GARAGÖZÜŇ WEPADARLYGY
Güýz aýynyň gelmegi bilen howa üýtgäpdi, duýdansyz ýagyş ýagyp, göz açyp ýumasy salymda obany suw-sil etdi. Şol günüň öň ýany bolsa uly halynyň erşi ýüwürdilipdi. Bägül haly dokaşmaga gelen daýzasynyň gyzy Almagüle uly jaý bilen berkidilen bassyrmanyň aşagyna ilerki kömekçi jaýdaky täze uly keçäni ýazmagy tabşyrdy. Şol wagt garaşylmadyk waka boldy. Bägül agaç sekiden aşak düşüp, ýaňy bir ädim ädenem şoldy welin, ýarym metr çemesi dik galyp, hyşşyldap duran uzyn kepjebaşy görüp, «Waý, ýylan bar!» diýip, çirkin gygyryp goýberdi. Edil daşky işigiň golaýynda öňki iki aýagyna ýassanyp ýatan Garagöz bu duýdansyz çykan sese ýerinden çalasyn galyp, uly gara ýylana tarap üýrüp, ýylan bilen çynlakaý garpyşyp başlady. Iki taraplaýyn söweş aldym-berdimlidi. Ýylanyň janhowluna agzyny giňden açyp, Garagöze tarap topulyşy aýylgançdy. Garagözem çemini tapyp, ýylanyň boýnuna agyz urmaga synanyşýardy. Bu ahwalaty görüp duran Bägül: «Eje, aý eje!» diýip, gygyrsa-da, içki jaýda aýakly maşynda köýnek tikip oturan ejesi bilen uly gyz dogany onuň sesini eşitmediler. Bägül duldegşir goňşulary Gurban daýysynyň öýüne tarap ylgady. Bägülüň, «Daýy, aý, Gurban daýy!» diýip, gygyrýan howsalaly sesine Gurban daýysy dessine daşary çykdy. Ýegeniniň öýlerine