"Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri" žurnaly

Esaslandyryjysy: "Türkmennebit" Döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri: 40-35-64, 40-38-40

Makalalar

Sport ýaryşlary geçirildi

Sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek ulus-ilimiziň, aýratyn hem ýaşlarymyzyň durmuşyna mäkäm ornaşdy. Biz hem ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe hereketine höweslendirmek boýunça öňümizde duran wezipelerden ugur alyp, täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli mekdebimizde sport ýaryşlaryny guradyk. Oňa etrabymyzyň sport mekdeplerinde tälim alýan türgenler uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Woleýbol, futbol boýunça toparlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda mekdebimiziň türgenleri has tapawutly çykyş etdiler. Şeýle hem erkin göreş boýunça guralan tutluşyklar ýaş türgenleriň kämilligine we ussatlygyna göz ýetirmäge pursat döretdi. Gyzgalaňly häsiýete eýe bolan ýaryşlar hakyky sport baýramçylygyna öwrüldi. Şeýle ýaryşlary ýylyň tutuş dowamynda geçirmegi meýilleşdirýäris.

Sport habarlary

Ýaş türgeniň üstünligi Golaýda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda sportuň uşu görnüşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda geçirilen çempionat gyzgalaňly häsiýete eýe bolup, ezber türgenleriň ençemesini ýüze çykardy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sportumyzy dabaralandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek we ýaş türgenleriň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen guralan çempionatda Köneürgenç etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň türgeni, etrapdaky 58-nji orta mekdebiň okuwçysy Şanepes Araznepesow 30 kilogram agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, birinji orna mynasyp boldy. Ýaryşyň ýeňijileri Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Sport

Ýaş türgeniň üstünligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Muňa  dünýäniň abraýly halkara ýaryşlarynda ýaş türgenlerimiziň yzygiderli gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek mümkin.

Mil­li spor­tu­myz ösüş ýo­lun­da

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024     Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň beý­le­ki ugur­la­ry bi­len bir­lik­de mil­li spor­tumyz hem uly ösüş ýo­lu­na düş­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryn­da, döw­re­bap gu­rul­ýan bi­na­lar­da we des­ga­lar­da ze­rur bo­lan en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len tür­gen­le­şik zal­la­ry we sport meý­dan­ça­la­ry he­re­ket ed­ýär.

«Ar­ka­dag» fut­bol to­pa­ry AFK-nyň Ça­gy­ryş li­ga­syn­da­

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024     2024-nji ýylyň 22-nji aw­gust­ynda AFK-nyň Ça­gy­ryş li­ga­sy­nyň il­kin­ji möw­sü­mi­niň bi­je­le­ri çe­kil­di. Bi­je çe­kiş­li­giň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­ny «Ar­ka­dag» fut­bol to­pa­ry Ku­weý­tiň «Al-Ara­bi», Mal­diw ada­la­ry­nyň «Ma­zi­ýa Sports end Rek­rieýşn» we Gyr­gy­zys­ta­nyň «Ab­dy­ş a­ta» to­par­la­ry bi­len bi­le­lik­de «B» to­par­ça düş­di.

Türk­me­nis­tan­ly ka­ra­te­çi­ler hor­mat mün­be­rin­de

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024     Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 61-nji or­ta mek­de­biň 9-njy synp okuw­çy­sy Aly­mu­ham­met Ka­ka­ly­ýew Fi­lip­pin­le­riň paý­tag­ty Ma­ni­la­da 21 ýa­şa çen­li ka­det­le­riň we ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da ge­çi­ri­len 22-nji Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da bü­rünç me­dal gazandy. Türk­me­nis­ta­nyň Ka­ra­te­do fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň tür­ge­ni Mag­tym­gu­ly An­na­ýew bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň 4-nji ýyl ta­ly­by Da­wut Naz­my­ra­dow bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dular. Ola­ryň iki­si hem 21 ýa­şa çen­li ýetginjekleriň arasynda ku­mi­te­de üs­tün­lik ga­zan­dy­lar. Mag­tym­gu­ly An­na­ýew 13 tür­ge­niň me­dal­lar ug­run­da bäs­le­şen 55 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de, Da­wut Naz­my­ra­dow bol­sa 16 ka­ra­te­çi­niň bäs­le­şen 75 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de ta­pa­wut­lan­dy­lar.

Türk­me­nis­tan­ly ta­lyp­lar yk­lym ýa­ry­şyn­da al­tyn me­dal ga­zan­dy­lar

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024     Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Sa­mar­kant şä­he­rin­de ada­ty ka­ra­te bo­ýun­ça Azi­ýa­nyň we Okea­ni­ýa­nyň IV çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Bu çem­pio­nat­da ýur­du­my­zyň ýy­gyn­dy­sy­nyň ha­ta­ryn­da türk­me­nis­tan­ly ta­lyp­lar hem çy­kyş et­di­ler.

Altyn arzuwlaryň wysaly

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024     Yn­san, on­da-da ha­ky­ky dur­mu­şa in­di ga­dam bas­ma­ly ýaş yn­san gel­jek üçin ýü­re­gin­de asyl­ly ar­zuw­la­ry bes­le­giç bol­ýar. Şol ar­zuw­lar, gün­ler-aý­lar geç­di­gi­çe, kö­ňül­de-beý­ni­de bi­şip, gaý­nap, al­tyn ar­zuw­la­ra öw­rül­ýär.

Maniladan üç medal

Türkmenistanly türgenler Filippinleriň paýtagty Manilada 21 ýaşa çenli kadetleriň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen karate boýunça 22-nji Aziýa çempionatynda bürünç medallaryň üçüsine mynasyp boldular. Aziýanyň karate federasiýasynyň we Bütindünýä karate federasiýasynyň guramagynda geçirilen ýaryşa 30 ýurtdan 561 türgen gatnaşdy. Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň toparyna 10 türgen, 2 tälimçi we halkara derejeli eminleriň üçüsi wekilçilik etdi.

Möhüm synaglaryň bosagasynda

«Ar­ka­dag» to­pa­ry AFK-nyň Ça­gy­ryş li­ga­syn­da

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFC) Kuala-Lumpur şäherindäki ştab-kwartirasynda AFK-nyň Çagyryş ligasynyň bije çekişlik dabarasy geçirildi. Netijede, geçen möwsümde ýurdumyzyň futbol çempionatynyň ýeňijisi bolan «Arkadag» topary bu bäsleşigiň «B» toparçasynda çykyş etmäge mümkinçilik aldy. Türkmenistanyň çempionynyň toparçadaky garşydaşlary Kuweýtiň «Al-Arabi», Maldiw adalarynyň «Maziýa» hem-de Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparlary bolar. «Al-Arabi» geçen möwsümde Kuweýtiň Premýer ligasynda ikinji orny eýeläp, yklymyň üçünji derejeli klublaýyn ýaryşynda çykyş etmäge mümkinçilik aldy. «Maziýa» bilen «Abdyş-Ata» toparlary bolsa öz ýurtlarynyň çempionlarydyr.

Ussatlyk ýolunda

Ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde, millionlaryň söýgüli oýny bolan futbolyň ösmegi, kämil futbolçylaryň kemala gelmegi babatda hem uly aladalar edilip, nusgalyk şert-mümkinçilikler döredilýär. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda gurlup, ulanmaga berlen ajaýyp stadionlar bu hakykatyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle bolansoň, häzirki wagtda barha kämilleşýän futbolçylarymyzyň daşary ýurtlaryň toparlarynyň düzümine çagyrylmagy hem adaty ýagdaýa öwrüldi. Elbetde, şeýle çakylyklaryň gelmegi biziň türgenlerimiziň zehin taýdan tapawutlanýandygyny görkezýän aýratynlykdyr. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Teýmur Çaryýew hem şeýle futbolçylaryň biridir. Häzirki wagtda Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparynda çykyş edýän ildeşimiz bilen sanly ulgamyň ösen mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly guran söhbetdeşligimizi okyjylaryň dykgatyna hödürleýäris. – Teýmur, ilki bilen doglan, önüp-ösen ýeriň, futbola gadam goýşuň, ilkinji halypaň hakynda aýdaýsaň!

Okuw-maslahat geçirildi

29-njy awgustda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hünärmenleriniň, sport mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde okuw-maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň kiçi mejlisler zalynda guralan maslahatda komitetiň sport mekdepleriniň işini we sport çärelerini guramak bölüminiň başlygy J.Jumaýew giriş sözi bilen çykyş etdi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň mediki-biologiki üpjünçilik kafedrasynyň uly mugallymy O.Ýalkapowanyň sport mekdeplerinde okuw-türgenleşik sapaklarynyň alnyp barylýan döwründe arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegine we dogry iýmitlenmegiň türgenleriň ösüşine ýetirýän täsiri baradaky çykyşy uly gyzyklanma bilen diňlenildi. Institutyň uly mugallymy O.Geldimyradowa okuw-türgenleşik sapaklary döwründe lukman we pedogogika gözegçilikleriniň ýola goýulmagy barada çykyş etdi. Şeýle hem welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirlikleriniň ýanynda döredilen usulyýet toparlary tarapyndan alnyp barylmaly işler barada usulyýet kabinetiniň müdiri K.Işanow giňişleýin gürrüň berdi. Sport mekdeplerinde iş dolandyryş resminamalarynyň tal

«Se­na­gat­bank» ýe­ne-de öň ha­tar­da

Sport ýurduna öwrülen eziz Watanymyzda professional türgenler bilen birlikde, dürli ugurlarda zähmet çekýän raýatlarymyza hem sport bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýakynda Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň guramagynda «Bank – 2024» ady bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanyp geçirilen kiçi futbol bäsleşigi hem bu hakykatyň aýdyň beýany boldy. Ýurdumyzyň bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda guralan bäsleşik ýedi toparyň (Türkmenistanyň Merkezi banky, Türkmenistanyň Döwlet Ösüş banky, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky, Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky, Türkmenistanyň «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky) gatnaşmagynda geçirildi. Ýaryşyň deslapky tapgyrynyň netijelerine görä, ökdeler öňe saýlandy. Ýarymfinal duşuşyklarynda «Senagatbank» topary uly hasap bilen Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň toparyndan, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň topary bolsa «Halkbankdan» üstün çykdylar.

Taryhda şu gün

Serbiýanyň Belgrad şäherinde guralan dünýä birinjiliginde 47 döwlete wekilçilik eden türgenleriň 686-sy baş baýrak ugrunda bäsleşdi. Suw görnüşleriniň dördüsi (suwda ýüzmek, sinhronlaýyn ýüzüş, suwa bökmek, suw pökgüsi) boýunça geçirilen dünýä birinjiliginde türgenleri dürli öwüşginli medallaryň 40-syny gazanan (15 altyn, 16 kümüş, 9 bürünç) ABŞ-nyň ýygyndysy toparlaýyn bäsleşikde birinji orny eýeledi. Ikinji, üçünji orunlarda degişlilikde Germaniýanyň (13-6-9) hem-de Italiýanyň (2-1-2) ýygyndy toparlary ornaşdylar.

Ildeşlerimiz abraýly ýaryşda

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasynyň ýyllyk meýilnamalaryna laýyklykda, 31-nji iýul – 12-nji awgust aralygynda kikboksing boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň türgenleri Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdi. Bu halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň türgenleriniň 13-si gatnaşdy. Olara Türkmenistanyň Kikboksing boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Orazmuhammet Kömekow hem-de Daşoguz welaýatynyň kikboksing boýunça baş tälimçisi Agamyrat Amangeldiýew halypalyk etdi. Halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygy bäş döwletiň gatnaşmagynda geçirildi.

Sport dünýäsini özgerdýän sanly tehnologiýalar

Sport we sanlylaşdyrmak häzirki zaman dünýäsinde aýrylmaz baglanyşykly ugurlardyr. Tehnologiýanyň çalt ösmegi netijesinde sport diňe bir tomaşaçylar üçin has elýeterli we tolgundyryjy häsiýete eýe bolman, eýsem, türgenleriň durmuşyna hem öz oňyn täsirini ýetirdi. Bu gün sanlylaşdyrmak sportuň ähli ugurlaryna giňden aralaşýar. Sportda sanlylaşdyrmagyň esasy taraplarynyň biri maglumatlary we seljermäni ulanmakdyr. Häzirki zaman sport toparlary we türgenler netijeleri seljermek, okuw proseslerini gowulandyrmak üçin maglumatlary işjeň ulanýarlar. Gözegçilik tehnologiýalary türgenleriň fiziki ýagdaýyny, türgenleşikdäki we ýaryşdaky çykyşlaryny yzarlamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa okuw prosesiniň hilini ýokarlandyrmaga we şikesleriň öňüni almaga kömek edýär.

Transfer täzelikleri

«Ko­mo» hem «Bar­se­lo­na­dan», hem-de «Re­al Mad­rid­den» oýun­çy al­dy

Ger­ma­ni­ýa EURO 2024-den ep-es­li gir­de­ji ga­zan­dy

Fut­bol bo­ýun­ça 17-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty ýa­ry­şy gu­raý­jy Ger­ma­ni­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne uly go­şant goş­dy. EURO 2024-iň Ger­ma­ni­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne 7,4 mil­liard ýew­ro­lyk gir­de­ji ga­zan­dy­ran­dy­gy UEFA ta­ra­pyn­dan ha­bar be­ril­di. «Ni­el­sen Sports»-yň ha­sa­ba­tyn­da çem­pio­na­tyň 10 şä­her üçin 7, 4 mil­liard ýew­ro­lyk yk­dy­sa­dy go­şan­dy­nyň 90 gö­te­ri­miniň pe­tek­le­riň sa­tu­wyn­dan, şol san­da gu­ra­ma­çy­la­ryň we akk­re­di­ta­si­ýa bo­lan­la­ryň eden çyk­da­jy­la­ryn­dan ge­len­di­gi bel­le­nil­ýär. Je­mi 2,7 mil­li­on pe­tek sa­ty­lyp, onuň 44 gö­te­ri­mi da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­len jan­kö­ýer­le­re de­giş­li­dir. Ger­ma­ni­ýa­da ge­çi­ri­len çem­pio­na­tyň çä­gin­de oý­na­lan 51 du­şu­şy­ga 2,7 mil­li­on jan­kö­ýer to­ma­şa edip, şo­la­ryň 1,7 mil­lio­ny azyn­dan bir du­şu­şy­ga gat­na­şan ýe­ke-täk pe­te­gi bo­lan adam­lar­dy. Sa­ty­lan pe­tek­le­riň 23 gö­te­ri­mi du­şu­şy­gyň ge­çi­ril­ýän şä­her­le­riň ýa­şaý­jy­la­ry, 33 gö­te­ri­mi Ger­ma­ni­ýa­nyň beý­le­ki şä­her­le­ri­niň ra­ýat­la­ryn­dan yba­rat bo­lup, 44 gö­te­ri­mi-de ba

«Ýu­wen­tu­syň» tä­ze trans­fer­le­ri

Tä­lim­çi­li­ge Tia­go Mot­ta­ny we­zi­pä bel­län we möw­sü­me şow­suz baş­lan «Ýu­wen­tus» to­pa­ry trans­fer möw­sü­mi­niň iň iş­jeň klub­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, soň­ky 1 hep­dä­niň do­wa­myn­da 4 fut­bol­çy­ny dü­zü­mi­ne goş­dy. Go­ja Sin­ýo­ra la­kam­ly klub il­ki bi­len «Mi­la­nyň» fran­si­ýa­ly go­rag­çy­sy Pi­er Ka­lu­lu­ny 1 ýyl­lyk şert­na­ma bi­len kä­ren­de­si­ne dü­zü­mi­ne goş­dy. Tu­rin­li­ler şol bir ýyl­lyk kä­ren­de üçin «Mi­la­na» 3,3 mil­li­on ýew­ro be­rer. Möw­sü­miň ahy­ryn­da bol­sa «Ýu­wen­tus» Ka­lu­lu­ny 14+3 mil­li­on ýew­ro tö­läp, ymyk­ly trans­fer hem edip bi­ler. 24 ýa­şyn­da­ky Ka­lu­lu «Mi­lan­da» 3 möw­süm­de «Se­rie A»-da 84 oýun­da 3 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy.