"Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri" žurnaly

Esaslandyryjysy: "Türkmennebit" Döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri: 40-35-64, 40-38-40

Makalalar

Ar­ka­dag pä­hi­min­den gal­kyn­ýan sport

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmäge gönükdirilen asylly işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Türkmen türgenleriniň halkara awtoralli ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri hem bu işleriň aýdyň netijesidir. 19-njy dekabrda Gahryman Arkadagymyz Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere baryp, ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň içeri işler ministri Gahryman Arkadagymyza Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty kabul edip, ilki bilen, bu künjegiň özboluşly tebigatyny, ösümlik dünýäsini synlady. Bellenilişi ýaly, Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumy bina edilende, bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlyklaryna üns berilmelidir. Sähranyň özboluşly dünýäsi göz öňünde tutulmalydyr.

Abadan durmuşyň nusgalyk şäheri

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň tagallalary esasynda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp mekanda gurlan Arkadag şäheri kämilligiň nusgasydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherine Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragynyň we degişli güwänamalaryň berilmegi eziz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikleriň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini ýene bir gezek görkezdi. Halkymyzyň buýsanjyna öwrülen şäheriň hil dolandyryş ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar we gazanylýan üstünlikler üçin «Hil saýlawy – 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan işleriň nobatdaky halkara ykrarnamasydyr. Innowasion tehnologiýalary, ekologik abadançylygy babatda sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäherde ýaşaýjylaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi üçin hem ähli şertleriň döredilmegi bu ýeriň, hakykatdan-da, sagdynlygyň, bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň mekanydygyny tassyklaýar. Bu ýerdäki sport desgalarynyň ähli ölçegler babatda halkara ülňülerine doly laýyk gelmegi ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine döwlet derejesinde uly üns berilýändigi

Şöhratly taryhyň beýany

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň döreden hem-de häzirki nesillerimize miras galdyran milli gymmatlyklary, şan-şöhratly taryhynda uly yz goýan şahsyýetlerimiz hakynda söz açýan «Hakyda göwheri» atly täze kitaby «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Milli Liderimiziň täze kitabynyň many-mazmuny halkymyzyň ruhy hazynasyny baýlaşdyrýar. Ajaýyp kitapda Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy barada täsirli gürrüň berilýär. «Hakyda göwheri» buýsançly taryhymyzyň her sahypasynda dünýä nusgalyk ösüşlerimiziň hem-de açyşlarymyzyň bardygyna ünsümizi çekýär. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda: «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr» diýip belleýär. Bu pikiriň çuňňurdygyna, uly many-mazmuna eýedigine buýsanýarsyň. Taryhy hakyda asyrlar, müňýyllyklar aşyp, heňňamlar dolansa-da, geljekki nesilleriň aňynda ata-babalarymyzdan miras galan egsilmejek ruhy baýlykdyr. Milli buýsanç ynsany bagtyýarlyga ýetirýän gymmatlykdyr.

Gym­mat­ly gol­lan­ma

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli düýpli ylmy-ensiklopedik kitabynyň nobatdaky XVI jildiniň neşir edilmegi geçip barýan ýylyň şanly wakalarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň ensiklopedik işi halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylar köpçüligi, lukmanlar, şeýle hem ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsini öwrenýän hünärmenlerdir talyplar üçin gymmatly gollanmadyr. Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy gözlegleriň netijelerine daýanýan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly eseri ýankitabymyza öwrüldi. Bu ylmy-ensiklopedik işinde Gahryman Arkadagymyz okyjylary dermanlyk ösümlikler bilen akademik nukdaýnazaryndan tanyşdyrýar. Olaryň suratlary, biologik aýratynlyklary, ösýän ýerleri, tebigy gorlary, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, taýýarlanyş we ulanylyş usullary baradaky maglumatlar yzygiderlilikde beýan edilýär.

Täze ýylyň şowhuny

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda guralan baýramçylyk gepleşiginde öz beýanyny tapdy Ýetip gelýän Täze ýyl baýramynyň bosagasyndaky günlerde ýurdumyzyň ähli sebitlerini baýramçylyk şowhuny gurşap alýar. 2025-nji ýyly mynasyp garşylamak maksady bilen ýaýbaňlandyrylýan dabaraly çäreler bolsa türkmen topragynda höküm sürýän baýramçylyk ruhuny goşalandyrýar. Golaýda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda guralan şowhunly baýramçylyk gepleşigi hem täze 2025-nji ýyla bagyşlandy. Ony Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilelikde gurady. Şowhunly baýramçylyk gepleşigi «Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly beýik ýurdumda, Täze ýylyň şowhuny bagt paýlaýar ilimde» diýen şygar astynda ýaýbaňlandyryldy.

Akyldaryň şygyrlarynda tebigatyň waspy

Halkymyz ähli döwürlerde ene topragy sarpalap, tebigata aýawly çemeleşipdir, onuň gözelliklerinden ylham hem-de ruhy güýç alypdyr. Şonuň üçin-de, söz ussatlarymyzyň şygyrlarynda tebigatyň gözelligi, onuň ynsan bilen arabaglanyşygy giňden beýan edilýär. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy hem türkmen tebigatynyň ajaýyplygyny, onuň syrlaryny öz goşgularynda çeper beýan edip, keremli mekanyň waspyny dünýä ýaýan söz ussadydyr. Akyldar şahyryň ynsanperwerlige ýugrulan filosofik garaýyşlary ynsanda Watana bolan söýgi, tebigata we onuň baýlyklaryna aýawly garamak hem-de geljekki nesiller üçin aýap saklamak ýaly asylly duýgulary döredýär. Tebigat, tebigy hadysalar bilen bagly setirler Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr öz goşgularynda tebigatyň syrlaryny dana pikirleriň üsti bilen beýan etmegi başarypdyr. Tebigatyň kanunalaýyklygy esasynda bahar pasylynyň, Nowruzyň gelmegi bilen, topraga ýylylygyň girip, onuň ýagyş-ýagmyrdan ganýandygy, daş-töweregiň ýaşyl dona bürenip, ýaşaýşyň täzelenýändigi akyldaryň «Duman peýda» atly goşgusynda beýan edilýär:

Gulhan pälwan

(Soňy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Gulhan pälwan 1966-njy ýylda Aşgabadyň pagta obasynda Çary gyzy Ogulgözel bilen durmuş gurýar. Olaryň Maýa, Dünýägözel, Jeren we Täzegül, Pirguly hem-de Amanmuhammet atly ogullary bolýar. Ähli ugurda diýen ýaly kyblasynyň ýolundan ýörän Pirguly Gulhanyň pälwançylyk kesbini hem üstünlikli dowam etdirýär. Ol hem kakasy ýaly berk bedenli we uly güýjüň eýesi bolup, toý göreşlerinde abraý alýar. Ilkinji toý göreşindäki tutluşygyny Garagum sährasynyň Goňurajy obasynda Gökdepäniň Ahal obasyndan bolan Gully pälwan bilen ikinji dörtlükde geçirýär. Bu göreşde göterme emelinden başarnykly hem öz wagtynda peýdalanan Pirguly ýeňiş gazanýar we eýe bolan uly baýragy bilen kyblasyny çäksiz begendirýär.

Türgenlerimiziň üstünlikleri surat eserlerinde

Ähli ulgamlarda okgunly ösüşlere eýe bolýan eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitleriniň sungatyň dürli ugurlary boýunça döredilýän eserlerde giňden beýanyny tapmagy bu ulgamyň wekilleriniň türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde gazanylýan beýik üstünliklere çäksiz buýsanjynyň nyşanydyr. Bu hakykat türkmen sportunyň ýeten belent derejesi, türgenlerimiziň ajaýyp üstünlikleri, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek ugrunda durmuşa geçirilýän ähmiýetli çäreler hakynda aýdylanda hem şeýledir. Milli sportuň galkynyşynyň nakgaşçylyk sungatynyň eserlerinde hem kämil derejede beýan edilmegi bolsa olaryň taryhyň sahypalarynda mynasyp ornuny tapmagynda uly orny eýeleýär. Çünki şeýle eserler uzak ýyllaryň dowamynda aýawly saklanyp, taryhyň ähmiýetli wakalaryny şol döwrüň gaýtalanmajak öwüşgini bilen geljek nesillere ýetirýär.

Bagtyýarlygyň gözbaşy

Milli sportuň sazlaşykly ösüşi, bedenterbiýe we köpçülikleýin sagaldyş hereketiniň dabaralanmasy Watanymyzda ähli üstünligiň sakasy hasaplanýan sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmegiň möhüm tapgyrydyr. Çünki saglyk bagtyýar ýaşamagyň gözbaşydyr. Halkymyzyň bu hakykata aýdyň düşünýändigi bolsa ildeşlerimiziň şeýle çärelere köpçülikleýin gatnaşmagynda öz beýanyny tapýar. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmekdäki ähmiýetli çärelerinde giňişleýin şöhlelendi. Iri halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenlerimizi sylaglamak dabaralary, ajaýyp bäsleşikler hem-de köpçülikleýin sagaldyş çäreleri watandaşlarymyzyň köp sanlysynyň işjeň gatnaşmagynda geçdi. Şeýle çäreleriň iň naýbaşylarynyň biri hem noýabryň başynda Saglyk ýolunda guralan köpçülikleýin ýörişdir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli guralan ýörişe hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy bolsa bu wakanyň has möhüm ähmiýete eýe bolmagyny üpjün etdi. Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesi jemgyýetimiz üçin sagdynlyga çagyryş, bagtyýarlyga çakylyk boldy.

Welaýatlardan habarlar

Go­laý­da Da­şo­guz şä­he­ri­niň «Ga­raş­syz­lyk» sport des­ga­syn­da 2010-njy ýyl­da dog­lan we şon­dan ki­çi ýaşly og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da ýe­ňil at­le­ti­ka bo­ýun­ça Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň bi­rin­ji­li­gin­de et­ra­by­my­zyň tür­gen­le­ri üs­tün­lik­li çy­kyş et­di­ler. Et­ra­byň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň dü­zü­min­de çy­kyş eden­le­riň 100-den gow­ra­gy­nyň bi­ziň mek­de­bi­mi­ziň tür­gen­le­ri­di­gi aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Ýa­ryş­da ýe­ňil at­le­ti­ka­çy­la­ry­my­zyň iki­si 1-nji, bä­şi­si 2-nji, bä­şi­si bol­sa 3-nji orun­la­ry eýe­le­me­gi ba­şar­dy­lar.

ÝAŞLARYŇ ÝÜREK BUÝSANY

Gurban MYRADOW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Türkmenistan — Malaýziýa: dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi 19-njy dekabrda Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy

19-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gyş paslynyň säheriniň irki pursatlarynda Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri gyş paslynyň tenekar howaly ir säherinde Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumynyň gurulmagy meýilleşdirilýän ýerine geldi. Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow Gahryman Arkadagymyza Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.

Çagalaryň sagdyn we bagtyýar geljegi ugrunda

Çagalar — biziň geljegimiz, ýurdy has-da beýik sepgitlere ýetirjek, merdana pederlerimizden miras galan mukaddes Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, özerkliligini gorap saklajak nesillerimiz. Her bir halka mahsus bolşy ýaly, türkmenlerde hem körpe çaga, perzent durmuşyň gülüne, altyn aşyga deňelýär. Olar aýratyn üns-alada, mähir bilen gurşalýar. Bu barada halkymyzda «Çagaly öý — bazar» diýen dürdäne söz hem bar. Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly täze kitabynda öý-ojak, maşgala mukaddesligi, ene-ata bilen perzentleriň arasyndaky mähribanlyk kökeni barada: «Ata-ene öýüň mähir ojagydyr. Perzentler onuň mähir alawydyr» diýýär. Ine, «mawy» ekran arkaly Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde garalan meseleler, kabul edilen çözgütler bilen tanşanymdan soňra şeýle oýlara berildim. Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gazna tarapyndan tamamlanyp barýan 2024-nji ýylda bitirilen işler barada hasabatlary diňlemegi, düzümiň işini has-da kämilleşdirmek barada çözgütleriň kabul edilmegi bu haýyr-yhsan işleriň geriminiň has-da giňeldiljekdiginden, kämilleşdiriljekdiginden habar berýär. Şeýle pursatlarda G

Aý dogsa, älem görer

Düýn Arkadag şäheriniň häkimliginde Arkadag şäheriniň Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy, şeýle-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanylmagyna bagyşlanyp hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, «akylly» şäherde zähmet çekýän işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ajaýyp ykbally «Akylly» şäher

Şäherler we obalar islendik ýurduň rowaçlygyny öz ajaýyp keşpleri, ýaşaýjylarynyň bagtyýar durmuşlary we ykballary bilen sözsüz beýan edýärler. Bu gün türkmen şäherlerine we obalaryna şeýle durmuş mahsus bolup durýar. Olaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň gurduran Arkadag şäheri bolsa bütin dünýäniň ýokary bahalaryna we halkara sylaglaryna mynasyp bolýar. Munuň özi diňe bir şäheriň däl, eýsem, Gahryman Arkadagymyzyň arhitektorlyk zehininiň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini hem aýdyň görkezýär. Sebäbi türkmeniň şöhratly taryhynda ilkinji gezek gurlan «akylly» şäher Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän binagärlik eseri hökmünde Garaşsyz ýurdumyzyň ajaýyp taryhyna girdi. Arkadag şäherinde durmuş-ýaşaýyş ýakymly öwüşginlere beslenýär. Milli Liderimiziň ýakynda Arkadag şäherine amala aşyran sapary diňe bir bu şäheriň ýaşaýjylarynyň däl, eýsem, ildeşlerimiziň her biriniň ruhuny has-da galkyndyrdy. Milli Liderimiz sapar mahalynda ajaýyp şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Täzelikler

Täze ýyl baýramynda ildeşlerimiziň sahawatly desserhanlaryny çörek we süýt önümleri bilen bezemek mümkinçiliklerini artdyrmakda «Hepdelik» haryt nyşanly hususy önümçilikde derwaýys işler alnyp barylýar. Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Narhal Haknazarowa degişli bolan bu hususy önümçilikde ýylyň başyndan bäri datly kökeleriň, peýnirli, gaýnadylan, goýaldylan süýtli, bally dorogly çörek önümleriniň we dürli tagamly süýjüleriň 28 tonna golaýy öndürilip, ilata hödürlenildi. Şeýle-de bu ýerde halkyň uly isleg bildirýän peýnirleriniň duzly hem-de «Abywerd» ady bilen tanalýan gaty kyrkgasanak görnüşleriniň her günde 100 kilogramdan gowragy taýýarlanylýar. Önümçilikde 20-ä golaý işgär zähmet çekýär.

Hakyda — heňňamlaryň hikmeti

Gojaman taryhyň göwsüni gulaçlap, asyrlaryň aňyýet älemine aralaşyp, geçmişi paýhas eleginden geçirmek zamana zynat, döwre dowamat berip bilýän Hakdan halatly dana kişilere eýgerdýär. Gahryman Arkadagymyzyň hökmürowan wagtyň üstüni basyran, halkymyzyň dünýä ýaň salan sahawatly işlerini taryhyň gatyndan gyzylyň gyryndysyny gözlän ýaly yhlas bilen agtaryp, seljerip, keşbini Aý dogan ýaly suratlandyryp, «Hakyda göwheri» atly diwana ýerleşdirmegi diňe bir türkmen milletiniň däl, eýsem, gojaman taryhyň özüne ýapylan perzentlik serpaýdyr. Biserhet wagty birýana serpip, geçmişe beletlik bilen aralaşan Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eseri özi bilen okyjyny hem geçmişiň goýnuna seýrana çykarýar. Asyrlarynyň hersi bir kitap, ýyllary sahap, günleri zerbap setirler bolan syrly taryhy öwrenmek, bilmek, oňa akyl ýetirmek geçmişiň lybasyndaky özüňi görmekdir, diýmek, geçmişdäki wakalara şaýat bolmakdyr. Bu ajaýyp eseriň öňde goýýan baş maksady hem merdana ata-babalarymyzyň ýaşan mukaddes topragynyň üstünde bolan şanly wakalaryň bu topragyň astynda ýitip gitmezligidir. Olar heňňamlaryň hakydasynda, halkyň hakydasynda, geljekki nesilleriň hakydasynda bakylyga, beýik işlere çakylyga öwrülip, dür-merjene, göwhere dönüp ýaşamalydyr.

Türkmenabatda täze ýyl öwüşginleri

Türkmenabadyň ýaşaýjylary Täze ýyl baýramyny her ýyl üýtgeşik mähir we şadyýanlyk bilen garşylaýarlar. Şäheriň Garaşsyzlyk ýyllarynda gözelleşen keşbi, aýdyň gündizleri we ýagty gijeleri, owadan ýollary hem-de döwrebap seýilgähleri Täze ýyl baýramyna has-da gelşik berýär. Iň esasysy bolsa şäheriň ýaşaýjylarynyň ruhubelentligi dessine gözüňe ilýär. Baýramçylyk golaýlaşdygysaýyn özgerişlikler has-da ýakymly görünýär. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde döredilýän gowulyklaryň bu günki gün ildeşlerimiziň ruhubelentliginiň baş çeşmesidigini hem şu ýerde aýdasyň gelýär.

Şöhrata hem ösüşe beslenýän döwür

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen Ýer ýüzünde barha belende göterilýändigine, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gitdigiçe ýokarlanýandygyna biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda uly ösüşlere beslenýän ýylynyň dowamynda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň netijesinde hem aýdyň göz ýetirýäris. Tamamlanyp barýan ýylda döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, şonuň bilen birlikde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen uly ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigi döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. Üstümizdäki ýylda ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýurdumyzyň çar künjeginde ýokary depginde dowam etdirilmegi guwandyryjydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk