"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Ýagşylar ýagşylykda ýatlanar

Türkmenistanyň halk şahyry Durdy Gylyç. Türkmenistanyň hallk şahyry Durdy Gylyç hakynda XX asyrda ýazyjy-şahyrlarymyz köp sanly çeper eserleri döredipdirler, edebiýatçy alymlarymyz şahyryň döredijiligini ylmy nukdaýnazardan içgin öwrenipdirler. Türkmen edebiýatynyň taryhynda Durdy Gylyjyň çeper keşbi dogrusynda söz açylanda, ol barada eserleri döredip, köp sanly ýatlama galdyran Türkmenistanyň halk ýazyjysy Beki Seýtäkowyň keşbi ilkinjileriň hatarynda göz öňüne gelýär. Beki Seýtäkowyň «Şahyr» powestini Durdy Gylyç barada döredilen düýpli eserleriň biri hasaplamak bolar. Powestde şahyryň ýaşlygy, maşgala durmuşy, çeper söze — edebiýata bolan söýgüsi, şol döwrüň syýasy-taryhy ýagdaýlary barada söz açylýar. Ussat ýazyjynyň Durdy Gylyç baradaky eserlerini, ýatlamalaryny okanymyzda, onuň şahyr bilen ýakyn aragatnaşyk saklandygyna göz ýetirýäris.

Tokarja bilen garynja (Erteki)

Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym wagtlarda Gutly atly bir oglanjyk bar eken. Ol deň-duşlarynyň arasynda iň bir tokarjasy, ekabyrragy bolansoň, hemmeler onuň adyny Tokarja diýip tutupdyrlar. Tokarja hemişe kölüň kenarynda, özi ýaly oglanjyklar bilen oýnar ýörer eken. Olar ikibir-üçbir bolşup kölüň ýalpagrak ýerinde suwa-da düşer ekenler. Hasam kölde ýüzüşip ýören ördekdir gazlary ýakyndan synlamak hezil eken. Olar aram-aram suwa çümüp, gurçukdyr ownuk balyjaklary tutýar ekenler. Olara ulurajyk balyklaram gabat gelipdir. Käte olaryň awlajak awuny niredendir bir ýerlerden peýda bolan garaguşlaryň ýüzugra alyp, asmana göterilen gezeklerem bolupdyr.

Hasyl (Iňlis tymsaly)

Mançesterdäki mugallymlary taýýarlaýan bilim ojaklarynyň birinde ir döwürler şeýleräk wakanyň bolandygyny gürrüň berýärler. Berýän bilimine göwni ýetse-de, talyplaryň derejesini has çuňňur aňlamak maksady bilen mugallym olaryň hersine bir gysym däne beripdir-de, olardan hasyl almagy tabşyrypdyr. Aradan esli wagt geçensoň, mugallym işleriň gidişi bilen tanyşmak üçin olaryň öýlerine aýlanmagy ýüregine düwüpdir. Netijeler dürli-dürli bolupdyr. Ekiş möwsümine çenli tohumy gorap saklap bilmändigini aýdyp, ýüzüni sallap duran birinji talybyna seredip, mugallym başyny ýaýkapdyr-da: «Özüňe ynanylan işi bitirýänçäň, dünýäň manysy şonda jemlenen ýaly bolmasaň, hemişe şular ýaly ýagdaýa düşersiň» diýip, indiki talybynyňka tarap ugrapdyr. Ikinji talybyndan: «Men tohumy örän ir ekipdirin. Şonuň üçinem ony sowuk aldy» diýen jogaby eşiden mugallym: «Wagtyny bilmän edilen iş edilmedik işe barabardyr» diýipdir. Üçünji talyp bolsa tohumy juda giç ekendigini aýdypdyr. «Wagt iň gymmatly zatdyr. Ony bir duşuňdan geçireňsoň, eden işiňden göwnejaý netije alyp bilmersiň. Gury boş azap çekeniň galar». Indiki talyp ösüş alsa-da, şitili birnäçe gezek göçürip guradan ekeni. Mugallym oňa: «Bellibir ýere kök urup ýetişmänkä, ondan-oňa bökdürip ýörseň, işiň miw

Türki halklaryň umumy hazynasy

«Gorkut ata», «Kitaby dädem Gorkut» diýlip atlandyrylýan şadessan türkmen halkynyň gadymy ýazuw ýadygärlikleriniň biri hasaplanylýar. ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 2018-nji ýylda Mawrikiý Respublikasynyň Port-Lui şäherinde geçirilen mejlisinde türki dilli döwletleriň umumy tagallalary netijesinde «Gorkut atanyň» ýaýrawy has-da giňedi. Şol mejlisde «Gorkut ata» eposy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Biziň halkymyzda «Gorkut ata» diýlende, diňe bir asyrlardan aşyp gelýän eser däl-de, keramatdan paýly, paýhasly goja göz öňüňe gelýär. Şeýle ýagdaý beýleki türki halklaryň hem käbirinde gabat gelýär. Şonuň üçin-de Gündogaryň alymlary Gorkut atanyň taryhy şahs bolandygy baradaky maglumatlaryň gözleginde bolupdyrlar. Fazlalla Reşideddiniň, Alyşir Nowaýynyň, Salyr baba Gulaly oglunyň, Abulgazy Bahadyr hanyň nesillere miras galdyran kitaplarynda Gorkut ata bilen baglanyşykly maglumatlar getirilýär. Nusaýda ýaşap geçen taryhçy Salyr baba Gulaly oglunyň kitabynyň «Oguz we öwlad we etbag we bari etrak taryhyndan» atly bölüminde Gorkut Garahoja oglunyň örän akylly, dana hem-de keramatly ynsan bolandygy, onuň ýüz togsan bäş ýaşandygy barada maglumatlar getirilýär.

Sazlara siňen altyn güýz

Güýz pasyllaryň iň köpöwüşginlileriniň biri. Güýzi suratlandyranymyzda, ilki bilen, mämişi ýapraklardan altyn mahmal düşelen seýil baglar göz öňüne geler. Şol bir wagtyň özünde-de irginsiz ýagýan ýagyşdan ýaňa töwerek-daşyň hereketi azalýan içgysgynç günlerem ýadyňa düşer. Güýzüň adamlara täsir edişi-de üýtgeşik. Biri üçin ol döredijilik ylhamynyň joş urýan pasly. Ýazyjy-şahyrlaryň, suratkeşleriň arasynda: «Tä güýz tamamlanýança, ylham golaýyma gelenok» diýýänlerem az däldir. Ýöne güýz paslynyň dünýä sungatynda ajaýyp eserleriň ençemesiniň döremegine sebäp bolandygy welin hakykat. Biz hem şeýle saz eserleriniň käbirini ýatlap geçmegi makul bildik. Antonio Wiwaldiniň «Güýz» eseri. Italýan sähralarynda myhman bolan altyn güýzi ussat kompozitor örän şadyýan saz arkaly beýan edipdir. Bu göwün göteriji sazy diňläniňde, italýan ekin meýdanlarynda hasyl ýygnalýan, bereketden göwni galkynan daýhanlaryň şatlanýan pursatlary göz öňünde janlanýar. Wiwaldiniň meşhur «Pasyllar» tapgyrynyň üçünji konsertiniň «Güýz» sonetiniň awtory doly anyk däl. Ýöne köpler ony Wiwaldiniň özüne degişli hasaplaýarlar.

Ussatlaryň edebi gatnaşyklary

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli edebi mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmekde alnyp barylýan işler dünýä ylmynyň ösüşine itergi berýär. Bu ugurda amal edilýän işler Magtymgulyny öwreniş ylmynyň öňünde has-da uly wezipeleri goýýar. Bu işler beýik Pyragynyň edebi däplerine eýerenleriň döredijiligini öwrenmegiň möhümdigini hem kesgitleýär. Ylmy barlaglar Magtymguly Pyragynyň mirasy bilen XVIII asyr türkmen edebiýatynyň taryhynda döredijiliginiň gerimi hem mazmunynyň köpgyraňlylygy babatda tapawutlanan şahyrlar Abdylla Şabendäniň döredijiliginiň özara baglanyşyga eýedigini ýüze çykarýar. Bu hakda alym Gurbandurdy Geldiýew «Abdylla Şabende» diýen işinde ýörite durup geçip, halk rowaýatlaryna salgylanyp, Şabendäniň Magtymguly bilen dostana gatnaşykda bolup, oňa ussady hökmünde garandygyny belläp geçýär.

Osman awçy

(bolan waka) Osman awçy diňe bir özüniň mergenligi üçin däl-de, eýsem, batyrlygy, hüşgärligi, töwekgelligi, ugurtapyjylygy hem-de paýhaslylygy üçin obadaşlary tarapyndan çäksiz sarpalanýardy. Oba adamlarynyň haýyşy bilen, kämahallar ol goşlaryny jemläp, birnäçe günlük daglara giderdi. Iş wagtynda, toýlarda göreş tutulanda ýa-da başga dürli ýagdaýlarda adamlaryň elleriniňdir aýaklarynyň süňkleriniň döwülýän, çat açýan wagtlary bolýardy. Syrkawlara melhem bilen em edýän Durdy tebibe, köplenç, mumyýa gerek bolanda, Osman awça ýüz tutmaly bolýardy. Mumyýa gaýalaryň çür başynda, ýylçyr ýerlerde bolagandy. Elýeterden uzakda, baryp bolmaýan aglaba halatlarda, mumyýany atyp almaly bolýardy.

Akmuhammet Hemidowyň «Küýseg» atly täze neşiri

Golaýda ýazyjynyň döredijiliginiň dürli ýyllaryna degişli hekaýalaryny we nowellalaryny bir ýere jemleýän «Küýseg» atly täze kitaby halk köpçüligine ýetirildi. Kitapda «Ilkinji hekaýa» atly hekaýasynyň ýazylan senesi onuň mekdepde okaýan döwürlerine gabat gelýän bolsa, «Ketjallar» atly nowellasy 2023-nji ýyl bilen senelenýär. Şunlukda okyjylar awtoryň eserlerden eserlere kämilleşendigini, Garaşsyzlyk ýyllarynda Garaşsyzlykdan galkynyp, has-da öndümli işländigini okap, görüp bilerler. Akmuhammet Hemidow indi ençeme ýyllardan bäri söýlüp okalýan ýazyjylaryň hatarynda tanalýar. Onuň dürli döwürlerde metbugat sahypalarynda çap bolan hekaýadyr nowellalary giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni özüne çekmegi başardy. «Gyz ýüregi» (1991), «Saňa garaşýan» (1992), «Gyzyl alma kimiňki» (1992) atly yşky nowellalar ýygyndylary belli bir döwürlerde söýlüp okalýan kitaplaryň hatarynda tanaldy. Ol bolsa ýazyjynyň täze kitabynyň hem okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanjakdygyna güwä geçýär. Bu kitapda ýerleşdirilen eserleriň aglabasy hem söýgi temasyndan, ýaşlaryň durmuşundan, olaryň durmuşda gabat gelýän garşylyklaryndan söhbet açýar. Okyjylary gyzykly durmuş wakalarynyň içinden geçirip, durmuşda öz ýoluňy, öz ornuňy, öz taýyňy tapmak hakdaky pelsep

Bagtyň gadyry

Gürrüň bermeklerine görä, bir adam hemişe gününden närazy bolup ýörmüşin. Şol zerarly hem ol gününiň süýjüsini bilmändir. Bir gün hem ol çöle çykypdyr-da: «Heý, mundan hem ýaşaýyş bolarmy?! Indi näme etsemkäm?!» diýip otyrka, oňa ýagşyzada duşupdyr. Ol: «Be-e, çölde gudrat bar diýleni boldy» diýip begenipdir. Ýagşyzada oňa: — Näme dilegiň bolsa aýt! — diýipdir. Ýaňky adam:

«Tämiz niýet, ýagşy päl — budur dünýäň gudraty»

Pederlerimiz «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýipdirler. Bu paýhas — heňňamlaryň synagyndan geçen paýhas. Özi-de adam ykbaly bilen baglanyşykly aýdylan hikmetli jümle. Men bu paýhasyň taglymyny näme üçin turuwbaşdan heçjikläp ugradym?! Men muny şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Milli Liderimiziň peşgeş beren «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!» diýen goşgusynyň ýagşy niýetli adamlaryň kalbyna melhem, diline sena bolandygyny tekrarlamak üçin şeýle etdim.

«Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy» hakda

Mürze IBRAGIMOW,azerbaýjan ýazyjysy: — Magtymgulynyň döredijiligi tükeniksiz şypa berýän, dünýä manysyny saçýan parasat çeşmesidir. Ol ölmez-ýitmez pikirleriň we asylly, adamkärçilikli duýgularyň genji-hazynasydyr. Men Magtymgulynyň goşgularyny okanymda onuň ýagty ýadygärliginiň öňünde tolgunman durup bilmeýärin.

Arkadagly Serdar bilen ýaňlansyn dostluk aýdymy!

Ençe-ençe ykbal ýatyr taryhyň çuň gatlarynda,Niçe çözgüt, ahwal ýatyr türkmen-özbek hatlarynda,Yklymlara ykrar ýatyr gadym kerwen gatnawynda,Goý, ýaňlansyn türkmen-özbek dostluk-doganlyk aỳdymy,Goý, parlasyn türkmen-özbek dostluk-doganlyk baỳdagy! Gadym ruhy gymmaty bir, oba-kendi bagy-bossan,Taryhy bar, sungaty bar, asyrlarda gazal-dessan, Däbi, dili, ymmaty bir, menzilleri messan-messan,Goý, ýaňlansyn türkmen-özbek dostluk-doganlyk aỳdymy,Goý, parlasyn türkmen-özbek dostluk-doganlyk baỳdagy!

Magtymgulynyň edebi mirasy — görelde mekdebi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşuny üpjün etmäge, ata-babalarymyzdan miras galan medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, öwrenmäge we dünýä ýaýmaga uly ähmiýet berilýär. 2024-nji ýylyň şygarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagynyň aňyrsynda çuňňur many-mazmun ýatyr. Bu ýylda bellenilýän akyldar atamyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, bütin adamzat üçin baýramdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl eleginden geçirip, dürdäne eserleri döretdi. Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçýär.

Pyragynyň eserleriniň ýaşlary terbiýelemekdäki orny

Ylym-bilim ynsany belende göterýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmen milletiniň, döwletiniň ýeten derejeleri, dünýä ýüzüne ýaň salan millilik ýörelgeleri bu gün arşa çykdy. Milli Liderimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär. Toplanan ylym-bilim tejribämiziň esasynda durnukly ösüş üpjün edilýär. Müň gezek aýdandan bir gezek edip görkezmek ýaşlara hakyky nusgalyk işdir. Buýsanç duýgularyna, asylly terbiýä, göreldä esaslanyp ýetilen sepgitler barada hormatly Arkadagymyz öz atalyk kitaplarynda jaýdar belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesillerimize dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Bilim, terbiýe bermekde, hünär öwretmekde ata-babalarymyzyň göreldesine eýermek, geçmişe ser salmak, ýaşlaryň durmuşa bolan höwesini, hyjuwyny artdyrýar. Gowy pikirler, ýagşy sözler kalbyňy päkleýär, ruhy ýaşaýşyňy, arzuw-telwasyňy artdyrýar, ýürekleri joşdurýar, içki dünýägaraýşy gözelleşdirýär

Dosmämmet

Beýan eýlegin Gardaş, bir ot düşdi içi-daşyma, Muny baryp ýara beýan eýlegin!Bir müşgil iş düşdi meniň başyma,Bu müşgil işimi asan eýlegin!

Söz manysy

Mala Dilimiziň baý goruna haýran galaýmaly! Dürli edebi çeşmeleri, edebiýatlary we çeper eserleri okadygyňça, bu hakykata has aýdyň göz ýetirýärsiň. Şeýle pikir ýöretmegimize «mala» sözi bilen gyzyklanmagymyz sebäp boldy.

«Ýagşy niýet — ýarym döwlet»

(Tymsal) Kalby päk kişiler mydama durmuşda kimdir birine goldaw-hemaýat bermek niýeti bilen ýaşaýarlar. Päl-niýetiniň düzüwdigi üçin hem sogap gazanýarlar. Muňa şu tymsal arkaly göz ýetirmek bolýar.

Atalar sözi — akylyň gözi

Jomart aşda belli, batyr — söweşde. Duşmanyňa sabyrly, dostuňa geçirimli bol!

Adamyň ýedi arkasy kimler?

Halkymyzda aýry-aýry sanlar mukaddeslik derejesinde görülýär. Ýedilik san hem şolaryň hataryndadyr. Kimdir biriniň asly, gelip çykyşy seljerilende-de ýedilik sana ýüzlenilýär. Adamyň özünden soňky ýedi arkasy şulardyr: Ogul

Gerkeze gidip barýan

Maýyl edýär toý meni,Özümi şonda görýän.Ýol synasyn, goý, meni,Gerkeze gidip barýan. Göze ilmez boş giden,Ýüküm ýetik goşgudan.Durman ilden daşda men,Gerkeze gidip barýan.