Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
A.T.ATAÝEWA Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň taryhy ösüşlerini, milli edebiýatymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýaýmakda, halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, adalatlylyk, adamkärçilik we ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde, ýaş nesli watançylyk, belent adamkärçilik ruhunda terbiýelemekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem Magtymguly adyndaky halkara baýraklar baradaky komitetiň teswirnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili Aksoltan Toreýewna Ataýewa Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermeli.