Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Ähli gowy zatlar — çagalara!

Çaga eşikleri satylýan dükanyň içinde eneli-agtyk başagaýdy. Ene agtyjagynyň saýlap tutan köýneginiň o ýan, bu ýanyna bakyp, kän eglendi. Muňa takady ýetmedik gyzjagaz: «Ene, geýip göräýeýin-le!» diýip, özelendi. Geýim geýilýän otagdan çykanda begenjinden ýaňa uçaýjak bolýan gyzjagaz täze köýneginde «pyr-pyr» pyrlanýardy. Köýnek oňa laýykdy. Özem şeýle bir gelişýärdi. Ene muňa guwanmak guwandy. Eneli-agtyk hoş bolup dükandan çykdylar. Bu ýakymly pursady synlap durşuma öz ýanymdan «Täze zady çaga geýdiräýseň» diýdim. Gyzjagazyň täze köýnek geýendäki begenjini hiç bir şatlyk bilen çalşyp bolmasa gerek. «Ähli gowy zatlar—çagalara!» ýörelgesinden ugur alynýan, çagalaryň sagdyn bedenli, belent ruhly kemala gelmekleri, döwrebap bilim we terbiýe almaklary, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri ugrunda bimöçber aladalar edilýän eziz Diýarymyz bagtly çagalygyň ýurdy hökmünde dünýä tanalýar. Çaga eşikleridir oýnawaçlar satylýan dükanlara barsaň, haryt bolçulygyndan gözüň dokunýar. Toý-baýramlarda, medeni-dynç alyş seýilgählerinde owadan geýnüwli şadyýan oglan-gyzjagazlary göreniňde bolsa, göwnüň göterilýär.

Haryt bolçulygy berkidilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda azyk bolçulygy bilen baglanyşykly wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň üçin öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan önümçilige maýa goýumlaryny goýmak bilen birlikde, emele gelýän bazar şertlerine çalt uýgunlaşyp, oňa mynasyp jogap berilýär. Şunda täze pudaklarda alnyp barylýan netijeli işlere-de aýratyn orun degişlidir. Türkmen telekeçileri tarapyndan alnyp barylýan şeýle işler öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmaga, olaryň hilini ýokarlandyrmaga hem-de nyrh elýeterliligini üpjün etmäge, ýurdumyzyň işjeň kuwwaty bolan ýaşlar üçin täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow telekeçilere goldaw bermek, kiçi we orta işewürligiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bazar gatnaşyklaryna geçmek, importyň ornuny tutýan eksportyň möçberini artdyrmak hem-de daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek ýaly ýörelgeleri ýurdumyzyň mundan beýläk-de durnukly ösmeginiň esasy şertleri hökmünde görkezýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda maldarçylyk we

Hyzmatdaşlyk — bähbitdeşlik

Oba hojalygy islendik döwletiň ykdysadyýetiniň iň esasy pudaklarynyň biridir. Çünki ilaty ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmek XXI asyrda umumadamzat ähmiýetli meselä öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda hem halkymyzy ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek wezipesine uly ähmiýet berlip, obasenagat toplumynda belent sepgitlere ýetilýär. Ylmyň iň täze gazananlaryna daýanyp, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tejribesini ornaşdyrmak ýurdumyzda obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça öňde durýan möhüm wezipelerdir. Ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, döwletimiz tarapyndan hususyýetçi daýhanlar üçin ýeňillikli şertlerde dünýäniň belli kompaniýalaryndan dürli görnüşli tehnikalar hem-de gurallar yzygiderli satyn alynýar. Soňky ýyllarda ýurdumyza Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «John Deere» hem-de Germaniýanyň «CLAAS» kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli, döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň, däne hem-de pagta ýygýan kombaýnlarynyň uly tapgyrlary gelip gowuşdy. Ýokary öndürijilikli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň sanynyň we görnüşleriniň artm

Telekeçilik ösüş ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň giň gerimli özgertmelerinde hususy pudagyň goşandy bimöçberdir. Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryna geçmekde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, ykdysadyýetde döwlete dahylsyz pudagyň paýy barha artýar. Anyk mümkinçiliklere, ylmy esaslandyrmalara daýanýan bu wezipeleri durmuşa geçirmegiň barşynda ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna degişli köp sanly kiçi we iri senagat kärhanalary döredilýär. Döwlet derejesinde berilýän goldaw-hemaýatlaryň netijesinde welaýatymyzda hem hususy ulgama degişli kärhanalaryň birnäçesi öz işini üstünlikli ýola goýmagy başardy. Gurluşyk pudagyna degişli dürli önümleri öndürýän Türkmenbaşy etrabyndaky «Akgaýa» hojalyk jemgyýetini, Balkanabat şäherindäki «Giň dere», «Zürýada hyzmat» hususy kärhanalaryny şeýle kärhanalaryň hatarynda görkezmek bolar. Bu kärhanalaryň öndürýän dürli görnüşli gurluşyk önümleri sarp edijileriň arasynda durnukly artýan isleglerden peýdalanýar.

Garagumuň jümmüşindäki bag

Öňküleriň aýdyp geçmedik zady ýok. Öňden gelýän halk pähimleri, nakyllardyr atalar sözleri ýüregiňe jüňk bolaýýar. Şol dürdäne pähimleriň biri-de, «Owal akan ýerden akarmyş aryk» sözi. Biziň gürrüňini etjek bolýan daýhan hojalygymyzyň miweli baglarynyň ýerleşýän ýerinde-de öň oturymly ilat mesgen tutupdyr. Aýtmadyk bolsalar dagy, «Akyp ýatan ymgyr çägede-de miweli bag bolarmy?» diýjegiň gümansyz. Ýogsa-da, çäge, çöl diýlende, selinli, sazakly, gandymly, çerkezli alaňlardan başga zady göz öňüňe getirjekmi diýsene?! Emma beýle däl eken. «Gülzemin» daýhan hojalygy 200 gektara uzap gidýän öňki çöllük meýdanda dürli miweli baglary ýetişdirip, hasyl baryny ýygyp ýör. «Adam eli — gyzyl gül» diýleni. Diýmek, bu-da adam eli bilen dörän gudrat bolmaly. Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýolundan ýöreseňiz, sag egniňizde «Täze eýýam» diýlen ýazga gözüňiz düşer. Şondan göni günbatarlygyna tarap gidibermeli. Öňüňizde «Ýandaklyagyz» diýlen öňden oturymly oba bar. Şol obanyň deňine ýetensoň, çep tarapa öwrülip gidersiňiz welin, gowaçaly pellerden, öri meýdanlaryndan, pirli-keramatly mukaddes ýerlerden soň, çägelik başlanýar. Ýolbeledimiz, «Gülzemin» daýhan hojalygynyň hünärmeni Babamyrat Baýarow alaňlygy görkezip: «Biziň

Gözel kenaryň döwrebap söwda merkezi

Hazaryň türkmen bölegi sagaldyş-dynç alyş we ekologik syýahatçylygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolup durýar. Häzirki wagtda syýahatçylyk Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň wajyp ugurlarynyň biri bolmak bilen, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk hem ösmegine ýardam edýär. Ýeri gelende bellesek, 2009-njy ýylyň iýunynda Hazar deňziniň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze binalaryň açylyş dabarasy boldy. Bu bolsa Awazanyň täze taryhyny açyp, ýurduň ilatynyň ýaşaýşy üçin zerur bolan şertler bilen doly üpjün edilýändiginiň aýdyň görkezijisine öwrüldi.

«Aýly ýaz» tebigatdan ylham alýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň çäklerinde döwletimiz tarapyndan hususy pudagy ösdürmäge uly goldaw berilýär, telekeçiler üçin giň mümkinçilikler, ýeňillikler döredilýär. Golaýda Daşoguz welaýatynda iş sapary bilen bolup, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşýan hususy düzümleriň biri bolan «Aýly ýaz» hojalyk jemgyýetiniň işi bilen ýakyndan tanyşdyk. Ekologiýa taýdan arassa we ter önümlerden gaplanan azyk harytlaryny taýýarlaýan «Aýly ýaz» hojalyk jemgyýeti «TERi» hem-de «Aýly sähra» haryt nyşany bilen duzlanan gök-bakja önümleriniň, miwe şerbetleriniň we mürepbeleriň jemi 50-ä golaý görnüşini öndürip, halkymyza hödürleýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Aýly ýaz» hojalyk jemgyýeti 2014-nji ýylda esaslandyryldy. Hojalyk jemgyýeti Daşoguz şäherindäki pomidor goýutmasyny öndürýän zawodyň durkuny täzeläp, bu ýerde dürli görnüşli gaplama önümleri taýýarlaýan döwrebap önümçilik toplumyny döretdi. Munuň özi ýurdumyzda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary üstünlikli hususylaşdyrmagyň mysallarynyň biridir.

Halkyň islegli önümleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolan telekeçiligi ösdürmek babatynda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Munuň şeýledigine bazar bolçulygynyň, önümleriň görnüşleriniň köpdürlüliginiň we nyrhlarynyň elýeterdiginiň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.

«Ak altynyň» islegli ýüplügi

Daşoguzyň pagta egriji fabriginiň işçi-hünärmenleri milli Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp toý sowgady bilen garşy almak ugrunda netijeli zähmet çekýärler. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bu kärhanada ýylda 16,6 müň tonna pagta süýümi gaýtadan işlenilýär we 14,5 müň tonna ýokary hilli ýüplük öndürilýär. Häzirki bazar şertlerinde ykdysady ýörelgeleriň netijeli peýdalanylmagy, işleriň göwnejaý guralmagy, innowasion tehnologiýalaryň ygtybarly ulanylmagy esasynda fabrik boýunça şu ýylyň ýedi aýynda önümçiligiň möçberi artyp, meýilnama 100,6 göterim berjaý edildi. Welaýat merkeziniň günbatar künjegini aralap geçýän uly ýoluň ugrunda milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülen iri senagat kärhanalarynyň uly toplumy ýerleşýär. Ýurdumyzyň dokma senagatynyň iri düzüm böleginiň biri bolan döwrebap fabrigiň ak lybasa beslenen belent başly binasy bu topluma aýratyn görk berýär. Bu kärhana gysga döwrüň içinde önümçiligiň möçberiniň yzygiderli ösýän, ýokary hil derejesiniň pugta üpjün edilýän nusgalyk merkezine öwrüldi. Häzirki wagtda bu ýerde öndürilen dürli möçberdäki «ring» kysymly sap arassa ýüplükler dünýä ýüzünde ýokary islegden peýda

Döwrebap kärhananyň täze önümleri

Tomsuň soňky aýynda okuw esbaplary we lybaslary ýurdumyzyň bazarlarynyň iň geçginli harytlaryna öwrülýär. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda guralýan mekdep bazarlarynda ýerli kärhanalaryň önümleriniň alyjylara hödürlenýändigi aýratyn begendirýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Aýhan Rejepowanyň «Gerçek» haryt nyşanly aýakgaplary öndürýän kärhanasynda mekdep okuwçylary we talyplar üçin niýetlenen ýantorbalary öndürmekde ýeterlik tejribe toplanylyp, ýakynda nusgawy aýakgaplaryň önümçiligi hem ýola goýuldy. Mary şäherinde ýerleşýän döwrebap kärhanada edara binasynyň we önümçilik bölümleriniň bir ýerde ýerleşmegi işleriň sazlaşykly alnyp barylmagyna ýardam berýär. Bu ýerde hünärmenleriň işleýän otaglary, önümçilik sehleri, çig mal we taýýar önümleri saklanýan ammarlar, hil barlaghanasy, işgärleriň naharlanmagy we dynç almagy üçin niýetlenen ýörite ýerler göz öňünde tutulandyr. Önümçilik kuwwaty ýylda 20,5 million jübüt aýakgap öndürmäge niýetlenilen kärhana 14 bölümden ybarat bolup, Türkiýäniň we Hytaý Halk Respublikasynyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Işleriň sazlaşykly ýola goýulmagy önümçiligiň ösüş depgininiň ýyl-ýyldan ýokarlanmagyny şertlendirýä

Ilki bazara, soň mekdebe!

67 sany mekdep bazary! 556 sany mekdep burçy! Bular täze okuw ýylynyň bosagasynda ýurdumyzyň gündogar sebitinde diňe welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşigi tarapyndan açylan wagtlaýyn söwda nokatlary. Sebitde ýylyň bütin dowamynda mekdep lybaslaryny we harytlaryny satmaga ýöriteleşdirilen söwda nokatlarynyň sany hem ep-esli bar. Her täze okuw ýylynyň bosagasyndaky süýji aladalar Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynda hem başlady. Aýyň ilkinji gününde açylan mekdep bazarlary we iri söwda merkezleriniň ýanyndaky mekdep burçlary ildeşlerimiziň iň köp gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi.

«Täç hil» — kämilligiň we täzeçilligiň gözleginde

Milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýyny artdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak ugrundaky tagallalaryň netijesinde türkmen telekeçileri täze önümleriň dürli görnüşlerini öndürýärler. Soňky ýyllarda hususy işewürler himiýa senagatynda hem üstünlikli iş alyp baryp, ýokary hilli, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýärler. Olar şahsy arassaçylyk serişdeleri we hojalyk himiýasynyň önümleri bilen diňe bir içerki bazary üpjün etmän, eýsem, öz harytlaryny goňşy döwletlere-de eksport edýärler. Innowasion işewürligi ýola goýup, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan şeýle hususy düzümleriň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Täç hil» hususy kärhanasydyr. Bu kärhana polietilen torbalaryň, arassaçylyk serişdeleriniň we hojalyk himiýa önümleriniň önümçiligini barha ýokarlandyrýar. Hususy kärhananyň döwrebap önümçilik toplumy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär. 1,33 gektar meýdany eýeleýän önümçilik kärhanasy «A» we «B» blokdan ybarat bolup, olaryň birinjisinde arassaçylyk serişdeleriniň, ikinjisinde bolsa polietilen torbalarynyň önümçiligi ýola goýlandyr. Olar Germaniýanyň we Türkiýäniň döwrebap tehnologiýalary bilen en

Ekotorbalara isleg artýar

Häzirki wagtda dünýäniň ösen, öňdebaryjy ýurtlary ekologiýa taýdan arassa önümçilige ýykgyn edýärler. Şonuň üçin hem geljekde kagyz torbalaryň ulanylyşynyň has-da artmagyny kanunalaýyklyk hasaplasa bolar. Bu ugurda ýurdumyzyň içerki bazarlarynda we eksport üçin niýetlenilen harytlarda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümçiligi ýola goýýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary guwandyryjy işleri alyp barýarlar. Şeýle kärhanalaryň biri-de 2017-nji ýylda işe girişen, döwletimizde ilkinji bolup dürli görnüşli kagyz gaplama önümçiligini ýola goýan «Ýedidogan» haryt nyşanly kärhanadyr. Bu kärhana kagyz torbalary ulanmagy endige öwürmegi, şonuň bilen birlikde-de, ekomedeniýeti ösdürmegi maksat edinýär. Germaniýanyň enjamlaryny ulanmak arkaly Ýewropanyň ýokary hilli çig malyndan peýdalanyp, kagyz torbalaryň önümçiligini alyp barýan bu kärhananyň önümleri hil görkezijisiniň ýokarydygy bilen tapawutlanýar. «Ýedidogan» haryt nyşanly kärhananyň ýolbaşçysy, telekeçi Döwran Abdyrasulow bilen bu özboluşly önümçilik dogrusynda söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:

Berk we ýokary hilli gönler

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şanly ýylymyzda Gökdepäniň gön zawodynyň döredijilikli işleýän işçi-hünärmenleriniň aýma-aý gazanýan önümçilik görkezijileri onuň öndürijilikli işleýän kärhanalaryň hataryndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Bu babatda üstümizdäki ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýetilen sepgit has-da guwandyryjy boldy: kärhanada 8 million 92 müň manatlykdan gowrak iş edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 114,2 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şu ýylyň başyndan bäri kärhanada dowardyr sygyrlaryň derisiniň birnäçe tonnasy gaýtadan işlenip, ekologiýa taýdan arassa dürli görnüşdäki we ölçegdäki gön taýýarlandy. Aýakgaplaryň, kemerleriň, gyşky lybaslaryň, torbalaryň önümçiligine hem-de beýleki maksatlara niýetlenen önümleriň köp bölegi hususy pudagyň wekilleri tarapyndan satyn alyndy.

Sarp edijilere ugradyldy

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Polimer önümleri» zawodynda çykarylýan polietilen hem polipropilen turbalaryň uly tapgyry baglaşylan şertnama esasynda sarp edijilere ugradyldy. Senagat ulgamyny sanlylaşdyrmak maksady bilen ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, oturdylan iň kämil enjamlar önümleriň möçberini artdyrmaga hem-de hilini ýokarlandyrmaga, iň esasy-da, önümçilik ulgamlarynda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ýyllyk kuwwatlylygy 920 tonna barabar kärhanada işçi-hünärmenleriň 90-a golaýy zähmet çekýär. Bu ýerde ululygy 16 millimetrden 315 millimetre çenli ölçegli turbalaryň 23 görnüşi öndürilýär. Olar gurluşyklarda, lagym, suw geçiriji ulgamlarda giňden ulanylýar. Hojalyk hem tehnologik işleriň göwnejaý guralmagy netijesinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 7 aýynda zawod boýunça dürli ululykdaky turbalaryň 212 tonna golaýy, şeýle hem maýyşgak gurşawlaryň, azyk önümlerini salmaga niýetlenilen bir gezek ulanylýan gapjagazlaryň, bulgurlaryň we beýleki polimer önümleriniň 4,7 tonna golaýy öndürildi.

Eksport ugurly ýüplükler

Bäherden etrabyndaky Ýüplük fabriginde öndürilýän 27/1, 34/1 belgili nah ýüplükler dünýä bazarynda uly islege eýedigi we bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, olar Russiýa, Hytaý, Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan ýaly döwletlere yzygiderli eksport edilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kärhananyň işçi-hünärmenleriniň yhlas-tagallalary bilen öndürilen ýüplükleriň bir bölegi agzalan ýurtlara eksport edildi. Bu ýerde önümçilik işiniň ýokary derejede alnyp barylmagy guwandyryjy görkezijileri gazanmagyň esasy şertidir. Kärhanada şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda 59 million 220 müň manatlykdan gowrak iş edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105 göterim ösüş depgininiň üpjün edilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Şol döwürde bu kärhanada 3537 tonna golaý ýokary hilli nah ýüplük öndürildi.

Ajaýyp binalary gurup adygan

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasynda zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň 90 göteriminiň ýaşlardygy onuň utuşly taraplarynyň biridir. Çünki ýaşlaryň bar ýerinde güýç bar, gaýrat bar. Olar ýadamagy-ýaltanmagy bilmeýärler. Öwrenmegiň, bilmegiň, gurmagyň, döretmegiň, täze, innowasion usullarda zähmet çekmegiň höwesindäki ýaşlar täzeçe pikirlenip, täze teklipler bilen çykyş edýärler. Saýlap alan hünärine, işine höwesli ýaş össürimleriň häzirki zaman tehnologiýalaryna erk etmegi, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy üçin ähli şertler bar. Gurluşyk-gurnama işlerini alyp barmagy maksat edinen kärhanadaky ýaşlar şol mümkinçiliklerden giňden peýdalanýarlar. Tejribeli telekeçi Berdimyrat Garlyýewiň ýolbaşçylygyndaky gurluşyk kärhanasy paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda medeni-durmuş maksatly desgalaryň köp sanlysyny gurup, ulanmaga berdi. Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň bäşisi, orta mekdepleriň üçüsi, çagalar bagy, medeniýet öýi, köpugurly hassahanalaryň ikisi, sport desgalary toplumy, Halkara karantin merkezi we çagalar dynç alyş seýilgähi hut şu kärhananyň işgärleriniň yhlasly zähmetiniň miweleri. Binagärlik keşbi bilen owazasy dünýä dolan Arkadag ş

Tomus berekedi — bazar bezegi

Ýylyň ähli paslynda-da adyny tutan zadyň tapdyrýan bereketli türkmen bazarlarynyň tomus paslyndaky bolçulygyny görmäge göz gerek. Şu günler Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda Gündogar bazarlaryna mahsus gyzgalaňly söwdasy bilen tapawutlanýan söwda nokatlarynyň alyjysy ýetik. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýylboýy azyk bolçulygynyň üpjün edilmegini möhüm wezipe hökmünde kesgitleýär. Şundan ugur alyp, şu ýyl hem Diýarymyzyň oba hojalykçylary, telekeçileri miweleriň, gök-bakja önümleriniň, ir-iýmişleriň bereketli hasylyny ýetişdirdiler. Olaryň çeken halal zähmeti, döken alyn deri türkmen halkynyň rysgalyna öwrülip, her bir maşgala ojagynyň berekedi bolup saçaklarymyza dolýar.

Alyjylaryň göwni hoşal

Ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de bol­şy ýa­ly, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da hem 2023-2024-nji tä­ze okuw ýy­ly­na giň­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Yn­ha, aw­gust aýy­nyň ba­şyn­dan we­la­ýa­tyň äh­li et­rap­dyr şä­her mer­kez­le­rin­de ýö­ri­te mek­dep ba­zar­la­ry iş­läp baş­la­dy. Ma­ry we­la­ýat Aly­jy­lar jem­gy­ýet­le­ri bir­le­şi­gi­ne de­giş­li ba­zar­lar­da, söw­da mer­kez­le­rin­de je­mi 111 ýer­de ýö­ri­te mek­dep ba­zar­la­ry açy­lyp, hal­ka hyz­mat ed­ýär. Mek­dep ba­zar­la­ry­nyň iş­läp baş­lan gü­nün­den bä­ri söw­da-sa­tuw iş­le­ri gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýär. Esa­san hem, Ma­ry we­la­ýat kö­pu­gur­ly söw­da ba­za­ryn­da, Baý­ra­ma­ly, Ma­ry şä­her­le­rin­dä­ki «Ma­ru-şa­hu-ja­han» mer­ke­zi söw­da top­lum­la­ryn­da dö­re­di­len mek­dep ba­zar­la­ryn­da sa­tuw iş­le­ri has-da giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Mek­dep ba­zar­la­ry okuw­çy­la­ra ni­ýet­le­nen okuw es­bap­la­ry bi­len do­ly üp­jün edi­lip­dir. Bu ýer­de okuw­çy­lar üçin ýö­ri­te ni­ýet­le­ni­len egin-eşik­le­riň, aýak­gap­la­ryň, okuw­çy tor­ba­la­ry­nyň, ga­lam­dyr dür­li ýa­zuw depderleriniň we su­rat al­bom­la­ry­

«Amantaýyň» hyrydarly önümleri

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeler özüniň oňat netijelerini berýär. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ilata hyzmat ediliş derejesiniň ýokarlanmagy, önümçiligiň giň gerime eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, ýurdumyzda hususy kärhanalar tarapyndan öndürilýän önümleriň möçberi barha artýar. Olarda diňe bir içerki bazarlarymyza däl, eýsem dünýä bazarlaryna çykarmaga niýetlenen ýokary hilli önümleriň birnäçe görnüşleri öndürilýär. Olaryň hatarynda welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Amantaý» hususy kärhanasy hem bar.