"Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri" žurnaly

Esaslandyryjysy: "Türkmennebit" Döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri: 40-35-64, 40-38-40

Makalalar

Semizlikden daşda duralyň!

Semizlik bedende ýagyň artykmaç toplanmagy diýmekdir. Kadaly bedende ýag 10 göterim bolmaly, eger-de, bu göterim 15-29 derejä ýetse, onda bu semizligiň 1-nji derejesi diýlip hasaplanylýar. Eger-de, göterim 30-49-dan artsa, 2-nji derejeli semizlik diýilýär, eger-de, göterim 50-100 derejä barsa, onda ol bejerip bolmasy kyn bolan 3-nji derejeli semizlikdir. Eger-de, göterim 100-den ýokary bolsa, 4-nji derejä degişli semizlikdir, bu derejedäki semizligi bejermek mümkinçiligi örän azdyr. Öňler ýaşy ulaldykça adam semreýär diýip pikir edýärdiler. Hakykatda bolsa semizlik indi ýaşa seredenok. Semizlik çagalarda-da, ýaşlarda-da duş gelýär. Artykmaç iýmit, az hereketlilik, agşamlaryna köp iýmek, aýratynam, konditer önümlerini köp iýmek semizlige getirýär. Nesil yzarlamakda we başga sebäplere görä hem semizlik ýüze çykyp bilýär.

Saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy

AŞGABAT, 21-nji ýanwar (TDH). Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara ylmy-okuw merkezinde saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy öz işine başlady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän forum türkmen we nemes kärdeşleriň arasynda üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de enjamlary ornaşdyrmaga, ylmy işgärleri hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Pasla görä geýniň, sagdyn boluň!

Häzirki wagtda howanyň düzümindäki tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň derejesiniň peselmegi arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, daşary çykylanda, agyz-burun örtüklerini dakynmak bilen bir hatarda, geýnilýän egin-eşikler hem aýratyn üns bermekligi talap edýär. Sowuk howada ýeňil-ýelpaý geýinmek, doňaklykda aşagy typançak ýa-da uly ökjeli aýakgapda daşaryk çykmak, ýa bolmasa, aşa galyň geýinmek saglyk üçin howpludyr. Gyşda gat-gat geýnilýändigine görä, köpçülikleýin awtoulaglara münülende, derlemegiň öňüni almak maksady bilen, üstki egin-eşikleriň iliklerini ýazdyrmaly we başgaplary çykarmaly. Wagtlaýyn ýyly ýere girip derlenenden soň, daşaryk çykylanda, sowuk şemalyň kakmagy bilen, dürli sowuklama kesellerine sezewar bolunmagy mümkin.

Baş wezipe — halkyň saglygy

Eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere wajyp orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, sagdynlyk we sport syýasaty halkara derejesinde giňden ykrar edilýär. Ilatyň, şol sanda ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagyň, arassaçylyk we öňüni alyş kadalary berjaý etmegiň ähmiýetini düşündirmek, ýaşlary sport bilen meşgullanmaklyga çekmek boýunça häzirki wagtda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz döwletimiz saglygy goraýyş babatda halkara guramalary we dünýäniň birnäçe döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Olaryň hatarynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy aýratyn orunda durýar. Hususan-da, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy bilelikde göreşmek hem-de olaryň ýetirýän zyýanyny azaltmagyň mümkin bolan ýollary babatda BSGG we beýleki abraýly halkara guramalarydyr döwletler bilen oňyn gatnaşyklar alnyp barylýar. Türkmenistan bu ugurda amala aşyrýan çärelerini dünýä jemgyýetçiliginiň alyp barýan işlerine doly laýyk getirip, halkara tagallalary koronaw

Saglygyň açary

Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ynsan saglygyny hemme zatdan ileri tutmak, keselleriň ýüze çykmagynyň, ýaýramagynyň öňüni almak, halkymyzy sagdyn durmuşda ýaşatmak boýunça geçirilýän işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz ajaýyp beýanyny tapýar. Halk arasynda «Saglyk bolsa, beglik bolar» diýen parasatly sözler bar. Sagdyn bolmak islendik ýaşda özüňi gowy duýup ýaşamakdyr. Munuň üçin bolsa, ilki bilen, biziň her birimiziň öz saglygymyz hakynda alada etmegimiz gerek. Elbetde, adamyň jan saglygy köp zatlara bagly bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy sütünleriniň biri kadaly iýmitlenmek bolup durýar. Iýmitiň kadalylygyny berjaý etmegiň saglygy berkitmekde möhüm ähmiýeti bardyr. Kadaly we peýdaly iýmitlenýän adam dürli kesellerden goranar hem-de sagdyn we berk bedenli bolar.

Zirk— iň gadymy derman

Zirk gadymyýetden bäri belli bolan dermanlyk ösümlikdir. Gadymy lukmanlar zirki zähere garşy derman hasaplapdyrlar. Gadymy Müsürde «sary gyzzyrma» keseli möwç alan döwründe zirkiň miweleri giňden peýdalanylyp, ondan em tapypdyrlar. Assiriýa patyşasy Aşurbanipalyň kitaphanasynda palçykdan ýasalan tagtajyklaryň ýüzüne 2650 ýyl mundan öň edilen ýazgylarda zirk «gany arassalaýan» ösümlik hökmünde ýatlanylýar. Orta asyrlarda-da zirk agajynyň gabygy, ýapraklary, köki we miwesi dürli keselleriň emi hökmünde ulanylypdyr. Zirk demlenen içgini üç günüň dowamynda yzygiderli içseň, ötdäki hapalary çykarýar, aşgazanyň, bagryň gyzgynyny alýar, gan basyşynyň beýgelmegini sazlaýar, içegäni arassalaýar, ýüregi berkidýär. Zirkiň yzygiderli içilmegi babasyl keselini bejermekde-de ähmiýetlidir.

Ruhubelentligiň özeni

Ýakynda Tejen etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň merkezi kitaphanasynyň işgärleriniň arasynda «Sagdyn durmuş — bagtyýarlygyň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ilatymyzyň saglygyny goramak hakda edýän aladalary, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, jemgyýetçilik ýerlerinde arassaçylyk düzgünlerini dogry berjaý etmegiň kadalary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Ýurdumyzda adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri netijesinde, kadaly iýmitlenmek, keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada hereket etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly kämil ýörelgelere eýermekleri dogrusynda aýdylanlar has-da täsirli boldy.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy işjeňleşdirmek wezipelerini döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň birine öwürdi. Türkmenistanda bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde. Ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen sport maksatly desgalaryň sany ýylsaýyn artýar, döwrebap sport düzümi kemala gelýär.

Saglygymyz, özümize bagly

Häzirki döwürde, gyş paslynyň dowam edýän günlerinde möwsümleýin ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, gün tertibini dogry alyp barmak hökmandyr. Şol maksat bilen her birimiz: — şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýermelidiris. Ellerimizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly;

Çowdary çöregi

Çowdary dänelik ekinleriň içinde bugdaýdan soňky çöreklik ekin hasaplanýar. Ol dänelik we ot-iýmlik ekin hökmünde dünýäniň köp ýurtlary bilen birlikde, biziň ýurdumyzda hem ekilýär. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda çowdarydan çörek önümlerini öndürýän kärhanalar işläp, azyk harytlary dükanlarynda çowdary çöreginiň dürli görnüşleri halkymyza hödürlenilýär. Lukmanlar çowdary çöreginiň ynsan saglygy üçin peýdalydygy, onuň, esasan-da, berhizlik ähmiýetiniň bardygy barada anyk maglumatlary berýärler. Çünki onuň dänesiniň düzüminde adam bedenine gerek bolan birnäçe witaminler, beloklar, uglewodlar, mineral maddalar saklanýar. Ylmy maglumatlara görä, çowdary dürli keselleriň öňüni almakda, bejermekde hem uly ähmiýete eýedir.

Biliňi baglap çyksaň, uzak ýollara...

Bilguşak! Bu söz ata-babalarymyzyň saglyga bolan garaýşy, ýörelgeleri, däp-dessurlary we ýaşaýyş-durmuşyň taryhyny özünde jemleýär. Türkmende ýöne zat ýok. Bilguşak ynsana tekge-medet beriji häsiýetden başga-da, adam synasynyň sagat bolmagyna ýardam edýär. Ynsan synasynda daýanç nokady bolan sagdyn oňurganyň köp keselleriň döremeginiň öňüni alýandygy barada ylmy çeşmelerde aýdylýar. Şonuň üçin ene-mamalarymyz enäniň sagdyn bolup, çaganyň sagdyn dogulmagy, ýaş gelinleriň biliniň berk bolmagy üçin alada edipdirler. Ýaş bäbegi bolan gelinlere «içi aşak düşmez» ýaly bilini berk guşamagy tabşyrypdyrlar. Köpügören zenanlaryň biri bir gezek «bilguşak» hakynda gürrüň edilende: «Aslynda, gelinler diňe çaga dogranda bilini guşaman, mydama guşap gezseler, göwresi ýaýrap, bedeni lagşamaz, garranda-da synasy sagat bolar» diýipdi. Şonda il arasynda aýdylýan «Bilimden kuwwat gitmese, dyzymdan gitmez» diýen jümlesi ýadyma düşüpdi. Bilguşak göwräniň çeýeligine, adam güýjüniň bedeni sazlaşykly saklamagyna hem kömek edýär. Çaga dünýä inenden soň bilini guşaman ýa-da öz mümkinçiliginden artyk zat göteren zenanlaryň ýatgysy biraz aşak süýşenden soň, olarda göwreli bolmak kyn düşýän halatlary bolýar. Şonda tejribesi ýetik eneler ýaş gelniň içini «silkip

Peýdaly maslahatlar

Gyş möwsüminde zyýanly mikroorganizmlere garşy göreşde biziň iň esasy kömekçimiz, bedeniň kesele garşy durujylyk ukyby — immunitet bolup durýar. Üsgülewük, dümew, gyzgynyň ýokarlanmagy — bular bedeniň goranyş ulgamynyň mikroblara, wiruslara garşy durup bilmeýänliginiň ilkinji alamatlarydyr. Emma öz iýmitiňizi akylly-başly düzüp başarsaňyz, nähoşlan halatyňyzda ony ýeňil geçirersiňiz. Munuň üçin şu önümlere üns bermegiňiz gerek.

Peýdaly maslahatlar

Gök çaý adam bedeniniň ähli ulgamlaryna we beden agzalaryna oňaýly täsir edýär. Ol immun ulgamynyň işjeňligini artdyrýar, aşa semizlik bilen göreşmäge kömek edýär, ýürek-damar, böwrek keselleriniň öňüni alýar. * * *

Peýdaly maslahatlar

Ertirlik naharynyň saglyk üçin ähmiýeti örän uludyr. Ertirlik edinen ýagdaýynda her bir adam synalarynyň sagdyn bolmagy üçin zerur bolan minerallary we witaminleri alyp bilýär. * * *

Buýan (Солодка голая)

Häsiýeti. Gadymyýetden bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýän täsin dermanlyk ösümligiň dünýäde, takmynan, 15, Türkmenistanda 4 görnüşi duş gelýär. Ösümlik il arasynda süýji buýan diýlip hem atlandyrylýar. Buýan-kösükliler maşgalasynyň buýanlar urugynyň boýy 60—80 (100) santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak wekili. Baldagy dikligine ösýär, köp şahaly, reňki gyzylymtyl. Ýapragy ýelek şekilli, uzynlygy 5—20 santimetr. Onda 3—10 jübüt ýalpyldap duran dykyz, süýri ýumurtga görnüşli ýapraklar ýerleşýär. Olaryň ýüzüne edil ýelim çalnan ýalydyr.

Gözellik we sagdynlyk

Sowuk howada deriniň aşa guramaklygy, gyzarmaklygy ýüze çykýar, solgun bolýar. Beden sowuk howa uýgunlaşmak we mümkin boldugyça, özüni goramak isleýär. Şeýlelikde, deriniň ýokarky gatlagy galyňlanýar we gan damarlar giňelip başlaýar. Şol sebäpli aşa sowuk we aýazly howada deri guraýar. Şeýle howa şertlerinde ýüzümize adaty idegi ýygy-ýygydan ýerine ýetirip durmaly. Onuň üçin şu aşakdaky ýapgylardan peýdalanmagy maslahat berýäris. * * *

Çaý — jana şypa

Çaý — gymmatly içgi. Ol bedene — kuwwat, seriňe tämizlik eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabynda çaýyň düzümi, onuň ynsan bedeni üçin gymmatly ýokumlara baýlygy hakynda giňişleýin gürrüň berilýär. Mundan başga-da, kitapda çaýy nähili dogry içmelidigi, onuň gadaganlyklary hakynda şeýle maglumatlar getirilýär: 1. Çaý ajöze içilende, ol aşgazana we öthalta zelel ýetirip bilýär.

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar:

1.Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Ýöne derlenilen ýagdaýynda, öl saçly daşary çykmaly däl. 2.Özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaga endik etmeli.

Hem azyk, hem melhem

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşiniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Ýurt Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltden ybarat ylmy-ensiklopedik işi dünýä derejesinde ykrar edilen gymmatly ylmy gollanma boldy. Halk lukmançylygynda giňden ulanylýan ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerini ylmy esasda görkezýän bu ylmy iş alym Arkadagymyzyň öz halkyna eden uly peşgeşidir. Diňe bir dermanlyk ösümliklerimiz däl, eýsem, keremli topragymyzda zähmetkeş babadaýhanlarymyzyň, ussat bagbanlarymyzyň ýetişdiren gök-bakja önümleri we miweleri hem tagamynyň datlylygy, ynsan bedenine ýokumly maddalara baýlygy bilen dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýedir. Ynsan saglygyna peýdalydygy bilen uly isleg bildirilýän, irki döwürlerden bäri türkmen topragynda ýetişdirilýän datly miweleriň biri hem erikdir. Erigiň peýdasy barada Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginiň ýaşaýjysy, kärendesine bir gektar ýer alyp, miweli baglaryň köp görnüşlerini ýetişdirip gelýän yhlasly bagban Mähri Ataýewanyň beren gyzykly gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik: — Her daban ýeri gyzyla barabar bolan topragymyzda däneli we kösükl

Üzärlik – müň bir derdiň dermany

Halkymyz üzärligi örän mukaddes saýyp, onuň oty ýaman gözlerden goraýar diýip düşünipdirler. Şeýle hem üzärligiň otundan dürli mör-möjekleriň, hatda ýylanyň hem gaçýandygy subut edilendir. Üzärlik tütedilende bolsa, mikroblaryň gyrylýandygy anyklanyldy. Ata-babalarymyz ony çogdamlap öýlerinde wagtal-wagtal tütedip, tüssesini töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar. Üzärligi iki maksat bilen, ýagny dermanlyk häsiýeti üçin we boýag hökmünde hem ulanypdyrlar. Üzärligiň köküni gaýnadyp, onuň suwuny içmek bilen, gyzzyrma keselinden saplanypdyrlar. Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, guradylmadyk üzärlik bilen aýagyň guragyrysyndan ýa-da bogun agyrylardan saplanyp bolýar. Guradylan üzärlikden çaý demläp, sowuklamany, garaguş, böwrek kesellerini, agzy çaýkap, diş agyryny bejeripdirler. Ol suwsuzlyga örän çydamly ösümlikdir. Şonuň üçin ol diňe gurak ýerlerde bitýär. Türkmenistanda onuň diňe bir görnüşine gabat gelinýär.