"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Goňşy döwlete dostana goldaw

Halkymyz goňşuçylyk gatnaşyklaryna, şeýle gatnaşyklary ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ilkinji derejeli ähmiýet berýär. Bu jedelsiz hakykata gulluk edýän eždatlarymyz ajaýyp nakyllaryň we atalar sözleriniň köpsanlysyny döredipdirler. «Goňşy goňşudan görk alar», «Goňşynyň haky — Taňrynyň haky», «Goňşy — goňşynyň bazary», «Goňşy ýykylsa, söýget ber»... Ata-babalarymyz diňe bir duldegşir goňşulary bilen däl, eýsem, ýakyndaky we alysdaky ülkeler bilen hem dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýup, parahatçylykda, asudalykda ýaşaşmagyň nusgalyk ýörelgesini döredipdirler. Şeýle röwşen ýol-ýörelge hormatly Prezidentimiz tarapyndan häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar we barha çuňlaşdyrylýar. Bu babatda goňşy Owganystan döwletine berilýän goldaw-hemaýat hem-de ýola goýlan gatnaşyklar aýratyn orunda durýar. Türkmenistan Owganystana köptaraplaýyn goldaw bermek arkaly bu ýurtda ýagdaýy kadalaşdyrmak ugrunda uly tagallalary edýär. Soňky ýyllarda elektroenergetika ugry boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňelýär. Türkmenistandan indi köp ýyldan bäri goňşy ýurda elektrik energiýasy ýeňillikli şertlerde üznüksiz ugradylýar. Bu möhüm işe welaýatymyzyň elektroenergetika pudagynyň kärhanalarynyň işgärle

Türkmen karbamidine isleg artýar

Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary, baý gorlara daýanýan uglewodorod serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, olary gaýtadan işlemekden alynýan önümler, şol sanda gymmatly mineral dökünler bilen birlikde, nebit we gazhimiýa pudagynyň önümleri diňe bir içerki zerurlyklara däl, eýsem, dünýä halklarynyň bähbitlerine, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilýär. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherçesinde 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanyşa girizilen karbamid zawody hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýaponiýaly hem-de türkiýeli hyzmatdaşlar tarapyndan bina edilen kärhananyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha belentliklere göterilip, rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsine öwrüldi. Geçen ýyly uly üstünlikler bilen jemlän karbamid kärhanasynda şu günler işler ýokary sazlaşykda alnyp barylýar. Geçen ýyl bu ýerde karbamid öndürmek baradaky meýilnama üstünlikli amal edildi. Taýýarlanylan önümiň ähli möçberiniň diýen ýaly daşarky bazarlara çykarylandygy has-da buýsançly görkezijidir. Işleriň depgini häzirki zaman kärhanasynyň ýakyn wagtda öz taslama kuwwatlylygyna çykaryljakdygyny aňladýar.

Energetika — ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýedigi, elektrik energiýasynyň bolsa dünýäde iň girdejili pudaklaryň biri bolup durýandygy hemmämize mälimdir. Ýurdumyzda bu geljegi uly ugra gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi yzygiderli artdyrylýar we energetika pudagynyň ösüş tapgyrlary täze başlangyçlara itergi bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Bu möhüm resminamalary durmuşa geçirmek, bu ugurda giň möçberli özgertmeleriň netijesinde peýda bolýan täze-täze ýaşaýyş jaýlaryny, senagat kärhanalaryny, halk hojalygynyň sarp edijilerini elektrik hem-de ýylylyk energiýasy bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmek, artykmaç elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek, şeýle-de degişli hünärmenleri taýýarlamak Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň paýyna düşýän esasy wezipeleriň biridir. Bu wezipeleriň çözülmegine ministrligiň düzümine girýän «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, «Türkmenenergotaslama» institutynyň, «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň goşýan goşandy uludyr. Baý tebigy serişdelere eýe bolan hem-de «Açyk gapylar» syýasatyny

Gülläp ösüşiň mekany

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Berkarar döwletimiz gülläp ösüşiň, bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekanyna, ynsan arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyz ägirt uly tebigy baýlyklara eýe bolmak bilen, energiýa serişdelerini öndüriji ýurt we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde bütin dünýäde uly abraýdan peýdalanýar. Gahryman Arkadagymyz tebigy baýlyklarymyzy diňe bir halkymyzyň däl, eýsem bütin adamzadyň abadan durmuşynyň, röwşen geljeginiň bähbidine gönükdirýär. Ykdysadyýetiň netijeli ösüşi innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen berk baglydyr. Ylym, tehnika we tehnologiýalar önümiň hilini we bäsdeşlige ukyply bolmagyny, zähmet öndürijiligini, önümçiligiň umumy netijeliligini ýokarlandyrmaga, zähmet şertlerini gowulandyrmaga ýardam edýär. Bu ugurda, ilkinji nobatda, nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek, pudagyň önümçilik we serişde kuwwatyny berkitmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ylmy-barlag işlerini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça köp işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde ýurdumyzda nebiti we gazy düýpli işläp taýýarlamaga ýöriteleşdirilen täze önümçilikler döredilýär. Türk

Durmuş ugurly maliýe syýasaty

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler halkyň röwşen geljegini, abadan durmuşyny üpjün edýär. Täze, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň täze ösüşleriň ýyly boljakdygyna ynam eziz halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda uly ykdysady üstünlikleriň gazanylýandygyny aýratyn bellemelidiris. Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna ulgamlaýyn we tapgyrlaýyn geçmek işi daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, içerki bazary ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli, daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen bäsleşmäge ukyply harytlar bilen doldurmak babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek bilen utgaşdyrylýar. Türkmen harytlarynyň içerki we daşarky bazarlarda bäsleşigini pugtalandyrmaga gönükdirilen önümçilikleriň giň ulgamyny kemala getirmek işi tebigy hem-de mineral-çig mal serişdelerini toplumlaýyn ulanmagyň hasabyna Türkmenistanyň eksport kuwwatyny ep-esli ýokarlandyrmaga hem-de mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam eder. Şu babatda kiçi we orta işewürligi, telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak boýunça yzygiderli hem-de işjeň durmuşa geçirilýän syýasat oňy

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşleri

Maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýetiň görnüşini ösdürmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenmegi onuň ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşi üçin wajyplygyny görkezýär. “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, ugurlary, amala aşyrmagyň tapgyrlary kesgitlenildi.

Aýdyň maksatly beýik işler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly uly ruhubelentlik hem-de zähmet joşguny bilen garşylandy. Ýylyň adynyň çuňňur many-mazmuna eýe bolmagy onuň syýasy jähetden ähmiýetini artdyrýar. Bu bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama gabat gelýändigini aýdyň görkezýär. Ýylyň mynasyp atlandyrylmagy öňde duran belent maksatlara ýetmäge uly mümkinçilik berýär. Ykdysady taýdan gülläp ösýän ýurdumyzda belent maksatlar amal edilip, senagatlaşdyrmak işi ýokary depgine eýe bolýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpgöter gowulandyrmak baradaky tagallalar birjik-de ünsden düşmeýär. Ykdysady-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurulýar. Ýylyň ýyldan zyýada gelşi ýaly, bu döwletli ýylda hem döwletli tutumlarymyz uly üstünliklere beslener. Hormatly Prezidentimiz halkymyza iberen Täze ýyl gutlagynda bu barada şeýle belleýär: “Biz dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, yhlasly zähmetimiz bilen 2020-nji ýylda hem ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegini gazandyk,

Nagt däl hasaplaşyklar giňeldilýär

«Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda» bank ulgamynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, nagt däl hasaplaşyklary has-da ösdürmekde «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar. Bankymyz tarapyndan müşderilere «Internet-bank», «Mobil-bank» hyzmatlary elýeterli edildi. Bu bank hyzmatlarynyň üsti bilen müşderilere kompýuter ýa-da öýjükli telefonlar arkaly nagt däl tölegleriň birnäçesini — bank karzlarynyň bergilerini we oňa hasaplanylan göterimlerini, aragatnaşyk hyzmatlarynyň, jemagat hyzmatlarynyň töleglerini amala aşyrmaklyga, şeýle-de bank hasaplaryna gelip gowuşýan we bank hasaplaryndan tölenýän tölegleri, hasaplaryndaky galyndylary onlaýn görnüşinde görmäge mümkinçilik döredilýär. Häzirki wagtda bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak, şol sanda ilatyň erkin pul serişdelerini netijeli ulanmaklary we girdejilerini has-da artdyrmaklary üçin ýurdumyzyň ähli karz edaralarynda, şol sanda «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynda hem «Goýum» bank karty we «Maşgala» bank karty atly hyzmatlar girizildi. Goýumçylaryň sanyny has-da artdyrmak, nagt däl hasaplaşyklary ösdürmäge giň şertleri döretmek maksady bilen, bankymyz tarapyndan «Goýum»

Ykdysady kuwwat — geljege binýat

Bilşimiz ýaly, ylmyň ösmegi, onuň iň täze gazananlarynyň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy sanly ulgamyň sanardan köp mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin şert döredýär. Häzirki wagtda sanly ulgam ýaşaýşymyza şeýle bir ornaşdy welin, durmuşymyzy ol bolmazdan göz öňüne getirmek hem mümkin däl. Internet arkaly dürli harytlary oturan ýerimizde sargap getirtmek ýa-da dürli söwda işlerini alyp barmak, gündelik neşirler bilen tanyş bolmak, kitaphanadan islän kitabymyzy alyp okamak, ulag menzillerine gitmezden petek almak... bularyň ählisi wagtymyzy tygşytlamak bilen birlikde maddy ýagdaýymyza-da oňaýly täsirini ýetirýär. Her bir adamyň durmuşynda sanardan köp ýeňillikleri döredýän sanly ulgamyň ykdysadyýetimize ornaşdyrylmagy döwletimiziň ösüşini ýokarlandyrmakda, şonuň bilen baglylykda hem halkyň durmuşynda ençeme ýeňillikleriň döremeginde möhüm ähmiýete eýedir. 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başlanmagy bilen hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrundaky alnyp barylýan işler has-da rowaçlanýar. Şeýle ähmiýetli işleriň hatarynda «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» görkezmek bolar. Üç tapgyrda amala aş

Gurýan döwlet gurpludyr

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly başlandy. Ýylyň şygaryndan, şeýle hem ilkinji günlerden meseleleriň çözgüdine berk ynam bilen çemeleşilip başlanyşyndan hem görnüşi ýaly, ýurdumyzda öňki ösüşlere itergi berjek giň gerimli işler ýene-de täze güýç bilen ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiz täze — 2021-nji ýylda ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz halkara ähmiýetli taslamalaryň, şol sanda goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmegini üpjün etmäge gönükdirilen, şonuň bilen birlikde-de bu ýurda Türkmenistandan ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň iberilişiniň möçberini köpeltmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy, bu boýunça möhüm tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylýan halkara taslamalarynyň möhümdigini we geljeginiň uludygyny aýratyn nygtady. Olaryň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasyna degişli ugurlarda ulanylmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalar, şol sanda welaýatymyzda «Malaý» gaz ýatagyndaky gaz gysyjy desga, Akina — Andhoý demirýol şahasy, Ymamnazar — Akina halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Kerki elektrik bekedinden türkmen-owgan serhedine ç

Azyk önümleriniň bolçulygy

Ýurdumyzy 2019 ― 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagyny işjeňleşdirmek barada aýratyn bellenilýär. Önümçiligiň ähli serişdelerini tygşytly we netijeli ulanmagyň ýollaryny gözlemek işi umumy ykdysady zerurlyk bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzda alnyp barylýan innowasion syýasat oba hojalygynyň ykdysadyýetini has ýokary depgin bilen ösdürmek, azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak ýaly wajyp meseleleriň düýpli çözgüdidir. Ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegi Diýarymyzyň ykdysady depgininiň gün-günden ýokarlanmagyna, diwersifikasiýa ýoly arkaly pudaklaryň işiniň sazlaşykly kämilleşmegine getirýär. Soňky ýyllarda Diýarymyzyň ähli ýerinde özümizde öndürilýän gök-bakja, miwe önümleri bilen doldurylan ak bazarlaryň, söwda merkezleriniň döwrebap hyzmatlarynyň netijesinde halkymyzyň azyk önümlerine bolan islegi doly kanagatlandyrylýar. Güneşli Diýarymyzda hyzmat ediş, oba hojalyk, azyk önümlerini öndürmek ulgamlarynda hususy telekeçilik-de sazlaşykly ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde döwlet goldaw

Ykdysady özgertmeleriň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Diýarymyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, bazar gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine, senagat pudagyny has-da ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga we peýdalanmaga, olaryň esasynda dolandyryşyň döwrebap ulgamlaryny emele getirmäge, elektron senagatyny ösdürmäge, şeýle hem innowasion önümçilikleri döretmäge uly ähmiýet berilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu maksatlar 2030-njy ýyla çenli Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlary tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna hem doly gabat gelýär. Ýurdumyzda sanly innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy we şonuň esasynda hojalyk gatnaşyklarynyň has kämil görnüşine geçilmegi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar. Konsepsiýada sanly maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy ugurlary, olary durmuşa geçirm

Milli bank ulgamynyň ösüşleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini çalt depginler bilen ösdürmäge, bu ulgama dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda ýurdumyzyň bank ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda giňden bellenilip geçilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuny ýurdumyzyň ähli ulgamlary uly ösüşler we zähmet üstünlikleri bilen garşyladylar. Şeýle zähmet üstünlikleri ýurdumyzyň bank-maliýe ulgamlaryna hem degişlidir. Ykdysadyýetimiziň serişde mümkinçiligini pugtalandyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň bank ulgamy öz tagallalaryny hususy bölegiň önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmaga, zerur bolan tehniki serişdeleri, abzallary we esbaplary satyn almak arkaly oba hojalyk önümlerini öndürijileriň isleglerini üpjün etmäge, fiziki we ýuridik şahslaryň sarp ediş harajatlaryny kanagatlandyrmaga, eksporta gönükdirilen harytlaryň möçberlerini artdyrmaga we import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri karzlaşdyrmaga gönükdirýär. Şeýle hem şahsy taraplara dürli görnüşli karz serişdelerini bermek, bank amallarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak, görnü

Sanly ykdysadyýet — ýokary netijelilik

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň» we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň tassyklanmagy türkmen ylmyny hil taýdan täze derejä çykarmaga badalga boldy. Munuň özi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary üçin sabyrsyzlyk bilen garaşylan wakadyr. Bu resminamalaryň durmuşa geçirilmegi milli ylym ulgamyny mundan beýläk-de dünýä derejesinde ösdürmekde, ylmy jemgyýetiň bähbitlerine gönükdirmekde, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda täze sepgitleri gazanmaga mümkinçilik berer. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek maksady bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Onuň 1-nji tapgyry 2019-njy ýylda, 2-nji tapgyry 2020 — 2023-nji ýyllarda we 3-nji tapgyry 2024 — 2025-nji ýyllarda amala aşyrylar.

Belent maksatly aýdyň wezipeler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen we gönüden-göni parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşi üpjün edilýär. Şu maksat bilen ykdysadyýetimiziň her bir pudagynda oňyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy, öňde goýulýan wezipeleriň netijeli çözülmegi gazanylýar. Şonuň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň has-da ösmegi üpjün edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ösmegi bolsa, öz nobatynda, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyny şertlendirýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrýar. Biz muňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halk bähbitli we umumadamzat ähmiýetli beýik işlerinde hem aýdyň göz ýetirýäris. Muny halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda ýerine ýetirilýän işlerde aýdyň görmek bolýar. Bularyň hemmesi Prezident Maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görkezýär.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlary

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmegini çaltlandyrmagyň möhümdigini belleýär. Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, döwlet ösdügiçe, onuň durmuşynda maglumat tehnologiýalary möhüm orun eýeleýär hem-de sanly ulgamy ählumumy okatmak we bu ugurdaky bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bu ulgamy ösdürmek we täzeçil maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin zerur işler alnyp barylýar, maglumat-tehnologiýa ugry babatda ýokary hünärli işgärler taýýarlanylýar. Mundan başga-da, sanly ulgam boýunça işgärleriň sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin ýörite maksatnama taýýarlandy.

Ykdysady strategiýa: durnukly ösüşi üpjün etmegiň ýolunda

Geçilen menzillere ser salmak, ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleri kesgitlemek oňat däpleriň biri bolup, ol döwletlilikden nyşandyr. 2020-nji ýylyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimiziň dürli düzümleriniň, ýagny ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat, ulag-kommunikasiýa, obasenagat we söwda toplumlarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatlarynda geçen döwürde gazanylan netijelere baha bermegi we ösüşiň geljekki ugurlaryny kesgitlemegi dünýäde we ýurdumyzda dowam edýän durmuş-ykdysady ýagdaýlary nazara alyp, döwrüň çagyryşlaryna öz wagtynda seslenmäge mümkinçilik berýän netijeli usullaryň biridir. Tejribeden görnüşi ýaly, ykdysadyýet çylşyrymly ulgamlaryň biri bolup, onuň dürli düzümleriniň arasynda sazlaşygyň üpjün edilen ýagdaýynda ýokary netijeleri gazanyp bolýar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan oňyn netijeler munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr. Hususan-da, 2020-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijileriň biri bolan jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ortaça 5 göterimden ýokary derejede üpjün edilmegi we adatdan daşary ýagdaýlara garamazdan, bu ösüş

Islegli sowgatlyk önümler

Sanly ulgamyň gazananlary

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň maksatnamalaýyn wezipeleri çözmek üçin sanly ulgama geçirilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň durnukly esaslaryny kemala getirmek, ilkinji nobatda, bu ulgamda hukuk kadalaşdyrylyşyny üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy. Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmäge, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge, maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Milli ykdysadyýetiň daýanjy

Häzirki wagtda ýurdumyzda hojalygy alyp barmagyň bazar ulgamynyň emele gelmegi ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda telekeçilik işjeňliginiň ýokarlanmagyny şertlendirdi. Bazar gatnaşyklaryny emele getirmäge gönükdirilen çäreleriň toplumynda, önümçiligiň we dolandyrmagyň pudak hem-de sebit düzümini kämilleşdirmekde, zähmet gorlaryny netijeli peýdalanmakda, harytlara we hyzmatlara bolan islegleri has doly kanagatlandyrmakda kiçi, orta kärhanalaryň ulgamyny ösdürmek uly ähmiýete eýedir. Bazar gatnaşyklaryna geçmekde telekeçiligiň ähmiýeti ykdysadyýetde bäsdeşlikli bazary emele getirmek we ösdürmek, ylmy-tehniki ösüşe üns berýän hem-de täze iş orunlaryny döredýän ýöriteleşdirilen pudagara önümçilikleri hem-de innowasion kärhanalaryň ulgamyny döretmek bilen baglanyşyklydyr. Innowasion ösüşli döwürde ykdysadyýetiň telekeçilik işinden üzňe hereket etmegi mümkin däl. Telekeçilik işi bolsa hereket edýän kanunçylyk esasynda özbaşdak, üznüksiz peýda almaga gönükdirilen, emlägi ulanmak, harydy satmak, iş we hyzmat etmek bilen baglanyşykly kanunda rugsat berilýän hem-de kanunda görkezilen tertipde bellige alnan işdir.