Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Tebigata söýgi — Watana söýgi

Ata Watanymyzda tebigaty we onuň gözelliklerini goramakda hem-de baýlaşdyrmakda uly işler alnyp barylýar. Ekologiýa babatda halkara hyzmatdaşlygyň giňden ýola goýulmagy, orta mekdepleriň okuw maksatnamasyna ekologiýa dersiniň girizilmegi bilen, ýaş nesliň daşky gurşawy goramak baradaky düşünjeliliginiň artdyrylmagy, ýaz we güýz möwsümlerinde miweli, pürli we saýaly baglaryň ekilmegi munuň subutnamasy bolup durýar. Döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramaga aýratyn uly ünsüň berilmegi geljegimiz baradaky aladadan ugur alýar. Çünki adamyň ýaşaýyş-durmuşy, saglygy tebigat we onuň arassalygy bilen berk baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň daş-töweregimizi gurşap alan tebigaty goramak, oňa aýawly çemeleşmek baradaky asylly ýörelgeleri dowam etdirilýär. Bu ugurda döwrebap kanunlar, maksatnamalar kabul edilip, düýpli özgertmelere badalga berilýär. Tebigatymyzy gözel görnüşinde geljekki nesillerimize ýetirmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak, daşky gurşawa ýaramaz täsirini ýetirýän ýagdaýlaryň öňüni almak baradaky wezipeleri durmuşa geçirmek olaryň esasy maksadydyr. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, “Ýurdumyzda halkymyzyň aras

Suw — tebigatyň özeni

...«Essalawmaleýkim, suw aga!». Bu türkmen aganyň suwuň kenaryna baranda zybana getirýän sözleri. Ol ýöne ýerden däl. Ata-baba ýoluny mydama ýagşy arzuw-umytlar bilen dowam etdirýän türkmen suwa hormat goýup gelipdir. Sebäbi suw Hakyň didaryny gören ýeke-täk barlyk hasaplanýar. Şonuň üçin-de, ol keramat derejesine göterilipdir. Suwuň bar ýerinde ýaşaýyş bar. Ol küpürsäp ýatan topraga-da jan berýär. «Suwly ýer — gül, suwsuz ýer — çöl», «Suw — hasylyň enesi» diýilýär. Süýji suw toprak bilen birleşip, bereket, sahawat eçilýär. Ol diňe bir saçaklarymyzy däl, kalbymyzy-da bezeýär. Ýurdumyzyň çäkleriniň köp bölegini Garagum sährasy tutýar. Biz muňa guwanýarys, buýsanýarys. Sebäbi Garagum — durşuna hazyna we baýlyk. Türkmen onuň hözirini-de görüp başlady. Çölüň çägesi kremniý elementiniň esasy gory bolsa, onuň astyndaky çuňlukda nebitdir gazyň ummasyz möçberi bar. Olary özleşdirmek, ýurduň we halkyň bähbidine gönükdirmek işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň möçberini artdyrmak üçin Amyderýanyň süýji suwuny Garagum derýasy arkaly Balkan welaýatynyň çäklerine eltmek işi geçen asyryň 50 — 60-njy ýyllarynda üstünlikli amala aşyryldy. Netijede, Garagum derýasynyň iki kenarynda ýüz müňlerçe gektar

Ýerajy — täsin tebigy ýer

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde durmuşymyzyň ähli ugurlarynda täze özgertmelere badalga berilýär. Arkadagly Serdarymyz: «Biz geljekde-de tebigata aýawly garamaga, onuň baýlyklaryny gorap saklamaga hem-de köpeltmäge, ykdysadyýete «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly üns bereris. Ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek çärelerini geçirmek arkaly ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine, howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleleriň çözülmegine goşant goşarys» diýmek bilen, adamzadyň ýaşaýan ýeri bolan tebigat hakynda alada etmegiň häzirki döwürde möhüm meseleleriň biridigini nygtap geçýär. Biz hem türkmen tebigatyny aýawly saklamakda, olary gorap, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda uly işleri bitirýän Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Repetek döwlet biosfera goraghanasynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, bu goraghananyň uly ylmy işgäri Aziza Furkatžanowa bilen Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Ýerajy» döwlet tebigy çäkli goraghana barada eden söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Aziza, ilki bilen, söhbedimiziň başynda «Ýerajy» döwlet tebigy çäkli goraghanasy barada gysgaça gürrüň beräýseňiz?!

Köneürgenç meteoriti

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň hemişelik sergisi işleýär. Sergi 11 bölümden ybarat bolup, birinji bölüm älemiň döremegine, Ýeriň ýüzünde ýaşaýşyň peýda bolmagyna we ösüşine bagyşlanýar. Ol ýerde «Uly partlama» çaklamasy, galaktikalar, kosmosdaky jisimler barada maglumat berilýär. Şol sergidäki muzeý gymmatlyklarynyň arasynda iň täsini Köneürgenç meteoritidir. Agramy 1 tonna 200 kilograma barabar bolan meteorit 1998-nji ýylyň 20-nji iýunynda Köneürgenç şäheriniň golaýyna, pagta meýdanynyň gapdalyna gaçýar we böleklere bölünýär. Onuň düşen ýerinde diametri 6 metr we çuňlugy 3,5 metr çukur emele gelýär. «Ýokarda asman jisimi peýda boldy, ol birnäçe sekuntda ýaryldy we bölünip, uly ses bilen ýere gaçdy. Soňra ýer sarsdy. Sarsgynyň zarbyna gum, daş we meteoritiň bölekleri ýokarlygyna zyňyldy» diýip, şol ýerde pagta ýygyp ýören daýhanlar ýatlaýarlar. Aşgabatdan Köneürgenje baran fizika-matematika ylymlarynyň doktory Seýit Muhammetnazarowyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary onuň demirdaş meteoritidigini subut etdiler.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 22-nji awgustda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24° maýyl, gündizine +35... +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +40 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +30... +35 gradus maýyl bolar.

Kareliniň çomujy

Garagum sährasynyň çägelik meýdanlarynda ösüp ýetişýän üýtgeşik ösümlikleriň biri-de kareliniň çomujydyr. Boýy 25 — 40 santimetr aralygynda, saýawanlylar (latynça Apiaceae Lindl.) maşgalasyna degişli bolan bu köpýyllyk ösümligiň köki miweli şekilli bolup, ösüş döwri gysgadyr. Kareliniň çomujynyň ýekeleýin dik ösýän baldagy gapdallara şahalanýar. Ýapraklary açyk-ýaşyl reňkli bolup, 3 bölege dilinen görnüşdedir. Bu ösümligiň gültäji edil şöhle saçyp durana meňzeş. Güllerinde 5-e çenli gül ýapraklary bolýar. Gülleriniň diametri 1 santimetr töweregidir. Kareliniň çomujy maý aýynda gülläp, iýunda miweleýär. Onyň gülleri owadan öwüşginli, ýapyk melewşe we gara reňklerde bolup bilýän, daşky keşbi siňek tutujy duzaga meňzeş ösümlikdir. Örän ýiti ysy bilen tozanlandyryjyny özüne oňat çekýär. Kareliniň çomujynyň ýerasty köki süýnmegräk şar şekilli gurluşa eýedir. Ondan kiçijik damar şekilli kökjagazlar ýaýrap, toprakdan iýmit maddalaryny sorup alýarlar. Bu ösümligiň ýaşyl ýapraklaryny pyşdyllar iýýärler. Güýz-gyş aýlarynda ýerasty bölegi gemrijiler üçin iýmit bolup hyzmat edýär. Bu ösümlik Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň meýdanlarynda seýrek duş gelýär.

Leýlisaç (liriki oýlanma)

Sirkon — hökümdarlygyň daşy

Sirkon, fiziki aýratynlyklary sebäpli iň gymmat daş bolan göwher bilen bäsleşip bilýän ýeke-täk tebigy daşdyr. Bu daşyň durulygy göwher daşyny ýatladýar. Sirkon daşyny, köplenç, «kubik sirkoniý» (Cubic Zirconia) diýlip atlandyrylan «atdaş» daşy bilen çalşylýar. Emma kubik sirkoniý daşynyň ýörgünli ady «fianit» bolup, ol emeli usulda ösdürilýän sintetiki mineraldyr. Bu iki daşyň çalşylmagynyň esasy sebäbi atlarynyň birmeňzeşligindedir. Sirkon gymmat bahaly tebigy daş bolup, gadymy döwürlerden bäri tanalýar. Alymlaryň belleýşi ýaly, sirkon daşynyň ady pars dilindäki «zargun» sözünden gelip çykyp, «altyn reňk» diýmegi aňladýar. Daşyň ýaşyl, açyk ýaşyl, goýy gyzyl, gyrmyzy, sary, altyn, gök, goňur reňkli görnüşleri bardyr. Zergärleriň köpüsi onuň reňksiz, dury görnüşlerine ýokary baha berýärler.

Deňiz düwlenleri

Ylmy maglumatlara görä, düwlenleriň 30-dan gowrak görnüşi bolup, olar ululygy, daşky görnüşi, reňki, häsiýeti boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Dünýäniň demirgazyk ýurtlaryndaky uly suwlarda düwlenleriň uzynlygy 6,5 metre, agramy 2,5 tonna çenli ýetýänleri hem bar. Äpetligi üçin, olary deňiz pilleri diýip hem atlandyrýarlar. Uly suwlardaky düwlenleriň käbiri öz awynyň gözleginde bolup, 600 metr çuňluga çenli çümüp, birnäçe wagt suwuň astynda hereket edip bilýär. Gury ýerde oňaýly hereket edip bilmeseler-de, iň çalt ýüzýän jandar hasaplanýan düwlenleriň öň tarapky ýüzgüçleri suwda diňe ugruny üýtgetmek üçin hyzmat edip, olar esasy yzky ýüzgüjiniň kömegi bilen hereket edýär. Düwlenleriň käbir görnüşleri sagatda 25 kilometr tizlik bilen ýüzmäge ukyplydyr. Emma kenara çykan wagty gury ýerde uzak ýol aşmak olara mahsus däldir. Yzky ýüzgüçlerine daýanyp bilmeýändigi üçin, olar gury ýerde diňe öňki ýüzgüçleriniň kömegi bilen hem-de göwrelerini iki tarapa oklamak arkaly hereket edýär. Suwda ýaşaýan beýleki süýdemdirijilerden tapawutlylykda olar kenara çykyp, öz wagtynyň belli bir bölegini gury ýerde geçirýärler. Hazar düwlenleri barada aýdanymyzda, olar dünýä suwlarynda duş gelýän ençeme görnüşli düwlenleriň arasynda özüniň kiçilig

Tebigat — biziň öýümiz

Bereket çeşmesi Ata-babalarymyz ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini, suw serişdelerini aýawly saklamagyň ajaýyp nusgasyny görkezipdirler. Halkymyzyň arasynda bu barada birnäçe yrym-ynançlar bar. Pederlerimiz topragy söýgüläp, gorap, oňa togap edipdirler.

Reňbe-reň gül açan ýaşyl ýaýlalar

Topraksyz we köksüz ösýän täsin ösümlik

Topraksyz we köksüz adaty howada ösýän – aerofiti ösümlikler ýapraklary arkaly howadan iýmitlenýärler. Munuň üçin olara topragam, kökem, hatda Gün şöhlesem zerur däl. Oňa diňe çyglylyk gerek. Sebäbi bu ösümlikler tropiki tokaýlarda duş gelýär. Şeýle-de bolsa, barybir goşmaça iýmit çeşmesi bolmazdan, olar ýaşaýşyny uzak dowam edip bilmeýärler. Munuň üçin başga bir ösümlik aerofitileriň «höwürtgesi» hökmünde çykyş edýär. Bu ösümligiň onlarça görnüşi bolup, olaryň bir görnüşi «Tillandsiýa» diýlip atlandyrylýar. Ol Argentina, Çili, Meksika ýaly ýurtlaryň tropik we subtropik tokaýlyklarynda özünde hemişe çyglylygy saklaýan mohlaryň arasynda, dub we kiparis agaçlarynyň şahalarynda köpçülikleýin ösýär. Bu ösümlik dyrmaşyp ösmäge örän ukyply bolansoň, kähalatlarda elektrik sütünlerinde hem 3 – 4 metr uzynlykda hallan atyp, aslyşyp ösýärler. Bu gülüň ösmeginde onuň murtjagazlaryna uly paý düşýär. Şonuň üçin olar köplenç «Murtly Tillandsiýa» ýa-da «Perişdäniň saçy» diýlip atlandyrylýar. Bu ösümlik sapajygyndan üzülenden soňam, birnäçe aýa çenli suwsuz, topraksyz, iýmitsiz ýaşap bilýär.

Baglar — berekediň çeşmesi

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mähriban Diýarymyzda dünýä ýurtlary hem-de halkara guramalar bilen howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygy boýunça toplumlaýyn hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Bu babatda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamakda deňhukukly, durnukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin möhüm işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bagçylyk medeniýetini kämilleşdirmek, ekologiýa taýdan arassa tebigy gurşawy kemala getirmek, ekologiýa diplomatiýasy boýunça uzak möhletlere niýetlenilen, taryhy başlangyçlary dünýä halklary tarapyndan gyzgyn goldaw tapýar. Adamzadyň ilkinji hem-de ygtybarly hemdemi bolup gelýän baglaryň görnüşlerini, agaç nahallarynyň ekilişini artdyrmakda, ekologiýa we daşky gurşawy goramak bilen bagly milli derejedäki toplumlaýyn strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmekde gazanylýan üstünlikler dünýä jemgyýetçiliginde oňyn seslenme tapýar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 15-nji awgustda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +40 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +31... +36 gradus maýyl bolar.

Hazarda dostluk dabaralanýar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwletimiz ösüşlerden-ösüşlere beslenýär. Berkarar Watanymyzyň halkara abraýynyň artmagyna itergi berýän şeýle ösüşler daşary döwletleriň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alyp, umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär. Dünýä jemgyýetçiliginde hoşniýetli hyzmatdaşlygyň giň gerim alýan döwründe Hazar sebiti Türkmenistanyň daşary syýasy gatnaşyklarynda möhüm orun eýeleýär. Şundan ugur alyp, Türkmenistan ähli Hazarýaka döwletleriň we halkara guramalaryň hereketleri utgaşdyrmak ugrundaky tagallalaryny birleşdirmäge çagyrýar. Ýurdumyz döwlet syýasatynyň esasy guraly bolan parahatçylyk ýörelgesine eýerip, Hazarýaka döwletleriň arasynda dostluk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk giňişligini döretmek maksadyndan ugur alýar.

«...Ýaldyrakda Gün sowar»

Türkmenleriň milli senenamasy boýunça awgust aýynyň 12-sinden Ýaldyrak döwri başlanýar. Uly Köpek ýyldyzlar toparynyň has ýagty ýyldyzy Ýaldyragyň dogmagy bilen bu döwür şeýle atlandyrylýar. Ol sentýabr aýynyň 22-sine çenli dowam edýär. «Üçýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda Gün sowar» diýen pähimli sözi öz nesillerine miras goýan ata-babalarymyz Üçýyldyz döwründäki jöwzaly günlerden ýadap, Ýaldyragyň çaltrak dogmagyny isläpdirler. Daňdanlar asmanda Ýaldyrak görnerem welin, salkynjak ýel öwsüp başlar. Daş-töweregiňdäki ekin-dikinlere, ösümliklere syn etseň, bulduraşyp duran çyg damjalaryna gözüň düşer. Ýene-de 2-3 günden göz aýlasaň, jöwzanyň bürüşdiren ýapraklary ýazylyp, eýýäm täzeje öser çykaryp, gök öwsüp başlandyr. Ir oýanýan guşlar bolsa eýýäm şol çyg damjalaryndan ganyp, birgeňsi owaz edýändirler. Ine, şeýdip gün-günden tebigaty özüniň salkyn we çygly howasy bilen bezäp başlaýan Ýaldyrak döwri 40 gün dowam edýär we öz ornuny 22-nji sentýabrda Mizana berýär. Ýaldyrak döwründe howa birden salkynlaşyp gidibermeýär. Onuň entäkler yssy günleri bardyr. Ýöne welin, onuň yssy günleriniň aňyrsy görnüp dur, Üçýyldyz döwründäki ýaly uzak dowam etmeýär. Aýratyn-da, çigrekli gijeler güýzüň uzakda däldigini ýatladý

Sähra pişigi

Pişikler maşgalasyna degişli, ýabany tokaý pişiginiň kiçi görnüşi bolan tebigatyň täsin jandarlarynyň biri-de sähra pişigidir. Ol deňiz derejesinden 3000 metre çenli ýokarda ýerleşen Afrikanyň daglyk, Merkezi Aziýanyň, Demirgazyk Hindistanyň, şeýle hem Zakawkaziýäniň sähralyk ýerlerinde duşýar. Ýaşaýan ýerleriniň köp böleginde sany azalan görnüşleriň biri hasaplanýan bu pişik açyk, ösümlik örtügi bolmadyk we gar örtügi galyň ýerlerde ýaşamakdan gaça durýar. Onuň daşky keşbi we aýak yzlary öý pişiginiňkä meňzeşdir. Beden uzynlygy 49 — 74 santimetr, agramy 6 kilograma çenli bolup bilýär. Guýrugynyň uzynlygy 24 — 36 santimetr töweregidir. Pişigiň bedenindäki tüýleriň reňki açyk sary we goňrumtyl-sary, boýnunyň aşagy agymtyl ýa-da çal reňkli bolýar. Gulagy kiçijik, gözi ýaşylymtyl-sary reňklidir. Tüý örtügi örän dykyz, kellesinde, boýnunda we garnynda garamtyl tegmiller bolany üçin ol käbir çeşmelerde «tegmilli pişik» ady bilen bellidir. Beýleki ýyrtyjy jandarlar ýaly, sähra pişigi-de, köplenç, iňrik garalyp ugranda awa çykýar. Ol özünden uly ýyrtyjylardan goranmak üçin başga haýwanlaryň hinini gaçybatalga edinip ulanýar. Ol agaçlara dyrmaşyp, höwürtgelerdäki guşlary we olaryň ýumurtgalaryny awlaýar. Gözüniň aýratyn gurluşy oňa alag

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 10-njy awgustda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: açyk howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +27° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 10 — 30%.