Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Eşretli ýaşaýşyň höziri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ynsan saglygyny goramak we onuň immun ulgamyny berkitmek bolup durýar. Şu mynasybetli ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek babatda giň gerimli işler amala aşyrylyp, ilatyň sagdyn we uzak ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Ýiti respirator keseli — möwsümleýin ýüze çykýan kesellere degişli bolup, gysga wagtyň dowamynda ýaýraýandygy bilen tapawutlanýar. Ol ýokarky dem alyş ýollarynyň nemli bardalaryny zeperlendirýär. Wiruslar ýapyk otaglarda birnäçe sagadyň dowamynda öz işjeňlik ukybyny saklap bilýändir. Olaryň adam bedenine ýokarky dem alyş ýollarynyň nemli bardalary arkaly aralaşýandygy sebäpli, keseliň kliniki ýüze çykmalary we alamatlar toplumy hem bu agzalaryň zeperlenmegine mahsus häsiýetlere eýe bolýar.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesi işjeň ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen sport maksatly desgalaryň sany ýylsaýyn artýar, ýokary derejeli sport düzümleri kemala gelýär. Şol ajaýyp desgalarda sportuň ähli görnüşleri bilen birlikde welosiped sportunyň ösmegine gönükdirilen sport bäsleşikleri, türgenleşikler hem yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, welosiped sürmek ynsan saglygyna oňyn täsir edýän sportuň netijeli görnüşi bolup durýar. Ol adam bedeniniň kämilleşmegine we kesellere garşy durmagyna ýardam berýär.

Lukmanyň maslahaty

Pisse Pisse örän peýdaly iýmit önümleriniň biridir. Türkmenistanda pissäniň 2 görnüşi, adaty we Bathyz pisse gabat gelýär. Pisse tokaýlygy Bathyz döwlet goraghanasynda birnäçe müň gektarlara ýaýylyp ýatyr. Pissäniň 100 gramynda 560 kilokaloriýa bolýar, şeýle hem 68%ýag, 20% töweregi belok, 15-27% uglewod we suwuň 4,4 gramy bar. Onuň düzüminde E, C, A, witaminler toplumy, nikotin kislotasy bardyr. Minerallardan kaliý, magniý, kalsiý, fosfor, demir, ýod, mis, kükürt, selen, sink, kremniý, marganes bar. Hytaýlylar pissä «bagt hozy” diýip at beripdirler.

Derde derman ary baly

Ary baly dürli keselleriň öňüni almakda, bedeni kuwwatlandyrmakda gymmatly tebigy önüm hökmünde irki döwürlerden bäri halk tebipçiliginde we häzirki zaman lukmançylygynda giňden ulanylýar. Balyň düzüminde peýdaly antioksidantlaryň, C, B witaminler toparynyň we mineral maddalaryň köp mukdary saklanylýar. Onuň mikroblara, kesel dörediji bakteriýalara garşy göreşmekde işjeňligi hem ýokarydyr. Çopantelpek, ýandak gülünden alnan ary baly dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda peýdalydyr. Gaýnan suwa, çaýa garylan ary baly gyzgynlygyna nahardan öň içilende, iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kadalaşdyrýar, bedendäki alyş-çalyş hadysasyny güýçlendirýär. Sowuk suwa garylyp içilende, aşgazan şiresiniň bölünip çykarylyşyny ýokarlandyrýar. Limon bilen bal goşulan çaý dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda, möwsümleýin sökelliklerde has-da haýyrlydyr. Ol fiziki, akyl we ruhy ýadawlygy aýyrýar, bedeni rahatlandyrýar we işjeňligi ýokarlandyrýar.

Bagtyýar durmuşyň möhüm şerti

Durmuşymyzyň bagtyýar bolmagynyň düýp manysy sagdynlykda jemlenýär. Bu barada ençeme pähimleri döreden pederlerimiz sagdynlyk ýörelgelerine asyrlar boýy ygrarly bolup gelipdirler. Halkymyz pederlerimizden miras bolup gelýän sagdynlygy, ruhubelentligi bu günki gün özüniň mizemez durmuş ýörelgesine öwürdi. Bu hakykat ýurdumyzda raýatlaryň bagtyýar hem-de sagdyn durmuşy bilen baglylykda alnyp barylýan işlerde aýdyň görünýär. Ajaýyp zamanada ruhubelent, sagdyn ýaşlaryň jemgyýetiň ösüşine saldamly goşant goşmagy bilen, her bir ulgamda özgerişler peýda bolýar, öňegidişlikler gazanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýaş nesliň okamagy, dynç almagy, saglygyny berkitmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda kanunçylyk-hukuk binýady milli tejribeler esasynda berkidilýär.

Saglyk — baş baýlyk

♦Möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmeli. ♦Elleri elmydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Saglygy goraýyşda hyzmatdaşlygy ilerledip

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda esasy hyzmatdaşlarynyň biri-de Germaniýa Federatiw Respublikasydyr. Bu gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýe bolup, däp bolan hyzmatdaşlygyň netijesinde köpugurly öňegidişlikler gazanylýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de GFR-iň Mýunhen şäherindäki Ýewropa çagalar ýürek merkeziniň arasynda doga ýürek kemisliklerini bejermek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň baglaşylmagy degişli ugurda özara bähbitli işleri amala aşyrmaga uly itergi berer. Doga ýürek kemisliklerini bejermek boýunça hyzmatdaşlykda täze gözýetimleri açjak Ylalaşyga gol çekilmegi Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn tejribe alyşmak ýörelgesiniň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge, dünýä lukmançylyk tejribesinde gazanylan üstünlikleri milli lukmançylyga ornaşdyrmaga, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglygy goraýyş edaralary bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilendir.

Sepgit sökelliklerinden ägä boluň!

Gyş öz ornuny ýaz paslyna berýär. Bu möwsüm sepgidinde saglygymyz barada aýratyn alada etmeli. Çünki gyşdan soň bedenimiz gowşaýar, bu döwürde bedeniň taplanmagy zerur. Baharyň gelmegi bilen, Gün şöhlesi ýitileşýär, gündiziň dowamlylygy uzaýar, howa barha maýlaýar. Tebigatyň janlanmagy netijesinde saglyk bilen bagly aladalar hem peýda bolýar. Adamyň bedeni ýylyň her möwsümi üçin aýratyn çemeleşmäni talap edýän çylşyrymly ulgam bolup, sepgitler elmydama durnukly geçmeýär. Eger-de saglyk aşa nerw dartgynlylygy — stresler, zyýanly endikler, keseller bilen gowşan bolsa, sepgitleriň geçişi hem dartgynly bolýar. Gyşyň ýaza geçiş döwri aýratyn çylşyrymly hasaplanýar.

Sport, fiziki işjeňlik we saglyk

Sport we bedenterbiýe medeniýetiň düzüm bölegi bolup, sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryny, adamyň beden taýdan ösüşini kemala getirýär. Adamyň saglygyny goramak maksady bilen, dürli sport çäreleri geçirilýär. Esasan hem sport çäreleri ýaşlaryň sagdyn ösmegini, berk bedenli bolmaklaryny üpjün edýär. Adam saglygyny berkitmekde we keselleriň öňüni almakda bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýeti uludyr. Hereketiň özi çagalaryň ösmegine täsir edýär. Bu ýagdaý ululara garanyňda, olaryň diňe bir fiziki taýdan däl-de, eýsem, akyl taýdan ösüşine-de täsir edýär. Sport bolsa saglygy berkidiji güýçdür. Orta we gartaşan ýaşly adamlarda hereket işjeňliginiň peselmegi aterosklerozyň emele gelmegine, gan damarlaryň tonusynyň hem-de bedende gan aýlanyşynyň bozulmagyna getirýär.

Baş baýlygymyz

* Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň. * Açyk arassa howada gezelenç ediň.

Buýan köküniň şypalylygy

Güneşli ülkämiziň keramatly topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň biri hem buýandyr. Buýany gadym wagtlardan bäri ata-babalarymyz halk lukmançylygynda keselleri bejermekde we keselleriň öňüni almakda giňden ulanypdyr. Dermanlyk üçin buýanyň köki we ýerasty baldagy ulanylýar. Türkmenistanyň çäginde bolsa buýanyň dört görnüşi duş gelýär. Diýarymyzda bitýän buýan beýleki ýurtlardakydan özüniň himiki düzümi, täsirliligi, şypalyk häsiýetleriniň ýokary derejede bolmagy bilen has tapawutlanýar. Şonuň üçinem daşary ýurtly bilermenler güneşli Diýarymyzda bitýän buýana uly gyzyklanma bildirýär. Buýanyň köküniň düzümindäki glisirizin turşusy 23 göterime barabar bolup, beýleki ýurtlarda bitýän buýan kökündäki mukdaryndan 6 göterim artykdyr. Onuň süýjüligi şekerden 40 esse ýokarydyr. Şonuň üçinem buýanyň köki diňe bir bejergi üçin däl, eýsem, konditer önümçiliginde hem giňden ulanylýar.

Saglygy goraýşyň ygtybarly binýady

Şöhratly taryhymyzdan orun alan 2023-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlarda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem giň gerimli işler amala aşyrylyp, möhüm ähmiýetli maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirildi. Bular barada Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hem aýratyn durlup geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän özgertmeleri bilen baglylykda, saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda nusgalyk işler alnyp barylýar. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, geçen ýylyň dowamynda köp sanly dürli maksatly desgalar bilen birlikde, paýtagtymyzda üç sany täze merkeziň — 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, şeýle hem «Arçman» şypahanasynyň täze bejeriş merkeziniň gurluşygyna badalga berildi.

«Akylly» şäheriň saglyk sahawaty

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde, ýurdumyzda iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary hem-de saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bejeriş edaralary yzygiderli gurulýar, ýokary derejeli hünärmenleriň täze nesli ýetişdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen hepdäniň şenbe gününde Arkadag şäherine amala aşyran iş sapary bu ýerde täze saglygy goraýyş klasterini döretmek boýunça işleri has-da ýaýbaňlandyrmakda hem örän uly ähmiýete eýe boldy.

Döwrebap tejribeleri özleşdirip

Geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda Onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde «Ýokanç däl keselleriň öňüni almakda we bejermekde ýetilen sepgitler» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýe, Belarus hem-de Azerbaýjan Respublikalaryndan tejribeli lukmanlar, ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleri, şeýle-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary gatnaşdylar. Mowzuklaýyn häsiýetde dowam eden giň wekilçilikli maslahatda daşary ýurtly alymlar howply täze döremeleri anyklamakda, olara garşy göreşmekde, näsaglara bejergi işlerini geçirmekde gazanylan üstünlikler barada gürrüň etdiler. Howply täze döremeleriň bejergileri, olarda häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýasynyň ähmiýeti, barlaghana şertlerinde ylmy gözlegleri alyp barmagyň netijeli usullary, hirurgik amallaryň ünsde saklanylmagynyň hökmany taraplary we bu ugurdaky işleri baglanyşdyrmakda yglan edilýän biraýlyklaryň orny baradaky çykyşlar hem täsirliligi bilen tapawutlandy. Ýurdumyzyň onkologlarynyň hem bu babatda ýeten sepgitleri myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Hususan-da, çykyşlaryň käbirinde Gahryman Arkadagymyzyň «Tü

Itburun

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda ösümlikleriň ynsan saglygyna peýdasy hakynda ylmy maglumatlary beýan edýär. Tebigatyň ajaýyp peşgeşleriniň biri hem itburundyr. Itburun Köpetdagyň jülgelerinde, çeşmeleriniň boýlarynda köp duş gelýän gyrymsy ösümlikdir. Bu pürli ösümlik bägüller maşgalasyna degişlidir. Süýrümtik, üljä çalymdaş, gyzyl ýa-da gyrmyzy, sarymtyl gyzyl reňkli miweleri bolýar.

Sagdyn durmuşyň aýrylmaz bölegi

Dogry iýmitlenmek — beden üçin fiziologik zerurlyk bolup, işjeň, doly bahaly ýaşaýşyň girewidir we sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Alymlaryň bellemegine görä, sagdyn bolmagyň iki sany ýönekeýje talaby bar. Olar — fiziki taýdan işjeň hereketde bolmak we dogry iýmitlenmek. Şu talaplary berjaý etmek bilen, adamlar dürli keselleriň, hatda howply täze döremeleriň öňüni alyp bilýärler. Näsag adamlar bu düzgünleri berjaý etseler, saglygyny täzeden dikeltmäge mümkinçilik alýarlar. Hereketsiz, oturymly ýaşaýyş düzgüni we nädogry iýmitlenmek bedeniň energiýa deňagramlylygynyň bozulmagyna alyp barýar. Onda adamlaryň kaloriýa ulanyşy köp bolup, sarp edişi az bolýar. Energiýa deňagramlylygynyň bozulmagy bedeniň artyk agram almagyna, ýagny aşa semizlige eltýär. Gan basyşynyň ýokarlanmagyna, süňkleriň osteoporozyna, ýürek-damar, kelle-beýni keselleriniň, süýjüli diabetiň we howply täze döremeleriň käbir görnüşleriniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Limonyň peýdasy

Alym Arkadagymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda: «Biziň ata-babalarymyz ösümlikleriň organiki dünýä bilen organiki däl dünýäniň arasynda sazlaşygy ýerine ýetirýändigini duýupdyrlar we kesgitlemegi başarypdyrlar» diýip, halkymyzyň «tebigy dermanhana» hasaplan ösümlikleri  ulanmagyň tärlerini uzak ýyllaryň dowamynda netijeli kämilleşdirendikleri barada nygtaýar. Kitaplaryň her bir jildinde tebigatymyzyň dermanlyk ösümliklerini ulanmagyň baý tejribeleri barada täsirli maslahatlar berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-ensiklopedik eserinde limonyň bejerijilik häsiýetleri, onuň adam saglygyny goramakdaky ähmiýeti dogrusynda hem täsirli söhbet edilýär.

Sagdyn bolaýyn diýseň...

Gyş paslynda möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy gigiýenanyň kadalaryny we arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý ediň! Gyşyň aýazly howasynda başgaplary, rahat, ýyly aýakgaplary geýiň!

Saglykda halkara ykrarnamalar

Türkmenistanda keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejede ykrar edildi. Bu ugurda gazanylan üstünliklere Türkmenistana gowşurylan şu güwänamalar, sylaglar we beýleki resminamalar aýdyň şaýatlyk edýär: -2000-nji ýylda ýokanç deri (drakunkulýoz) keseliniň ýok edilendigi baradaky halkara güwänamasy;

«Saglygyň gadryny bilgil...»

— Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmegi ýatdan çykarmaň! — Pasyl çalşygynda özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli.