Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Milli terbiýäniň gözbaşy

Bu­la­ry bil­mek gy­zyk­ly

Süý­jü­li mons­te­ra Süý­jü­li mons­te­ra­sy lia­na ösüm­lik­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lup, ol mek­gejöwene meň­zeş ha­syl ge­tir­ýär. Bu ösüm­li­giň wa­ta­ny Mek­si­ka bo­lup, Kos­ta-Ri­ka­da, Awst­ra­li­ýa­da hem-de Hin­dis­tan­da giň­den ýaý­ran­dyr. Mons­te­ra­nyň bo­ýy 9 met­re ba­ra­bar bo­lup, onuň mi­we­si­niň ulu­ly­gy 20-30 san­ti­met­re ýet­ýär. Edil mek­gä­niň da­şyn­da ga­byk bol­şy ýa­ly, mons­te­ra­nyň mi­we­si­niň hem ti­ke­nek­li ga­by­gy bo­lup, mi­we biş­me­dik ha­la­tyn­da ol zy­ýan­ly­dyr.

Çaga eziz, edebi ondan hem eziz

Halkymyzda çagalary maşgala gymmatlyklary hem-de milli ýörelgeler esasynda terbiýelemek ene-atalaryň, jemgyýetiň esasy wezipesi bolup durýar. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz  «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýen pähimi döredipdirler. Ýaş nesillerimizi terbiýelemegiň bahasyna ýetip bolmajak kadalaryny we maşgala gymmatlyklaryny döreden halkymyz bu meselä örän çynlakaý çemeleşipdir. Halallyga, ynsanperwerlige gol berýän dana pederlerimiz öz perzentlerine doglan gününden başlap gowy endikleri ündäp başlapdyrlar. Çaganyň gowy hereketlerini goldap, berekellasyny ýetirmek, ýaramaz endikleriniň netijesini düşündirip, dogry ýola gönükdirmek halkymyzyň terbiýe mekdebiniň esasy maksatlarynyň biridir.

Mugallym ykbally ynsan

— Ussat mugallymlar öz okuwçylarynyň ykbalynda ýaşaýar. Okuwçylygam çagalykdan başlanýar. Çaga özünden ula öýkünegen bolýar. Bu öýkünjeňlik tebigatyň ynsan nesliniň dowam bolmagyny üpjün edýän gudraty mysalydyr. Çaga seniň hereketiňi gaýtalar. Yzyňa düşer. Sowal berer. Tutuş durky-düýrmegi bilen öwrenjekdendir. Çaga edil ak kagyz ýaly bir zat. Onuň ýüzünde gowy ýazgylary galdyrmak ilki ene-atanyň, soňra mugallymyň borjy. Mugallymyň hyzmaty has-da zerur, sözüň doly manysynda ol çaga üçin görelde mekdebi bolmaly — diýip, Omar mugallym gürrüň berýär. Ýarym asyrdan gowrak biregne mugallym bolup işlän, mugallym bolup ýaşan Omar Orazmuhammedowyň ýanynda ençe ýyldan soň özümi ýene okuwçy ýaly duýdum. Bir göwnüme, türkmen gojasynyň maslahatyny diňleýän ýaly bolsam, bir göwnüme mugallymlaryň ählisi meňzeş bolsa gerek diýýän. Häzir Omar mugallym ýigrimi ýyl mundan öň maňa «A» harpyny öwreden mugallymyň agynjak özüdi.

Maşgala — mukaddes ojak

Görelde öýden başlanýar

Ýurdumyzda milli medeni mirasymyzy, urp-adatlarymyzy gorap saklamak we ýaş nesillere öwretmek hem-de olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Halkymyzyň geçmişini bilýän, döwletimiziň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, buýsanýan, jemgyýete, maşgala, dogan-garyndaşa, dost-ýara wepaly, ylymly-bilimli, berkarar Watanymyzy beýgeltmäge ukyply hakyky watansöýüji nesilleri ýetişdirmek biziň baş maksadymyzdyr» diýip belleýär. Şundan hem görnüşi ýaly, häzirki döwürde ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, olaryň bilim derejesini, dünýägaraýşyny ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň biridir. Edep-ekram şahsyýetiň zynatydyr. Edeplilik arassa ahlakly, ýagşy terbiýeli, utanç-haýaly we gowy gylyk-häsiýetli bolmak diýmekdir. Maşgalada, adamlar bilen gatnaşyklarda, iýmek-içmek, geýinmek, dynç almak ýaly, ynsanyň tutuş durmuşynda ahlak esaslaryna tabyn bolmak edeplilikdir.

Peder pendi — perzent borjy

Şeýle at bilen Gökdepe etrabynyň jemagat hojalygy müdirliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýörite meýilnama esasynda geçirilen duşuşygy etrabyň hukuk goraýjy edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Oňa agzalan müdirligiň işçi-hünärmenleri gatnaşdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilat arasynda geçirilýän her bir maslahata duşuşykda ýurdumyzyň bedew batly ösüşleridir özgertmeleri, durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, şeýle-de häzirki eşretli döwrümiziň gadyr-gymmaty dogrusynda gürrüň edilýär, olaryň taryhy ähmiýeti düşündirilýär. Nobatdaky duşuşykda ýokarda agzalanlar bilen bir hatarda, perzent — ata-ene gatnaşyklary, maşgala mukaddesligi, milli ruhy-ahlak ýörelgelerimiz, gymmatly däplerimiz barada täsirli söhbet açyldy.

Salam tomus, hezil döwrüm, şatlandyrýaň çaga göwnün!

Her ýylyň tomus pasly mekdep okuwçylary üçin iň gyzykly we iň hezil döwür bolup, bu döwürde çagalar wagtlaryny şatlyk-şagalaňly geçirýärler. Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, welaýatymyzda hereket edýän «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» we «Gunça» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hem-de orta mekdeplerde döredilýän çagalar dynç alyş meýdançalary körpeleri gujak açyp garşy alýar. Golaýda welaýat häkimliginiň hem-de welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň howlusynda aýdym-sazly dabara boldy. Dabarada şadyýan çagalaryň şowhunly çykyşlary oňa gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi. Bu ýerden mekdep okuwçylarynyň ýüzlerçesi «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine tomus hezillikleriniň hözirini görmäge ugradyldy. Dürli reňkli şarlardyr toý baglary bilen bezelen awtobuslara münen çagalar dostluk aýdymyny aýdyp, ady agzalan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine tarap ýola düşdüler.

Maşgalanyň abatlygy — döwrüň rowaçlygy

Döwletimiziň binýadynyň berkligini onuň bir ülüşi bolup durýan maşgalalaryň bagtyýarlygy bilen ölçerýän hormatly Prezidentimiziň «Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» diýen dürdäne sözlerini şygar edinip, golaýda Görogly etrap medeniýet merkezinde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň guramagynda geçirilen maslahata bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän işjeň zenanlar gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibinde döwlet durmuşyny ösdürmekde zenanlaryň orny, maşgala gymmatlygyny gorap saklamak, ýaş nesilleri döwrüň ruhuna laýyk terbiýelemek, hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň durmuş mekdebini açyp görkezýän gymmatly taraplaryny wagyz etmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, etrap zenanlar guramasynyň başlygy Bahargül Garaýewa çykyş edip, jemgyýetimiziň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ahlak we demokratik gymmatlyklaryna aýawly garalýan häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň zenanlarynyň halk hojalygynyň dürli ugurlarynda zähmet çekmek bilen, gazanylýan üstünliklere öz goşantlaryny goşýandyklary, maşgala ojaklarynyň abat, abadan bolmagyny üpjün edip, Watanymyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesli döwrebap ter

Terbiýe bermegiň ähmiýetli ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, geljegimiz bolan çagalarda döwrebap bilimi, giň dünýägaraýşy, sagdyn pikirlenmegi kemala getirmek üçin hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Aýratyn hem ýaş nesillerimiziň sagdyn ruhda, kämil ýetişmegi üçin bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işini pugtalandyrmak boýunça uly çäreler durmuşa geçirilýär. Psihologiýa bilimleri terbiýede aýgytlaýjy orny eýeleýär. Şoňa baglylykda mugallym her bir okuwçynyň psihologiýasyny öwrenip, terbiýe beriş işinde ondan doly peýdalanýar. Mugallymyň psihologik, pedagogik tejribesi okuwçylaryň diňe bir sapakda däl, eýsem, olaryň dynç alşyny guramakda, wagtlaryny peýdaly geçirmeklerinde hem möhümdir. Ýaş aýratynlyklaryna baglylykda mekdep ýaşly çagalaryň ösüşinde indiwidual psihofiziologik hadysalar bolup geçýär. Çaga sosial gurşaw hem uly täsir edýär. Sosial gurşawyň oňyn häsiýetde bolmagyny gazanmak mugallymyň we ata-enäniň paýyna düşýär. Kähalatda, ulularyň üns bermeýän ýönekeýje ýagdaýlary çagalar üçin kynçylyk döredýär. Bu ýerde mugallymyň psihologik tejribesi kynçylyklary çaganyň psihikasyna zyýan ýeti

Maşgala ojagy mukaddesdir

«Öý», «mesgen», «mekan», «ýurt» diýen düşünjeler manydaş ulanylýar. Bularyň esasynda-da, bu gadymy mekana biz «ene topragym» diýýäris. Ol pelsepäniň manysyny ýüpek çöşlän ýaly kelepleseň, halkymyzyň agzybirlik ýoluna alnyňy dirärsiň. Ildeşlerimiziň her biriniň göwnüne ýakyn bu ýol, elbetde, adam ykbalynyň ilkinji sallançagy bolan maşgaladan başlanýar. Öý-ojagyň bezegi, ýylysy, mähri enedir. Ol mukaddes ojagyň oduny söndürmän saklaýan mähriban adam. Daş-töweregindäkilere ýüreginiň ýylysyny bolluk bilen paýlaýar, eçildigiçe-de şol mähriň bollugy artýar. Şol jadylaýjy mähriň nuruna ýagtylanan, ýylysyna çoýulan ömrüň manysy başgaça, hümmeti uly bolýar. Şeýle maşgalada önüp-ösen adamyň adamkärçiligi artykmaç, ýüzi ýagty, ýüregi tämizdir. Olary köpçülik arzylaýar. Olara hemme ýerde, hemişe garaşylýar. Toýda-beýlekide saý-sebäp bilen baryp bilmedik ýagdaýynda-da, olaryň ýeri gädilip durandyr. Olaryň bar ýerine sylaşyk, ylalaşyk aralaşýar. Şeýle adamlar öz maşgalasynda-da paýhasly, baran ýerine-de agzybirlik getirýändir. Il içinde ýüze sylynyp, «tüweleme» diýdirýän maşgalaly bolmagyň ilkinji şerti hem, düýp özeni hem hut şol agzybirlikdir.

Gyzgyn mähre gurşalýan çagalar

“Bal süýji — baldanam bala süýji” diýlişi ýaly, eziz çagalar her bir ene-atanyň göz-guwanjydyr. Ene gujagynda yssy mähirden ganýan bagtyýar çagany göreniňde göwnüň ganatlanyp, şatlyk duýgulary gaplap alýar. Bagtyýar ojaklary gülki sesleri bilen bezeýän perzentlerimiz bizi özleriniň näzijek mährine maýyl edýär. Ýolöten etrabynyň Goýunjy geňeşliginde ýaşaýan Çary Meredowlaryň bagtyýar maşgalasyny hem çagalaryň şatlykly gülküleri gurşap alýar. Çary aga bilen Maýa gelnejäniň 6 çagasy bolup, olaryň üçüsi 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda dünýä indi. Üçem çagalaryň atlaryna Mähri, Wepa, Sapa diýip at dakylyp, üçemler şu ýylyň 1-nji maýynda 1 ýaşlaryny doldurdy. Güler ýüzli mähriban ene özüniň mähir-söýgüsini berip, beýleki çagalary bilen birlikde üçemleri hem döwrebap terbiýeleýär.

Käbäm, jan ejem

Hak nurundan eneleriň jemaly,Ömrüň uzak bolsun, käbäm, jan ejem!Gussaňy aýyrsyn şatlyk şemaly,Ömrüň uzak bolsun, käbäm, jan ejem! Elmydama meniň ýüregmi duýýaň,Öwüt-ündewlerňi kalbyma guýýaň,Hemişe gaýtalap-gaýtalap diýýän:«Ömrüň uzak bolsun, käbäm, jan ejem!»

Bagtdan paýly eneler

Golaýda ýurdumyzda giňden baýram edilen Aşgabat şäheriniň gününiň hem-de onuň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň giňden bellenilýän gününde paýtagtymyzda doglan ilkinji çagalaryň ata-enelerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy, mähirli gutlaglar beýan edildi. Paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezde şol gün ilkinji dünýä inen körpejeleriň ikisi hem maşgalalaryň ilkinji çagalarydyr. Selbi we Islam Orazmyradowlaryň maşgalasynda doglan oglanjyga Aşgabat, Aýna we Ýazmuhammet Atajykowlaryň maşgalasynda dünýä inen gyzjagaza bolsa Merjen diýip at goýuldy. Oglanjygyň agramy 3 kilogram 985 gram, gyzjagazyň agramy bolsa 3 kilogram 720 gram. Bäbejikleriň ikisiniň hem boýy 53 santimetr. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 25-nji maýynda ilkinji dünýä inen çagajyga Paýtagt ýa-da Aşgabat, gyzjagaza bolsa Merjen ýa-da Maýa adyny dakmak baradaky teklibini ähli halkymyz uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Şol sanda bu ýaş maşgalalar hem belent ýörelgeden ruhlanyp, oglanjyga Aşgabat, gyzjagaza Merjen adyny dakmak kararyna geldiler. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda çagalaryň abadan hem-de bagtly durmuşda kemala gelmegi, berk bedenli, sagdyn ruhly, kämil düşünjeli adamlar bolup ýetişmekle

Maşgala gymmatlygy wagyz edildi

Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Köneürgenç şäher bölüminiň guramagynda «Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» atly şygar astynda maslahat geçirildi. Wagyz-nesihat häsiýetli bu maslahaty TZB-niň Köneürgenç şäher bölüminiň başlygy Meňli Şamedowa açdy we bagtyýarlyk döwrümizde maşgala berkararlygyny üpjün etmek, gymmatlygyny pugtalandyrmak, maşgala gatnaşyklarynyň kämil derejesini kemala getirmek babatda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler, hormatly Prezidentimiziň bu baradaky irginsiz hem yzygider aladalary dogrusynda täsirli gürrüň etdi. Mährem ene Dursun Seýidowa, Köneürgenç şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgäri, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Nurgözel Pälwanowa, şäherdäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň mugallymy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Ogulgerek Nurjanowa dagynyň çykyşlary hem baý many-mazmunly boldy. Çykyşlarda ene mukaddesligi, maşgalanyň söýegi, ojaklaryň ýylysy, agzybirligiň söýesi, oba-kentlerimiziň ýaraşygy bolan maşgaladaky terbiýäniň jemgyýetde tutýan orny, bu barada hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda beýan edilen çuňňur pikir-garaýyşlar dogrusynda nygtalyp geçildi. Yns

Täze doglan çagalara paýtagtymyzyň şanly baýramynyň hormatyna Aşgabat hem Merjen atlary dakyldy

AŞGABAT, 25-nji maý (TDH). Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň güni hem-de onuň döredilmeginiň 140 ýyllygy bellenilýän günde paýtagtymyzda doglan ilkinji çagalaryň ene-atalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy hem-de mähirli gutlaglar, bagtly durmuş, berk jan saglyk we abadançylyk baradaky arzuwlar beýan edildi. Körpejeler Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezde dünýä indiler.

Maşgala türkmen jemgyýetiniň binýadydyr

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr.

Ýoluňdan başlanan ýodalam ýagty

Eneler — mähir ojagy. Aslynda, ynsan balasynyň ýüregini şol ojaga baglaýan hem enäniň yssy mähri bolsa gerek. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň her bir setiri ene mähribanlygy barada söz açyp, ýurdumyzda enelere goýulýan sylag-sarpanyň beýikliginiň güwäsi bolup ýaňlanýar. Bu ajaýyp kitapdaky: «Eneleriň kalby asman ýaly päkize, ýürekleri bolsa Gün ýaly şuglaly. Enelerde ýüregi ýyladýan mähir bar.

Ýanýoldaş

Nobatdaky iş gününiň argynlygyny aýyrmak üçin ejem ikimiz agşamlyk naharyndan soň, mazaly demini alan gök çaýy öňümize alyp, ondan-mundan gümür-ýamyr etmegi endik edinipdik. Çaýyň ýany bilen ejemiň öz enesinden eşiden durmuş hekaýatlary, gören-eşidenleri baradaky gürrüňleri gulagyňa hoş ýakýardy. Ejem olaryň hekaýatyny mähirli sesi bilen howlukman aýdyp berýärdi. Onsoň sypaýyçylykly äheň bilen gulagyňa giren gürrüňleriň özenine örklenen öwütler ömrylla ýatdan çykanok. Bu gezegem şeýle boldy. Mazaly demini alan gök çaýyň ýanyna gaba guýup süýji aldym-da, saçagyň başyndaky öňki ornuma geçip oturdym. Ejem öňünde goýan süýjülerimde birsalym manyly nazar egledi. Onuň bu syrly synlamasy enesiniň öz ömründe şaýat bolan ýene bir durmuş hekaýatyny ýadyna salan eken. Ejemiň durmuş hakynda gyzykly gürrüňleri jemläp, hakyda «sandygynda» apalap saklan bu hekaýatyny «ýanýoldaş» diýip atlandyrmak isledim...

Döwletli törüň ýaraşygy