Türkmen topragy — myhmansöýerligiň mekany
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklar taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylyp, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Bu ýoluň ugry diňe bir söwda ýoly bolman, eýsem, halklaryň we döwletleriň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýaýbaňlanýan ýeri hökmünde hem meşhurlyk gazanypdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny açmak we ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin biz hökmany suratda golýazmalara we ylmy çeşmelere ser salmaly bolýarys. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Beýik Ýüpek ýoly Gündogaryň hem Günbataryň halklarynyň taryhynda wajyp orun eýeledi. Onuň bilen bagly taryhy ýazgylar, arheologik tapyndylar, etnografik we edebi gymmatlyklar, halk hakydasynda saklanyp galan ruhy miras gitdigiçe gyzyklanmany artdyrýar». Mälim bolşy ýaly, türkmen topragynda ençeme mekdep-medreseler, şol bir wagtyň özünde ylmy merkezler döredilipdir. Olarda ýazuw sungatyndan, hatdatlykdan, sahaplamadan, kitap bezeginden, nakgaşçylyk sungatyndan baş çykarýan ussatlar hem-de kätipler işläp, golýazma kitaplaryny döredipdirler.