Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Iň çuň howuz

Polşanyň paýtagty Warşawadan uzak bolmadyk ýerde dünýäde iň çuň hem uly howuz ýerleşýär. Onuň çuňlugy 45,7 metre ýetýär, 8 müň kub metr suw sygýar. Gurluşygy iki ýyla çeken howuz suwda ýüzmegi öwrenýänler we suwa çümüjiler üçin niýetlenen bolsa-da, ajaýyplyklary özünde jemleýär. Onuň içinde dürli güýmenjeler hem göz öňünde tutulandyr. Suw astynda, 5 metr çuňlukda daş-töweregiň gözelligine syn etmek mümkinçiligi bolan dury ötelge, ähli amatlyklary özünde jemleýän myhmanhana otaglary we her hili şekilli hek ösüntgileri bolan gowak bar. Suwuň düýbündäki gark bolan gäminiň, gadymy maýýalaryň ybadathanasynyň görnüşindäki maketler hem täsindir. Öň dünýäde iň çuň howuz Italiýada ýerleşýärdi. Onuň çuňlugy 40 metrdir.

Merjen däneleri gözläp il söken...

Meniň bilen köp ýyl bäri gadyrly gatnaşyp ýören okumyş ýaşuly golaýda öz şahsy kitaphanasyndan birnäçe kitap sowgat berdi. Olaryň arasynda halk hazynasyny toplaýjy Ümür Eseniň 1994-nji ýylda çap edilen «Türkmen aganyň edebi» diýen kitaby-da bar eken. Elimi ilki şoňa uzadanymy duýman galdym. Kitabyň «Sözbaşysynda» meşhur mirasgär barada: «... dür dänelerini eşrepi ýaly görüp, uzak ýyllaryň dowamynda oňa güýç-kuwwatyny, duýgy-düşünjesini, akyl-paýhasyny sarp edip, «etek alty, ýeň ýedi» bolup, abyrsyz hazynany toplap, il-güne lükgeligi bilen gaýdyp bermegiň aladasy bilen ýaşaýan adama Ümür Esen diýýärler. Ol şol ady bilen Garaşsyz Diýarymyzyň her bir künjeginde tanalýar, hormatlanýar. Onuň irginsiz gözlegleriniň, hysyrdyly zähmetiniň netijesinde dörän, «Bäý-bä, türkmenem daş ýarýan akyl-paýhasly, inçeden yzarlaýan duýgy-düşünjeli halk eken-ow!» diýdirýän gazet-žurnal makalalaryny okamadyk, gürrüňlerini diňlemedik türkmen seýrek bolsa gerek» diýilýär.

Habarlar

Möhüm meýdan işleriKöneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşiginiň kärendeçileri şu ýylyň hasylynyň düýbüni tutmaga irgözinden girişdiler. Şu günler hojalygyň 16 sany kärendeçiler toparynyň babadaýhanlary ýerleri ýaz ekişine taýýarlaýarlar. Meýdan işlerini geçirmekde daýhan birleşiginiň kärendeçileri, mehanizatorlary, hünärmenleri tutanýerli zähmet çekýärler. Mehanizatorlardan Saparmät Aranow, Begençgeldi Pirjanow dagy gündelik tabşyryklary abraý bilen berjaý edýärler. Daýhan birleşiginde ýerlere gyş suwuny tutmaga hem taýýarlyk görülýär. Hojalygyň çägindäki 12 sany suw çykaryjy enjamlar abatlanyp, taýýar edildi. Şeýle-de gowaça meýdanlarynda çil çekmek, kölçelere bölmek işlerine girişildi. Häzirki möhüm meýdan işlerinde Aýnur Meredowa, Nurgözel Narlyýewa, Uzukjemal Italmazowa, Tagan Durdyýew, Gurbanmyrat Orazbaýew ýaly öňdebaryjy kärendeçiler oňat görelde görkezýärler. Gurbannepes TÄÇMEDOW,TDP-niň Köneürgenç şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.

Gülki — göwün güli

Akylly hem akyldar Birinden:

Terbiýäniň endik usuly

Pederlerimiz ynsana baha berende, ilki bilen onuň edep-terbiýesini göz öňünde tutupdyrlar. Magtymguly Pyragy «Otur-turuşyn görüň» diýen goşgusynda bu barada şeýle diýýär: Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz,Märekede otur-turuşyn görüň.Birew bilen aşna bolaý diýseňiz,Owal ykrarynda duruşyn görüň.

Dabaraly maslahatlar geçirildi

Täze, 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän ýaş esgerleriň gatnaşmaklarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen at bilen terbiýeçilik agşamy geçirildi. Ýaş esgerleriň syýasy sowatlylygyny artdyrmak, olara hormatly Prezidentimiziň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine we parahatsöýüjilige esaslanýan daşary syýasy ugruny giňişleýin düşündirmek maksady bilen geçirilen terbiýeçilik agşamynda serkerdelerdir göreldeli esgerler çykyş etdiler. Olar hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň amala aşyrýan hoşniýetli daşary syýasatynyň diňe bir ýurdumyzda hem-de sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmagy maksat edinýändigini, şunuň bilen baglylykda milli Liderimiziň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlarynyň iri halkara guramalarynda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda giň goldawa eýe bolýandygyny buýsanç bilen aýtdylar. Çykyşlarda eziz Arkadagymyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi dogrusynda hem nygtaldy. Terbiýeçilik agşamynyň dowamynda döredijilik bilen meşgullanýan ýaş esgerler ata Watanymyzy, hormatly Prez

Harby etiket we onuň terbiýeçilik işindäki ähmiýeti

Kasama wepaly merdana watançylar

Golaýda maýor Şöhrat Muhammetjumaýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde çagyryş boýunça harby gulluga gelen esgerleriň harby kasam kabul edişlik dabarasy geçirildi. Ýaş esgerler Watanymyzyň mukaddes topragyny gözleriniň göreji kimin gorap saklajakdyklary barada öz ýürek buýsançlarynda belläp geçdiler. Harby kasam, eziz Watanymyza, hormatly Prezidentimize, mähriban halkymyza wepalylyk diýmekdir. Şonuň üçin hem, her bir harby gullukçy harby kasam kabul edip, özüne mukaddes jogapkärçiligi alýar. Kasamda ata Watany goramagyň mukaddes jümleleri jemlenendir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Watany goramak borjunyň merdana pederlerimizden miras galan watançylyk parzymyzdygy baradaky gymmatly sözleri ýaş esgerleri harby gulluk borçlaryny ak ýürekden berjaý etmäge has-da ruhlandyrýar. Rena GURBANOWA,TÝG-niň gullukçysy.

Öňde möhüm maksatlar

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň öňünde goýýan anyk maksatlary we wezipeleri düzümlerde tertipnamalaýyn işleri kämilleşdirmekde, täze iş usullaryny durmuşa ornaşdyrmakda möhüm ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Geçen ýylyň aýagynda döwlet Baştutanymyz bu meseleler bilen baglanyşykly geçiren iş maslahatynda Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, obasenagat toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen işleri güýçlendirmek, «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak, zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny has-da berkitmek, ýaş hünärmenleri zähmete höweslendirmek, zähmeti goramak, howpsuz iş şertlerini döretmek, halypa-şägirt gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleri, okuw maslahatlaryny, duşuşyklary geçirmekligi aýratyn nygtady. Bular boýunça eýýäm welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri öz öňlerinde möhüm maksatlaryň birnäçesini kesgitlediler. Jumagül  AÇYLOWA,Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň kätibi

Görki täsin mekan

Ajap eýýamyň nurana şäheri bolan Aşgabadyň gözel görki ýurdumyzyň aýdyň geljeginiň, döredijiligiň, ösüşiň we rowaçlygyň belent sepgitlerine ýetmeginiň ajaýyp nyşanydyr. Eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmeleriň üstünlige beslenýändiginiň nusgalyk mysaly ak mermerli paýtagtymyzyň keşbinde we durmuşynda jemlenýär. Aşgabat bu gün täze gurluşyklarynyň gerimi hem-de ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar.

Ajaýyplyga beslenen nurana günler

Her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak şatlykly wakalara beslenýän eziz Diýarymyzda mähriban türkmen halkymyz ýagşy umyt-arzuwlar we zähmet üstünlikleri bilen täze, 2021-nji ýyly mynasyp garşylady. Bilşimiz ýaly, 2020-nji «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly hem mähriban halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy pursatlara baý ýyllaryň biri bolup, bu ýylda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan we ýiti zehininden kemala gelen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň XII tomy, şeýle hem «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaplary halkymyza mynasyp sowgat boldy. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz bu kitaplarynda halkymyzyň dünýä nusgalyk parahatçylyk söýüji asylly ýörelgeleri barada özüniň parasatly oý-pikirlerini giňden beýan etmek bilen, milli däp-dessurlarymyza, olaryň Watanyň abadançylygyny üpjün etmekde, ýaş nesilleri terbiýelemekde eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet berýär. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem hormatly Prezidentimiziň Watan goragçylaryna bagyşlap ýazan watansöýüjilige, beýik ynsanperwerlige ýugrulan ajaýyp kitaplary harby gullukçylary ýokary düzgün-tertipli, mukaddes harby kasama, harby borja wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolu

Maslahat geçirildi

4-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygarynyň yglan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Dabaraly çärä Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen tassyklanan bu şygar halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan hem-de syýasy partiýalardan gelip gowşan köp sanly teklipler nazara alnyp öňe sürüldi.

Ak şäherimiz — ak bagtymyz

Abadançylygyň gözbaşy

Taýýarlyk ýaýbaňlanýar

Mähriban Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kabul eden karary esasynda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda boljak Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça Merkezi saýlaw toparynyň tassyklan meýilnamasy esasynda işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksini» görkezmek bolar. Şuňa laýyklykda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary diýen ýörite bölüm girizildi. Şol bölümde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary gizlin ses bermek arkaly, göni däl (gytaklaýyn) saýlaw hukugynyň esasynda welaýat halk maslahatlarynyň mejlislerinde geçirilýär.

Kämil ulgamyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, döwrebaplaşdyrmaga we sanly ulgama geçmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Sanlylaşdyrmak işi ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna düýpli ornaşdyrylýar. “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” düzgünleriniň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürlik we maýa goýum işjeňligine, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär. Sanly ykdysadyýetiň özi ykdysady we durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady nusgany emele getirýär. Bu ýerde, esasan zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi we bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikler göz öňünde tutulýar. Sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde sarp edijileriň islegleri has çalt we ýokary hil derejesinde kanagatlandyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmegi üçin, esasan, üpjünçilik ulgamy (internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, telearagatnaşyk), elektron işewürligi (hojalyk işini kompýuter torlary arkaly dolandyrmak) we elektron söwda (harytlaryň, hyzmatlaryň intern

Buýsanjymyz çäksizdir

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz uly ösüşleri gazanýar. Türkmenistan —– Bitaraplygyň mekany ýylynda hem ähli ulgamlarda belent sepgitlere eýe bolduk. Täze ýylymyzyň “Türkmenistan —– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi bolsa türkmen halkyny diýseň begendirdi. Munuň özi ýurdumyzda parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň höküm sürýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Diýarymyz beýleki döwletler bilen parahatçylykly gatnaşyklary öňe sürýär. Uly ynam bilen gadam basan bu ýylymyzda hem hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän beýik başlangyçlary bilen ähli ulgamlarda gowy ösüşler gazanylar. Abadan durmuşda ýaşamaga, işlemäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize, alkyşymyz çäksizdir. Goý, milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!

Ajaýyp kitaby okap...

Pähime ýugrulan kitap Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistan —– Bitaraplygyň mekany” atly kitaby türkmen halkymyza hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuna sowgat boldy. Taryhy maglumatlara esaslanýan bu eser hormatly Prezidentimiziň eserleriniň üstüni ýetirdi hem-de Bitaraplygymyzyň beren miwelerini bize we geljekki nesillerimize giňişleýin beýan etjek kitap bolup elimize gowuşdy. Kitapda halkara we milli derejede gol çekilen Bitaraplyk hukuk derejesine degişli esasy resminamalar getirilipdir. Şeýle hem kitabyň sahypalarynda Diýarymyzyň taryhynyň möhüm wakalary beýan edilýär.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Şanly ýylyň belent sepgitleri Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda belent sepgitlere beslenip, taryhy wakalar bilen şöhratlanan Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly tamamlandy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 2020-nji ýylda ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli işler rowaç aldy. Garaşsyz döwletimiziň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň uly toýunyň dabarasy dünýä doldy.

“01” gullugynda

Jogapkärli döwrüň ýokary talaby Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory Orazmyrat Çaryýew bilen duşuşyp, gyş möwsüminde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada gürrüň bermegini haýyş etdi.