"Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri" žurnaly

Esaslandyryjysy: "Türkmennebit" Döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri: 40-35-64, 40-38-40

Makalalar

Sagdyn ýaşaýşyň çeşmesi

Mälim bolşy ýaly, geçen asyryň ortalaryndan soňra dünýäde ekologik meseleler ýitileşip başlady. Häzirki wagtda olar bütin adamzadyň öňünde onuň geljegi üçin çözülmesi örän wajyp ählumumy mesele bolup durýar we dünýäniň ähli döwletleriniň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär. Çünki dünýäniň bir bölegindäki ekologik işjeňlik onuň beýleki bir künjegine öz täsirini ýetirip durýar. Ýer ýüzünde ýaşaýşyň dowam etmegi üçin iň zerur şertleriň biri atmosfera bolup, ol adamlary Gün şöhlesinden, ultramelewşe şöhlelerden ygtybarly goraýar. Atmosferanyň daşky gurşawda aýratyn ornunyň bardygy mälimdir. Adamlar dürli sebäpler bilen atmosferany hapalaýarlar, janly-jandarlara zyýanly maddalaryň üsti bilen zeper ýetirýärler. Howanyň hapalanmagy adam saglygyna, daşky gurşawa uly howp salýar. Maglumatlara görä, häzirki wagtda adamzadyň işjeňligi zerarly ýer örtüginiň 30 göterimi, ýagny 45 million inedördül kilometri zyýan çekýär. Şu ýagdaýda her ýylda 6 million gektar toprak çölleşýär, gury ýeriň 20 göterimini tutýan (3 milliard gektar), ösümlikleriň we jandarlaryň 50 göterimini özünde jemleýän tropiki tokaýlyklar ýitip ýok bolup barýar. Awtoulaglaryň tükeniksiz gazlary bilen zäherlenen gurşaw adam bedeniniň immun ýetmezçiligine se

Gülgüne agaç

Tebigat täsin ösümliklere we haýwanlara baýdyr. Şeýle täsin ösümlikleriň biri hem «gülgüne agaç» hasaplanýar. Bu agaç kösükliler maşgalasynyň, dalbergiýa urugyna degişli. Dalbergiýa urugyna 100 – 150-ä golaý agajyň dürli görnüşleri girýär. Bu urugyň ady şwed himigi we botanigi Nils Dalbergiň ady bilen baglanyşyklydyr.

Işeňňir jandar

Alymlar Ýer togalagyndaky garynjalaryň ortaça sanyny kesgitlediler. Soňky 100 ýylyň dowamynda müňlerçe awtorlaryň taýýarlan maglumatlary esasynda Ýer togalagyndaky ähli guşlary we süýdemdirijileri goşanyňda hem garynjalaryň sanynyň olardan ýokary boljakdygy kesgitlenildi. Geçirilen ylmy işleriň maglumatlary garynjalaryň ähli görnüşleriniň umumy agramynyň 12 megaton (129 kilogram) uglerod süýümi bilen deňdigini görkezdi. Ýer ýüzünde, takmynan, 20 kwadrillion (2015) garynjanyň ýaşaýandygy anyklanyldy (20 sanyň yzynda 15 sany nol bar). Dünýäde garynjalaryň 9 müňe ýakyn görnüşi bar. Olar tämizleýärler, ekerançylar, jandar idedijiler ýaly toparlara bölünýärler. Garynjalaryň beden gurluşlary her bir ýeriň aýratynlygyna görä, dürli-dürli bolýar. Adamlar irki döwürlerden bäri ýabany haýwanlary eldekileşdirip, olardan peýdalanyp, ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini gowulandyrypdyrlar.

Bathyzyň gaýtalanmajak gözelligi

Halkymyzyň ylym-bilim, ruhy-ahlak taýdan kämil bolmagy geljekki sagdyn jemgyýetimiziň binýadynyň berkden tutulmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Watana bolan söýgi tebigata bolan söýgüden başlanýar. Daşky gurşawy goramak boýunça döwletimiziň işjeňlik görkezýän ählumumy ekologiýa meseleleriniň çözülmegi babatynda milli ýörelgelerimize, asylly däplerimize eýerilýär. Halkymyzyň paýyna düşen tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baý hazynasyny, gaýtalanmajak landşaftlaryny, ýagny tokaýlary, çöl-beýewanlary, sähralary, beýik daglary, deňiz-derýalary we çöketlikleri nesillere miras galdyrmak üçin aýap saklamak goraghanalarymyzyň, galyberse-de, her bir raýatymyzyň mukaddes borjy bolup durýar. Aýratyn goraga mätäç täsin haýwanlaryň biri alajagaplaň (bars) — Bathyzda duş gelýär. Bathyz döwlet tebigy goraghanasy ýurdumyzyň Mary welaýatynda ýerleşýär. Alajagaplaň şol goroghananyň ýyrtyjy haýwanlarynyň biridir. Ol gulanlary, keýikleri, dag goýunlaryny (aýraklary), ýekegapanlary awlap iýmitlenýär. Ondan başga-da, ýyrtyjynyň awy oklykirpi, ownuk gemrijiler, tilki, möjek, käkilik bolup biler. Ol nähili güýçli we ýyndam haýwan bolsa-da, onuň hem duşmanlary bar. Ene bars çagalaryny goýup awa gidende, olaryň iň howply duşmany möjekdir.

Gül aç­ýan Awa­za

«7/24.tm»:№34 (221) 19.08.2024 Ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy we bag­ty­ýar­ly­gy ug­run­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler her birimizi diý­seň guwandyrýar. Go­ja­man Ha­za­ryň ke­na­ryn­da dö­re­di­len «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy yn­san sag­ly­gy we bag­ty­ýar­ly­gy ug­run­da­ky ala­da­nyň ny­şa­ny­dyr.

Tebigatyň täsinlikleri

Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna girizilen alaja gaplaňlar ýurdumyzda seýrek duş gelýän ýyrtyjy jandardyr. Olaryň göwresi uly bolup, bedeniniň uzynlygy 1metr 30-1metr 80 santimetre, guýruklarynyň uzynlygy hem 1metr 20 santimetre barabardyr. Alaja gaplaňlaryň bedeni süýnmek, çeýe, aýaklary uzyn, syratly bolýar. Öň aýaklary berdaşly we ýaýbaň penjeli, sütügi gytyk, gara ýa-da goňur halka görnüşli tegmilli agymtyl-çal reňklidir. Alaja gaplaňlar, esasan, giň derelerde, seýrek arçalyklarda we pes daglyk ýerlerde (Günorta-Günbatar Köpetdagda), Bathyzda, Ýeroýulanduz çöketliginde, Gyzyljarda we pisseliklerde ýaşaýarlar.

Tebigatymyzy goralyň!

Diýarymyzyň tokaý-seýilgäh zolaklarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak maksady bilen welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň işgärleri bilen bilelikde wagyz-nesihat çärelerini, gözegçilik işlerini yzygiderli alyp barýarys. Şeýle-de tomus paslynda daş-töwerege görk berip duran tokaý zolaklaryny, agaç nahallaryny ýangyndan goramak boýunça işler sazlaşykly ýola goýuldy. Bu babatda mekdeplerde, çagalar baglarynda, edara-guramalarda, kärhanalarda geçirilýän wagyz-nesihat we düşündiriş işleriniň gerimini giňeltdik. Dynç alyş günleri we işden boş wagtlary watandaşlarymyz maşgala bolup tokaý-seýilgäh zolaklaryna gezelenje çykanlarynda olara ýangyn howpundan ägä bolmaklary giňişleýin wagyz edilýär. Çünki tebigat ählimiziň umumy öýümizdir, ony gorap saklamak mukaddes borjumyzdyr.

Göýül

Bu ösümlik Aziýa ýurtlarynyň köpüsinde duş gelip, ol Türkmenistanda-da giňden ýaýrandyr. Göýül barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde has jikme-jik maglumatlar berilýär. Şonda onuň köp derdiň dermanydygy aýratyn nygtalýar. Göýül topragyň ýüzüne ýaýlyp ösýän ösümlik bolup, özüniň çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de, oňa halk arasynda «tilkigarpyz», «gyrmyzy goza» hem diýilýär. Onuň grek dilindäki adyny türkmençä terjime edeniňde bolsa «hyjuw», «isleg» diýen manylary berýär.

Türkmen tebigaty — ylham çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa abadançylygyny, daşky gurşawyň arassalygyny gazanmak ugrundaky kabul eden maksatnamalarynyň çäklerinde Diýarymyzyň ajaýyp tebigatyny goramaklyga, ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyryp, ony geljekki nesiller üçin aýawly saklamaklyga uly üns berilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň alyp barýan işleri-de uly ähmiýete eýedir. Bu jemgyýetiň hünärmenleriniň ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmakda alyp barýan işleri, tebigat gözelliklerini gorap saklamak babatda geçirýän wagyz-nesihat çäreleri aýratyn bellärliklidir. Jemgyýetiň ilat arasynda geçirýän her bir çäresi ynsanlaryň kalbynda tebigata aýawly garaýşy ösdürýär. Ajaýyp gözellikleri, täsinlikleri bilen kalbymyza nur çaýýan türkmen tebigaty her birimiziň milli buýsanjymyzdyr, ylham çeşmämizdir. Asyrlarboýy tebigata aýawly çemeleşen ata-babalarymyz topragy berekediň başy, suwuň her bir damjasyny bolsa altyn dänesi hasaplapdyrlar. Nesillerden nesillere geçen bu asylly garaýyş, tebigata bolan beýik söýgi häzirki döwürde-de üstünlikli dowam edýär. Diýarymyzyň tebigy gözellikl

Tomus. Dynç alyş. Awaza

Tomus diýilse ilki bilen dynç alyş hakydaňa dolýar. Çünki bu pasylda orta mekdeplerde okaýan okuwçylar-a tutuş üç aýlap, ýokary hem orta hünär mekdeplerinde okaýan ýaşlarymyz hem sabyrsyzlyk bilen garaşan tomusky dynç alşyna çykýarlar, zähmet çekýänleriňem aglabasy zähmet rugsadyna çykyp, dürli ýerlerde dynç almaga gidýärler. Gojaman Hazaryň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy döredilenden bäri ildeşlerimiz bu ýere höwes bilen dynç almaga barýarlar. Bizem indi birnäçe ýyl bäri her tomusda bu ýerde dynç almaga gidýäris. Pederlerimiziň «Hem daýymlara barýan, hem taýyma baş öwredýän» diýşi ýaly, bu ýerde hem dynç almaga, hem saglygyňy berkitmäge ähli mümkinçilikler bar. Aşakdaky ýazgylar hem şol ýerde döredi. Gezelenç

Täsinlikler mesgeni

2003-nji ýylyň noýabrynda Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň wekilleri tarapyndan Çarçuwaly konwensiýa, ýagny Tähran Konwensiýasyna gol çekildi. Ol 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Şol gün Hazarýaka döwletlerde her ýyl Hazar deňziniň güni hökmünde bellenilýär. Bu senäniň deňziň ekologik howpsuzlygy meselelerinde, ekoulgamy gorap saklamakda ähmiýeti uludyr. Hazar deňziniň meýdany 371 müň inedördül kilometr bolup, iň çuň ýeri 1025 metre, kenarýaka çyzygynyň uzynlygy 7000 kilometre ýetýär. Demirgazykdan günorta 1200 kilometr uzap gidip, ortaça ini 320 kilometre barabar. Oňa 130-dan gowrak derýa guýýar. Çäginde ululy-kiçili adalaryň 50-ä golaýy bar. Deňziň biodürlüligi we janly-jandarlaryň özboluşlylygy, köpüsiniň bolsa diňe şu ýerlerde duşýandygy aýratyn bellärliklidir. Bekre balyklarynyň dünýä gorunyň 90 göterim töweregi şu ýerde jemlenendir. Guşlaryň 300-den gowrak görnüşi gabat gelýär. Ýerde-suwda ýaşaýanlaryň, süýdemdirijileriň we süýrenijileriň köp görnüşi bar. Bu sebitde başga hiç ýerde duş gelmeýän Hazar düwleni-de ýaşaýar.

Güýze golaýladýan günler

Gyşyň uly çillesi ýaly, 12-nji awgustdan başlanýan ýaldyrak döwri hem 40 gün dowam edýär. Şol döwrüň içinde ol özüniň yssy gündizleri, salkyn gijeleri bilen eýýäm öňde güýzüň ýetip gelýändigini ýatladýar. Daýhan-a indi güýzlük ekinleriň ugruna çykýar, maldar mallaryň güýz gyrkymynyň aladasy bilen bolýar. Bu ýyl üçýyldyz döwründe aşa gyzgyn günler köp boldy. Öri meýdanlarynda ýangyn döremez ýaly, birnäçe goşmaça çäreler görüldi. Köp möçberde tehnikalar işledilip, ýörite goýlan gözegçiler öri meýdanlarynda ýangynyň ýüze çykaýmagynyň mümkin bolan ýerlerini anykladylar. Çünki «Üçýyldyzyň galgyny» birdenkä howanyň çendenaşa gyzmagy bilen örän howply ýagdaýlary döredip bilýär. Şeýle pursatlarda diňe bir çöldäki mallar däl, ekerançylyk meýdanlaryndaky ekinler-de goşmaça idege mätäç bolýar. Toprakda yzgar ýeterlik bolmasa, ösümlik dessine ýapraklaryny bürüşdirip, saralyberýär. Şonuň üçin bu döwre ata-babalarymyz öňünden taýýarlyk görüpdirler. Gülüni çalt uçurýan bakja ekinleriniň damarlaryndaky we toprakdaky yzgary saklamak üçin joýanyň içine buýan ösümligini orup basypdyrlar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19... +24 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29... +34 gradus maýyl bolar.

Hazar düwleni

Hazar deňziniň ekologiýa taýdan amatlyklary balyklar bilen birlikde, suw süýdemdirijisi bolan Hazar düwleniniň hem deňiz suwunda erkin ýaşamagyna, öz nesillerini örňetmegine tebigy şertleri döredýär. Bu süýdemdirijileriň bedeniniň gurluşy we ekologik uýgunlaşyşy iýmit gözlegi esasynda emele gelen hereketleri bilen baglanyşyklydyr. Oňa bolsa ýaşaýan gurşawynyň güýçli täsiri bar. Mysal üçin, küregaýakly süýdemdirijilerden Hazar deňzinde ýaşaýan düwlen suwda örän oňat ýüzýär. Düwlenler suwuň aşagynda dowamly saklanmaga-da ukyplydyr. Olar suwda we suwuň aşagynda öz duşmanlaryndan gizlenýärler hem-de iýmitlenýärler, ýöne düwlenler köpelýän döwründe galyň, döwülmejek buzuň üstüne, buz bolmadyk ýagdaýynda hem-de dynç alanlarynda suwuň gyrasyna, gury ýere çykýarlar. Hazar düwlenleri deňziň türkmen kenaryndaky Ogurjaly adasynyň ýakasyna güneşlemäge gelýärler. Beýleki süýdemdirijiler ýaly, olar hem bedeninde D witaminini özleşdirmekde Gün şöhlesini peýdalanýarlar.

Ajaýyp tebigatyň goragy

Deňziň kenarynda, tokaýda, dagda, çeşme-çaýly ýerlerde gezelenç edilende ýa-da dynç alnanda rugsat edilmedik ýerlerde ot ýakmak, galyndylary zyňmak tebigata uly zeper ýetirýär. Ýurdumyzda adamyň arassa, sagdyn tebigy gurşawa bolan hukuklaryny amala aşyrmaga gönükdirilen kanunlaryň, kanunçylyk namalarynyň birnäçesi hereket edýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Tokaý, Suw we Howa kodekslerini, şeýle hem «Ekologiýa auditi hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bellemek bolar. Halkymyz asyrlaryň dowamynda tebigata sarpa goýup, onuň baýlyklaryny aýawly saklamaga, paýhasly ulanmaga çalşypdyr. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini dowam edip, tebigaty aýawly saklamak, onuň baýlyklaryny goramak biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Ala­w keşpli ga­ýa­lar

Millionlarça ýyl ozal gadymy Tetis ummanynyň düýbünde hek daş çökündili gaýalar emele gelipdir. Häzirki Hazar deňzi uzak geçmişdäki bu ymgyr suwuň mirasdüşeridir. Şeýle gözel ýerleriň biri «Otly gaýalar» adyny alan daglaryň süňňüne ýerleşen Ýangy galanyň täsin gaýalarydyr. Balkanabat şäherinden 165 kilometr demirgazykda we Türkmenbaşy şäherinden 160 kilometr günbatarda ýerleşen bu taryhy ýer ýerli ýaşaýjylar we jahankeşdeler tarapyndan meşhurdyr. Kert gaýadaky darajyk köwe çyksaň, akylyňy haýran edýän peýzažy synlap ganyp bolmaýar. Ençeme asyr mundan ozal gyzyl, ak, sary we mämişi gatlaklardan emele gelen bu gaýalar tebigy taýdan ajaýyp gurluşy bilen tapawutlanýarlar. Dik eňňitli dar derýa jülgesi bolan bu gaýalaryň reňkleriniň arasynda gyzyl reňk agdyklyk edensoň, ýerli ilat oňa Gyzyldag diýip at beripdir. Gadym döwürlerde dik eňňitli dar derýa jülgesine Garabogaz kölüniň suwy gelip ýetipdir. Syýahatçylar bu ýerlerde balykgulaklaryň we birgeňsi şekillerdäki reňkli daşlaryň bardygyny, onda ençeme gezek gaýtalanýan ýaňlary hiç unutmaýandyklaryny belleýärler.

Han didaryn gören suw

Adam özüniň daş-töweregini gurşap alan tebigat bilen bir bitewi göwredir. Tebigat ynsan ýaşaýşynyň düýp özenidir. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, daş-töweregimizi gurşap alan tebigaty, şol sanda Hazar deňziniň ekologik arassalygyny, onuň balyk baýlyklaryny gorap saklamakda uly işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabynda adamyň saglyk ýagdaýynyň gowy bolmagynyň möhüm şertleriniň biriniň onuň ulanýan suwunyň hiline baglydygyny nygtap: «Ýurdumyza mahsus ýokary temperatura, ýagyşly howanyň az mukdarda bolmagy, Türkmenistanyň arid zonasynda ýerleşmegi bilen bagly tebigy-klimat şertlerinde ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesine — suwa has aýawly çemeleşmegi öwretdi» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyz bu pikirini «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda dowam etdirip: «...milli terbiýeçilik ulgamymyzda tebigaty söýmegiň, ýere, suwa aýawly çemeleşmegiň ähmiýeti uludyr» diýmek bilen, her bir ynsanyň tebigaty söýmelidigini, onuň adama eçilen gymmatlyklaryny seresaply, aýawly ulanmalydygyny jaýdar belleýär. Ata-babalarymyz suwa bolan garaýyşlaryny, arzuw-isleglerini, suwuň gadyr-gymmatyny halk döredijilik eserlerine

Hazynaly Hazar

Hazar. Gojaman Hazar. Ençeme müňýyllyklar bäri türkmen topragynyň günbatarynda ýaýylyp gidýän, aňrysyna göz ýetmeýän uç-gyraksyz bu deňzi taryhda dürli-dürli atlandyrypdyrlar. Deňziň atlary, köplenç, kenarlarynda ýaşan taýpalaryň we halkyýetleriň atlary ýa-da olaryň eýelän ýerleri bilen baglanyşykly bolupdyr. Häzirki wagtda onuň has giň ýaýran iki adynyň biri «Kaspiý» bolup, ol 1000 ýyl ozal deňziň günortasynda ýaşan kaspi taýpalaryndan gelip çykýar. «Hazar» ady bolsa, VII asyrda Hazar deňzi we Kawkaz degrelerinde, häzirki wagtda günorta Russiýanyň we Krymyň çäklerinde mesgen tutan türki halk bolan hazarlardan gelip çykýar. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda hem deňziň Hazar ady tutulýar:

Çypar ýelbe

Biziň ýurdumyzda guşlaryň sany we görnüş dürlüligi ornitolog alymlar tarapyndan XX asyryň ortalarynda öwrenilip başlandy. Geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, ýurduň ornitofaunasynyň düzümi barada maglumatlaryň ýylsaýyn üsti ýetirildi. Mysal üçin, 1952-nji ýylda — 367, 2011-nji ýylda — 417, 2013-nji ýylda — 422, 2018-nji ýylda bolsa 436 görnüş hasaba alyndy. Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde we oňa golaý meýdanlarda guryýer, şeýle hem suw-batgalyk guşlaryň ýaşamaklary, höwürtgelemekleri we köpelmekleri üçin amatly ýerler bar (Gaplaňgyr, Gaňňagyr, Goýungyrlan, Tärimgaýa belentlikleri, Sarygamyş, Zeňňibaba, Uzynşor kölleri we başgalar). Bu ýerler özüniň iýmite baý bolmagy bilen guşlary özüne çekýär we olaryň iýmitlenmegi hem-de ýaşamagy üçin amatly şert döredýär.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +38... +43 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +32... +37 gradus yssy bolar.