Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Ýaşululara sarpa — paýhasa hormat

Nyýazsoltan ARTYKOWA, Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi: — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Bu taryhy günde hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda, maňa-da «Zenan kalby» ordeniniň gowşurylmagy buýsançly başymy göge ýetirdi. Munuň üçin alkyş-hoşallygymyň çägi ýok. Ýokary döwlet sylagy ýurdumyzyň ähli zenanlaryna, mähriban enelere goýulýan hormat-sarpanyň nyşanydyr.

Garaşsyzlyk

Pederleriň arzuwy wysalyna gowşandyr,Halkyň alnyndan dogan ak Güni Garaşsyzlyk!Şanyna gazal-dessan, ajap şygyr joşandyr,Arkadagly zamanaň ak ýoly Garaşsyzlyk! Şanyňa toýlar tutýar bu gün ulus-ilimiz,Bagtyýarlyk, agzybirlik biziň saýlan ýolumyz,Pyraga sarpa goýup, galkyndy ykbalymyz,Berkarar döwletimiň ykbaly Garaşsyzlyk!

Erkinlik we jebislik taglymaty

Güneşli Diýarymyza her ýyl tylla güýz gelende, ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda bagtyýar halkymyzyň kalby ruhubelentlik, milli buýsanç duýgularyna beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň halkymyzyň ýüreginde Watana bolan söýgi, onuň güýç-kuwwatyna we geljegine bolan ynam, gurmaga, döretmäge bolan höwes, depginli ösüşini üpjün etmek islegi pugta orun aldy. Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýen sözlerinde bu beýik hakykat has äşgär görünýär. Elbetde, Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler asyrlara barabarlygy bilen ähmiýetlidir. Ýurdumyzyň bu döwür içinde ägirt uly taryhy galkynyşy başdan geçirendigi hem bu günki gün äleme äşgär. Garaşsyzlygyň röwşen şuglasynyň halkymyzyň aňyýetini, ruhyýetini özgertmekdäki ähmiýeti has uludyr. Halkyň jemgyýetçilik aňynda taryhy-ruhy jebisligiň, milli mertebäniň binýadyny berkitmek ýaly gymmatlyklar örboýuna galdy. Garaşsyzlyk — bu diňe bir ýurduň syýasy-ykdysady taýdan erkinligini aňladýan çäkli düşünje däl-de, eýsem, ol raýatlaryň bir bitewi millet, halk bolup kemala gelmegini hem şertlen

Rowaçlygyň mekany

Garaşsyz, özygtyýarly berkarar döwlet gurmak baradaky arzuwlary halkymyz ýüzýyllyklaryň dowamynda kalbynda ezizläp saklapdyr, ýagty ertirleri arzuw edipdir. Oňa şöhratly taryhymyza ser salanyňda hem aýdyň göz ýetirýärsiň. Garaşsyz, özygtyýarly bolup ýaşamagyň gadyryny oňat bilýän halkymyzyň ata-babalardan gelýän asylly däpleri bar. Agzybir ýaşamak, dost-doganlygy berkitmek, ata-enäni arzylamak, myhmany sarpalamak, halal zähmet çekmek ýaly asylly häsiýetler halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerinden, milli ruhyýetinden gözbaş alýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň içinde ýurdumyzda amala aşyrylan işler, durmuşa geçirilýän belent tutumlar buýsançly göwnüňi has-da joşdurýar, yhlasly zähmet çekmäge, Diýarymyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşandyňy goşmaga ruhlandyrýar. Gurulýan ýollar, bina edilýän ymaratlar, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler halkymyzyň geljekde-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edilýän uly aladalardyr. Bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilýän miweleridir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beýan edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň we 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetli aýratynlyklaryndan, bu babatda kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň halkara syýasy giňişligiň ygtybarly agzasy hökmünde açyk, parahatçylyk söýüji, oňyn we aýdyň daşary syýasaty alyp barýandygyny, sebitleýin hem-de halkara derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde dünýäde uly orun eýeleýändigini, özüniň Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak arkaly halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýandygyny, Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk medeniýeti hakyndaky Jarnamasynyň we hereketleriň Maksatnamasynyň wajyplygyny nazara alyp, Ýer ýüzüniň köp sanly döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dostlukly, birek-birege ynanyşmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary saklaýandygyny göz öňünde tutup, şeýle hem döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşe

Joşgunly ýürekleriň kelamy

Aýna SEÝITKULYÝEWA,Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly adyň eýesi: — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly meniň we maşgalamyň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara baý ýyl boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33  ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda men «Türkmenistanyň at gazanan artisti» ady bilen sylaglandym. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlary ösdürmek, ýokary taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmek ugrunda amala aşyrylýan beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Bize okamaga, öwrenmäge, hünärimizi kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Garaşsyz Watan

Gatlak-gatlak asyrlardan binýadyň,Gahryman Serdarly Garaşsyz Watan!Keramat sen, dünýä içre dünýä sen,Gahryman Serdarly Garaşsyz Watan! Garaşsyz döwletiň täze eýýamyňGalkynyşy gül goýnuňa seýranym,Perzendiň men, bagra basyp söýläniň,Gahryman Serdarly Garaşsyz Watan!

Döwletliligiň binýady

Berkarar Diýarymyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn beýik işler, gazanylýan ösüşler, döwleti dolandyrmak babatdaky asylly özgertmelerimiz Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrdy, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. Mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33  ýyllyk toýuny ýokary ruhubelentlik bilen toýlaýar. Ýurdumyzda ata-babalarymyzyň ýoluna eýerilip, halk häkimiýetiniň özboluşly nusgasy saýlanyp alyndy. Ýokary wekilçilikli häkimiýet edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Ol türkmen halkynyň döwleti dolandyrmagyň asyrlaryň synagyndan geçen demokratik däplerinden, durmuş ýörelgelerinden gözbaş alýar. Dünýä tejribesiniň gazananlaryny, milli däpleri we aýratynlyklary özünde jemleýär. Köpasyrlyk taryhyň çeşmelerine, hukuk tejribelerine esaslanyp, adamzat paýhasynyň, dünýä siwilizasiýasynyň çalt depginlerdäki ösüşiniň barşynda ýurdumyzda döwleti dolandyrmagyň syýasy-hukuk binýady kemala getirildi. Mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýar. Garaşsyzlyk eýýamlaryň şan-şöhratydyr. Günsaýyn gözelleşip, ak mermere beslenýän Aşgabadyň, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň we beýleki şäherlerdir obalaryň nurana keşbini synlan her bir adam mukaddes Garaşsyzlyk bilen galkynan halkymyzyň ýürek arzuwyna

Baky bagtymyzyň gözbaşy

Türkmen topragyna dolan altyn güýzüň rysgal-berekede beslenen sahawaty desterhanlarymyzyň naz-nygmatyna bolluk paýlap, gözüňi dokundyrýar. Bagtyýar maşgala ojagymyzda giňden ýazylan toý saçagynyň başynda şükürlilik bilen mele-myssyk çöregimizi ýüze sylyşymyza, galkyjaklap duran kalbymyzyň begenç-buýsanjyny ýürege jaýlap, bu eşretli döwür-döwrany arşyň belentligine galyp, wasp etsem diýersiň. Ine, şonda kalbyň arşyň depesinde ganat kaksa-da, özüň guşuçar belentlikden bagta çümüp oturan türkmen topragyna maýyl bolup göz aýlarsyň. Göz aýlarsyň hem-de Alla nazary düşen bu sahawatly topragyň goýnunda gaýrata galyp, iş gaýryp ýören türkmen aganyň uly iliň soltany hasaplaýan bugdaý ekişini, «ak altyny» ak bagtyna deňeýän pagta ýygymyny, her dänesi atyň dişi deý şaly ýetişdirişini, saçaklarymyza süýjülik bolup dolýan gant şugundyryny bakyp-bejerişini synlarsyň, agyp-dönüp ýören mal-garasyna guwanarsyň. Şäher bilen bäsleşýän obalaryna, köşgi-eýwana beslenýän şäherlerine buýsanarsyň. Ýöne seniň synçy nazaryňy özünde eglejek iň esasy zat welin, bu mukaddeslikleri maňlaýyna sylyp, toýly günleriň dowamatyny dowamata sapyp ýören türkmen aganyň bagtyýarlygydyr. Ine, şol bagtyýarlygy bize mukaddes Garaşsyzlygymyz berdi. Bu günki gün biz onuň 33 ýyllygy

Aýdyň maksatlar dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle ajaýyp jümleler bar: «Owal-ahyr hemişelik badalgamyz Watandyr». «Döwlet sarsmaz, tükenmez uly güýçdür. Biz döwletimiziň güýjünden güýç alýarys. Döwletimiziň ady bilen buýsanýarys, abraýy bilen beýgelýäris» diýlip, parasatlylyk bilen Watanyň mukaddesligine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen türkmen döwleti häzirki wagtda hemmetaraplaýyn ösüşleriň nusgawy ýoluny äleme äşgär etdi. Ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli we döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan esasy wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar Diýarymyzda demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslary, ynsanperwer, adalatly jemgyýet has-da berkeýär. Adam hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini mundan beýläk-de üpjün etmek, goramak baradaky işler has-da kämilleşdirilýär. Şu ýyl mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygyny amala aşyran belent maksatlary, gazanan beýik ösüşleri, gündelik üstünlikleri bilen mynasyp toýlaýar. Şunda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, gözel paýtagtymyz Aşgabat hem-de şöhratly geljegiň şäheri — Arkadag şäherlerinde alnyp barylýan beýik işler ähli hal

Doganlygyň mähri bilen

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler ýurdumyzy sanlyja ýylyň içinde tanalmaz derejede özgertdi. Türkmen bu gün alyslary ýakynlaşdyrýan adalat ýollaryny, agzybirlik ýollaryny gurýar. Bu ýollarda türkmen döwleti baky Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatynyň esasynda amala aşyrylýan umumadamzat bähbitli belent maksatlar bilen dabaralanýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Biziň ýurdumyz öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirýär» diýip, jaýdar belleýär. Türkmenistan geografik taýdan amatly ýerde ýerleşip, bu gün Merkezi Aziýa bilen Kawkazy, Ýewropany, Uzak Gündogar ýurtlaryny hyzmatdaşlyga çagyrýan ulag ýollaryny gurýar. Türkmen-owgan gatnaşyklary gadymdan gelýän köpasyrlyk taryhy hyzmatdaşlygy özünde jemleýär. Golaýda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň öňüsyrasynda iki halkyň ykdysady we syýasy gatnaşyklaryny has hem pugtalandyrjak iri taslamalaryň açylmagy we täzeleriniň gurluşygyna badalga berilmegi hem muňa şaýatlyk edýär.

Beýik milli buýsanjymyz

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň her güni beýik ösüşlere, şanly wakalara beslenip, täze taryhy zamanamyzyň ýyl senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýar. Ynha, 33 ýyl mundan ozal halkymyzyň özygtyýarly döwlet gurmak baradaky isleg-arzuwynyň wysalyna gowuşmagy netijesinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion Kanun kabul edilip, ata Watanymyz Garaşsyz döwlet diýlip yglan edildi. Beýik milli buýsanjyna — Garaşsyzlyk bagtyna eýe bolan merdana halkymyz ata Watanymyzyň garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň ykrarnamasy hökmünde Döwlet baýdagyny hem-de Döwlet tugrasyny döretdi. Toýlary toýa ulaşýan berkarar döwletimizde Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik desgalarynyň açylyp, ulanmaga berilmegi, joşgunly baýramçylyk dabaralarynyň, maslahatlaryň we sergileriň guralmagy ildeşlerimiziň şatlygyna şatlyk goşup, kalplaryna egsilmez ylham berýär. Bu günki gün ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmaga ýardam berýän düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ýetilen belent sepgitler bütin dünýäde ykrar ed

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi: aýdyň wezipeler, belent maksatlar

Üstünlikleriň we rowaçlyklaryň sakasynda

Garaşsyzlyk — ösüşleriň aýdyň ýoly

Annagül PENJIÝEWA, Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi:

Ýurt garşy alsyn!

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy gutly bolsun, eziz ildeşler! 20-nji sentýabrda Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýy we seýilgäh dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Açylyş dabarasyna Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular we paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Ykdysadyýetde gazanylan üstünlikler

19-njy sentýabrda paýtagtymyzda «Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda gurnalan sergi meýdançasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Garaşsyz Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer durmuşyndaky giň möçberli özgertmeleriň, özboluşly baý medeni mirasymyzyň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirdi. Sergi meýdançasynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, döwlet maksatnamalarynyň we innowasion taslamalaryň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan çäreleri giňişleýin şöhlelendirýän pudaklaýyn diwarlyklar ýerleşdirildi.

Asylly ýörelgeler dowamat

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyz belent maksatlar, asyrlar aşyp gelen ynsanperwer ýörelgeler, hoşniýetli ak arzuwlar, bedew batly ösüşler bilen öňe barýar. Mundan 33 ýyl ozal ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň jar edilmegi bilen, güneşli Diýarymyzyň nurana geljeginiň we şanly rowaçlyklarynyň sarsmaz binýady tutuldy. «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýen dana nakyl yklymlar içre meşhur bolupdyr. Merdana Oguz hanyň nesilleri bolan ata-babalarymyz dünýäde ýetmişden gowrak döwleti esaslandyryp, onuň binýadyny berkden tutupdyr. Şol döwletlerde tutuş adamzadyň ykbalyna, umumadamzat aňyýetiniň ösüşine täsir eden ruhy galkynyşlar, ykdysady özgerişler amala aşyrylypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz sanlyja ýylyň içinde dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykaryldy. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherimiz bu gün beýik ösüşleri bilen görenleri haýrana goýýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň her bir raýatynyň baş maksady Watanyň gülläp ösüşine goşant goşmaga gönükdirilendir. Bu gün türkmen ýaşlary hem yhlasly okap, hyjuwly öwrenip, ýadawsyz işläp, kämilleşip, ylym-bilim alyp, Watanymyzyň ösüşine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýaşlar

Agzybir il bagta ýeter

Mälim bolşy ýaly, ertir hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň belent tutumlary bilen galkynýan ýurdumyzda ähli halkymyz agzybirlikde, uly ruhubelentlik bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny toýlar. Ata Watanymyzyň ähli welaýatlarynda, Arkadag we Aşgabat şäherlerinde aýdym-sazyň joşguny belentden ýaňlanar. Buýsanç bilen bellemeli zatlaryň biri hem ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Her ýyl baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçirilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bu maslahatda ata Watanymyzyň mundan beýläkki ösüşlerine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda asuda ýaşaýşynyň belent derejelerini üpjün etmäge gönükdirilen möhüm ähmiýetli kararlaryň birnäçesi kabul edildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesiniň mähriban paýtagtymyzyň ak mermere beslenen keşbine ornan baýramçylyk öwüşginleri Aşgabadyň toý joşgunyny özboluşly şöhlelendirýär. Ak şäherimiziň nurana köçeleriniň, şaýollarynyň ugrundaky elektron tablolarda ruhubelent şygarlaryň, «Garaşsyz Türkmenistana 33 ýyl» ýazgylarynyň ýazylmagy, paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna bökdençsiz hyzmat edýän döwrebap awtobuslaryň ýüzünde: «Halk Maslahaty: bagtyýar geljek, täze maksatlar», «Döwlet

Halkymyzyň göterilen ykbaly

27-nji sentýabr — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygy barada söhbet edilende, ajaýyp duýgy, guwanç, buýsanç kalbyňy gaplap alýar. Bu ýöne ýerden däl, çünki «Garaşsyzlyk» diýlen düşünje, ilkinji nobatda, erkana durmuş, milli bitewülik, ata Watana, ene topraga söýgi bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen arzuwynyň hasyl bolmagydyr.

Şanly toýuň şanyna

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçiren aýdym-sazly dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. «Gahryman Serdarly berkarar Diýar şanly Garaşsyzlyk toýuna barýar» diýen at bilen geçirilen dabarada mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumlary dogrusynda söhbet edildi. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy barada uly alada edýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri aýdyldy. Egsilmez buýsanja beslenen çärede aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleri «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen çykyş etdiler. Soňra baýramçylyk dabarasy welaýatymyzyň medeniýet, sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Olarda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspy ýetirildi.