"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Ekologiýa diplomatiýasynyň üstünlikleri

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda parahatçylygy, agzybirligi pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatiýalar dabaralanýar. Ekologiýa diplomatiýasy şolaryň iň esasylarynyň biridir. Türkmenistanyň döwlet ekologiýa syýasaty dürli ugurlar boýunça ösýär we kämilleşýär. Ýurdumyz ekologiýa diplomatiýasyna BMG tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň» ähmiýetli ugry, adamlaryň abadan durmuşynyň esasy ýagdaýlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berip, bu ugurda ylmyň gazananlaryna esaslanýan döwlet syýasatyny alyp barýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýer-suw serişdeleriniň oýlanyşykly ulanylmagyny, çölleşmä garşy göreşmegi, tebigatyň täsin künjeklerini gorap saklamagy, deňiz gurşawyny we Hazar deňziniň biologiki köpdürlüligini goramagy hem-de birnäçe beýleki möhüm wezipeleri özünde jemleýär. 

Dünýädäki iň uly aýsberg hereket edip başlady

Takmynan, 4000 inedördül kilometr meýdany tutýan äpet buz bölegi hereket edip başlady. Bu hakda «Euronews» habar berdi. «A23a» ady bilen bilinýän dünýäniň iň äpet buz bölegi kontinentden 1986-njy ýylda aýryldy hem-de şu wagta çenli Weddel deňzinde hereketsiz ýatdy. Degişli hünärmenler aýsbergiň herekete geçmegini howanyň temperaturasynyň gyzmagy bilen düşündirýärler.

Tebigaty goramagyň meýletinçileri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ekologiýa meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmaga, ýaş nesillerde tebigata bolan söýgini ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda tebigaty goramak baradaky döwlet syýasatyny halk köpçüligine wagyz-nesihat etmek babatynda dürli jemgyýetçilik guramalary işjeň hereket edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alýan birnäçe kanunçylyk namalary tebigaty goramak çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmekde, bu ugurda jemgyýetçilik birleşikleriniň işjeňligini güýçlendirmekde möhüm hukuk binýady bolup hyzmat edýär.

Ekologiýa abadançylygy

Ýakynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylygynyň şäheri» atly maslahat hem-de sergi guraldy. Maslahatda çykyş edenler muzeý gymmatlyklarynyň ähmiýeti barada aýtdylar we ekologiýa ulgamy bilen bagly ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň ýokary netijeliligini bellediler. Ekologik howpsuzlygy giňden wagyz etmek maksady bilen guralan bu sergide muzeý gaznasyndaky gymmatlyklardan ekologiýa ulgamyna degişli esbaplar we ösümlikler dünýäsiniň eserler toplumy görkezildi.

Umumadamzat ähmiýetli oňyn çözgütler

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Biz daşky gurşawy goramak we ekologik meseleler bilen bagly milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ýurdumyzyň obalarynyň we şäherleriniň daş-töwereginde tokaý zolaklaryny, gök guşaklary döredýäris» diýip nygtamak bilen, bu ugurda alnyp barylýan işlere döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda üns berilýändigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän tutumly işleriň netijesinde asmanymyzyň durulygy, howamyzyň arassalygy, gün-günden gözelleşýän oba-kentlerimiziň görkanalygy göwnümizi galkyndyrýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak bilen bagly meseleleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Şunuň bilen baglylykda daşky gurşawa zyýanly täsiri bolan ýagdaýlaryň öňüni almaga, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işler özüniň oňyn netijesini berýär.

Ekologiýa birleşikleri — tebigaty goramagyň meýletinçileri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ekologiýa meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň daşky gurşawyny goramaga, tebigy baýlyklarynyň netijeli peýdalanmagynyň üpjün edilmegine, ýaş nesillerde tebigata bolan söýgini ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistan halkara konwensiýalarynyň we ylalaşyklarynyň çäklerinde daşky gurşawy goramagyň dünýä jemgyýetçiligini tolgundyrýan meseleleriniň çözgüdine mynasyp goşant goşýar hem-de bu ugurda köp sanly dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Garaşsyz Watanymyzda daşky gurşawy goramak boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli işlerde bu babatdaky jemgyýetçilik birleşikleriniň aýratyn uly goşandy bar. Döwletimizde daşky gurşawy goramak meseleleri bilen ýörite meşgullanýan jemgyýetçilik birleşiklerinden we guramalaryndan Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetini we onuň welaýatlardaky bölümlerini, Türkmenistanyň Awçylar we balykçylar birleşmesini, Elguş awçylygynyň milli jemgyýetini, Aşgabat şäher balykçylyk jemgyýetini, Balçylar jemgyýetini we beýlekileri mysal getirip bolar. Bularyň ählisiniň özboluşly ugry we toplan tejribesi bolup, daşky gurşawy goramagyň we e

Innowasion çemeleşmeler

Eziz Watanymyzyň ykdysadyýetini köpugurly esasda ösdürmegiň wezipeleri milli maksatnamalarda giňden bellenilýär. Ägirt uly tebigy serişdelere, baý uglewodorod gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Biziň ýurdumyz dürli tebigy baýlyklara: organiki we organiki däl maddalara, minerallara, uglewodorod serişdelerine, ýerasty tebigy suwlaryna baý ülkedir. Bu baýlyklaryň esasyny düzýän maddalaryň fiziki-himiki häsiýetlerini düýpli öwrenmek, olaryň esasynda täze polimer, kompozit, sintetik maddalary sintezlemek, alnan täze maddalardan gurluşyk, senagat, dokma, durmuş maksatly materiallary döretmek, oba hojalygy üçin zerur bolan täze dökünleri almak, himiýa senagatyny hem-de himiki tehnologiýalary ösdürmek şu günüň esasy talabydyr. Ýurdumyzda nebithimiýa pudagynyň kärhanalarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy, täze önümçilikleriň gurulmagy bu ulgamda iň soňky ylmy we tehniki gazanylanlary, öňdebaryjy, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy nazara alnyp amala aşyrylýar. Şol tehnologiýalar bolsa, çig malyň doly gaýtadan işlenilmegini hem-de ýangyç-çalgy serişdeleriniň köp görnüşleriniň, polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň hem-de hil babatda halkara ölçeglerine laýyk gelýän b

Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty – tebigatyň goraglylygynyň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy, bioköpdürlüligi goramak hem-de artdyrmak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda “Howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýanyň” rejelenen görnüşi, şeýle hem Milli tokaý maksatnamasy we olary ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň meýilnamalary kabul edildi. Ýurdumyzda tebigaty goramagyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, şol sanda halk hojalyk pudaklary tarapyndan ekologiýa howpsuzlygynyň we ekologiýa gözegçiliginiň ta-laplary, suwy aýawly we netijeli ulanmak, aýratyn goralýan tebigy ýerleri aýawly saklamak boýunça ekologiýa talaplary gyşarnyksyz ýerine ýetirilýär. Bu talaplaryň berjaý edilmegi adamlaryň abadan ýaşaýşyny üpjün etmegiň möhüm şertidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy we biologik köpdürlüligi goramak, tebigy gorlary aýawly ulanmak, innowasiýalaýyn “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurduň ykdysadyýetinde we durmuş ulgamynda durmuşa geçirilýän uly möçberli işler hem ekologiýa bilen jebis baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda alnyp barylýan daşky gurşawy goramak, tebigy

Bag ekmek - bagt

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mähriban topragymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge, tebigatymyzyň köpdürlüligini gorap saklamaga, tebigy baýlyklarymyzyň rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen taslamalardyr meýilnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasyndan we Milli tokaý maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi babatda amala aşyrylýan bag ekmek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Däp bolup gelşi ýaly, ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli agaçlary hem-de üzüm nahallaryny ekmek we olara ideg etmek her ýylyň ýaz, güýz paslynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şu ýylyň 28-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 4-nji noýabrda ýurdumyzda nobatdaky ýaşyl ekologiýa çäresiniň, ýagny ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsüminiň ýokary guramaçylykly derejede geçirilmelidigi barada nygtamagy Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegini şertlendirýändiginden habar berýär. Ata-babalarymyzyň tebigat bilen sazlaşykda ýaşandyklary barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniý

Gujagy bossan ak şäher

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deý gorap gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. 4-nji noýabrda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirilen güýzki bag ekmek dabarasy hem şeýle netijeli işleriň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şol gün ata Watanymyzyň çäginde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdyldy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzy we paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýan möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Aşgabadyň gür baglyga beslenen täsin keşbini synlanyňda hem durmuşa geçirilýän beýik işlere buýsanjyň goşalanýar. Dowam edýän sergin howaly ajaýyp güýz paslynda tebigatyň paýtagtymyzyň nurana keşbine eçilýän täsinlikleri her bir adamyň kalbyny joşgunly duýgulara besleýär, ruhuny göterýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýagty geljegi ugrunda alyp barýan belent maksatlaryndan ruhlanýan mähriban halkymyz eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyg

Daşky gurşawyň abadançylygynyň goragynda

Daşky gurşawy döwrüň talaplarynyň derejesinde gorap saklamak, tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak, tebigat bilen sazlaşykly iş alyp barmak meseleleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde oňyn çözgüde eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly syýasaty bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Tebigat gözelliklerini goramak, daşky gurşawy aýawly saklamak, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak babatda durmuşa geçirilýän işler, bu ugurda badalga berlen maksatnamalar häzirki we geljekki nesilleriň abadan hem bagtyýar durmuşy, saglygy baradaky aladany öz içine alýar. Çuňňur hormatlanýan Prezidentimiz gojaman Hazar deňziniň suwunyň arassalygyny gorap saklamak, onuň hapalanmagynyň öňüni almak bilen baglanyşykly derwaýys işleri amala aşyrmakda maksada okgunly, nusgalyk başlangyçlary öňe sürýär. Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän kärhanalarda, guramalarda, sebitde işleýän daşary ýurt kompaniýalarynda, deňizde hereket edýän gämilerde suw hem-de ýer baýlyklarynyň, atmosfera howasynyň goralyşyna, rejeli peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmak biziň gullugymyzyň hünärmenleriniň esasy wezipesi bolup durýar. Olar suwuň hapalanmagy, howa zyýanly maddalaryň goý

Adam hem tebigat: ählumumy aladalar, tutumly başlangyçlar

Ösüş arkaly parahatçylygy berkitmek ugrunda öňe sürülýän başlangyçlardyr çagyryşlar halkyň ýaşaýyş-durmuşyny özgertmek bilen birlikde, sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamagyň täsirli guraly, ählumumy parahatçylygyň rowaçlanmagynyň kepili bolup çykyş edýär. Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemişelik Bitarap döwletimiziň sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleler boýunça abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlaryny öňe sürdi. Öňe sürlen başlangyçlaryň hatarynda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we ýanaşyk sebitlerde Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek başlangyjy hem bar. Mundan başga-da, Merkezi Aziýadaky ekologik meselelere has düýpli ähmiýet bermek üçin bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi — Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek teklip edildi. Bu merkeziň işlemegi üçin Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmegiň mümkinçilikleri nygtaldy. Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk esasynda azyk howpsuzlygy boýunça forumy çagyrmak başlangyjy-da öňe sürüldi. Şunuň ý

Abadançylygyň möhüm şerti

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen daşky gurşawy goramak ugrunda alnyp barylýan işleriň gerimi barha giňeýär. Tebigaty goramak boýunça milli strategiýany durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz bu ugurda iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine wajyp orun degişlidir. Çünki ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösmegi energiýanyň öndürilişiniň artdyrylmagyny talap edýär. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, energetikanyň ösmegi halk hojalygynyň hemme pudaklarynyň gurluşyna we düzümine, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerine güýçli täsir edýär. Elbetde, energiýanyň sarp edilişiniň depgininiň artmagy daşky gurşawa hem täsirini ýetirýär. Şol sebäpden-de, soňky ýyllarda daşky gurşawa adam işjeňliginiň oňaýsyz täsirini azaltmak maksady bilen, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmaga gyzyklanma artýar. Emma suwotulardan alynýan bioýangyç, gün panelleri, ýel elektrik beketleri, wodorod energetikasy ýaly ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň mümkinçilikleriniň artmagy abadan geljege ynam döredýär. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda, ylmy-önümçilik merkezlerinde hem bu ugurda oňyn netijeler gazanylýar.

Ekologiýa bilimi

Ekologiýa biliminiň ykdysady ulgam üçin hünärmenleri taýýarlamakda aýratyn orny bar. Sebäbi ol adamzat nesliniň umumy gymmatlyklaryna akyl ýetirmäge, biosferadaky ýaşaýşyň tutuş adamzady birleşdirýän durmuş kadalaryny kabul etmäge mümkinçilik berýär. Ekologiýa bilimi adamlaryň tebigat bilen özara gatnaşyklarynda sazlaşyklygy üpjün edýän esasy düşünjeleri bermäge we endikleri kemala getirmäge niýetlenendir. Şahsy we toparlaýyn töwekgelçiligi peseltmek, üýtgeýän biosferada uzak möhletleýin esasda adamlaryň abadançylygyny gazanmak ekologiýa biliminiň esasy wezipeleridir. Ekologiýa biliminiň üznüksizligi adamyň yzygiderli üýtgeýän daşky gurşawyň şertlerine uýgunlaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Adamyň tebigat bilen özara gatnaşyklarynda sazlaşygy üpjün etmäge gönükdirilen ekologiýa medeniýetiniň kemala gelmegi hem ekologiýa biliminiň esasy maksatlarynyň biridir. Munuň özi adamyň Ýer ýüzünde abadan ýaşamagyny we ösmegini üpjün edýär.

Bag — durmuşyň bezegi

Tomsuna saýasynda dynç alanyňda, janyňa şypa berýän saýaly baglar tebigatyň eçilen peşgeşidir. Şonuň üçinem Gara Seýitliýewiň: «Kim-de kim bir agaç ekse ýadygär,

Gözelligiň tebigat, tebigatyň gözellik bilen sazlaşýan ýeri

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen örän gysga wagtda gurlan Arkadag şäheri ylmyň hem-de tehnologiýanyň döwrebap ýaşaýyş-durmuş üçin gazanan ähli üstünliklerini özünde jemleýän, sebitde ilkinji «akylly» şäher adyny alan ajaýyp şäherdir. Ýaşaýyş-durmuşymyzda gözelleşdirilen usullary aýry-aýry binalarda ornaşdyrmagyň oňyn taraplary hakynda gyzykly söhbetleriň edilýän döwründe, şol mümkinçilikleri özünde jemleýän, sanly ulgam, «ýaşyl» ykdysadyýet, «ekologik kadalar» ýaly köpugurly ösüşlere doly laýyk gelýän, deňsiz-taýsyz şäher barada gürrüň buýsançly söhbetleriň başydyr.

Daşky gurşaw — gözellik dünýäsi

4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde, Arkadag şäherinde, şol sanda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Köpetdag we Büzmeýin etraplarynyň çäklerinde hem güýzki bag ekmek dabaralary geçirildi. Bu asylly işe ähli halkymyz agzybirlikde uly ruhubelentlik bilen gatnaşdy. Şeýle ekologiýa dabaralaryň biri hem paýtagtymyzyň çäginde ýerleşýän Parahat 7 ýaşaýyş toplumynda geçirildi. Daşky gurşawa aýawly garamak, onuň tebigy mirasyny gorap saklamak ýaly asylly däpler häzirki wagtda ýurdumyzda möhüm ähmiýetli meseleleriň biridir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ata Watanymyzda ekologiýa syýasatyna gönükdirilen netijeli işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek dabaralary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen ençeme ýyllaryň dowamynda durmuşa geçirilen syýasatyň netijesinde bu günki gün mähriban paýtagtymyz dünýäniň ekologiýa taýdan iň bir arassa şäherleriniň biri bolup durýar. Häzirki wagtda bolsa şeýle ýokary netijeli işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

Ekologiýa çäresi ýaýbaňlandyryldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň tebigatyny aýawly saklamak we ony geljekki nesillere ýetirmek ugrunda bimöçber işler alnyp barylýar. Şeýle asylly ýörelgeleri dowamata öwürýän beýik işleriň biri-de ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň giň gerime eýe bolmagydyr. Golaýda tutuş ýurdumyzy gurşap alan ählihalk bag ekmek dabarasy mynasybetli, polkownik Rüstem Aýmämmedowyň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň harby bölümlerinde hem netijeli işler alnyp baryldy. Ýurdumyzda giňden geçirilýän ekologik çärelere elmydama yhlasly gatnaşýan harby gullukçylar ir säher bilen bu çärä işjeň girişdiler. Tebigatyň görküne görk goşýan ýaş agaç nahallaryny ekmäge höwes bilen çemeleşen harby gullukçylar özleriniň wagtlarynyň nähili çalt geçendiklerini hem duýman galdylar. Bu çäräniň dowamynda harby gullukçylar tebigat bilen has-da ýakynlaşyp, daş-töweregiň görküni artdyrmaga mynasyp goşant goşdular. Jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy bolan, adama ömürboýy hyzmat etjek bu bag nahallary harby gullukçylar tarapyndan geljekki nesillere ýadygärlik bolar.

Ekologiýa abadançylygy — bagtyýar ýaşaýşyň rowaçlygy

Mähriban Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelligini goramak hem-de olary geljek nesillerimize ýetirmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasaty bagtyýar zamanamyzyň ösen talaplaryna kybap gelýär. Ynha, geçen hepdäniň şenbe güni Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda «akylly» şäher adyna eýe bolan Arkadag şäheriniň töwereginde ählihalk bag ekişlik dabarasyna badalga berilmegi-de aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.  Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň dowamynda ýurdumyz boýunça dürli agaçlaryň 3 million düýbüni, şol sanda güýzki möwsümde şolaryň 1,5 million düýbüni oturtmak göz öňünde tutuldy.

Döwlet Baştutanymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýylyň-ýylyna guramaçylykly geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz şeýle hem şol gün Köpetdagyň eteginde behişdi bedewleri saklamaga niýetlenilip, täze gurlan athanada ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu ýerde degişli ýolbaşçylar gurluşygy tamamlanan 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen athanada ýerine ýetirilen işler, durmuşa geçirilýän çäreler, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.