"Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri" žurnaly

Esaslandyryjysy: "Türkmennebit" Döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri: 40-35-64, 40-38-40

Makalalar

Baky bagtyýarlygyň toýy

Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň 29 ýyllyk şanly toýy — Halkara Bitaraplyk güni Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynda hem şatlyk-şowhunly dabaralara beslendi. Welaýatymyzyň merkezi Änew şäherindäki baýramçylyk dabaralary has-da ýatda galyjy boldy. Welaýat häkimliginiň, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, talyp we okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda welaýat häkimliginiň golaýyndaky Mukaddeslik meýdançasynda geçirilen dabara welaýat derejesindäki esasy çäreleriň biri boldy. Günüň ir säherinde ýaýbaňlandyrylan dabaranyň başynda Watanymyzyň goragynda sak duran esgerler nyzam bilen Döwlet baýdagymyzy ýörite sütüniň ýanyna alyp geldiler. Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda ýaşyl Tugumyz baýdak sütüni arkaly belende göterildi.

Täze ýyl – agzybirligiň, bagtyýarlygyň baýramy

Täze ýyl ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly umytlara, owadan arzuwlara besleýän maşgala baýramçylygydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeginde täze — 2025-nji ýyly mynasyp garşylamaga batly depginlerde taýýarlyk görülýär. Biri-birinden owadan arçalar, meýdançalardyr seýilgähleri bezeýän dürli öwüşginli çyrajyklar eziz Diýarymyzyň gözelligine has-da gözellik goşýar. 15-nji dekabrda merjen paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Arkadag şäheriniň Baş arçalary şadyýan aýdymlaryň, ajaýyp sazlaryň belent owazlaryň astynda we çagalaryň ýerine ýetiren tansly kompozisiýalary bilen dürli öwüşginli çyralaryny ýakyp, töwerege ýalkym saçdy. Munuň özi uzak garaşylan, hemmeler üçin ýakymly Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga boldy.

Milli mirasymyza belent sarpa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda şöhratly taryhymyzy, meşhur şahsyýetlerimizi, milli mirasymyzy we edebiýatymyzyň mälim bolmadyk sahypalaryny ylmy esasda öwrenmekde, halka ýaýmakda giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 29-njy noýabrynda geçiren mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilendigini habar berdi. Milli Liderimiziň bu gymmatly eserinde merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýolunyň, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilýär.

Asyl käri daýhançylyk

Wekilbazar etrabynyň Mülkbükri geňeşliginiň Gagşal obasynda ýaşaýan Nurmyrat Wellanowyň asly käri daýhançylyk. Şonuň üçin ol bu günki gün kärendesine alan ýerine «galla — gant şugundyry — gowaça» ekin dolanyşygynda oba hojalyk ekinlerini ekip, olardan ýokary hasyl alyp, köplere görelde bolýar. Munuň şeýledigini onuň gowaçadan ýokary hasyl alandan soň, geçen ýylyň güýzünde kärende ýerine bugdaý ekip, şu ýyl ady agzalan etrabyň G. Atabaýew daýhan birleşiginden alan bir gektar kärende ýerinden 40 sentner bugdaý almagy hem subut edýär. Ol bagbançylyk babatda-da hiç kimden pes oturanok. 0,25 gektara barabar mellek ýerinde üzüm, garaly, erik, alma ýaly miweli baglaryň 30-a golaý görnüşini ýetişdirip, bol hasyl alýar. Şonuň üçin miweli bagyň idegi, ony kemala getirmegiň inçe syrlary bilen gyzyklanyp, oňa ýüz tutup, maslahat soraýanlar az däl. Ony ýakyndan tanaýanlaryň köpüsiniň Nurmyrady ökde agaç ussasy hasaplaýandyklaryny hem belläsimiz gelýär. Elbetde, bu ýöne ýerden däl. Ol heniz mekdepde okaýarka-da, zähmet sapaklarynda dürtgüç, susak, oklaw, çemçe ýaly hojalyk senetlerini ýasamakda synpdaşlaryndan tapawutlanýardy. Bir gün bolsa, ol:

Çyn güle solma ýok zemin ýüzünde

Geçen asyryň ikinji ýarymynda çeper döredijiligi bilen öňe çykan şahyrlaryň biri Ilmyrat Pudakowdyr. Ol öz döwründe ajaýyp goşgulary bilen gazet-žurnal sahypalarynda yzygiderli çykyş edýär. Ilmyrat 1924-nji ýylda Gökdepe etrabynyň Nowata obasynda dogulýar. 1956-njy ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini tamamlaýar. Ilki Gökdepe etrabyndaky 2-nji orta mekdebinde mugallym, soňra tä hormatly dynç alşa çykýança (1986 ý.) şol wagtky Gökdepe etrap we etrabara gazetlerde dürli wezipelerde zähmet çekmek bilen, ol halypalardan öwrenenini ýaşlara öwretmek biln meşgullanýar. Ilmyrat Pudakow şahyr Kerim Gurbannepesow bilen dostlukly gatnaşykda bolupdyr. Ol metbugat söhbetdeşlikleriniň birinde ýurdumyzda belli ýazyjy-şahyrlaryň birnäçesi bilen ýakyndan tanyş bolmagyna hem hut Kerim şahyryň sebäp bolandygyny aýratyn belläpdir. Goşgularynyň ençemesi aýdyma öwrülip, häzirki döwürde-de diňleýjilere ýetirilip durulýar. Häzirki bagtyýar zamanamyzda şeýle halypalaryň hatyrasy belent tutulýar. Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamagynda Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäher Medeniýet öýünde şahyr Ilmyrat Pudakowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli edebi, aýdym-sazly

Eti saklamagyň halky usullary

Ata-babalarymyz ýerli howa şertlerimizde azyk önümlerini konserwirlemegiň önümleriň hilini ýokary derejede saklamaga mümkinçilik berýän özboluşly usullaryny oýlap tapypdyrlar we durmuşda giňden ulanypdyrlar. Gawundan taýýarlanýan sök we kak, garpyzdan taýýarlanýan toşap, şeýle hem semeni, künjüli gowurga munuň mysalydyr. Ýaza golaý taýýarlanan önümler azalanda semeni taýýarlanyp, olaryň ýetmezi ýetirilipdir. Eti gaýtadan işlemegiň hem özboluşly usullary oýlanyp tapylypdyr. Täze eti saklamak üçin gowurmak, kakatmak ýa-da garna dykyp saklamak usullaryndan peýdalanylypdyr. Eti gowurmak konserwirlemegiň esasy usullarynyň biridir. Et gowrulanda ondan suw doly aýrylýar. Eger, et çalarak gowrulsa we suwy doly bugaryp aýrylmasa, ol belli bir wagtdan soň zaýalanýar. Gowurma semizligi ýokary we orta semizlikdäki goýun, sygyr hem-de düýe etinden taýýarlanylýar. Ýagy kemter ýa-da hor mallaryň eti gowrulanda, oňa goşmaça içýagdyr guýruk ýagy garylmasa, ýagy azrak bolup, gowrulmaýar we olardan taýýarlanan gowurdagy uzak saklap bolmaýar. Gowurma taýýarlanylanda, suwy doly aýrylyp, gatap bişen etiň özem esli wagt zaýalanman durýar. Çünki ýaga gowrulan ýagly gowurma uzak saklanyp, tagamy diýseň gowy, hümmeti ýokary bolýar.

Garpyzdan taýýarlanýan önümler

Bakja önümleriniň esasy bölegini, takmynan, 80 – 90 göterimini suw tutýar. Şeýle hem olarda beloklar, ýaglar, uglewodlar (gant, krahmal, kletçatka, pektin), organiki kislotalar, witaminler, mineral maddalar bar. Şeýle önümleriň biri-de, garpyzdyr. Garpyzly içgi. Daşy gowy ýuwlan garpyzyň 5 – 6 santimetr ýokarsyny kesýärler. Lötüni pyçak bilen bölüşdirip, çemçe bilen owýarlar, çigidinem aýyrýarlar. Emele gelen boşluga şeker guýýarlar we 20 – 30 minut salkyn ýerde saklaýarlar. Soňra gant garylan garpyz suwuny bulgurlara guýýarlar. Bu içgini adaty okarada hem taýýarlap bolýar. Garpyzyň lötüni ýukajyk kesip, üstüne şeker guýýarlar, 20 – 30 minut salkyn ýerde saklap, soňra şerbetdir gazly suw bilen garýarlar.

Täze ýyl arçasynyň yşyklary ýakyldy

Ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem Täze ýyl arçalarynyň yşyklary dabaraly ýagdaýda ýakyldy. 15-nji dekabrda agşamara şu mynasybetli geçirilen dabara Täze ýylyň baýramçylyk çärelerine badalga berdi. Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki giň meýdançasynda welaýatymyzyň baş arçasy ýerleşýär. Beýikligi we bezegi bilen göreni özüne çekýän Täze ýyl arçasynyň töweregi şol gün köp adamly boldy. Başy Gök direýän baýramçylyk arçasynyň ýanyna welaýatymyzyň dürli ýerinden gelen ýaş nesliň wekilleri, çagalar döredijilik toparlary ýygnandylar. Olar baýramçylyk arçasynyň daş-töweregindäki şagalaňa çäksiz höwes we buýsanç duýgusy bilen goşulyp, joşgunly sazlaryň astynda döwre gurap, aýdym aýtdylar, tans oýnadylar, şatlandylar.

Gerbariý: syrlar we pikirler

Gadymy döwürlerden bäri adamlar gülleri we ösümlikleri guradypdyrlar hem-de bu ösümlikleri köplenç owadan küýzeleri ýa-da suratlary döretmek üçin ulanypdyrlar. Ýapraklardan nusga ýygnamak 600 ýyl ozal Ýaponiýada ýüze çykypdyr. Botanika gözlegleri üçin niýetlenen gerbariý XVI asyrda döräpdir. Guradylan ýapraklaryň atlary we jikme-jik beýany bolan ilkinji ýygyndy «Pisa Botanika» bagynyň lukmany italiýaly Luka Ghinä degişlidir. XVIII asyrda meşhur botanik Karl Linneý ösümlik dünýäsini ylmy taýdan öwrenmek üçin olary ýygnamagyň häzirki döwre çenli dowam edip gelýän esasy düzgünlerini döredipdir. Gerbariý ýygnamagyň onlarça usuly bolup, olaryň hemmesi döredijä we tehniki mümkinçilikler bilen baglydyr.

Berjaý edilmeli düzgünler

Ýangyn howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmek üçin oba hojalyk kärhanalarynda, desgalarynda zähmet çekýän daýhanlar we maldarlar bilen ýangyn howpsuzlygy we ýangyna garşy göreş çäreleri barada düşündiriş işleri yzygiderli geçirilmelidir. Mallaryň we guşlaryň saklanýan desgalarynyň içi we çägi ot-çöplerden arassalanmaly. Mallar we guşlar üçin taýýarlanan ot-iýmleri mallaryň, guşlaryň çykarylýan ýollarynyň ugrunda ýa-da päsgel berjek ýerlerde goýmaly däl. Mallaryň, guşlaryň saklanýan desgalarynyň gapylary, derwezeleri diňe daş tarapa açylmaly. Desgalaryň ätiýaçlyk gapylaryny islendik wagtda açmaga mümkinçilik bolmaly.

Göwünleri galkyndyran Täze ýyl dabarasy

Bosagada Täze, 2025-njy ýyl. Bütin Ýer ýüzünde bolşy ýaly, Garaşsyz Türkmenistan döwletimizde hem Täze ýyl baýramçylygyny zähmet üstünlikleri bilen garşylamak esasy däp-dessurlarymyzyň birine öwrüldi. Ynha, 17-nji ýanwarda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşleriniň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly, Täze ýyl dabarasy geçirildi. Giňden tutulan bu Täze ýyl dabarasyna ýurdumyzyň ähli pudaklaryndan öňdebaryjy hünärmenler gatnaşyp, ýetip gelýän Täze,  2025-nji ýyly mübärekläp, agzybir halkymyzy, türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutladylar. Dabaranyň dowamyndaky estrada ýyldyzlarynyň aýdym-sazly çykyşlary gatnaşyjylaryň şatlykdan doly kalplaryny has-da ruhlandyrdy.

Dost-doganlyk gatnaşyklarynda giň mümkinçilikler

16-njy dekabrda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi. Ýokary derejede guramaçylykly geçirilen bu dabaraly çärä ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitiň ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şunda goňşy Eýran Yslam Respublikasyna hem möhüm orun degişlidir. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjek, özara bähbitli täze ugurlary ýüze çykarmak, tejribe alyşmak, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýän sergi hem-de işewürlik maslahaty bolsa munuň aýdyň subutnamasydyr.

Täze ýylyň şatlyk-şowhuny — bagtyýarlygyň şuglasy

Her bir ýyly ösüşdir özgerişler, uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Mälim bolşy ýaly, her bir maşgalada uly şatlyk-şowhun bilen bellenilýän Täze ýyl baýramy bosagada. Durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylýan uly üstünlikler bolsa agzybir halkymyzyň Täze — 2025-nji ýyly mynasyp, ýokary ruhubelentlikde garşylamagyna amatly şert döredýär. Agzybir halkymyzyň bagtly, bagtyýar durmuşyny alamatlandyrýan Täze ýyl baýramy asylly ýörelgeler bilen utgaşyp, has-da ýokary ruhubelentlige we şatlyk-şowhuna beslenýär. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, 15-nji dekabrda paýtagtymyzda, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Arkadag şäherinde Täze ýyl arçalarynyň yşyklarynyň ýakylyş dabaralary geçirildi.

Asylly ýörelgelere eýerip

Beýik ösüşlere eýe bolýan ýurdumyzda türkmen halky maddy we ruhy özgerişlerde täze belentliklere göterilip, bolelin durmuşda ýaşaýar. Çünki halkymyz berkarar Watanyň bagtly geljeginiň ýalkymyndan nurlanyp, täze döwür, gülleýiş zamanasynyň şöhratly üstünliklerinden rowaçlanyp, döwletimiziň bagta gujak açýan ak ýollaryndan şanly geljegine tarap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Bu günki gün bedew bady bilen halkara derejesindäki ösüşlere beslenýän edermen, zähmetsöýer türkmen halky ýagty ertirine — alyslara, ýüzýyllyklara nazar aýlaýar. Bu bolsa beýik maksatlar bilen halkara jemgyýetçiliginiň öňünde uly mertebä göterilen Türkmenistanyň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmakdan, bagtyýar türkmen halkyny adamzat ösüşiniň täze belentliginde ýaşatmakdan ybaratdygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Çünki beýik özgerişleri, belent maksatly işleri diňe parahatçylygyň, asudalygyň dabaralanýan ýurdunda agzybir, jebis ýaşaýan zähmetsöýer millet amala aşyryp bilýär. Dünýäniň ösen döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň döwrebap ösdürilmegi ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýär. Şeýle hem dünýäniň ençeme abraýly guramalary bilen Türkmenistanyň özara bähbitli ýakyn hyzmatdaşlygynyň täze tapgyrynyň rowaçlanmagy aýratyn bellenmäge mynas

Göwher sözüň ýakymy

Şu gün welaýat häkimliginde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa milli parlamentimiziň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, edara-kärhanalaryň, syýasy partiýalardyr iri jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim we terbiýeçilik edaralarynyň wekilleri, ýaşulular, kümüş saçly eneler hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Baş arçanyň yşyklary ýakyldy

Diýmek, Diýarymyza Täze ýyl gelýär 15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasy şadyýan aýdymlaryň, ajaýyp sazlaryň owazynyň astynda we ýaşajyk türkmenistanlylaryň ýerine ýetiren tansly kompozisiýalary bilen dürli yşyklarda ýalkym saçdy. Munuň özi uzak garaşylan, hemmeler üçin ýakymly Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga boldy.

Nebitgazçylar döwlet sylagyna mynasyp boldular

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýewe, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewe, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanowa, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýewe hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirliginiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Baýramsoltan Gurbanowa, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli artist-wokalisti Kakageldi Hommadowa, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Bägül Ataýewa döwlet sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Dabaraly çärede Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, döwlet sylagyna mynasyp bolan ýolb

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Nebitgaz senagaty we ylymlar dünýäsi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa mekdebimiziň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Ylmy-amaly maslahatda mugallymlar çykyş edip, ýurdumyzyň nebitgaz senagaty we geologiýa babatda alnyp barylýan işler, täze mümkinçilikler we ýetilen sepgitler barada nygtalyp geçildi. Bu maslahat dürli pudaklardaky we ulgamlardaky özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga, nebitgaz ykdysady hyzmatdaşlygyň köp ugurlary boýunça gazanylan tejribeleri paýlaşmaga ýardam berdi. Maslahatyň dowamynda öňe sürlen teklipler we pikir alyşmalar oňa gatnaşyjylarda gyzyklanma döretdi.

Ylmy seljermeleriň önümçilige oňyn täsiri

«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Nebitgaz pudagynda ylmy-barlag işleriniň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. YBTGI-niň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga, ýurt abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginde ykrar edilişi, nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetde tutýan möhüm orny, häzirki wagtda Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda alnyp barylýan ylmy işler, toplumyň pudaklarynyň täze tehnologiýalar, enjamlar bilen yzygider üpjün edilişi, ylmyň soňky gazananlarynyň, şol sanda ylmy seljermeleriň önümçilige ýetirýän oňyn täsiri barada çykyşlar diňlenildi. Maslahatyň dowamynda ýaş alymlar, ylmy işgärler özleriniň alyp barýan ylmy seljermelerini kärdeşleri bilen paýlaşdylar we özara pikir alyşdylar. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen dabaraly çäräniň barşynda zähmet üstünlikleri bilen tapawutlanýan göreldeli işgärleriň birnäçesine guramaçylar tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Baýramçylyk saçaklaryňyz bereketli bolsun!

Her bir ynsanyň sabyrsyzlyk bilen garaşyp, arzylaýan Täze ýyl baýramçylygyna döwlet derejesinde taýýarlanylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bazarlarda we söwda merkezlerinde azyk bolçulygyny döretmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Gök-bakja önümleriniň köpdürlüliginde bolsa tutuş ýylyň dowamynda zähmet çekip, der döken babadaýhanlarymyzyň yhlasy duýulýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginiň bazarlarydyr söwda merkezleriniň adamsy has-da artdy. Çünki her bir maşgala Täze ýyl saçagyny bezemäge häzirden uly taýýarlyk görýär.