"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Derejeli toýlar tutdy diýarym

«7/24.tm»: №40 (227) 30.09.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan sun­gat us­sat­la­ry­nyň dabaraly kon­ser­ti bol­dy.

Mu­kad­des baý­ram

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Müň do­kuz ýüz tog­san bi­riň güý­zi türk­men hal­ky üçin ýat­dan çyk­ma­jak se­ne bo­lup, kalp­la­ra mö­hür­len­di. Edil şo­nuň ýa­ly, Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň yzy­sü­re ýazylan birnäçe şygyrlar hem se­tir­ler uly-ki­çi­le­riň aňyn­da ýa­şa­ýar. Mu­nuň se­bä­bi şyg­ryň il­kin­ji­li­gin­den öňür­ti kalp­la­ryň bir­li­gin­den göz­baş al­ýar. Se­bä­bi şol se­ne­de şa­hyr bi­len bir ha­tar­da tu­tuş türk­men hal­ky be­gen­di, buý­san­dy.

Ga­raş­syz­lyk — hal­ky­my­zyň ar­şa ga­lan yk­ba­ly

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len, şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­zy, mil­li me­de­ni mi­ra­sy­my­zy, ede­bi­ýa­ty­my­zy, halk dö­re­di­ji­li­gi­mi­zi öw­ren­mek, ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­ri wa­tan­sö­ýü­ji­lik, adam­kär­çi­lik, il-gü­nü­ňe söý­gi ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek ba­bat­da buý­san­dy­ry­jy iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Buýsandyryjy ösüşlerimiz

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de äh­li pu­dak­lar bi­len bir ha­tar­da sport ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge, onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­mä­ge uly üns be­ril­ýär. Eziz Di­ýa­ry­myz­da döw­re­bap sport mek­dep­le­ri, sta­di­on­lar, sport mer­kez­le­ri yzy­gi­der­li gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Iri hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler türk­men spor­tu­nyň ýe­ten be­lent de­re­je­sin­den ha­bar ber­ýär.

Ga­raş­syz­lyk — be­ýik iş­leriň des­sa­ny

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da giň ge­rim­de bel­le­nilen şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li et­ra­by­myz­da «Ga­raş­syz­lyk — be­ýik iş­leň des­sa­ny, dün­ýä mä­lim ed­ýär Türk­me­nis­ta­ny» ady bi­len dür­li me­de­ni köp­çü­lik­le­ýin da­ba­ra­la­ry­ we bäs­le­şik­le­r ge­çi­ril­di.

Şan­ly to­ýuň şat­ly­gy

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly tä­ze-tä­ze ta­ry­hy wa­ka­la­ry bi­len şöh­rat­lan­ýar. Türk­men bu­ gün öz yk­ba­ly­nyň, öz bag­ty­nyň eýe­si. Ber­ka­rar döw­let — hal­ky­my­zyň baş mu­kad­des­li­gi. Mil­le­tiň we­zi­pe­si bu mu­kad­des­li­gi go­ra­mak­dan, ber­kit­mek­den, öňe alyp git­mek­den yba­rat­dyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 27-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanda baş baýram — Garaşsyzlyk güni uludan toýlandy. Bu baýram halkymyzyň belent ruhunyň, agzybirliginiň, jebisliginiň we ägirt uly döredijilik kuwwatynyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly gadamlarynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Her bir şanly senäni ajaýyp zähmet ýeňişleri, dabaralary bolsa ýokary ruhubelentlik bilen garşylamak asylly däbe öwrüldi. Ine, şu günki baýramçylyk çäreleri-de Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Bu çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Garaşsyzlyk — biziň gazanýan ähli üstünliklerimiziň we ýeňişlerimiziň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy Aşgabat, 27-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy giňden bellenilýär. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döretmek, öňegidişlik we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň taryhynda ykbal çözüji sene bolup durýar.

Şanly toýdan datly sowgat

Düýn mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan, şeýle-de Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldip, bejergi alýan çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan dürli datly miwelerden, süýjüliklerden, beýleki naz-nygmatlardan ybarat bolan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Olar baýramçylyk joşgunyny has-da artdyran datly sowgatlary uly şatlyk, tüýs ýürekden çykýan hoşallyk duýgulary bilen kabul etdiler.

Täze taryhymyzy şöhratlandyran waka

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri – taryha altyn harplarda ýazylýan şöhratly wakalara beslenen zamana. 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy. Gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizilen umumymilli forumda Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, ýurdumyzyň geçen şöhratly ýoluny, döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW «Adam­za­dyň be­ýik gel­je­gi pa­ra­hat­çy­ly­gyň üp­jün edilme­gi bi­len bag­ly bol­ýar. Hä­zir­ki döw­rüň ösen tä­ze baş­lan­gyç­la­ry di­ňe adam­za­dyň howp­suz, asu­da ýa­şaý­şy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len mak­sat­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge hyz­mat et­me­li­dir».

Garaşsyzlyk — guwanjymyz

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýalkymy döwrümize nur çaýyp, her birimiziň ömrümizi bezeýär. Çünki bu gün türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty berkarar döwletimiziň her bir raýatynyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Adam hakyndaky aladanyň ähli zatdan ileri tutulmagy bu hakykatyň aýdyň beýanydyr. Halkyň bagtyýar durmuşy, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, okamagy, öwrenmegi, zähmet çekmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikleriň sagdyn durmuş ýörelgesi bilen utgaşmasy bolsa Watanymyzda ynsan saglygyny goramaga uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. Çünki saglyk ähli üstünlikleriňdir ýeňişleriň gözbaşydyr. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň halkara derejesindäki ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri bolsa sportdaky okgunly ösüşleriň görkezijisidir. Bu ugurda soňky ýyllarda ýetilen sepgitleriň ähmiýeti babatda asyrlara barabardygy her birimizi buýsandyrýan hakykatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesi şeýle ajaýyp netijeleriň gözbaşydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry) Eziz watandaşlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry) Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr, Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!Külli ynsan hakyna belent maksat tutany — Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

«Arkalaşan dag aşar»

Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alnyp, 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şanly senäniň — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forum halk bilen häkimiýetiň özara jebisligini, bitewüligini ýene bir ýola aýdyňlygy bilen görkezdi. Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Bu taryhy mejlise ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, mähriban eneler, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden jemgyýetçilik wekilleri, talyp ýaşlar we beýleki çagyrylan adamlar gatnaşdylar.

Halal zähmetiň rehneti

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli 25-nji sentýabrda paýtagtymyzda ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermäge uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny we hormatly atlaryň dakylandygy baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Permanlaryna laýyklykda, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda hem-de baýlaşdyrmakda köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy üçin ýurdumyzyň raýatlarynyň bir topary hormatly atlara, orden-medallara mynasyp boldular. Şeýle-de edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş aýdymçylaryň we zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça bu dabaralara Mejlisiň wekilleri, Hökümet agzalary gatnaşdylar.

Garaşsyzlyk — merdana halkymyzyň milli buýsanjy

Şöhratly ata-babalarymyzyň ençeme asyrlaryň dowamyndaky arzuwy bolan Garaşsyzlyk bu gün merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, 26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde milli baýram — Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň dabaraly konserti bolup, Garaşsyzlygyň beren miwelerini, halkymyzyň bitewüligini, belent ruhy ýeňişlerini, döredijilikli taryhy işlerini dabaralandyrmak aýdym-sazly çykyşlaryň baş şygaryna öwrüldi.

Sagdynlygyň gözbaşy

Her paslyň öz aýratynlygy bolýar. Güýzde howa salkynlap, ynsan bedeninde hem üýtgeşmeler bolup geçýär. Bu döwürde dowamly keselleriň käbirleriniň, ýagny ýürek-damar ulgamlaryndaky hem-de allergiýa keselleriniň, dem alyş ýollarynyň dowamly keselçilikleriniň gaýtalanmagy mümkindir. Şol esasdan, şeýle ýagdaýlarda allergiýa keseliniň güýjemezligi üçin, ilkinji nobatda, onuň döremegine sebäp bolýan iýmitleri iýmekden saklanmalydyr. Her gün irden ýeňiljek beden maşklaryny ýerine ýetirmek ýürek-damar keselleriniň gaýtalanmazlygyna ýardam edip biler. Iýmitiň düzüminde kaliý, kalsiý saklaýan guradylan miweleriň, ýagny erik kişdesiniň, kişmişiň bolmagyny üpjün etmeli. Dem alyş maşklaryny ýerine ýetirmek, ýagny çuň dem almak bilen, dem alyş ýollarynyň dowamly keselçilikleriniň öňüni almakda öňegidişlik gazanyp bilersiňiz. Munuň özi bedeni kislorod bilen ýeterlik üpjün etmäge kömek berýär. Nerw ulgamyny taplaýan, ýürege hem-de damarlara gowy täsir edýän, arterial basyşy kadalaşdyrýan we maddanyň çalyşmagyna ýardam berýän suw bilen bejeriş usulynyň hem bedeni berkitmekde uly ähmiýeti bardyr. Günüň dowamynda 1,5-2 litre çenli suwuklyk içmek sagdyn ýaşamagyň şertleriniň biridir. Şol suwuklyk çaýdan, çaldan, aýrandan, miwe we gök önümleriň şirelerinden, m

Ýokary ruhubelentlige beslenip

Şu gün güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, Lebap ilinde-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy uludan baýram edildi. Welaýatymyz boýunça esasy baýramçylyk dabaralary Türkmenabat şäherinde ýaýbaňlandyryldy.