ÝUNDP, ÝUNESKO bilen bilelikde iş alnyp barylýar. ÝUNESKO BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. Onuň esasy wezipeleri bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hasabyna parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmekden, kanunçylygy we adalatlylygy berjaý etmekden, milletleriň dillerine we dinlerine garamazdan, BMG-niň düzgünnamasynda yglan edilen adamyň hukugyna we azatlygyna hormat goýmakdan ybaratdyr. ÝUNESKO guramasy 1945-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilýär, onuň şta

Arkadag gurduran binalary bar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri günsaýyn gözelleşýär, täze keşbe eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň Permany bilen, Aşgabat şäheriniň gününiň döredilmegi we onuň her ýylyň 25-nji maýynda umumymilli baýramçylyk hökmünde bellenilip geçilmegi biziň her birimizi buýsandyrýar. Kaşaň ymaratlar, aýna ýaly tämiz giň köçeler, gök öwsüp oturan baglar, hoşboý ysly güller, ýadygärlik toplumlary, serhowuzlar, suw çüwdürimlerini synlan her bir adamda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Şonuň üçin hem Aşgabada myhman bolan daşary ýurtlularyň her biri ilkinji sözüni Aşgabadyň owadanlygyndan, tämizliginden başlaýar. Merkezi Aziýanyň merjenine öwrülen türkmen paýtagtynyň dünýä derejesinde ykrar edilmegi biziň her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Indi ençeme ýyl bäri gözel şäherimiz Aşgabat halkara maslahatlarynyň, köpugurly sergi-ýarmarkalaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň, döredijilik festiwallarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Garagumda doglanlar...

Mähriban Arkadagymyzyň geçen ýylda baharyň ilkinji günlerinde, ýagny guşlaryň saýrap başlap, ösümlikleriň gülleýän döwründe Garagum sährasynda bolup, onda ösýän ýüzlerçe görnüşli ösümlikdir otlardan we olaryň peýdaly taraplaryndan söz açmagy, olar barada gyzykly maglumatlary bermegi ýüregimizde ýakymly täsir bolup galdy. Ol ajaýyp görnüş şu güne çenli hyýalyňda bereketli Garagum sährasyna syýahat etmäge mümkinçilik berýär. Ösümlikler dünýäsine baý Garagum bolsa gözelliklere-de diýseň baý. «Garagumda doglanlar sähra ýaly giň bolýar» diýen söze okan çeper eserlerimde kän duşupdym. Onuň bir ujunyň özüme-de degişli bolaýmalydygy hakynda, dogrusy, oýlanmandyrynam. Dogrudan-da, şeýlemikä?! Bu sowalyma jogap tapmadyk wagtym, öz-özümden uýalyp gidýärin. Öz-özüme nesihat berip, «Eger şeýle dälem bolsa, Hydyr gören Garagumuň hatyrasyna sähranyň özi ýaly giň bolmaga çalyşmaly!» diýýärin. Sebäbi biziň başymyzy Garagumuň mahmal şemallary sypady. Garagumuň üstünden düşýän Gün şöhlesi çoýdy. Şonuň ýaly-da, Garagumuň giň ýaýlalarynda agyp-dönüp ýören goýun-guzularyň, düýeleriň sesini eşidip ulaldyk. Aňňat-aňňat gum depeleriniň üstüni, ak çägäni jana derman saýdyk...