"Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri" žurnaly

Esaslandyryjysy: "Türkmennebit" Döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri: 40-35-64, 40-38-40

Makalalar

Sessiz blender satuwa çykaryldy

Soňky ýyllarda tehnologiýa enjamlary bazarynda mynasyp orun alan «Xiaomi» hytaý kompaniýasy «Smart Quiet Blender P1» atly sessiz aşhana enjamyny hödürledi. Has giňişleýin belläp geçsek, «Smart Quiet Blender P1» «HyperOS» operasion ulgamynyň buýruklary esasynda işleýär. Kompaniýanyň hünärmenleri bu täze modeliň öňki blenderlerden düýpgöter tapawutly boljakdygy hakda belleýärler. Maglumat üçin aýtsak, kompaniýanyň «Smart Quiet Blender P1» blenderini 98 amerikan dollaryndan satyn alyp bolar.

«BMW 2 Series Gran Coupe 2025» görkezildi

Germaniýanyň meşhur awtomobil öndürijisi «BMW» kompaniýasynyň «BMW 2 Series Gran Coupe 2025» modelinde öňki nusgalaryna garanyňda, has güýçli hereketlendiriji hem-de «BMW iDrive» ulgamy ornaşdyryljakdygy habar berildi. Habara laýyklykda, kompaniýa «BMW 2 Series Gran Coupe 2025» modelini 2025-nji ýylyň mart aýynda satuwa çykarmagy göz öňünde tutýar. Awtomobiliň bahasy onuň hiline laýyklykda, ýagny ortaça 40775 — 50675 amerikan dollary möçberinde bahalanar.

1 million elektromobil öndürdi

Elektromobil öndürmekde dünýäde öňdeligi eýeleýän «Li Auto» kompaniýasy geçen 58 aýyň dowamynda 1 million elektromobil öndürendigi barada habar berdi. Ýeri gelende bellesek, bu kärhananyň ilkinji elektromobili 2019-njy ýylda satuwa çykarylypdy. Şeýle-de bolsa, «Li Auto» kompaniýasy 2023-nji ýylyň jemi boýunça 17 milliard amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy.

Döwrebap mümkinçilikler — aýdyň maksatlar

Häzirki ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän işler ösüşi üpjün edýär, röwşen geljegi rowaçlandyrýar. Bu ugurda döwrebap mümkinçiliklere, esasan hem, sanly ulgama aýratyn üns berilýär. Bu babatda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» aýratyn bellemek gerek. Bu maksatnamada geljekki ösüşler aýdyň maksatlar bilen beýan edilýär we sanly ulgam, döwrebap mümkinçilikler göz öňünde tutulýar. Munuň özi köpugurly özgertmeleri amala aşyrmakda hem-de halk hojalygynyň pudaklaryny kämilleşdirmekde ileri tutulýan ugurlaryň ösüşini üpjün edýär. Maksatnamada öňde goýlan wezipeleriň çözülmegi sanly ykdysadyýeti ösdürmegi, önümçiligiň depginli ösüşini, ähli pudaklaryň kämilleşdirilmegini, dünýäniň iň oňat tejribelerini, öňdebaryjy ylmy pikirleri we tilsimatlary ulanmagy, maddy-enjamlaýyn binýadyň pugtalanmagyny üpjün edýär. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça möhüm wezipeler pudaklaryň has-da kämilleşdirilmegi, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şunda oňat tejribeleriň toplanandygyny, tehnologiýalaryň kämilligini aýratyn bellemek gerek. Hususan-da, maglumat tehnologiýalarynyň ösýän döwründe «akylly» öýle

Çapar Pay goşundysynda USSD-haýyşlaryny we gysga “Altyn Asyr” belgilerini ugradyp bolýar

“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Çapar Pay köpugurly gollanmasynda indi peýdaly USSD-haýyşlaryny we “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk milli operatorynyň gysga belgilerini ugradyp bolýar. Şeýlelikde, Google Play-da we App Store-da elýeterli bolan Çapar Pay goşundysynyň kömegi bilen ulanyjylar häzirki balansy barada maglumat alyp bilýärler, şeýle hem, oparatora jaň edip, gudoga derek saz goýup, gerekli dili saýlap bilýärler.

Hytaý dünýäde ilkinji 6 tonnalyk uçarmansyz uçary görkezdi

Hytaýyň "United Aircraft Group" kompaniýasy dünýäde iň uly konwertoplan hasaplanýan Lanying R6000 atly täsin uçarmansyz uçar apparatyny (PUA) işläp düzdi. Mail.ru-nyň habar berşi ýaly, 6 tonna agramly bu howa gämisi 2 tonna çenli ýük daşap bilýär we hem pilotsyz, hem-de uçarmansyz tertipde ulanylýar. Lanying R6000-niň tehniki häsiýetnamalary:

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Türkmentel – 2024» atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar   

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 14-16-njy noýabr aralynda telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel – 2024» atly XVII Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler. «Türkmentel – 2024» sebit boýunça maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamyndaky iň uly çäreleriň biri bolup, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar we telekommunikasiýa ugry boýunça täze üstünlikleri, tejribeleri we pikirleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan ýurdumyzyň gümrük edaralaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanyň gümrük edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, bu ugurda üstünlikli durmuşa geçirilýän işler has-da guwandyrýar. Häzirki wagtda gullugyň düzüminde hereket edýän «ASYCUDA World» utgaşdyrylan maglumatlar ulgamy, elektron we maglumat ekranlary, barlag rentgen enjamlary we «Eksport-import amallary üçin bir penjire» maglumatlar ulgamy ýurdumyzyň daşary söwda-haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmaga, sanly hyzmatlaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga hem-de daşary ykdysady işine gatnaşyjy taraplara amatly ýeňillikleri döretmäge uly ýardam berýär. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary bermek mümkinçiligini hem döretdi.

«Huawei» Hytaýdaky satan smartfonlarynyň sany boýunça «Appleden» öňe geçdi

«Huawei» kompaniýasy 2024-nji ýylyň awgustynda Hytaýda satan smatfonlarynyň sany boýunça «Apple» kompaniýasyndan öňe geçdi. Şeýle ýagdaý soňky 46 aýda ilkinji gezek hasaba alynýar. «CINNO» seljerme merkezi öz geçiren barlaglaryna esaslanyp, «Huaweiň» hytaý bazaryndaky söwdasynyň depginli ilerlemeginde «Mate» we «Pure» smartfonlarynyň uly täsiriniň bolandygyny ýazýar.

Elektromobilleriň dünýä bazaryna syn

Häzirki wagtda dünýä bazarynda elektromobillere bolan isleg ýylsaýyn artýar. Ýangyjyň bahasynyň gymmatlygy we daşky gurşawy aýawly saklamak ýaly sebäpler elektromobil satyn almaga isleg bildirýänleriň hatarynyň barha uzamagyna getirýär. Maglumat üçin, häzir dünýäde satylýan her dördünji ulag elektromobildir. Bilermenler 2030-njy ýylda dünýä ýollarynda 125 milliondan gowrak elektromobiliň hereket etjekdigini çaklaýarlar. Bularyň ählisi täze nesliň ulaglary hasaplanylýan elektromobilleriň söwdasynyň depginli ösüşine şaýatlyk edýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, gazetiň şu sanynda elektromobilleriň dünýä bazaryna gysgaça syn bermegi makul gördük. Dünýä bazaryndaky ösüş tendensiýalary

Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi

Nobel komiteti 2024-nji ýylda fizika boýunça baýragyň eýesini yglan etdi. Laureatlar amerikaly alym Jon Hopfild we britaniýa-kanadaly alym Jeffri Hinton boldy. Baýrak «emeli neýron ulgamlarynyň kömegi bilen, maşyn biliminiň esasy bolan düýpli açyşlar we oýlap tapyşlar» üçin berildi. Laureatlaryň ikisi-de statistiki fizika bilen meşgullandy. Bellenilişi ýaly, olaryň işi ahyrky netijede maşyn bilimi ugrunda we emeli aňyň beýleki ugurlarynda giňden ulanylýan döwrebap neýroulgamlaryň döremegine getirdi.

«Tesla» rulsuz awtomobil çykarar

«Teslanyň» bu awtomobiliniň önümçiligine 2023-nji ýylda Ilon Mask tarapyndan badalga berlipdi. Bu ulag rulsuz hem-de pedalsyz bolup, ol şol bir wagtda kärhanada öndürilýän iň arzan awtomobil bolar. Elektroulagyň bahasynyň 25 müň amerikan dollaryna barabar bolmagyna garaşylýar. Şeýle-de kompaniýa täze awtomobilini şu ýylyň ahyryna satuwa çykarmagy meýilleşdirýär.

«Xiaomi» grafen tagtasyny hödürledi

Mikrotolkunly peçleriň möwriti geçdi. «Xiaomi» kompaniýasy «Xiaomi Mijia Foldable Food Warming Boardyny» hödürledi. Ol 23-nji oktýabrda satuwa çykarylar. Ýyladyjy tagtanyň bahasy 64 amerikan dollaryna deň bolar. «Xiaomi Mijia Foldable Food Warming Board» ýylylygy deň paýlamak üçin ýokary dykyzlykly grafen ýyladyjylar bilen enjamlaşdyrylandyr. Tagta iýmiti bary-ýogy dört minutda 100°C temperaturada, ilkinji 10 sekundyň dowamynda ýylatmaga mümkinçilik berýär. Çalt ýylatmakdan başga-da, «Mijia Folding Food Warming Board» temperaturany uzak wagtlap saklaýar. Bazadaky «Airgel» izolýasiýasy stola ýylylyk geçmeginiň öňüni alýar.

«Nvidianyň» düşewündi 265 göterim artdy

Emeli aňyň töweregindäki gyzgalaňdan peýdalanýan «Nvidia» kärhanasy soňky ýyllaryň dowamynda girdeji gazanmak boýunça rekord derejesine ýetdi. Hasabata laýyklykda, kärhananyň düşewündi bir ýylyň dowamynda 265 göterim ýokarlandy. Soňky üç aýyň içinde kärhananyň girdejisi 22,1 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Bu görkeziji geçen üç aý bilen deňeşdireniňde, 22 göterim köpdür. Ýylyň ahyrynda bolsa, kompaniýanyň girdejisiniň ýene-de 126 göterim artmagyna garaşylýar. Bu bolsa umumylykda alnanda, 60,9 milliard amerikan dollaryna deňdir.

Wi-Fi torunyň radiusy 500 metre ýetirildi

Hytaý alymlary Wi-Fi torunyň tutujylygyny 500 metre ýetirmegiň usulyny tapdylar. Munuň üçin olar iki sany tehnologiýany birikdirdiler. Olaryň birinjisi Wi-Fi, ikinjisi bolsa LoRa. Netijede, WiLo diýlip atlandyrylan täze tehnologiýa emele geldi.

«iPhone» öndürijisinden ilkinji awtoulag

Taýwan tehnologiýa ägirdi «Foxconnyň» «Foxtron» awtoulag bölümi «Pininfarina» dizaýn kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan elektrik mikroawtobusyny görkezdi. Awtoulag «Foxtron Model D» diýlip atlandyryldy. «Foxtron» bu modeliň ýokary aerodinamiki netijelilige eýedigini aýdýar. Ulagyň platformasy «Foxconnyň» şu ýylyň başynda 50 göterim paýnamasyny satyn alan «ZF Chassis Modules» tarapyndan işlenilip düzüldi.

Arzanladylan «PlayStation 5» konsoly hödürlendi

«Sony» kompaniýasy «PlayStation 5» konsolynyň täzelenen nusgalaryny satuwa çykardy. Konsol iki görnüşde elýeterli bolup, olar «PlayStation 5 Digital Edition» (bahasy 350 amerikan dollary) hem-de optiki diskli «PlayStation 5» (bahasy 400 amerikan dollary). Konsollaryň täzelenen nusgalary «Sony» kompaniýasy tarapyndan bir ýyllyk kepillikli satylýar.

Dünýäde ilkinji gezek 3D çap usulynda otel gurulýar

Tehas ştatynyň (ABŞ) Marfa şäheriniň çetinde 3D çap usulynyň kömegi bilen gurlan dünýäde ilkinji oteli döretmek taslamasy durmuşa geçirilýär. Myhmanhana we kemping hökmünde hereket edýän «El Cosmico» oteli 16 gektar meýdanda 43 sany myhmanhana otagynyň we 18 sany ýaşaýyş jaýynyň goşulmagy bilen giňeldiler diýip, «Smithsonian Magazine» neşiri habar berýär. «El Cosmiconyň» eýesi Liz Lambert taslamany 3D çap usulyna ýöriteleşen «ICON» kompaniýasy we «Bjarke Ingels Group» binagärlik topary bilen bilelikde durmuşa geçirýär.

Şu günüň aladasy — geljegiň binýady

Geljek şu günden başlanýar. Şu günüň aladasy — geljegiň aladasy. Şonuň üçin hem şu günümizde amala aşyrylýan işleri biz hemişe diýen ýaly geljegi nazarlaýan işler diýip taryp edýäris. Şol beýik işler bolsa ýaşlaryň elinde. Watanyň geljegine dahylly bolmak, onuň ösüşleri bilen deň gadam urmak her bir ýaş nesliň bagtyny goşalandyrýar. Žurnalymyzyň bu sanynda şol bagtdan mynasyp paýly ýaş nesilleriň — Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň Robototehnika bilim merkezinde tälim alýan okuwçylaryň buýsançly gürrüňlerini siziň bilen paýlaşmak isledik. Çünki BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň goldaw bermeginde döredilen bu bilim merkezi döwrebap bilim ulgamyny we geljegiň uly ugurlaryny özünde jemleýär. Kemal SARYÝEW,Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň okuwçysy:

Sanly bank hyzmatlary: halkara tejribeler we milli ýörelgeler