"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Halkymyzyň ýüreginiň aýdymydyr parahatlyk!

Söweş güni — ýow gününde bedew atyny arladan,Dost bolup ene ýer bilen, onki süňňüni derleden,Sazy bilen, sözi bilen ýeňiş tuguny parladan,Halkymyzyň ýüreginiň aýdymydyr parahatlyk,Bagtyýar il-uluslaryň söýdügidir parahatlyk! Geçmişinde Watan üçin goýulan çoh başlar kändir,Goýnuny bahar eýleýän ýaz, tomus, güýz, gyşlar kändir,Parahat gök asmanynda uçup ýören guşlar kändir,Halkymyzyň ýüreginiň aýdymydyr parahatlyk,Bagtyýar il-uluslaryň söýdügidir parahatlyk!

Watanym

Aslyn Oguz handan alyp gaýdýandyr,Bu millet — mertlikde utanym meniň.Parahatlyk hakda aýdym aýdýandyr,Garaşsyz, Bitarap Watanym meniň. Bardyr gyz-gelini elleri çeper,Är ýigitler bardyr bedew at çapan,Görki bilen giň jahana nur saçar,Garaşsyz, Bitarap Watanym meniň.

Adamzat kalbynyň öçmez çyragy

Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp goşgulary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň ruhyýetine kybap gelýär. Çünki nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. Şunuň bilen baglylykda, beýik akyldarymyzyň dünýäde tanalmagynda ilkinji hyzmatlary bitiren alymlar barada söhbet etmek ýakymly bolsa gerek. Magtymguly Pyragynyň dünýä jemgyýetçiliginde tanalmagynda ädilen ilkinji ädim polýak jemgyýetçilik işgäri, gündogarşynas we şahyr Aleksandr Hodzko-Boreýko degişlidir. Ol türkmen halk döredijiligi we nusgawy edebiýaty bilen Ýewropa okyjylaryny tanyşdyran ilkinji alymlaryň biri bolup, 1842-nji ýylda Londonda çap edilen «Specimens of popular Persian poetry» («Persiýanyň meşhur poeziýasyndan nusgalar») atly kitabynda «Görogly» eposyndan bölekleri, Mämmetweli Keminäniň iki goşgusyny, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň üç goşgusyny we ömrüne, döredijiligine degişli maglumatlary ýerleşdiripdir.

Aýdymym sen, Aşgabat! (Oýlanma)

Seni ýene şu gün görýän ýaly synladym. Köçeleriňe dabany degen her adam dünýäniň iň bagtly ynsany bolup göründi gözüme. Goýnuňa her gün şol bagtly ynsanlaryň biri bolasy gelip gelýänleriň sany näçekä? Seni her gün görmegiň şatlygy haýsy ölçeg bilen ölçenýärkä? Mundan birnäçe ýyl ozal diňe gezmäge gelip bolýan ýerdiň meniň üçin. Mekdepde synpdaşlarym maşgalalary bilen ýörite Garaşsyzlyk, Bitaraplyk binasyna gezmäge gidendiklerini süýjüdip-süýjüdip gürrüň bererdiler. Düşen suratlaryny görkezerdiler. Şonda olary edil erteki diňleýän ýaly diňlärdim. Hut öz gözüm bilen göresim gelerdi bu ýerleri. Bir günem: «Asma ýol» açylypdyr» diýdiler. Ýene şähere githä-gitlik başlanypdy. Suratlar, gürrüňler... gelipdi yzly-yzyna. Haýran galmalam, kakama: «Bizem gidäýeli!» diýip ýalbarmalam köpelipdi. Gözümi dört edip garaşypdym işden sypynaryna. Telewizorda her görenimde: «Hanha, asma ýol-da şol!» diýibem tizräk äkitmegi üçin janygypdym...

Dünýäniň täsin kitaphanalary

Eun Ýong Ýi atly koreý binagäri tarapyndan gurlan Germaniýanyň adybir şäherinde ýerleşýän Ştutgart şäher kitaphanasy täsin binagärlik gurluşy bilen haýran galdyrýar. Onuň daş keşbi Rubik kubiklerini ýatlatmak bilen, binanyň ilkinji 4 gaty adaty görnüşde gurlup, ýokarky 5-nji gat aýnadan edilen piramida şeklindedir. ***

Kitap – durmuşyň aýnasy

Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň taryhy paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary öz gursaklarynda saklap, okyjylara dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ikinji kitaby şu sözler bilen başlaýar: “Kitap dünýäni açýar. Aslynda, dünyä kitaba öwrülmek ücin ýaşaýar. Kitaplar asyrlaryň taryhyny, durmuşyny, ruhuny özüne siňdirýändigi bilen şöhratlanýar. Çünki kitap döwrüň waspçysy, paýhas ummany”. Kitaplar geçmiş bilen geljegiň arasyndaky baglanyşygy saklap duran bahasyz miras hasaplanylýar. Her okalan kitap bizi bir basgançak ýokary galdyrýar. Kitap - paýhasly sözden bina edilen köşk. Bu köşgi gyşyň ýeli hem, ýazyň ýagşy hem bozup bilmez. Bu köşge seýran etmek ömre many çaýjak parasatlaryň we pursatlaryň arasynda gezim etmekdir. Kitabyň ähmiýeti, peýdasy gadymyýetden bäri mälim. Çagalykdan aňymyza siňen ertekidir rowaýatlarda, nakyldyr matallarda kitabyň edil çörek ýaly mukaddes  zatdygy öňe sürülýär. Taryhyň dürli döwürlerinde türkmeniň taryhy we medeniýeti barada köpsanly eserler ýazylyp, miras galdyrylypdyr. Elbetde, kitap ýazmaklygyň möhüm bolşy ýaly, kitaby halk köpçüligine ýetirmek hem möhüm bolu

Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragy barada aýdanlaryndan

Magtymguly baý many-mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik akyldardyr. Adamzat paýhasynyň ägirtleriniň hatarynda pähime-paýhasa, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige çäksiz sarpa goýan dana Pyragynyň jöwher şygryýeti külli adamzat üçin gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsidir. ***

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde saglyk sarpasy

Ähli döwürleriň şahyry bolan Magtymguly Pyragynyň paýhasa ýugrulan dürler hazynasy türkmen halky üçin bahasyna ýetip bolmajak çuňňur many-mazmunly mirasdyr. Şahyryň edebi mirasy pelsepewi baýlykdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem dana şahyryň döredijiliginiň halkara derejesinde ebedileşdirilmegi, eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi onuň parasatly pikirleriniň we ynsanperwer garaýyşlarynyň bütin dünýä ýalkym saçýandygyny äşgär edýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» diýip belleýär. Dana şahyryň döredijilik örüsi örän giň, köptaraply we çuňňur many-mazmunlydyr. Dünýä paýhasyna ägirt uly goşandyny goşan Magtymguly Pyragynyň nusgawy döredijiliginde hem ynsan saglygy, sagdyn durmuş ýörelgeleri aýratyn ähmiýete eýedir. Beýik şahyryň şygyrlarynda ynsanyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy saglyk, ýaşaýşyň diregi bolan sagdynlyk, saglygy gorap saklamak, oňa sarpa goýmak ýaly pikirler eriş-argaç bolup geçýär.

Päk arzuwlar hasyl bolýar

Ýurt abadan, saglyk bolsa,Galan ähli zat tapylar.Täze ýylda päk arzuwlar,Hasyl bolar, bagt tapylar. Düzüw tutup niýet-päli,Sözleseň päk ynsan ýaly,Kesbiňden tapsaň kemaly,Janyňa rahat tapylar.

Duýguly dünýä

KÜÝSEG Men şeýle bir küýsäp ene mähriniHem şeýle bir küýsäp ata pähmini, Ýetimsiredim hem ýekesiredim. Dünýäň baýlyklarnyň jemläp ählisin Hem goşup üstüne Zemzem çeşmesin,Eçilseler bal kölüni uçmahyň,Üstüne süýt deňzi bolsa peşgeşim,Ýetmiş müň melegi birden guçmagyYgtyýar etseler, ýene goşmaçaJowahyrdan daglar bolsa erkimde, Galyberse, ýene mundan başga-da,«Al!» diýilse islän zadyň şertsiz, hem«Bol!» diýenim boljak bolsa, höküm etsem,Bagyşlansa Tuby bagyn saýalapÝatmaklyk hem seýil etmek möhletsiz,Günden täç geýdirlip, Aýam aýama Alyp gezmekligem edilse idin, Süleýmanyň güýji hyzmat etse-de, Eýlensemem keramata Senem deý,Ýusubyň görkünden ýüz-müň esse edipZynat berilse-de, bulaň ählisiBoljak bolaýsa-da nete düwdügim,Saýlardym, küýseýän, kaka pähmini!Saýlardym, küýseýän, eje hüwdüsin!..

Mähir dünýäsi (Goşgular toplumy)

Dünýä bar —Binýady hüwdüden gurlan.Dünýä bar —Zemine iň gowy dileg.Heniz toprak ýaşaryp dur eneleňAk süýdüne siňen yhlasy bilen. Ýer ýüzünde hüwdi deýin mukaddesAýdym bolmaz,Ol — terezsi ynsabyň.Ene arşdan owaz alyp, gursagaZerur duýgularyn guýýar ynsanyň.

Suratlarda galan günler (Oýlanma)

Surat albomy geçmişi şu gün bilen baglap, ýatlamalardan gujagyny dolduryp, islendik wagt şol geçen günleri gaýdyp berýär. Kir-kimirsiz çagalyk ýyllarymy indi yzyna dolap bilmesem-de, suratlarda doňup galan günlere gözüm düşende welin, süňňümi üýtgeşik bir duýgy gaplap alýar. Ol wagtlar surata düşmegi halamasam-da, ejem suratçy daýyny öýe getirip, doganym ikimizi surata düşürerdi. Şol pursatlarda doňup galan keşbimizde bagt, şatlyk pürepürlenip, şu günümize-de täsirini ýetirip dur. Täze ýyl baýramçylygynda Aýazbabanyň öňünde ellerimizi galgadyp aýdan goşgularymyz häzir ýadymyza düşmese-de, şol günleriň ýatlamasy bolup, bizi ýylgyrdýar. * * *

Şygryýet çemeni

GAÝTAR MENI! Azaşdygym gözlegde,Özüme gaýtar meni!Sowap barýan gün-günden,Közüme gaýtar meni!

Beýik döwletiň beýik taryhy

Pähim kuýaşynyň şuglasy

Kitap — köňüllere, heňňamlara syýahat. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň baplarynyň atlaryny okanyňda-da, bölümleri bilen tanyş bolanyňda-da, özüňe uly syýahatyň garaşýandygyna göz ýetirýärsiň. Kitabyň ilkinji sahypalaryndan akyldar Arkadagymyzyň pelsepe dürdäneleri bizi beýik taryhy döreden pederlerimiziň şöhratly ýollaryna atarýar: «Adamzat taryhyna mahsus islendik ösüşiň gözbaşy hem, çürbaşy hem ynsanlar bilen bagly. Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler. Gerdişinde gadymyýetiň aýanu-syrly habarlaryny saklaýan mukaddes topragymyzda daş-töweregiň gözelliklerini synlaýan mahalym, çuňňur oý-pikirlere hemra bolýaryn. Ýollar we iller, ykballar we ahwallar, hadysalar we netijeler hakda pikir ýöredýärin». «Hakyda göwheriniň» şuglaly sahypalaryna seýran edip barşyňa rus ýazyjysy Fýodor Dostoýewskiniň: «Durmuş — başdan-aýak öwrenmegi talap edýän ýol. Gowy kitaplar bolsa biziň durmuş menzillerindäki ýolgörkezijilerimiz» diýen sözlerini ýatlaýarsyň. Sebäbi bu kitap adamzat aslynyň şaýady bolan heňňamyň sesine gulak goýmaga çagyrýar. Özi-de, okyjynyň heňňamyň sesine gulak goýmaga barýan ýoly özboluşly taýýarlyk möwsüminiň üstünden geçýär. Ol ýol — «Hakyda g

Göwünleri galkyndyran kitap

— Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhymyzda yz goýan beýik şahsyýetler baradaky halk hakydasynyň heňňamlaryň aýlanmagy bilen hakyda göwherine öwrülişi barada ylmy hem çeper dilde söz açýar. «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr» diýen parasat dürdänelerine beslenen kitap turuwbaşdan özüne bendi edýär. Alym Arkadagymyz öz eserlerinde, ilki bilen, halkyny beýgeldýär, onuň şöhratly geçmişine taryhy nukdaýnazardan mynasyp baha berýär, çünki ene topragyňy, geçmiş taryhyňy beýgeltmekden aňyrda ylym bolup bilmeýär. Kitabyň tutuş mazmunyndan syzylyp çykyşy ýaly, alym öz Watanyna, il-gününe gulluk edende, hakyky alymdyr, onuň ylmy-da hakyky ylymdyr. Gahryman Arkadagymyz täze kitabynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndan «Täze taryhyň daňy şu ýerde atar. Taryhyň zaňy şu ýerde kakylar. Taryhyň ýaňy şu ýerden ýaýylar» diýen sözlerini mysal getiripdir. Alym Arkadagymyz hem adamzadyň daş asyryndan başlanýan taryhynyň şu toprak bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny göz öňünde tutupdyr.

Şygryýet

«Hakyda göwheri» Arkadagyň ylham siňen galamyndan ganat alan,Ata-babam şany siňen topragymdan halat alan,Garaşsyzlyk, Bitaraplyk gudratyndan zynat alan,Asyrlardan aşyp gelen sungat kerwenniň owsary —Arkadag pähminden dörän eser «Hakyda göwheri».

Seresapsyzlyk (Gülküli kyssa)

«Aýratyn öý bolanyňdan soň, durmuş gaýtadan başlanýar» diýýänlerine özüm öýlenemsoň göz ýetirdim. Gelnimiň edim-gylymyndan, hyzmatyndan nadyl bolar ýaly däl. Ýöne aýratyn öý bolan günümizden, onuň hereketlerindäki üýtgeşiklikler gözüme ilip ugrady. Başga maşgalada terbiýelenen gyzyň ejeňe meňzejek gümany barmy? Gap-gaç ýuwşundan başlap, çaý demleýşi, öňüňe saçak ýazyşy, käsäni äberişi ýaly hereketleriniň her birinden ejemiňkä meňzeşlik tapjak bolýan. Şeýtmeli däldigine akylymyň ýetýäni üçin, onuň bolşuna gaty tiz kaýyl boldum. Täze maşgala bolansoň, öý goşlaram, gap-gaçlaram täzeje. Bir günem çaý içip otyrkak, käsämi elimden gaçyryp, döwäýmenmi. Üstesine düşegiňem eslije ýeri öl boldy. Men näme diýjegimi bilmän, gelnime seredip ýuwdunaýdym. O-da gözlerini güldürdi-de: «Zyýany ýok» diýip, jäç döwüklerini ýygnaşdyrmaga durdy. Şol arada-da sözüniň üstüni ýetirdi: «Seresabrak bolaýmalydyň...».

Gözelligiň gözbaşy (Şahyrana oýlanma)

Gyş. Ömrümiziň ýene bir gyşy. Seni ýene-de ümmülmez umyt-arzuwlar bilen garşylaýaryn. Göwnüňe, wagt geçdigiçe, arzuwlaryň sany, gyzygy, güýji azalyberjek ýalydyr. Ýogsam näme, hany ol çagalyk, ýaşlyk ýyllarynyň gyşlarynda edilýän arzuwlar?! Süňňi nämälimliklerden düzülendigindenmi, bilmedim, olar tutuşlaýyn ertekä çalym edýär. Şol hem olary has täsin, ýakymly görkezýär. Gowy ýerem, çagalygyň arzuwlarynda, ertekiçi ýazyjylaryňky ýaly, hyýalbentligiňi näçe bolsa ulanybermeli. Ýyllar geçip, sallar artdygyça, gyşlaryňam, arzuwlaryňam reňkleri solgunlaşyp, kem-kem gyzygy kemelip barýan ýalydyr. Hatda Täze ýyl bilen baglanyşykly arzuwlaryňam öňküligi ýokdur. Munuň sebäbi arzuwlaryň dünýäsine aralaşanymyzda hyýalbentligimizi çagalykdaky ýaly erkin ulanmakdan saklanýandygymyzdadyr, belki. Arzuwlarymyzyň ertekilerden barha daşlaşýandygynyň aňyrsynda-da, megerem, şol ýagdaý durandyr. Çagalygymyzyň gyşlarynyň gyzygy ertekilerde, ertekä meňzeş pursatlarda dälmi näme? Şol ertekilerde diňe Aýazbabadyr Garpamyk däl, eýsem, ähli janly-jandarlar seniň bilen hemişe hoşamaýdyr. Olar seniň arzuwlaryň hasyl bolmagynyň aladasyndadyrlar. Şol döwürler Aýazbaba edýän sargytlarym bilen birlikde sadaja, päkizeje arzuwlarymyň hem hökman berjaý bolýandygynyň sebäbini çagaly

Pyragyly dünýäniň teşnesi

Pyragynyň dünýäsine teşneleriň biri-de köptaraply zehinliligi bilen hakydalarda galan edebiýatçy alym Nazar Gullaýewdir. Nesillere Watany, edebiýaty, mirasy söýmegi öwredip giden ussat alyma, ilki bilen, mugallymdy diýesim gelýär. Ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde mugallymçylyk eden ýyllarynda-da talyplaryň aňynda türkmen edebiýatyny, onuň şahsyýetlerini, nusgawy şahyrlaryny ýöne bir öwretmän, eýsem, olary ýüregiň bilen söýmegi öwredipdi. Ýöne ussadyň şahyrçylygy, dramaturgiýada bitiren işleri, aýdym-saz älemine goşandyny agzamazlyk hem mümkin däl. Ol bularyň hersine bir ussadyň ýüküne barabar goşant goşup bilipdi. Nazar Gullaýew 1936-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 2-nji Suhty obasynda dünýä inýär. Onuň heniz mekdep ýyllarynda «Murgap» etrap gazetinde, «Lenin baýdagy» welaýat gazetinde goşgulary çap edilip başlanýar. Soň-soňlar onuň goşgulary merkezi gazet-žurnallarda-da peýda bolýar. Mekdep ýyllarynda sahna eserlerini ýazmaga hem synanyşyk edýär. Hatda mekdebiň hor toparyna-da ýolbaşçylyk edýär.