Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Iňlis dilini öwretmegiň döwrebap usullary

Ýurdumyzyň dil syýasatynda ýaş nesliň dünýä dillerini bilmegi göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda çagalarymyz mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy orta bilim berýän mekdeplerde hem-de ýokary okuw mekdeplerinde ene dilimiz bilen bir hatarda ondan gowrak daşary ýurt dilini öwrenýärler. Agzalan bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin ähli şertler döredilendir. Okuw otaglary dilleri öwrenmek üçin häzirki zaman bilim tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan. Mekdeplerimiz hem öz gezeginde daşary ýurt dilleri boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän okuw kitaplarydyr gollanmalar bilen üpjün edilen. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» bolsa bu babatda ýurdumyzyň bilim edaralary hem-de işgärleri üçin esasy ýörelge bolup hyzmat edýär. Biz şu makalamyzda ýörgünli daşary ýurt dili bolan iňlis dilini okatmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary barada söz açmak isleýäris. Hormatly kärdeşlerimiz häzirki wagtda bu dili okatmakda netijeli hasap edilýän usulyň kommunikatiw, interaktiw (özara işjeňlik) usuldygyny hem oňat bilýändirler. Muňa garamazdan, biz kärdeşlerimize işiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, käbir usuly maslahatlary bermegi makul bildik.

Paýhaslar ummanynda

Kitaplar bilen asyrlaryň jümmüşine aralaşdygyňça, ynsan kalbyny buýsandyran bahasyna ýetip bolmajak paýhas ummanynda gulaçlap ýüzýärsiň. Adamy özüne maýyl edýän dürdäneler hazynasy — kitaplar türkmeniň geçmişinden, şu gününden habar berýär. Ir döwürlerden bäri kitaplar halk hakydasynda ýaşap, häzirki bagtyýarlyk günlerimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen durmuşymyza şamçyrag bolup şöhle saçýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitap düre deňelýär. Onda nakyllardyr atalar sözi özüniň beýanyny tapýar.

Hukuk medeniýetli kämil ýaşlar

Häzirki wagtda milli Liderimiziň adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny ýaşlara giňden düşündirmek boýunça beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek ugrunda ýurdumyzyň medeni ojaklarynda, bilim-terbiýeçilik edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde syýasy-jemgyýetçilik, hukuk düşündiriş çäreleri yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi ýaşlaryň kanuny sowatlylygyny we hukuk medeniýetini ösdürmekde, döwrebap jemgyýetçilik garaýşy bolan nesilleri kemala getirmekde örän ähmiýetlidir. Esasy Kanunymyzda, şonuň ýaly-da milli kanunçylyk namalarymyzda döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy kepillendirilýär. Muny türkmen ýaşlarynyň arasynda wagyz etmek we giňişleýin düşündirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu babatda biziň Telekommunikasiýalar we informatika institutymyzda ýörite meýilnama esasynda alnyp barylýan işler hem bellärliklidir.

Ýaşlar öňe barýar Arkadag bilen!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly sahawatly ülkämize bagt bolup gelýär. Täze ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi bütin dünýäde parahatçylygy ýola goýmak halklaryň arasynda birek-birege ynanyşmak arkaly dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda halkara giňişliginde aýgytly çykyş edip gelýän Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky belent tutumlarynyň ykrarnamasydyr. Ajaýyp günler bilen gelýän hoş habarlar ruhuňy belende göterýär. Toýly günler bilen şöhratlanýan Watanymyzyň beýik ösüşlerini nazarlaýan sepgitleri, ýatdan çykmajak şanly wakalary dünýä ýüzüne ýaň salýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlarymyzyň okuw, iş we durmuş şertlerini barha gowulandyrmak baradaky tutumlaryň gerimi barha giňeýär. Munuň özi bolsa geljekde Watany has hem ýokary sepgitlere ýetirmäge, ukyply ýaşlaryň kemala gelmegine badalga bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň paýhas dürdänesinden gözbaş alan ýaşlar syýasatynyň düýp mazmuny hem hut şu aýdyň maksada gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu syýasaty üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli zerur bolan mümkinçilikleriň döredilýändigi biz, ýaşlary has hem buýsandyrýar. Her ýylyň özüniň rysgal-berekedi, şan-şöhraty bilen gelşi ýaly, «Tür

Ýylyň iň göreldeli okyjysy

Her ýylyň ahyrynda welaýat kitaphanasy bilen işjeň aragatnaşyk saklap, iň köp kitap okan okyjynyň «Iň göreldeli okyjy» atly bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Golaýda bäsleşigiň jemi jemlenip, Daşoguz şäherindäki 23-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Täjigül Abdykerimowa 2020-nji ýylyň iň göreldeli okyjysy diýlip yglan edildi. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ýaş nesilleriniň kalbynda kitaba, çeper söze söýgini döredýär, okamaga bolan höweslerini artdyrýar. Biz muňa bäsleşigiň ýeňijisi bilen söhbetdeş bolanymyzda doly göz ýetirdik. -Kitap meniň iň ýakyn dostum, baş maslahatçym. Elim sypyndygy, kitap okamak bilen meşgullanýaryn. Çeper eserleri okap, dil baýlygymy artdyrýaryn, ylym-bilim öwrediji kitaplar arkaly dünýägaraýşymy giňeldýärin. Esasan hem, hormatly Prezidentimiziň gymmatly eserlerini höwes bilen okaýaryn. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby biz, ýaş nesiller üçin ullakan durmuş mekdebi, paýhas çeşmesidir-diýip, ýylyň iň göreldeli okyjysy Täjigül Abdykerimowa öz ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşdy.

Milli terbiýede halk döredijiliginiň ähmiýeti

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli aňyýeti baýlaşdyrmakda, halkyň ruhy ýaşaýşyna oňyn täsir etmekde edebiýatyň, sungatyň we medeniýetiň ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçin hem ýaşlary terbiýelemekde halkymyzyň ruhy we milli gymmatlyklaryndan, edebi mirasymyzdan ugur alynýar. «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan» diýlişi ýaly, halkymyz çagalara kiçiliginden ertekidir goşgularyň, sanawaçlaryň üsti bilen terbiýe berýär. Çaga terbiýesini edebiýatdan üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Her bir maşgalada çaga milli mirasymyz, sungatymyz we edebiýatymyz arkaly Watany söýmek, ata-enä hormat goýmak ýaly gylyk-häsiýetler öwredilýär. Köküni gadymyýetden alyp gaýdýan, dürli döwürlerde taraşlanylyp, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gelip ýeten milli edebiýatymyz, medeniýetimiz geljegimiz bolan ýaşlary terbiýelemekde, olary ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmekde örän gymmatly gollanmadyr. Türkmen halkynyň akyl hazynasynyň esasy bölegi onuň asyrlaryň dowamynda döreden nakyllary we atalar sözleridir. Ähli zady durmuş terezisinde ölçemegi başaran ata-babalarymyz adamyň sözüne, hereketine, oturyp-turşuna seredip, onuň terbiýesine baha beripdirler. Şeýlelikde ajaýyp terbiýeçilik ähmiýetli eserleri döredip, nesillere miras goýupdyrlar.

Kämilligiň ýolunda

Türkmenabadyň Çagalar çeperçilik mekdebinde ýaşlaryň zehinlerini ýüze çykarmaga we ösdürmäge ýardam edilýär. Häzirki wagtda mekdepde çagalaryň iki ýüz otuza golaýy surat çekmegiň, haly dokamagyň, heýkel, küýze ýasamagyň usullaryny içgin öwrenýär. Okuwçylaryň günsaýyn kämilleşmekleri, höwesleriniň artmagy üçin bu ýerde tejribeli mugallymlar netijeli iş alyp barýarlar. ― Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklary, giň dünýägaraýyşly hem-de döwrebap terbiýelenmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlaryň kiçilikden zähmete höwesli, saýlan hünärlerinde ussat hem-de işbaşarjaň bolmaklary üçin welaýatlaryň ählisinde, şol sanda paýtagtymyzda Çagalar çeperçilik hem-de sungat mekdepleri açylyp, ulanylmaga berildi. Olarda çagalaryň bilim, terbiýe almaklary, hünär öwrenmekleri üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler bar. Biz hem okuwçylaryň saýlan ugurlarynda barha kämilleşmeklerini gazanmak maksady bilen halypa suratkeşler, nakgaşlar bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýarys. Geçirilýän bäsleşiklerde okuwçylarymyzyň gazanýan üstünlikleri bolsa bizi diýseň begendirýär we has yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar ― diýip, mekdebiň müdiri Rüstem Bazarow guwanç bilen gürrüň berýär.

Halypa hakynda söz

Gahryman Arkadagymyzyň sowgat beren mekdebiniň — Murgap etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň ilkinji müdiri Gapur Baýramalyýew bu mekdebiň agzybir mugallymlarynyň arasynda ykrar edilen halypa. Onuň dowamly kyrk bäş ýyllyk zähmet ýoly mekdep bilen baglanyşykly. Gapur Baýramalyýew 1976-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh bölümini tamamlap, öz okan mekdebinde — Murgap etrabyndaky 10-njy orta mekdepde ilki başlangyç synp, soňra taryh mugallymy bolup işledi.

Mynasyp goşandymyzy goşarys

Ajaýyp döwrümizde halkymyz, aýratynam ýaş nesil barada edilýän aladalar hil taýdan täze derejelere göterilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar ýaşlaryň eşretli döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk okap, bilim-terbiýe almagy, berk bedenli, sagdyn ruhly, ata Watanymyzy jany-teni bilen söýýän şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin durmuşa geçirýän işleri bimöçberdir. Ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermekde biz — mugallymlaryň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Belent wezipä hötde gelmekde hemme şertler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki maksatly desgalaryň gurlup, ulanylmaga berilýändigi hem munuň aýdyň mysalydyr. Döwlet Baştutanymyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirýän beýik işleri bizi mundan beýlägem döredijilikli, öndürijilikli zähmete ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna alyp barýan işlerine mynasyp goşant goşmak üçin mundan beýlägem yhlas-başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Durmuşymyzyň aýnasy

Hormatly Prezidentimiz kitap barada: «Kitap ähli döwürlerde islendik ýaşdaky adamy ruhubelentlige, ýüregini buýsanja, kalbyny ýaşaýşa bolan söýgä besleýär. Ol biziň geçmişimiz hem geljegimizdir» diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasatyny, il-ýurt bähbitli işlerini wagyz-ündew etmekde, ýaşlary belent ruhly, watansöýüji nesiller edip terbiýeläp ýetişdirmekde maksada okgunly işleri alyp barýarys. Çeper eserleriň üsti bilen ýaşlarda milliligi, ýokary ahlaklylygy, medeniýetliligi terbiýelemek biziň esasy maksadymyz hem borjumyz bolup durýar. Şonuň üçin biz — kitaphanaçylar okyjylaryň arasynda medeni-köpçülik çärelerini yzygiderli geçirip durýarys, edebiýat agşamlaryny, kitap sergilerini guraýarys. Arkadag Prezidentimiziň ýiti zehininden çykan eserleri ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň ýurt Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy wasp edýän eserlerini okyjylar köpçüligine tanyşdyrmakda we wagyz-ündew etmekde yhlasymyzy aýamarys. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Sanly bilim — täzelenişi we döredijilikli ösüşi işjeňleşdiriji güýç

Ýagşy arzuw-umytlar bilen gadam goýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän bilim diplomatiýasynyň dabaralanýandygyna çäksiz buýsanjymy watandaşlarymyz bilen paýlaşasym gelip, elime galam aldym. Şonda ilkinji bolup serime dolan pikir döwlet Baştutanymyzyň ýaşlara ösen dünýäniň derejesinde kämil bilim bermek üçin edýän köpugurly tagallasy boldy. Şol tagallanyň netijesinde milli bilim ulgamymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri, ýaş nesillerimiziň kämil bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bilim ulgamyna aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyzyň ýardamlaryndan hem-de sargytlarydyr öňde goýýan wezipelerinden ruhlanyp işleýän mugallymlar ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň bilim derejesini häzirki zamanyň ylmy gazananlaryna laýyk ösdürmek maksady bilen, zehin-ukyplaryny orta goýup işleýärler. Elbetde, munuň üçin dünýä bilim ulgamynda peýdalanylýan bilim bermegiň häzirki zaman usulyýetlerinden we okatmagyň iň täze tehnologiýalaryndan peýdalanmak zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz bu babatda: «Başarjaň, ählitaraplaýyn bilimli hünärmenleri taýýarlamagy ýaşlykd

Sagdyn hem-de bilimli ýaşlary ýetişdirmek

Ýakynda jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň wezipeleri boýunça geçirilen maslahatda «Ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlap, millilik, maşgala mukaddesligi, sagdyn durmuş, arassa ahlaklylyk barada wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklary köpräk geçirmeli» diýip, milli Liderimiz öňde durýan işleriň esasy ugurlaryny görkezdi. Munuň özi bilim-terbiýeçilik, medeni-jemgyýetçilik ojaklarynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň has-da işjeňleşdirilmegine, guramaçylyk we usulyýet babatda kämilleşdirilmegine, netijeliliginiň artdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Milli ýörelgelerimize laýyklykda, ýaşlara türkmençiligiň asyl nusgasynda terbiýe bermek wagyz-nesihat işi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, milli jemgyýetçilik-köpçülik işlerinde ýaşlaryň terbiýesine we sagdyn ösüp kemala gelmeklerine bagyşlanan çärelere aýratyn orun berilýär. Bu asylly wezipeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da kämilleşdirilýär we döwrüň ruhuna görä wagyz-nesihat çäreleri, medeni-jemgyýetçilik işleri işjeň amala aşyrylýar.

Öňdebaryjylaryň iş tejribeleri öwrenilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň döwrüň talaplary esasynda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi üçin bilim ulgamyna täzeçe usullar ornaşdyrylýar. Milli bilim ulgamynda ýaş nesle halkara ölçeglerine laýyk derejede ýokary hilli bilim bermek, edep-terbiýeli nesilleri ýetişdirmegiň öňdebaryjy tejribelerini mugallymçylyk işine giňden ornaşdyrmak, öz hünär ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmek bilim işgärleriniň esasy borjy bolup durýar. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen usuly-amaly okuwlara bilim işgärleri uly höwes bilen gatnaşýarlar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşynyň gözbaşy ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmekdedir» diýen şygar bilen geçen usuly-amaly okuwa Balkanabat şäheriniň bilim işgärleri taýýarlykly geldiler. Iki gün dowam etjek usuly-amaly okuwlar şäheriň ýöriteleşdirilen 3-nji, 21-nji we 22-nji orta mekdeplerinde guraldy. Onda okuw maksatnamalaryny özleşdirmegiň netijeli usullary, okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny, sanly serişdeleri sapaklarda giňden peýdalanmak bilen bilim bermegiň usullaryny has-da kämilleşdirmekde öňdebaryjy iş tejribeleri bolan hünärmenler diňlenildi. Şeýle-de, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, okuw dersleri çuňlaşdyrylyp okadylýan

Iş­jeň mas­la­hat — kä­mil­li­ge ba­dal­ga

Döwlet Baştutanymyzyň bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde, geçen okuw ýylynyň jemine seljerme bermekde, täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakda bilim işgärleriniň ýanwar usuly-amaly okuwlarynyň ähmiýeti uludyr. Orta mekdeplerde, mekdebe çenli we mekdepden daşary bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işlerini talabalaýyk guramak, okuw maksatnamalarynyň özleşdirilişini, okuwçylara netijeli bilim-terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy iş tejribäni ýüze çykarmak, öwrenmek, umumylaşdyrmak möwsümleýin geçirilýän usuly-amaly okuwlaryň esasy maksadydyr.

Körpelerde zähmet endiklerini terbiýelemek

Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilimiň hili yzygiderli kämilleşdirilýär. Körpelere bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak, olaryň irki ýaşdan başlap hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyny» hem-de bu maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasyny tassyklamagy bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda möhüm bir ädim boldy. Mekdebe çenli bilim milli bilim ulgamynyň ilkinji basgançagydyr. Bu ýerde körpe nesle bilim-terbiýe berlip, çagalar mekdebe taýýarlanylýar, olar bilimler dünýäsine aralaşyp, dürli sapaklar boýunça düşünje alýarlar, bilimleriň ilkinji esaslaryny öwrenýärler.

Tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli sapaklary kämilleşdirmek

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýaşlara bilim-terbiýe bermekde bilim işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Bu asylly işi durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri we şertleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesle bilim we terbiýe bermek, bilim ulgamyny halkara derejesine çykarmak hem-de sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmak babatda öňde goýlan möhüm wezipelerden ugur alnyp taýýarlanylan «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady. Häzirki wagtda bu Konsepsiýanyň many-mazmunyny öwrenmek, özleşdirmek we öwretmek bilim işgärleriniň öňünde duran esasy wezipeleriniň biridir.

Bilimler dünýäsine giň ýol

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň ylym-bilim almagy, sagdyn ruhly, berk bedenli, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ylym-bilim ulgamynda döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde kompýuterler, multimedia enjamlary, lingafon otaglar, internet ulgamy ýaşlaryň hyzmatynda goýulýar. Bu bolsa olaryň bilim almakda ukyp-başarnyklaryny görkezmegine giň ýol açýar. Internet tory arkaly döredilen elektron kitaphanalardan, maglumat portallaryndan peýdalanmak, okuw sapaklarynyň interaktiw usulynda alnyp barylmagy, dünýäniň ösen döwletleri bilen teleköpri arkaly okuw sapaklaryna, halkara ylmy-amaly maslahatlara gatnaşmak ýaş nesilleriň başarnygyny has-da kämilleşdirýär.

Terjime işi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda bilim ulgamynda hem giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz: «Bilim ulgamy jemgyýetimiziň, ýurdumyzyň, onuň ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň we beýleki ugurlarynyň ösüşini üpjün edýär» diýip belleýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda türkmen-rus dilleriniň hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär we uly işler amala aşyrylýar. Dil bilimine degişli bolan käbir meseleler diňe bir diliň mysalynda däl-de, ähli dilleriň mysalynda düşündirilse oňat netije berýär. Talyplara diller hakyndaky maglumatlary nazary taýdan umumylaşdyryp, diliň düýp manysy, häsiýetli alamatlary, onuň ösüş kanunlary öwredilse netijesi gowy bolýar.