Beýik akyldaryň döredijiligi halklary dostlaşdyrýar
Berkarar döwletimizde Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny öwrenmek we dünýä ýaýmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, üstümizdäki ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi hem-de akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden dabaralandyrylýar. Paýtagtymyz Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi Magtymguly Pyragynyň doglan gününi baýram etmegiň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen iň ähmiýetli halkara çäreleriň biri boldy. Ilkinji nobatda, ýokary derejeli foruma dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň we resmi wekilleriniň ençemesiniň gatnaşandygyny bellemek gerek. Çünki munuň özi Magtymguly Pyragynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmäge halkara jemgyýetçiligiň gyzyklanmasynyň örän ýokarydygyny tassyklaýar. Şoňa görä-de, akyldar şahyrymyza bagyşlanan halkara forumda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň diňe bir şahyr däl-de, eýsem, türkmen halkynyň öz Watanyna söýgüsiniň nusgasydygyny nygtady